16:23 Orta Aziýanyñ kiçi, garyp, ýöne buýsançly ýurdy: Täjigistan | |
ORTA AZIÝANYÑ KIÇI, GARYP, ÝÖNE BUÝSANÇLY ÝURDY: TÄJIGISTAN
Publisistika
Orta Aziýanyñ garyp, ýöne diýseñ parahat ýurdy bolan Täjigistan respublikasy 2021-nji ýylyñ 15-nji awgustynda Talibanyñ goñşy Owganystanda häkimiýeti ele geçirmeginden soñ bu parahatlygyny belli bir derejede gaçyrdy diýen ýaly. Talibanyñ gelmegi Owganystanyñ ikinji uly etniki topary bolan täjikleriñ häkimiýetden çekilmegine we Täjigistanda geçip giden gapma-garşylykly günleri ýatladan howply radikal yslamçy režim bilen gapydaş goñşy bolmagyna getirdi. Owganystanda häkimiýetden çekilen täjik ýolbaşçylaryñ barsy Täjigistana gaçyp geldiler. Öñki owgan prezidentiniñ birinji kömekçisi Emrullah Salyh, Goranmak ministri Bismillah Han, serkerde Masudyñ ogly Ahmet Masut, öñki daşary işler ministri Salahuddin Rabbani şolardan käbiri. Prezident Aşraf Ganiniñ özem 15-nji awgustda wertolýotly Täjigistana gaçyp geldi, ol ýerdenem uçara münüp gaçybatalga soran ýurdy Birleşen Arap Emirligine gitdi. Täjigistan Owganystandaky kowumdaşlarynyñ hak-hukuklaryny aç-açan goran we olara arka duran ýeke-täk Orta Aziýa respublikasy boldy. Özbegistan bilen Türkmenistan Taliban režimi bilen dostana gatnaşyklar guran bolsa, Täjigistan göni Taliban režimini häzirki ýagdaýynda ykrar etmejekdigini mälim etdi. Şonuñ üçinem Täjigistan Talibana garşydaş sessiz owgan köpçüliginiñ hormatyny we söýgüsini gazandy. Elinden kän bir zat gelmeýänem bolsa, Duşenbe hökümeti owganlaryñ bu agyr günlerinde iñ azyndan tarapyny aç-açan belli etmekden çekinmedi. Täjigistan 1992-nji ýyldan bäri Imamali Rahmanow we onuñ maşgalasy tarapyndan dolandyrylýar. 1992-1997-nji ýyllarda ýurdy gysyp-gowran içerki gapma-garşylyklardan soñ häkimiýetdäki yslamçy toparlar goñşy Owganystana gaçdy. Ýaş kоmmunist Imаmali Rahmаnow bolsa, ruslaryñ goldawyna arkalanyp häkimiýeti doly ele aldy we şol wagtdan bärem ýurdy bir özi hususy firmasy ýaly dolandyryp gelýär. Rahmanowyñ dokuz çagasy we köp sanly ýakyn garyndaşy häkimiýetde ýokary wezipeleri eýeleýär. Rahmanowyñ 34 ýaşly ogly Rustam Duşenbe munisipialetiniñ (şäher ispolkomynyñ) başlygy we şol bir wagtyñ özünde Mejlisiñem başlygy bolup işleýär. Gyzy Ruşana 2021-nji ýylyñ 15-nji dekabrynda Täjigistanyñ Angliýadaky adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçisi wezipesine bellendi. Prezidentiñ ýene biri gyzy Azada Rahman kakasynyñ personal şefi bolup işleýär, onuñ äri Jemaleddin Nuralyýew bolsa Täjigistanyñ Merkezi bankynyñ başlygynyñ orunbasary wezipesinde otyr. Görşüñiz ýaly, susagyñ sapy Rahmanowlaryñ maşgala agzalarynyñ elinde we tebigy ýagdaýda beýleki Orta Aziýa respublikalarynda bolşy ýaly millionlarça adam açlyk bilen gidişýärkä, ýurduñ baýlyklary gaýgyrmazdan häkimiýetdäki maşgalanyñ aýşy-eşretine harçlanýar. • Yslamçylaryñ öýjügi Togsanynjy ýyllaryñ soñy bilen 2000-nji ýyllaryñ başynda Täjigistan, hususanam owgan serhedine golaý etraplar radikal yslamçy toparlaryñ öýjügine öwrüldi. Bu etraplarda täjik howpsuzlyk güýçleri bilen yslamçy militanlaryñ arasynda ýygy-ýygydan çaknyşyklar ýüze çykar durardy. Militanlar dara-dirä düşen wagtlary derýadan ätläp, owgan tarapyna geçäýerdiler. 2005-nji ýylyñ başynda NATO-nyñ geñeşçisi bolup täjik-owgan serhedinde bolanymda, şol militanlaryñ biri bilen tanyşypdym. Muhammet Emin Resulzada atly militan meniñ bilen bile gelen nemes konwoýyndaky bronemaşynlary görkezip, dodagyny ýañsyly müñküldedip, "Aýyplaşma welin, bularyñam soñy ruslaryñy ýaly bolar" diýipdi. Öz sözüne görä, şol ýyllarda Täjigistanyñ Raşt jülgesinde yslamçy serkerdelerden Mürzehoja Ahmedowyñ urşujylaryndan bolan Resulzada we onuñ egindeşleri 75 esgerden ybarat täjik konwoýyny duzaga düşürip, kyrka golaý esgeriñ ganyna galandan soñ Owganystana gaçypdylar. Resulzadanyñ sözleri elbetde şol ýyllarda bize gülkünç eşidilipdi. Emma geçen tomus Kabulyñ eýelenmeginden iki vepde öñ Mazary-Şerifdäki nemes uçarlary dañyñ alagarañkylygynda gorkudan ýaña çyralaryny-da ýakman uçup gidenlerinde onuñ sözleri täzeden gulagymda ýañlanypdy. ABŞ we NATO 2001-nji ýylyñ 11-nji sentýabr wakalaryndan soñky ýyllarda hemişe Päkistanyñ serhetýakasyndaky owgan sebitlerine ornaşandyklaryndan ötri täjik militanlar Demirgazyk Owganystanda juda arkaýyn hereket edip bilýärdiler. Şol ýyllarda amerikan kontrrazwedkasy "El-Kaidäni" awlamagyñ ugrundady we amerikan istrebitelleri-de günortadaky puştun obalaryny bombalamak bilen başagaýdylar. Hiç kim sessiz we asuda demirgazyga gañrylyp seredeýin diýenokdy. Täjigistanly militanlaryñ demirgazyga gaçyp barýan ýerleriniñ birem Amyderýanyñ boýundaky Ymam Sahip etraby we oña ýanaşyk Şirhan Bender portudy. Derýanyñ töweregi gyrymsy agaçly tokaýlyklar bilen gurşalansoñ, militanlar üçin bu ýerler iññän amatly gaçybatalga bolup durýardy. • Çagalyk ýatlamasy Owganystan bilen Orta Aziýanyñ arasyny kesip geçýän Amyderýanyñ üstündäki iki owgan gümrük nokadyndan biri bolan Şirhan Bender meniñ çagalyk ýatlamalarymda aýratyn ýere eýe. Çagalygymda, ýagny ýetmişinji ýyllaryñ ortalarynda kakam bilen ýygy-ýygydan Şirhan Bendere gidip gelýärdik. Kakam porta altmyş kilometr golaýlykdaky Akdepe etrap sowetiniñ başlygydy we şol bir wagtyñ özünde esasy taýpa kethudalarynyñ biridi. Portyñ başlygy-da kakamyñ ýakyn dosty bolandygy üçin hepdäniñ ahyrynda anna günleri Şirhan Bendere we onuñ golaý-goltumyna dynç almaga giderdik. Şirhan Bender meniñ üçin şol wagtlar jennetiñ bir bölegi ýalydy: towlanyp ýatan göm-gök derýa we onda ýüzüp barýan uly gämiler, derýanyñ boýunda boýy elli metre çenli uzaýan agaçlar... Maña hasam köp täsir eden zat - ini ýüzlerçe metre ýetýän derýada kiçijik balyga meñzeş uly gämiler we olaryñ mawy gözli saryýagyz adamlarydy. Bular meniñ gözüm bilen gören ilkinji ruslarymdy we birnäçe ýyldan soñ Owganystan olardan ýaña hyñ berýärdi. Meni täsirlendiren başga bir zadam derýanyñ garşysyndaky synladygyñça doýup bolmaýan manzarady. Garşy kenarda ownukly-irili san-sajaksyz gämiler seteran durdy, heklenen jaýlary we elektrik sütünleri bilen owgan tarapyna garanda has gelşikli we baý görünýärdi. Garşy kenardaky gysga balakly we köýnekli çagalara el bulap durkam, öz-özüme "Ýogsa-da, olaram biziñ ýalymyka?" diýip sorag berenim ýadyma düşýär. Ýogsam bolmasa garry enemden ruslar hakynda juda gorkunç zatlary diñläpdim. Men şonda-da garşy kenardan maña ýylgyrjaklap el bulaýan saryýagyzja çagalara ýakynlyk duýupdym, hatda olar bilen dostlaşasym gelipdi. Emma iki ýyl geçensoñ (1979) rus istrebitelleri öýlerimizi bombalap başlady welin, garry enemiñ o diýen ýalñyş aýtmandygyna düşünipdim. Häzir özbek, täjik, çeçen ýaly Orta Aziýaly militanlaryñ owgan narkobaronlarynyñ we garañky ýüzli Taliban söweşijileriniñ jyrt atýan Şirhan Bender porty iññän howply ýer we bu ýeriñ çagalyk ýatlamalaryma siñen göze ýakymly durky bilen baglanyşygy galmady. Ýalñyşmaýan bolsam, 1980-nji ýylyñ tomsunda obamyzyñ depesinden inen sowet bombasy durmuşymyz bir hatarda çagalyk ýatlamalarymy-da dyr-pytrak edipdi. Çagalygymyñ yzda galan bagtly günlerini her gezek ýatlanymda ýüregim syzlap, dodagyma ajy gülümsireme ýaýrap gidýär. Täjigistan diktatura režimine garamazdan uzak wagt bäri Orta Aziýanyñ iñ asuda künjegi. Emma Talibanyñ häkimiýete gelmegi bilen Owganystanyñ öñki hökümet ýolbaşçylarynyñ, harby gullukçylaryñ, uçarmanlaryñ, ýokary düzümli serkerdeleriñ we olaryñ maşgalarynyñ köpçülikleýin bosgunyna uçran Täjigistan indi tikeniñ üstünde dur. Demirgazyk ýaranlygyñ öñki liderleri, hususanam asly täjik owganystanlylar bu ýurdy Talibana garşy baza hökmünde ulanan ýagdaýynda, Täjigistan Owganystandaky bulam-bujarlyga öz-özünden goşulyp gider. Täjigistanyñ şumatky pozisiýasy bolsa bir alajyny tapyp Taliban ýaly goñşudan halas bolmak, şeýdip Owganystandaky gapma-garşylyklardan iñ az zyýan bilen çykmak. Munuñ neneñsi boljakdygyny elbetde wagt görkezer. • Türkiýe bilen gatnaşyklar we Enwer Paşa Täjikler etniki taýdan, dil we medeniýet taýdan parslar bilen añyrsy bir halk bolsa-da, Eýrandan has köp Türkiýä ýakyn durýar. Döwrebap günbatarly ýaşaýyş-durmuş formasy bilen yslamy tradisiýalary utgaşdyryp, beýik galkynyşly hemleleri durmuşa geçirýän we barha güýçlenýän Türkiýede täjikleriñ arzuwlaýan hemme zady bar. Megerem şonuñ üçin bolsa verek, täjik baýlary turistik gezelençler üçin Tähran, Yslamabat, Kair ýaly şäherleriñ deregine Günbatary, ýer ýüzüne hemmetaraplaýyn açyk Stambul, Dubaý ýaly şäherleri saýlap alýarlar. Türkiýede Täjigistan diýlende, 1922-nji ýylda bu ýurtda wepat bolan iñ soñky osmanly generaly Еnwer paşa. Osmanlynyñ boýun egýändigini yglan etmeginden soñ 1918-nji ýylda Berline sürgün edilen Еnwer paşa Türküstanyñ ruslara garşy garaşsyzlyk ugrunda alyp baran göreşine ýolbaşçylyk edip ýörkä, Täjigistanda şehit düşüpdi. Enwer paşanyñ jesedi birküç ýyl öñ Türkiýä getirildi. Enwer paşanyñ ady şu günki günüñ Orta Aziýasynda hiç kim üçin hiç zady añlatmasa-da, onuñ bilen baglanyşykly ýatlamalar Türkiýedäki türküstаnlylaryñ hakydalarynda häzirem ýaşamagyny dowam etdirýär. • Täjigistanda üýtgeşmeler bolup bilermi? 1992-nji ýyldan bäri döwlet ýolbaşçysy bolup gelýän Imamali Rahmanow ömrüniñ ahyryna çenli wezipesinden el çekjege meñzemeýär. Täjigistan Türkmenistan ýaly aşa basyşçy ýurdam däl, ýöne Gazagystandyr Gyrgyzystan ýaly syýasy-ykdysady taýdan asuda ýerem däl. Ýurt ikisiniñ ortaragynda bir ýerde dur. Emma häzirki ýagdaý göwnüne ýaramaýanlaryñ sany-da barha artýar, ýygy-ýygydan ýurtda maýda-çüýde çykyşlar bolýar. Bular kämahal zorluk bilen, käwagtam ýalbar-ýakar edilip basylyp ýatyrylýar. Täjigistan bilen bir hatarda tutuş Orta Aziýa umuman alanda uly üýtgeşmelere we wakalara hamyla ýaly bolup görünýär. Garaşsyzlyk ýyllarynyñ başynda azatlygyñ, bol-elinligiñ we yrsgal-bereketden doly ýagty gelejegiñ umydyna gurşalan Orta Aziýanyñ halklary çuññur lapykeçlige batdylar. Garaşylmadyk bir waka, bir uçgun tutuş sebitde "Arap baharyna" meñzeş wakalary turzup biler. Еsеdulla ОGUZ, Türkiýeli türkmen žurnalisti. 15.01.2022 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |