12:11 Öwgi / satiriki hekaýa | |
ÖWGI
Satiriki hekaýalar
Sähetgylyç sütüni süýnüp işden geldi. Aýaly sessiz-üýnsüz çaý-naharyny öñünde goýdy. Saçak, gap-gaç hemişekisi ýaly, tämiz. Iññäniñ gözi kimin kirjagaz tapaýmarsyñ. "Bu tarapyna zordur, keýwany. Häzir-ä, nassreniýesi gowy. Her gün şeýle bolaýmal-a. Onsoñ gözüñe ezip içäýmeli perizat bolubam görünýä". Onuñ göwni göterildi, öñündäki zatlara işdämen topuldy. Birdenem... Aýalynyñ agzyny-burnuny towlaşdyryp goýberenligini gözüniñ gyýtagyny aýlanynda gördi. Ini dyglap gitdi, işdäsi zym uçan ýaly bolup, tas düwnüpdi. Çemçesi agzyna ýetmän, doñup galdy. Arman, käte igesini sürtmesem bar-da. - Jeren janyñ dädesi diýýän-ä... - Gulagym sende, ejesi. - Gördüñmi. Gara çaşşyñ jaýyny? - Aý... - Şalaryñ köşgüne çalymdaş. Depseñ yranmaz baý kişi. Aýaly elini sowuk suwa uranokmyş. - Ah-ymm... - Iliñ-ä gazanç çeşmesiniñ gözi açylypdyr. Gurban näme, düýnki sümükli, şolam ýüñ daraýan maşyn alypdyr. Kireýine iliñ ýüñüni daraýa. Pul ýagyş bolup ýagýa üstlerine. Aýaly meniñ toýdalyk köýneklerimi öýünde geýýä. Çakan ýirigem bir süri goýun edinipdir. Aýalynyñ endam-jany gyzyldan lowurdap dur. Wah, haýsy birini sanap çykjak. Ölermiñ-ýitermiñ, boýy bir garyş Kemaljygy diýsene. Dükan açyp, söwda edýä. Aýaly görende zordan salamlaşýa. Är diýeniñ şolaryñky ýaly, girdejili bolsa... Haý, dünýe, heý... Sen-ä bir erni suwly. Şujagaz günüñe razy. Erkek kişi alyjy gurda meñzese ýagşy. Keýpine sogan dogralan Sähetgylyç iki eli bilen gulaklaryny ýapdy, mundan añry aýalynyñ sözlerini eşitmek islemedi. Ol şeýdipt, esli mahal doñnaradaş bolup oturdy, haçan-da aýalynyñ agzynyñ gymyldysy galanda ellerini gulaklaryndan aýyrdy. Pytraññy pikirlerini çugdamlan şekilli, gobsundy: - Jeren janyñ ejesi diýýän-ä. - Yh-ymm... Aýdybersene, içýakgyç. - Gözel kirli bar-a, şo halylaryny satyp daşary ýurt maşynyny alypdyr. Äri hezil edip, sürüp ýör. - Wiý, neme... - Selbi näme, görk-görmegem ýok görgüliniñ. Gije-gündiz ýatman, ik egrip, ýumaklaryny satdy-da, ärine gözüñ ýagyny iýip barýn penjek-balak äberdi. Baş atyp, zordan alýa salamyñy ärsumagy. - Ä-ä-ä... - Iliñ äriniñ-ä mañlaýy daş ýarýa. Sary keliñ aýaly tikin tikip, egin-eşik satyp gulplandy. Äriniñ elleri zenanlaryñ ellerindenem näzijek. Wah, haýsy birini sanap çykjak. Aýal diýeniñ şolaryñky ýaly... Sähetgylyjyñ aýaly oña tarap topuldy. Gelip agzyny tutdy: "Gi... gir... de... ji..." Aýaly onuñ agzyny has berk gysdy, yzyny aýtdyrmady. Haçan-da sesi galanda turdy-da, beýleki otaga gidiberdi. Sähetgylyç bir ýyrşardy-da, ümsümje nahar symyşlamaga başlady. Annatagan NURGELDIÝEW. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |