12:14 Öwez ýykylan / satiriki hekaýa | |
ÖWEZ ÝYKYLAN
Satiriki hekaýalar
Elkyssa, indi habary kimden al, Göroglydan al. Ol gaçalagyny aldyryp, buýtar-suýtaryny bes etmeli boldy. Bir mahaldan Görogly bilindäki jöwher pyçagy, düýrme gylyjy çykaryp, Aýsoltanyñ öñünde goýdy-da: - Aýsoltan, Görogly onda gitdi, munda gitdi diýip, sapalak atyp otyryn. Görogly men, ine, men. Seniñ agañy öldüren men. Şu ýaraglary al-da, meni öldür - diýdi. Indi, gepi Aýsoltandan eşideliñ. - Seni öldürenim bilen agam direlmez. Indi agamyñ ornuna sen maña aga bolaý. Şu ýerde Görogly mes bolup, joşup, depesi gök diräp, "Aýsoltan, aglama, agañ bolaýyn" diýip aýdym aýtdy. Elbetde, hormatly okyjy, Göroglynyñ şol aýdymy mehaniki ýazga alynmandyr. Iñ gowusy, siz ony radioda Magtymguly Garlyýewiñ aýtmagynda diñländigiñizi hakydañyza getiräýiñ. Ýene habary Aýsoltandan eşideliñ. - Görogly aga, maña aga bolanyñ ýagşy. Meniñ ýurdumyñ aýlyk bir ýanynda Hind şäheri diýen bir ýurt bar. Onuñ häkimine Garahan töre diýýärler. Şol enemden bolalym bäri meni almak arzuwynda. Agamdan gorkusyna gala gelebilmän ýördi. Agamyñ ölenini eşitse, ol gelip, meni alar diýip, ondan gaçgak bolup gaýtdym. Meniñ şol belamy, Garahan döwni dep etseñ, onsoñ maña çyn aga bolup bilersiñ. - Garahan döwi kül edip, külüni nasa goşup, onam mysgallap nökerlerine atdyrarys - diýip, Görogly bir nagra dartyp, düýrme gylyjyny gynyndan sogrup, ýene ýerine saldy. Jöwher pyçagyny oklap gapdy. - Ýigitler, Sapar Märem, Däli Mätel, Seýtek Gyrma, Handan batyr, Bedrüstem, Hajy Sumsar, ertiriñ özünde ýola taýýar boluñ, gidýäs duşman üstüne - diýip, Görogly ýene bir nagra çekdi weli, bu gezek Çardagly Çandybil elenip gitdi. Bu sözden soñ kyrk ýigit Sapar Kösäniñ daşyny aldylar. - Kösäm, meni şu uruşdan alyp galsañ, bir teññe bereýin - diýip, Däli Mätel özelenmäge oturdy. - Menem şol äteñet döwüñ ýüzüni görmäýin-le, ine-de teññäni nagt edýän - diýip, Seýtek Gyrma bir teññäni küti barmaklary bilen Sapar aga tarap pyzyp goýberdi. - Menem gitjek däl, me. - Teññe şirin janymdan gowumy, me, al... Gepiñ gysgasy ýagşy, garaz, kyrk ýigidiñ Handan batyrdan öññesi Kösä para-peşgeş berip, Gürjüstan ýurduna gitmezligiñ aladasyny etdi. Elkyssa, ertesi gün guşluga galanda, Aýsoltan, kyrk ýigidi bilen Görogly ýola rowana boldular. Az ýöräp, köp ýöräp, bir ýerde düşlediler. Sapar Köse Göroglynyñ ýanyna baryp: - Görogly, bir maslahat bar. Men atañ Jygaly bege-de, kakañ Ady bege-de maslahat bererdim. Sen bizi, kyrk ýigidi alyp gitme, nätjek sürlenişip ýörüp. Hamana, uly bir galany, giden bir ýygyny basyp aljak ýaly - diýdi. - Garahan törä, onuñ leşgerlerine, tüweleme, güýjüñ ýeter. - Ýok, bolmaz, Märem aga - diýip, Görogly atlanyberdi. Sapar Kösäniñ şunuñ ýaly synanyşyklarynyñ birküç sanysy puja çykdy. - Be, allajanlarym, indi näme emel edip, hile gursamkam?! - diýip, Köse aşaky dodagyny dişläp, başyny ýaýkap oturdy. Birdenem Sapar Märemiñ mekir gözleri oýnaklap başlady: - Tapdym! - diýip, hamana düwnük keseliniñ dermanyny tapan alyn ýaly, ýeñillik bilen syçrap ýerinden galdy. Indi habary kimden al, Görogly beg bilen Aýsoltandan al, şol ýöräp baryşlaryna bular Gürjüstan ýurduna golaý bardylar. Iñ soñky düşelgä baryp, atlylar atdan düşdüler. - Görogly, bir maslahat... - diýip, Sapar Köse gürrüñe başladam welin, Görogly: - Sapar aga, aýdybam oturma, şol maslahatyñ bolmaz - diýdi. - Meniñ aýtjak zadym özüñe bähbitli gürrüñ - diýip, Sapar Märem sakgalyny däl-de, taýpy ýaly eñegini sypalady. - Hany, Sapar aga, aýt bakaly, eşideli, bähbitlisi bolsa?! - Aýtsam, Görogly, ýalñyz balañ Öwez jan şu ýyl 10-njy klasy gutardy, ýetişenlik attestatyny aldy. Ol indi üçekde kepderi kowalap ýörmeli bolarmy?! - Oh, Sapar aga, oglum Öwez jan şu ýyl ýokary okuw jaýyna okuwa girmelidir-ow - diýip, Görogly bir nagra dartdy weli, asman-zemin lerzana geldi. Ýer goduklap atlar ürküşip, gaýalar kül-peýekun boldy. - Biz Garahan döw bilen urşy soña goýmaly bolarys-ow, ýa-da ýeñildik diýip, aman dilesekmikäk?! Öwez jany diplomsyz-a goýup bolmaz - diýip, Görogly Gyrata böküp mündi. - Görogly, "Atylan ok daşdan gaýtmaz" diýlen nakyl bardyr. Sen ýoluñdan galma. Instituty özümiz oñararys - diýip, Köse kyrk ýigidem yzyna tirkäp, Çardagly Çandybile gaýdarman boldy. - Sapar Köse, zaññar, ýeke özüñ git ahyry, kyrk ýigit meniñ ýanymda galsyn - diýip, Görogly güldi. - Aý, Görogly, ýoldaş, men ýeke gidip biljek däl - diýip, Sapar Köse aýtdy. - Ýogsam menem gitjek däl. - Baryñ onda, hemmäñize rugsat berýän. Ýoluñyz ak bolsun! - diýip, Görogly ýigitlere ak pata berdi. - Ýagdaýlary telegramma, telefon üsti bilen habar edip duraweri, Kösäm - diýibem aýtdy. Indi habary kimden al, Garahan töreden al. Jarka-da jarka, gylyçlar, galkanlar çakyşyp, uly söweşler boldy. Üç dokuz gün diýleninde Göroglynyñ güýji gaçdy. Çöken ördek ýaly boldy-da, ýer bagyrtlan ördek ýaly boldy-da, ýer bagyrtlap ýatyberdi. Çünki oña Köseden telegramma gelipdi. Gözleri ümezlän Görogly: "Öwez ýykyldy nkt näme maslahat Köse" diýen sözleri zordan saýgarýardy. "NKT" nokat diýildigidi. - Wah, duşmandan asgynlajak däl weli, şu okuw meselesi meni halys çökerip barýar - diýip, Görogly ýer godukladyp bir nagra çekdi. Görogly diñe bir mertlikde, atarmanlykda, çaparmanlykda Görogly däl-de, ol akyl-paýhaslylykda-da hiç kimden pes oturmaýardy. Ol derrew Sapar Kösä telegramma berdi. "Agaýunusa aýt nkt dyrnagyna seretsin nkt näme görünýär - Görogly" - diýen sözler sime siñip gitdi. Ertesi Sapar agadan jogap haty geldi. Onda şeýle diýilýärdi: "Agaýunusyñ dyrnagynda nkt goýun görünýär - Köse". Özüñize mälim bolşy ýaly, Görogly zaññar düşüşdä, derrew Kösä telegramma ýollady. "Goýun Genjimde köpdür nkt Görogly". Şondan soñ Görogly urşy wagtlaýynça bes edip, telegrafyñ jaýyna göçüp bardy-da, gamak krowat goýdy. Özem apparatyñ ýanynda dik durup, lentany okaberdi. Hä diýmänem Köseden ýene howsalaly telegramma geldi. Ol şeýle mazmunlydy: [i]"Görogly tizden maslahat ber nkt Genjim diýen husyt agañ bizi goýunlarynyñ ýele ýanyndanam geçirenok - Köse"[/ii] Görogly bu telegrammany okap: - Häk, Sapar agany WUZ aljyradýar öýdýän, telegrammany gysga ýazyp, pul tygşytlamanam unudypdyr. Aý, hawa-da, institut gäbiñi azdyrjak-la - diýip, ysgynsyz towugyñ ganaty ýaly aşak sallanan murtuny ýene aşaklygyna sypalady. Şondan soñ Görogly gahar-gazap bilen telegramma ýazylýan blanka ýapyşdy. Ýazdy, çyzdy, bozdy, ýyrtdy, mynjyradyp sebede oklady. Ahyrsoñunda şeýle sözleri taslady. "Genjime Reýhan Arabyñ gyzy Bibijany galyñsyz mugt beripdim nkt ol zañnardan kyrk müñ manada derek goýny gañryp alyñ - Görogly". Görogly ýokardaky mazmunly telegrammany äpişgejikden içerik uzatdy. Telegramma kabul edýän gyz: - Ýaşuly, "zaññar" diýen sözüñizi çyzjakdyrys. Biz onuñ ýaly medeniýetsiz, paýyş sözleri kabul edemzok - diýdi. - Bolar, gyzym, çyzaýyñ. Biz bir sähraýy adamdyrys - diýip, Görogly aýtdy. Soñra esli wagtlap, ine, şeýle mazmunly telegrammalar iki tarapa gatnady. "Genjimden galyña derek goýny gygyrdyp aldyk nkt baý zörledip aglady-ha - Köse". "Oñarypsyñyz nkt hereket ediberiñ - Görogly". "Abuturiýent Öwez Göroglyýew üstünlik gazanýar -Köse". "Goýun keramatly jandardyr - Görogly". "Kaka jan, men indi student nkt gutlap bilersiñ - Öwez". "Günde kyrk guzyny çekiñ nkt iýsin iş bitiren tä men barynçam -Görogly". "Işimizi ýokary gözegçilik edarasyndan we KRU-dan barladylar nkt nätmeli? - Köse". "OBHSS-den aman bolsañyz bolar nkt KRU bilen oñşarys - Görogly". "Biz saña telegrammany edaranyñ hasabyndan berýärdik nkt şony derñewçiler nädogry diýdiler - Köse". "Beýle etmäñ nkt Agaýunusyñ hasabyndan beriñ - Görogly". "Görogly, tizräk gel nkt garaşýarys - Agaýunus". "Eýýäm göresiñ geläýdimi? - Görogly". "Etimiz bilen mesgämiz gutardy nkt bergimiz müñe ýetdi - Agaýunus". "Ýumurtga börek iý nkt Gülruhy et komnibatynyñ garyn-içege sehine işe ýerleşdiräý nkt gijesine bulka kombinatynda işlesin nkt şol ýerden mesge alar - Görogly". "Kaka, akrapdan öñ geleweri nkt meniñ gyşky semestrim golaýlaşýar - Öwez". Gurbangylyç HYDYROW. | |
|
Teswirleriň ählisi: 1 | ||
| ||