13:22 Owadan geline | |
OWADAN GELINE
Goşgular
"Ýer ýüzünde sen deý perizat bolmaz, Meger, ýere düşdüň howadan, gelin? MOLLANEPES Ýar, indi Molllanepesden soňra Ýazmak islesem-de men seniň waspyň, Barybir meň ýelden ýüwrük galamym Hem ýiti zehinim gelip dur asgyn. Gara saçlaryňa ak saçym goşup, Bir alaja ýüpi öräýsek eger Ol bizi göz dilden, gepde, gybatdan gorap duran bir gudrata öwrüler. Okap-ýazyp, hem gyz-gelne seredip Dünýäň yşygynda kütelen gözlem ýene röwşen bolup, oň aýnasynda Seniň gülden gözel jemalyň görner. Her ýylda bir gezek joşarmyş Alla Şonda bir perizat indirmiş ýere. Görüp onuň jadylaýjy jemalyn, Yşk-heser urarmyş söýen serlere. Bir sowal bar Mollanepes halypa, Şygryň bilen bize ylham eçildiň. Iki asyr öň biziň ilde şeýle ki Gözel gelniň baryn sen nädip bildiň? Atamyrat ATABAÝEW. | |
|
√ Eýledi ýar meni dert ile awara, medet... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Bir dem ol dilber jemalyndan yrak olmak ne güýç... / Goşgular - 01.01.2025 |
√ Söýlemezlik harjysy söýlemegiň hasydyr... / Goşgular - 04.01.2025 |
√ Oňşuksyz öý / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Aramyzdan gidenleri ýatlalyñ! / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Şaglawuk / Goşgular - 02.01.2025 |
√ Rubagylar / Goşgular - 10.01.2025 |
√ Men bir ýola... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Hatty benewşe, haddy läle, zülpi reýhandyr... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Kowusnama: Bedew edinmek hakynda / Goşgular - 12.01.2025 |
Teswirleriň ählisi: 2 | |
| |