16:51 Hajy Bekdaş Weli: Ylymdan gidilmeýän ýoluň soňy tümlükdir | |
YLYMDAN GIDILMEÝÄN ÝOLUŇ SOŇY TÜMLÜKDIR
Edebi makalalar
Hajy Bekdaş Weli hem, edil beýleki türki klassyklary ýaly, halypasy Lokman Perendäniň öwredişi, talap edişi ýaly, ylyma we edebe aýratyn uly üns beripdir. Ylym – adamzadyň geçmiş tejribesini häzirki döwrüň islegleri bilen birleşdirip, gelejek göz öňünde tutulyp edilen işdir. Şeýle zerurlyga Hajy Bekdaş Weli heniz ýaş oglanka akyl ýetiren bolsa gerek. Dogrudanam, durmuşyň haýsy tarapynyň ösüşi ylmy esaslara daýanmaýan bolsa, şo tarap yza galmaga başlaýar. Eger wagtynda degerli täsir bolmasa, onda onuň soňy tümlüge baryp urýar. Bu ýörelge ynsan üçinem aýnydyr. Kurany Kerimde: “Bilenler bilen bilmeýänler bir bolarmy?” diýlipdir. Muhammet pygamberimiz: “Ylym Çyn-maçynda bolsa-da baryp alyň” diýip wesýet edipdir. Ol: “Alymyň ölümi – älemiň ölümi” diýipdir. Hezreti Aly bolsa: “Maňa bir harp öwredeniň kyrk ýyl hyzmatynda duraryn” diýipdir. Hajy Bekdaş Weli ylymy edep bilen bagry badaşan hasaplaýar. Olary aýry göz öňüne getirmeýär. Ylym almak üçin ilkinji derkar zadyň edepligini nygtaýar. Şoňa görä-de: “Ylym ähliniň ilkinji basgançagy edepdir” ýa-da “Bilim terbiýe bilen alynar” diýýär. Durmuşda synlasaňyz, şeýle çuň, esasly ylym alan käbir adamlaryň, edep edinmänligi üçin, ýoluny urdurýanyny, töwerege wepasyzlyk görkezýänini, arak-neşä gol berip, zyna işlere gatyşyp, ahyrda-da sahnadan düşüp gidýänligini görýärsiňiz. Olara edep ýetmeýär. “Jan diýlen bostany ylym suwy bilen bakyň”. “Taňrynyň nygmatlaryny öwreniň”. “Aryf bolubam bermeýän – nadandyr”. “Aryflar hem arydyr, hem arytyjy”. “Düşünje tümlügine yşyk tutanlar örän bagtlydyr”. “Köne – terki, nadan – ölüm, aryf – dog¬luş¬dyr”. Ynha, beýik ylymsöýeriň ylym hakda bize galdyran sargytlary. Ol ylym adamsynyň diňe erkana, açyk durmuşda hakyky ylym edip biljegini göz öňünde tutandyr. Alym öz bilýänini diňe özi bilip oňmaly däldir, şägirtler ýetişdirmelidir, öz ylmy goruny ile ýaýmalydyr. «Gizläp goýsaň ýiter gider, özgä berseň özüňkidir» diýlen gadymy pikiri ýatlalyň. Ylym ynsany taraşlaýar, gözelleşdirýär, oňa aýratyn bir ruh berýär. Ylym adamyň nebsine çäk goýmany öwredýär. Hajy Bekdaş Weli: “Nebsiniň tussagy bolanlardan ýardama garaşmaň” diýipdir. Ylym ähli zada bir göz bilen bakmany öwredýär, patyşa hem, geda hem hakyky alymyň gözüne ýönekeý adam bolup görünýär. Ýunus Emre aýtmyşlaýyn: Ähli ýaradylmyşa bir göz bile bakmaýan Halka müderris olsa, hakykatda asydyr. Şu taýda bir rowaýaty Size gürrüň beresim gelýär. Bir gedaý egin-eşikleri eleme deşik, aýak ýalaň gapyma-gapy aýlanyp ýörkä, bir patyşa sataşýar. Elbetde, patyşa zer lybaslar içindemiş. Ýaňky gedaý patyşany görüp ýylgyranmyş, patyşa-da gedaýyň ýylgyranyny geň görüp sorapdyr: – Eý, gedaý kişi! Sen nämä şatlanýaň! – Men seniň halyňa nebsim agyryp ýylgyr¬dym. – Men patyşa, bütin ýurt elimde. Meniň halyma däl-de, öz halyňa nebsiň agyrsyn. – Wah, patyşahym! Alla nazar salsa, meniň bagtly günlerim öňde. Patyşalyk ýetse-de, nesibedir. Ýöne seniň halyň kyn: patyşalykdan aňyrda zat ýok. Tagtyňdan taýmak howpu-da bardyr. Wessalam, ömür tamam. Patyşa gedaýyň bu sözi üçin oňa köp-köp sowgatlar beripdir, olam o sowgatlary illere paýlap, deleme-deşik torbasyny ýene arkasyna atyp gidiberipdir. Görşüňiz ýaly, ylym ýaňky agzan gedaýymyz ýalylara sabyr-kanagat hem berýär. Biziň Magtymgulymyz hem öz halypalarynyň ýoluny dowam etdirip, ylym, alym hakda örän jaýdar sözler aýdyp geçipdir. Alymlar kemelse, edep tapmas sen ýa-da: Alymlara uýsaň açylar gözüň, Jahyllara uýsaň kör dek bolar sen diýen setirlerini ýatlalyň. Hajy Bekdaş ýöne ýere: “Ylymly köňül-erenler köňlüdir. O Hak Tagallanyň uly hazyna¬sydyr we nazargähidir” diýmändir. Hajy Bekdaş Weliniň özüne-de alymlar: “Hünkär” diýip ýüzlenýärler. Hünkär sözi osmanlylarda patyşa ýa-da beýikleriň beýigi manysyndadyr. Näme üçin bu sözi Hajy Bekdaşa ulanýarlar? Onuň, ozaly bilen, ylmynyň şeýle beýik derejededigi üçin ulanýarlar. Geçmiş alymlar, akyldarlar, şol sanda Hajy Bekdaş Weli, zamanamyzyň beýik alymlary hem alymlygyň bir däbini örän pugta saklaýarlar. Olar öz bitaraplygyny hiç-hiç elden bermeýärler. Bütin adamzada hyzmat edeniň has ýokarylygyny unutmaýarlar. Ylym hakynda gürrüň edenimizde hökman kitap okalyp ýa-da tejribeler edip alynýan ylym hakda däl-de, eýsem adaty-durmuşy ylym, intuisiýa-üşük, gan, ruh bilen geçýän ylym hakda hem aýdylýanlygyny ýatlabereliň. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |