10:52 Hajy Bekdaş Weli: Gördügiňi ört, görmedigiňi söýleme | |
GÖRDÜGIŇI AÝT, GÖRMEDIGIŇI SÖÝLEME
Edebi makalalar
Biz Hajy Bekdaş Weliniň örän çuň logikaly, dialektikanyň örän çeýe sapajyklary bilen örülen bir öwüdiniň üstünden geldik. Ilki okanyňyzda: “Bu nähili beýle bolýar?” diýen bolmagyňyz mümkin. Göreniňi örtmeli, görmedigiňi hem sözlemeli däl. Onda dymaýmak galýar-da. Dymmak, umuman, altyna barabar hasaplanýar, emma öz ýerinde, öz wagtynda dymmagy başarmaly. Mydama dymmak bilen iş bitirip bolmaz. Aýagyň ýöremek üçin berlişi ýaly, dil hem sözlemek üçin niýetlenipdir. Hajy Bekdaşyň zamanasyna garanyňda ýigrimi birinji asyrda has köp geplenýär. Umuman hem, adamzat jemgyýetçiligi ösdügiçe barha köp söz ulanylýar. Bu adaty bir zat. “Gördügiňi ört...” diýlenine neneňsi manyda düşünsekkäk? “Ynsanyň aýyplary köpdür, şonuň üçin onda görer ýaly zat ýokdur. Gowusy örtmekdir” diýen manydamy? “Ynsanyň aýbyny örtmeli, ýagşylygyň-gözelligiň özi çykar, özi ýaýrar” diýen manydamy? “Ynsan hakda hiç zat aýtmaly däl” diýen manyda düşünmelimi? Belki, biziň pikir meýdanymyzdan daşarda pikirler köpdür, şolar esasynda düşünmelidir? Häzirlikçe, bu öwüdiň açaryny başga öwüdiň üsti bilen tapmaga synanyşalyň. Hajy Bekdaş Weliniň «Özgäniň aýbyny görmeýän jana yşk bolsun» diýen bir sözi bize tutalga bolup biler. Gürrüň, biziň pikirimizçe, özgäniň aýbyny görmezlik, eger göräýeňde-de örtmek hakda barýar. Möwlana Jelaleddin Rumynyň: “Dostuň hatasyny örtmekde kölege kimin bol” diýenini hem ýatlalyň. Türk awtory Sady Baýram özüniň bir makalasynda şeýle bir hekaýaty getiripdir: Bir mewlewi (Möwlana Jelaleddin Rumynyň mewlewiýa tarykatyna eýeriji adam – O.Ýa.) bir bekdaşy bilen ýola çykypdyrlar. Bekdaşy mewlewiniň ýeňleriniň gaty giňligini geň görüp: – Ussat, Siziň goluňyzyň ýeňi näme üçin giňiş? – diýip sorapdyr. – Biz bir hatany gördügimiz, başga hiç kim görmezligi üçin ýeňimiz bilen ýapýarys – diýip, mewlewi jogap beripdir. Bekdaşynyň ýeňini görüp olam sorag beripdir: – Eý, ýaranlar, Siziň ýeňiňiz näme üçin dar? – Biz hiç bir hata görmeýäris ahyry. Näme üçin özgäniň hatasyny görmeli däl ýa-da ýapmaly, örtmeli diýildikä? Jelaleddin Rumy hem Hajy Bekdaş hem: “Adam adam bolansoň ony üýtgetmek mümkin däl, üýtgetjegem bolmaly däl, şoňa görä onuň hatasyny görüp, aýbyny aýdyp oturasy iş ýok. Ogrymy – ogry, ýalançymy –ýalançy, gödekmi – gödek görnüşinde kabul etmeli” diýen pikirde bolsalar gerek. Adamyň hatasyny, aýbyny ýüze çykarmak bilen iş gaýta çylşyrymlaşýar. Hatasy, aýby aýdylan adam duşmana öwrülmegi mümkin. Köplenç, şeýle hem bolýar. Onsoňam “Gördügiňi ört” ýa-da “Özgäniň aýbyny görmeýän jana yşk bolsun” diýlen jümlelerde “göreniňi aýtma, özgäniň aýbyny aýtma” diýen many hem barmyka diýip oýlanýaryn. Ýagny, esasy gürrüň hatany, aýby aýtmazlyk hakda barýan bolsa gerek. Onda, näme, adamy terbiýelemek gerek dälmikä? Wah, şeýle gerek! Ýöne ol heniz ýaşajykka, has irräk ele geçirilmelidir, adam formirlenýän zamanynda oňa näme terbiýe beriljek bolsa berilmelidir. Sowet alymlary-pedagoglary çagany ene göwresindekä terbiýeläp başlamaly diýýärdiler. Indi gözümiz açyldy welin, çaga hakda ondanam has öňräkden oýlanmalydygyna gözümiz ýetdi. Ýigit heniz öýlenmänkä, gyz heniz durmuşa çykmanka pylany bilen goşluşanda takmyny neneňsi zürýat dogjakdygyny özleri üçin kesgitlemelidirler. Bu taýda ölçeg terezisi asyldyr. (Asyl yzarlamak hakda öňdäki söhbetimizi ýatlaň). Onuň haýsy milletdenligi, haýsy ýerdenligi, haýsy dindenligi, haýsy dilde sözleýänligi, reňki we ş.m. asyl däl-de, onuň terbiýe, bilim, adamkärçilik derejesi – asyldyr. “Är daýa çeker, it eýä” diýilýäniniň aňyrsynda uly gürrüňler barlygyny duýýansyňyz. Geçmişdäki pelsepeçilerimiz çaga döredilende asylly gandan dörese, özge işleriň ýeňil çözüljegine aňryýany bilen akyl ýetiripdirler diýip hasaplaýan. Gep gönezlikde. Hajy Bekdaş Weliniň öwüdiniň ikinji ýarymynda “...görmedigiňi söýleme” diýende, ol ähli babatda hakykatdan ugur alýar. Gadymy hekaýatlaryň birinde göz çynyň, gulak ýalanyň simwoly edilip görkezilýär. Onsoň ýalan bilen çynyň arasy näçe diýlende, göz-gulagyň arasy ölçelýär. Adamlarda bir sözi, bir wakany çişirip görkezmekden lezzet almak bar. Onsoň kähalatlarda hakykatda bolan waka, aýdylan söz agyzdan-agyza geçip, çişe-çişe siňekden pil ýasalýar. Şeýle aldawlardan özüňi sap saklamagyň ýeke-täk dogry usuly – görmedigiňi sözlemezlikdir. Ynha, bu öwüt hakda, häzirlikçe, şeýleräk pikirleri orta okladyk. Akyldaryň “Gördügiňi ört, görmedigiňi söýleme” diýen öwüdini düýbünden başgaça ýorumlap boljakdygyny hem aradan aýyrmaýanymy bileweriň. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |