21:54 Oýunda oýun etmeli däl | |
YLMY-PUBLISISTIK MINIATÝURALARDAN
Edebi makalalar
1. Oýunda oýun etmeli däl Biz onuň bilen ilkinji ýola belli özbek ýazyjysy Aýbegiň «Nowaýy» romanynda duşuşypdyk. Bir görseň beýik şahyryň ýanyna dürli meseleler bilen gelýänlere Nowaýynyň özi bolup maslahat berip oturan, ýene bir görseň döwlet hem döredijilik işleri bilen hiç bir zada eli degmeýän Myralynyň eserlerini tertibe salyp, onuň beýleki işlerine serenjam berip ýören bu gahryman bilen ýygy-ýygydan ýüzbe-ýüz bolýarsyň. Ilki başda bu personaž Nowaýynyň ýakyn durmuş dostlarynyň biri hökmünde göz öňüne gelýär. Ýazyjy romanyň ahyrragynda bu gahrymanyň ýene bir häsiýetli tarapyny açýar. «Unusyýada» joşgunly, ýakymly hem manyly pursatlar hökümdarlyk edýärdi. Ähli hanalarda şemler ýanyp dur. Olaryň birinde Möwlana Asyfy başlyklaýyn birnäçe şahyr gyzgyn jedele giripdi. Ýene bir hanada Şeýh Bahlul bilen Sahyp Dara gaşlaryny dykgatly çytyp, ähli küý-köçesini sadranjyň tagtasyna berip otyr». Biziň diýýän gahrymanymyz Sahyp Dara bolmaly. Eýsem ýazyjynyň Nowaýy ýaly şahyryň syrdaşy bolup, onuň hem öz döwürdeşleriniň eserini okap, tertibe salyp ýören Sahyp Darany şahyrlaryň jedeline gatnaşdyrman, birden onuň küý-köçesini küşte dikdirmek nämä gerek bolduka? Ýazyjy muny durmuş hakykatyndan daşlaşmazlyk üçin şeýle edipdir. Sebäbi Sahyp Dara taryhy şahs ekeni. Özi hem zamanasynyň – deňi-taýy bolmadyk ezber küştçüsi hasap edilipdir. Türkmen edebiýatynyň heniz doldurylmadyk ak sahypalary az däl. Asyl görüp otursak, Sahyp Dara XV asyr türkmen edebiýatynyň taryhyndan mynasyp orun almaly şahyrlaryň biri ekeni. Bu öz ylmy gözleglerini parsy çeşmeler boýunça alyp barýan zehinli edebiýatçymyz Gandym Gurbanowyň yhlasly agtaryşlaryndan soň aýan boldy. Dogry, şahyryň ömür ýoluny öwrenmäge ýaňy girişildi. Şindi edilmeli işler öňde. Heniz şahyryň haçan dünýä inendigini anyklap bolanok. Çeşmelerde görkezilişine görä, onuň öz ady Festihetdin ekeni. Sahyp şahyryň edebi lakamy bolupdyr. Onuň Sahyp lakamynyň yzyndan «dara» sözüniň goşulmagy, Fesihetdiniň ömrüni kitaphanaçy kärinde ötüreni bilen bagly. Zamanasynyň filosofiýa, logika, matematika, aruzşynaslyk ylymlaryndan düýpli habarly bolandygy üçin döwürdeşleri oňa , Möwlana Fesihetdin diýen hormatly at beripdir. Orta asyrlarda «möwlana» ady döredijilikde hem ylymda ýakasyny tanadan adamlara dakylypdyr. Sahyp Dara dogrusyndaky deslapky maglumatlary Nowaýynyň özi beripdir. Ol «Mejalis un-nefais» diýen tezkiresinde şeýle ýazýar. «Möwlana Sahyp – Kebutjamalydyr. Gowy zehini bar. Gaýybana sadranjy ajap oýnaýar. Zehininde üýtgeşik joşgun duýulýar... Muamma (tapmaça şygyr – A.B.) aýdýar hem ony gowy çözmegi başarýar». Şahyr Sahyp Daranyň eserlerinden käbir nusgalary-da beripdir. Möwlana Sahybyň köp wagtlap Nowaýynyň ýanynda bolup, onuň Soltan Söýüniň köşk kitaphanasyna ýolbaşçylyk edendigi barada maglumat bar. Nowaýy dünýäden ötenden soň şahyryň Hyratda ýüregi aram tapmandyr. Özüniň dogduk diýary Astrabada gaýdanyny kem görmändir.Ol şeýle-de edýär. Öz obasyna dolanyp gelýär. Şol ýerde hem 1511-nji ýylda dünýäden ötýär. Gandym Gurbanowa onuň özboluşly bir şygryny ele salmak başardypdyr. Şygyr Alyşir Nowaýynyň ölümine bagyşlanypdyr. Şahyr onda dosty Nowaýynyň aradan çykmagy bilen kalbyny berçikdiren ähli gam-hesretlerini, türki şygryň soltany bolan Myralynyň ynsan hem şahyr hökmündäki uly mertebesini örän ýokary şahyrana hyjuwlanma bilen ýüze çykarypdyr. Edebiýatçy bu şygyr baradaky pikirlerini şeýle tamamlaýar. «Jemläp aýdanymyzda, şahyryň Alyşir Nowaýa bagyşlanan bu ajaýyp mersiýe-hronogrammasy diňe bir türkmen edebiýatynyň taryhynda däl, eýsem dürli halklaryň gatnaşmagy bilen döredilen parsy dildäki edebiýatyň taryhynda hem taýsyzdyr». Şahyra berilýän bu bahada galatlyk ýok. Sebäbi ol munda özüniň uly çeperçilik zehinini göz etmegi başaryp bilipdir. G.Gurbanow elegiýanyň setirleri siňňin yzarlap, şahyryň ebjet hasaby bilen şygryň beýtleriniň birinji setirlerinde Nowaýynyň dünýä gelip, gözüni açan ýylyny (1441), ikinji setirlerinde hem dünýäden gözüni ýuman ýylyny (1501) örän ussatlyk hem dürslük bilen bermegi başarandygyny anyklapdyr. Hakykatdan hem munuň özi döredijilik kämilliginiň aňry-başy bolýar. Sahyp Dara öz döwründe ökde küştçi hökmünde hem öňüne adam geçirmändir. Bu barada professor A.A.Semýonow «Alyşir Nowaýynyň döwründe Hyradyň sungaty» diýen işinde şeýle ýazýar. «Küşt oýny biziň gürrüňini edýän döwrümizde Hyratda sungat hasaplanypdyr. Ol bu döwrüň ençeme meşhur küştçüleriniň biografiýasyny berýär. Iňňän bilimdar adam hem zehinli küştçi Möwlana Fesihetdin Sahyp bu döwrüň beýik küştçüsi bolupdyr. Ol uzak wagtlap Nowaýynyň gullugynda gezip, şahyr aradan çykandan soň bolsa Soltan Hüseýiniň kitaphanasynyň direktory bolup işläpdir. Ol küşt oýnunyň ähli görnüşlerinde-de: ýüzbe-ýüz oturyp oýnamakda, gaýybana hat ýazyşyp oýnamakda örän uly tanymallyk hem meşhurlyk gazanypdyr». Bar bolan maglumatlara görä, öz döwründe ony ýeňlişe sezewar edip bilen küştçi tapylmandyr. Adam özüniň ykbalyny badaşdyran senedinde näçe belentlige göterilse-de, onuň şowsuzlyga uçraýan halatlary bolýar. Dogrusyny aýtsak, biz Zeýniddin Wasyfynyň «Bedaýy ul-wakaýe» diýen eserinden Sahyp Daranyň küştçülik ykbalyndan bir wakany okap, oňa ynanjagymyzy-da, ynanmajagymyzy-da bilmedik. Taryhçynyň ýazmagyna görä, Yrakda ýaşan Baba Jemaly diýen bir şahs haýwanlary eldekileşdirmegiň hem olara dürli oýunlar öwretmegiň uly ussady bolupdyr. Ol özüniň bu sungatyny görkezmek üçin Horosana gelipdir. Soň taryhçy Baba Jemaly barada şeýle gürrüň berýär. «Onuň hoşuňa getirýän bir zor maýmyny bardy. Sadranjy şeýle bir gowy oýnardy welin, bu sungatyň Dosty, Bernaça, Japar Aly ýaly ussatlaryny haýran galmagyň jülgesinden çykarypdy. Bir gün uly emir Alyşir Nowaýy kiçi sadrançda-da, uly sadrançda-da taýsyz, ýüzbe-ýüz oturyp oýnanda-da gaýybana oýnanda-da utulmak diýen zady bilmeýän Möwlana Sahyp Daraga şol maýmyn bilen bäsleşmegi buýurdy. Maýmyn Möwlanany iki gezek mat goýdy. Geň ýeri, Möwlana Sahyp her göçüm edende, maýmyn Baba Jemala seredip, «Gör, meniň bäsdeşim nähili erbet göçüm etdi» diýýän ýaly gözüni gypyp goýberýärdi. Üçünji döwde Möwlana Sahyp oýun edip, at piliň göçüşi ýaly göçdi. Maýmyn muňa bolmajysyny boldy. Onuň ýakasynyň jyrrymyny çykardy. Yzyndan hem garşydaşynyň ýüzüne şeýle bir şarpyk çaldy welin, onuň ýüzünden maýmynyň penjesini yzy bir aýlap gitmedi». Eýsem muňa näme diýersiňiz! Awtor aýagyny ýerden üzýärmikä? Okyjylaryny güldürjek hem geň galdyrjak bolup toslama ýüz urýarmyka? Bir zat diýmek kyn. Diňe bir zat belli. Bu wakany gürrüň berýän taryhçy Wasyfy Sahyp Daranyň döwürdeşi-hä bolupdyr. 1988 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |