09:23 Owganystan: Aýallar türmesi | |
OWGANYSTAN: AÝALLAR TÜRMESI
Publisistika
Fotosurat: Reuters "Penşenbäniň gelişi çarşenbeden bellidir" diýen söz bar. Şeýle-de boldy. 2021-nji ýylyň 15-nji awgustynda Owganystanda ikinji gezek häkimiýet başyna gelen Taliban topary 90-njy ýyllardaky hemişeki gadagançylyklaryny birin-birin girizmäge başlady. Toparyň soňky girizen gadagançylygy ýaş gyzlara ýokary okuw jaýynda okamagy gadagan edýän karary boldy. Halkara jemgyýetçiligi, BMG, ABŞ, ÝB hamana öň Talibany tanamaýan-bilmeýän ýaly topary kabul eden bu kararyny ýazgaranam boldular. Ýogsam bolmasa, Taliban turuwbaşdan özüniň demokratiýa garşydygyny, onuň ýerine şerigat düzgünini durmuşa geçirmäge niýetlidigini telim gezek ýanjap aýdypdy. Owganystanda barha kynlaşýan ykdysady şertler, garyplyk we ýetde-gütdelik az bolýan ýaly, ilatyñ ýarsyna golaýyny düzýän aýal-gyzlaryň dürli gadagançylyklar bilen jemgyýetçilik durmuşyndan gyrakladylmagy akla-huşa sygjak zat däl. Emma ençeme ýyllaryň dowamynda aýal-gyzlaryň bilim alýan okuw jaýlarynyň öňünde bomba partladyp, okuw jaýlaryny ýakyp-ýumrup gelen Taliban ýaly ganojak topardan mantykly işe garaşmagyň özi hebes. Owganystanda aýal-gyz bolmak hiç mahalam aňsat bolmady. XX asyryň başynda Atatürkden ruhlanan owgan hökümdary Amanulla hanyň tagallasy netijesinde ýurtda aýal-gyzlar çäkli-de bolsa birtopar hak-hukuklara eýe boldy we uly şäherlerde dünýewilige hem-de ýewropalaşan ýaşaýyş-durmuş formasyna geçen çaklaňrak aýal-gyz gatlagy emele geldi. Emma aýal-gyzlar bu ýurtda hiç wagt Türkiýedäki ýaly deňlige we erkinlige eýe bolup bilmediler. Owgan aýal-gyzlarynyň hak-hukuklar taýdan başdan geçiren iň gowy döwri 2001-2021-nji ýyllar aralygyndaky ikinji respublika döwri boldy. Bu döwürde aýal-gyzlar jemgyýetçilik durmuşynyň hemme ugruna aralaşdy, sowatly, gaýratly, özüne göwni ýetýän ýüz müňlerçe owgan zenany goşunda, polisiýada, ministrliklerde, bilim we saglygy goraýyş edaralarynda, ýerli dolandyryş edaralarynda we metbugat organlarynda zähmet çekdiler. Her hökümet döwründe Ministrler Kabinetinde bir aýal aýal-gyzlar meselesi boýunça ministr wezipesini eýelemek bilen bir hatarda, parlamentde 60-dan gowrak aýal deputat bolup işledi. Täze döwürde ýetişen ýüzlerçe ýaş gyz aýdymçylar köne aýdymlary täze äheňlerde ýerine ýetirip, ýaşuly nesliň we täze nesliň göwnüni awlady. Her gün mawy ekranda berilýn pop-star aýdym-saz bäsleşikleri we ýurtdaky parahorlukdyr korrupsiýany ýaňsylaýan sahna oýunlary bilen ýurt ömürylla uruş-dawa diýen zadyň nämedigini bilmeýän, hemme zadyň gülala-güllük bolan adaty ýurdy ýaly görnüş gazandy. Emma 2021-nji ýyly awgustynda Talibanyň häkimiýet başyna gaýdyp gelmegi bilen şowhun-şagalaňyň ýetjek derejesine ýeten “Toý mekanynda” birdenkä tok öçüp, märekäniň şowhunyna suw sepilen dek bolşy ýaly, ýurtda dem salymda bar zat togtady. Şol pursata çenli hemme ýerde duş gelýän aýal-gyzlar ilki metbugatdan, yzyndan bilim ojaklaryndan sumat bolmaga başlady. Munuň yzyny aýal-gyzlary jemgyýetçilik durmuşyň hemme ugrundan gyraklatmagy maksat edinen başga gadagançylyklar dowam etdirdi. Şu gün gelinen sepgit – Owganystanyň aýal-gyzlar üçin üsti açyk türmä öwrülen ýagdaýa gelmegidir. Talibanyň 90-njy ýyllardaky birinji häkimiýeti döwründe CNN-e interýu beren sowatly owgan zenanlarynyň biri “Özümizi ömürlik türmä höküm edilenler ýaly duýýarys, haçan azatlyga çykjagymyzy diňe Alla biläýmese...” diýipdi. Häzirem şeýle ýagdaý gaýtalanyp dur. Owgan zenanlarynyň soňky 20 ýylda müň bir zähmet we göreş arkaly gazanan azatlygy gyzgyn çaýly käseden ýokar göterilen bug ýaly uçup gitdi, indi olaryň azatlyga täzeden haçan gowuşjaklaryny çaklamak kyn. Owgan zenanlary üçin ýeke-täk halas boluş – Talibanyň haýsam bolsa bir ýol bilen agdarylmagy we 2001-nji ýylyň güýzünde bolşy ýaly şäherlerden çekilip, daglara gaýdyp barmagy. Öňki režimiň liderleriniň hiç hili garşylyk görkezmän daşary ýurda gaçmagy we Günbataryň Owganystandan elini-aýagyny ymykly çekendigi nazara alynanda, bulam şumatky ýagdaý üçin mümkin bolmajaga meňzeýär. Emma hiç zadyň daşyndan görnüşi ýaly bolmaýandygyny-da ýatdan çykarmaly däl. Garaşylmadyk üýtgeşme Talibanyň soňuna sogan ekip biler. Owganystan häzir garaňky döwürden geçýär. Ýöne jepakeş owgan zenanlary bilen bir hatarda ähli owganlaryň ýadynda saklamaly bir zady bar: Gije hernäçe uzak we garaňky bolsa-da ertesi hökman ýagtylykdyr. Şapak gyzaryp, gün dogýandyr we jümle-jahan täzeden nura beslenýändir. Esedulla OGUZ, Türkiýeli türkmen žurnalisti. 22.12.2022 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |