16:17 Hajy Bekdaş Weli we Ahi Ewren | |
HAJY BEKDAŞ WELI we AHI EWREN
Edebi makalalar
Hajy Bekdaş Weli dagynyň Horasandan Rumustana baran döwürlerinden öňräk Ahi Ewren diýen bir beýik ynsan hem Türküstandan Rumustana barýar. Bu iki şahsyň dostlugy hem-de bir-birege uly hormat edip ýaşandyklary hakda gadymy çeşmeler habar berýärler. Emma Kyrşäherde Ahi Ewreniň gozgalaňyna Hajy Bekdaş gatnaşmandyr. Ahi Ewren kim bolupdyr. Ahi sözi lakam bolup, arapça “doganym” diýen manysy bar. Gadymy türkçede bolsa “aky” sözüniň “eli açyklyk, batyrlyk, göwnüdokluk” ýaly manylarynyň bardygyny Mahmyt Kaşgarly XI asyrda ýazyp gidipdir. Ýeri gelende aýtsak, häzirki türkmen adam atlarynda ulanylýan “Aky” ady ýokarky manydan başga Akmuhammet, Akmyrat atlarynyň hem gysgaldylan görnüşidir. Ahi Ewren Rumustana göçüp baran türkmenleriň çarwa ýaşaýyşdan çomurlyga (oturymlylyga) geçmesinde hem-de şäherde ýaşamak endiklerini edinmeklerinde baş rol oýnan adamdyr. Onuň aýaly Patma bajy hem “Rumustan bajylary” diýen uly jemgyeti guraýjy bolupdyr. Olar näme iş bitiripdirler? Ahi Ewren özüniň guran sistemasynda, ýagny ahilikde ilata dürli hünärleri öwredipdirler. Ýetişdirilen hünärmentler dükanjyklar, kiçeňräk sehler açypdyrlar we öňki grek, ermeni, jöhit, italýan hünärmentlerine baglylygyny, garaşlylygyny kem-kemden aradan aýrypdyrlar. Ahi Ewren Hajy Bekdaş Weliniň ynsan öwreniş ylmyndan gaty yhlasly täsirlenipdir hem-de öz sistemasyny örän oýlanyşykly, milletiň däplerine we ýerli ýagdaýlara laýyk gurapdyr. Ahilik hakdaky ylmy maglumatlary okanymda Ahi Ewren Türküstanda öňden bäri kök uran türkmençilik däplerini Rumustan şertlerine görä ornaşdyrypdyr diýen pikir kelläme geldi. Ahi Ewreniň ornaşdyran bu sistemasy diňe bir hünär, bir senet öwrenmek bilen çäklenmän, eýsem ynsan ahlagy, ynsan gatnaşyklary, jemgyeti ugrukdyrmak ýaly has çuň meselelere hem degýär. Türk ylym adamsy Sady Baýram özüniň «Ahilige umumy bir bakyş, ahlak we hoşgörme» diýen işinde ahiligiň baş kanunlarynyň “Fütüwwet¬namalar” atly kitaplarda jemlenendigini aýtmak bilen, ahiligiň esasy aýratynlyklaryny şeýle görkezýär: jomartlyk, başgalary söýmek, dostlaryň bilen ýagşy gatnaşmak, özüňden öň özgelere ýardam bermek, özüňden öň özgeler hakda oýlanmak, başgalara hormat goýmak, şöwketlilik, Allanyň hakyna söýmek, dogry sözlülik, başgalardan öňinçä özüňi düzeltmek, myhmansöýerlik, dostlaryň söýünjine goşulmak, eden ýagşylygyňa jogap garaşmazlyk, toba etmek, sadaka bermek, Allanyň gadagan eden zatlaryny berjaý etmek, ybadat etmek, alymlar bilen söhbet etmek, ylymda maryfet gözlemek, nebsiňi hasapda saklamak, dostlaryňa öwüt bermek, beýikleriň sözüni diňlemek, hiç kime azar bermezlik, dostlaryň jepasyna goşulyşmak, tamakinçilikden çekilmek, soralmasa-da ýagşylyk etmek, başgalary ýagşy, özüňi hataly görmek, eden ýagşylygyňy dile getirmezlik, dostlaryň gybat etmesine garşy bolmak, dostlaryňy bir islege mejbur etmezlik, hyzmat edeňde adam aýyrmazlyk, gulagyňy ýaman sözlerden goramak, goňşuçylygy berjaý etmek, ýamanlyk edeni bagyşlamak, eli gysga ýoldaşlaryňa ýardam bermek, gözel ahlaga baglanmak, ussaňy her zatdan ýokarda tutmak we ş.m. Ahilikde üç açyklyk we üç ýapyklyk hakda-da aýdylýar, ýagny: 1. Eliňi açyk tut, jomart bol. 2. Saçagyňy açyk tut, açlary doýur. 3. Gapyňy açyk tut, myhmansöýer bol. 1. Gözüňi ýapyk tut, ýamanlyklary görme. 2. Diliňi bagly tut, ýaman sözleme. 3. Biliňi bagly tut, jynsy duýgularyňa we düşünjeleriňe häkim bol, özüňi sakla. Ahileriň başga-da bir gyzykly nesihaty bar: Köp iýme, pikirleriň kütelişer, körleşer. Az we tämiz iý-de oýa bol. Ähli horlanmaň – köp iýmekdendir. Az iýseň, az horlanarsyň. Olar aýallaryna: “Aşyňa, işiňe, äriňe eýe bol” diýip sargar ekenler. Görşüňiz ýaly, ahilik bekdaşylykdan uzakdaky sistema däl ekeni. Ahiligiň Osman imperiýasynyň kuwwatlanmagyndaky roly, ýeniçerilik hakynda, olaryň türkmençilik bilen baglanyşygy, başga-da köp-köp özboluşlyklary hakynda köp zat aýdyp boljak weli, kitabymyzyň möçberi mümkinçilik bermeýär. Ýene bir gezekde başa barar, enşalla. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |