20:45 Osmanlyda respublika gözlegi | |
OSMANLYDA RESPUBLIKA GÖZLEGI
Taryhy makalalar
Respublikanyñ yglan edilmegi bir günde bolan zatmy? Atatürk 28-nji oktýabr agşamy şamlyk edinip egindeşlerine "Ertir respublikany yglan ederis" diýipdir, egindeşleri gidenden soñam Ismet paşa bilen bile kanun işläp düzenmiş... Şolar ýaly añsatdyr öýdýärsiñizmi? Osmanly döwründe başlan ýüzlerçe ýyllyk ganly taryh ýatyr arada! Soltan Abdylmejit tarapyndan 1837-nji seresger (Goşun bölümleriniñ ştabynyñ başlygy) wezipesine bellenen Damat Sait paşa bir gün howul-hara patyşanyñ huzuryna çykyp şeýle diýdi: - Harijiýe naziri (Daşary işler ministri) Mustapa Reşit paşa respublika yglan etmekçi bolýar, soltanlygyñyz elden gidýär. Nämä dursuñyz? Bu endişe ýöne ýere däldi... Dilimize "respublika" sözi edebiýat arkaly aralaşdy. Şinasi uly hormat bildirýän Mustapa Reşit paşasy üçin “Eýa ahali-i fazltn Reisi-Jumhuru” ("Eý, mertebeli adamlaryñ prezidenti") diýip ýazdy. Şinasi üçin Mustapa Reşit paşa hakyky "medeniýet ilçisidi". Osmanly intelligensiýasynyñ respublika babatda belli pikiri ýokdy. Mysal üçin, Namyk Kemal şeýle diýipdi: "Respublika häzirki ýüzýyllykda iñ halanýan hökümet formasyna öwrüldi. Yslamlyk başlangyçda respublikady, ýöne bu režim bizde ýöräp bolmez. Ýurdumyzda bular ýaly düşünje hiç kimiñ aklyna-oýuna gelmez. Biziñ kabul etjek döwlet formamyz osmanlg hanedanynyñ dolandyryşynda gurular we dowam edip duran güýji ýerine ýetiriji güýjüñ elinden aljak konstitusion monarhiýa düzgünidir..." * * * 1870-nji ýyl. Sürgündäki Ziýa paşa Ženewada çykarýan “Hürriyet” gazetinde "Respublika dolandyryşy" hakda ýazdy: "Respublika dolandyryşynda patyşa, sadrazam (baş wezir), imperator ýaly zatlar ýok. Ýurduñ imperatory, sadrazamy, patyşasy - halkydyr. Respublika dolandyryşynda millionlarça halk birküç sany bähbitparaz adamyñ ýesiri däldir, adamlar hak-hukugyñy we azatlygyny goramakda azatdyr. Respublika dolandyryşynda halkyñ mejlisi bolmaly". Ziýa paşa respublikanyñ şahsy hökümetden ýokardadygyny açyk görnüşde suratlandyrandygyna garamazdan onuñ nähili durmuşa geçirilişi hakda hiç hili düşündiriş bermedi! Sürgündäki ýene bir münewwer Ali Suawi käbir awtorlaryñ pikiriçe respublika pikiriniñ üatünde birinji bolup durup geçen adamdu. Olam respublika baradaky pikirlerini beýan edenem bolsa, munuñ üstünde düýpli durup geçmändir. Bular ýaly gözlegleriñ üç esasy sebäbi bardy: - Osmanly döwletiniñ çöküş sebäpleri nämeler? - Bu çöküş prosesini yzyna tesdirmegiñ ýolary nämeler? - Munuñ üçin geçirmeli reformalar nämeler? Osmanly intelligensiýasynyñ "azatlyk" üçin biragyzdan makullany iñlis parlamentarizmine meñzeýän konstitusion monarhiýa düzgünidi. Çünki: Osmanly döwlet gurluşy düzüminde hemme zat hanedan, soltanlyk, halyfat üçlügine esaslanýardy we bulara garşy gitmek örän kyndy... * * * Karl Marksyñ "Respublika yglan etmese Osmanlynyñ ýykylyşynyñ öñüni hiç kimem saklap bilmez" diýen Mithat paşasy respublika yglan etmek beýlede dursun, 1876-njy ýylyñ Konstitusiýasy taýýarlananda gowşaklyk görkezdi. Abdylhamyt II-niñ "mejlisi ýatyrma, ministrler sowetini saýlap-seçip alma we dargatma, islän adamyny sürgüne ýollama" ýaly maddalaryna boýun egmegi onuñ soñuny getirdi. 1884-nji ýylda boglup öldürilen Mithat paşa aslynda Osmanly döwletini öñki şan-şöhratly günlerine dolap getirmegiñ maksatnamasyny döwrebaplaşdyryp durmuşa geçirmegiñ simwolydy... Olar "baş mugallym" Sadrazam Mustapa Reşit paşa bilen başlanan halkady. Seretseñizläñ, arasynda kimler bardy: Sadyk Ryfat paşa, Ybraýym Sarym paşa, Ali paşa, Fuat paşa, Ahmet Wefik paşa we başgalar. "Ýyldyz" sudunda sud edilen, Taifde öldürilen Mustapa Reşit paşadan bäri başlan azatlyk we günbatarlylaşma göreşidi... Üstün çykanlar - suda goşulan Adliýe naziri Jewdet paşa ýaly konserwatiw býurokratlar, Ahmet Mithat ependi ýaly yrga münewwerlerdi. Bu iki pikiriñ garpyşygy - agdarlyşyklar, rewolýusiýalar, tolgunşyklar, içerki we daşarky uruşlar bilen dowam etdi durdy. Tä taryh arenasyna Atatürk çykýança. Onuñ öñkülerden möhüm aýratynlygy bardy. Bu barada indiki ýazgymda ýazaryn. Soner ÝALÇYN. "SÖZCÜ" gazeti, 24.10.2023 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 1 | ||
| ||