15:42 Öz halkynyň bagşysy | |
ÖZ HALKYNYÑ BAGŞYSY
Aýdym-saz sungaty
Gulbaba Akyýewiň doglan gününiň 60 ýyllygyna Biziň Galaktikamyzdaky Günümize meňzeş iň ýakyn ýyldyzyň şöhlesi, bir sekuntda üç ýüz müňden gowrak kilometri geçip, Ýeriň ýüzüne müňlerçe ýyldan soň düşýär, eger-de, miliardlarça ýyldan bäri nuruny saçyp duran ýyldyz sönäýse, onuň söneniniň diňe biziň neberelerimiz birnäçe müň ýyldan soň şaýady bolar. 1956-njy ýylyň 22-nji aprel aýynda Han Akyýewleriň maşgalasynda milli sungatymyzyň geljekki “ýyldyzy” Gulbabajyk dünýä indi. Elbetde, ene-ata üçin ol bäbejigiň beýleki çagalaryndan hiç hili artykmaç ýeri ýok, olaryň niýeti perzendiniň sag-aman, ulalyp-ösüp, il hataryna goşulyp gitmegi. “Iki aýakly iki günde ” diýileni. Ýaňy emedekläp başlan çagalar oýunjaklaryna okdurylsalar, kiçijik Gulbabajyk bolsa, dutar-gyjaga topulardy; kakasy, Türkmenistranyň halk artisti Han Akyýew saz çalyp otyrka dutaryň sapynyň ujuny dişledäýse, dişlerini açman, tä saz gutarýança, hem gulaklary bilen, hem dişleri bilen diňlärdi. Han aganyň keýpiniň kök wagty hiňlenäýmesem bardy. Günlerde bil gün, Han aga “Zöhre Tahyr” dessanyndan: Sensiň köňlümiň hoşgähi, Galmanam senden galmanam. Şeýda bilbil seýilgähi, Galmanam senden galmanam. —diýip, hiňlenende, Gulbabajyk emedekläp gelşine: “Gammamam, gammamam, gammamam...” diýip, kakasynyň agzyna öýkündi. Han aga hoşal bolup güldi-de, aýaly Amantäje ýüzlendi: —Tüweleme, biziň bu oglumyz entek saňa “eje” diýmänkä bagşy boljak. Şol günden başlap Han aga ogluna bolan ünsüni güýçlendirdi: ilki bilen öz eli bilen çaga dutaryny ýasady; aýbogdaşyny gurap oturmany, elinde dutar saklap, ýuwaş-ýuwaşdan tarlaryna kakamagy öwretdi. Gulbabajyk özünden näme talap edilýänine çalt düşündi, dutaryna höwes bilen ýapyşdy, her gün bir zat öwrenip, ejesini-kakasyny begendirdi, peltekläp dil bitensoň-a, Han aga oglunyň berýän onlarça soraglarynyň hemmesine jogap hem tapanokdy. Bir sazyň kakuwlaryny rejeläp, sepleşdiräýmeli bolan-da, Han aga: “Hany, oglum, şujagaz ýerini ýene bir gezek geçeli” diýen-de, Gulbabajyk daşarda oýnap ýören çagalalaryň seslerini eşidip, kakasyna: “Kaka men deýýew geljek” diýer-de, çykar gider. Çaga-da... Bagşy halkyň öňüne çykmanka, ilki öz öýüniň bagşysy bolar ekeni. Günleriň bir güni, agşamara Han aga bagşy dostlary bilen otyrka Gulbabajygy diňläp görmegi teklip etdi. Türkmenistanyň halk ýazyjysy Kerim Gurbannepesowyň goşgusyna, Türkmnistanyň halk artisti Sahy Jepbarowyň sazyna düzülen “Ýarap borka” aýdymy ýaňy tanymal bolup başlapdy. Gulbabajyk dutaryny aýdyma sesiniň oňaýly bolaýjak heňinde düzdi, onuň dutarynyň çekiwine sazandarlyk etjekler— meşhur sazanda Durnazar Hudaýberenow dutaryny, Han Akyýew bolsa gyjagyny düzdiler. Bagşylar giriş üçin aýdymyň birinji topbagyny boş çalyp, çala säginenlerinde, Gulbabajyk näzijek, dogumly sesi bilen aýdyma başlady: O-o-o-o-o-o-ow, aýtdy-da, sähel säginip: Teýnawlaýdan suwlaý akyp, Nowýuz gaýy eýäp duýka Biý gyz göýdüm aýna-a bakyp, Gaýa saçyn daýap duýka. Onuň “r” diýip bilmeýänine oturanlar çalaja ýylgyryşdylar. Haçan kiçijik bagşy: Saçlaryýynyň müňläp taýy Ýassanypdyý goşa naýy, diýen-de, diňleýjiler, ýylgyryşyp, bir-biriniň ýüzüne seredişdiler. Kimkä onuň hyýydaýy? Kim ýoluna gaýap duýka, —diýen-de, oturanlaryň biri saklanyp bilmän, pyňkyryp goýberdi. — How, bagşym, men bol-a!—Tördäki diňleýjileriň biri ýassanyp ýatan ýerinden bagşyň “how”-yny berdi. Bagşy aýdymyň ikinji topbagyny tamamlanynda, ony diňläp oturan, özüne göwni ýetýän bagşylar, aýdym aýdyp oturan kiçijik adamyň “r” harpyny bilmese-de, çyny bilen, göwnejay aýdýanlygyna bada-bat düşündiler, hümür-sümür—özara gürrüňler tapba kesilip, hemmesiniň nazary kiçijik bagşa öwrüldi. Dört ýaşlyja bagşy aýdymyny aýdyp gutarýança diňleýjileriň birindenem ses çykmady. Egeý mende bolsa müň jan, Ählijesi şoňa guýban. ...Nädip oňa tapyp deýman, Ýüýejigne ýaýap boýka. Aýdymyň tamamlanyna mähetdel, Durnazar Hudaýberenow Gulbabajygy dutary bilen gujaklap, maňlaýyndan öpdi, gözlerine ýaş aýlap: —Tüweleme, tüweleme! Berekella oglum! Beýleki bagşy-sazandalaram oturan ýerlerinden: —Berekella,bagşy! —Adyň äleme dolsun! —Ömrüň uzak bolsun!—diýişdiler. —Han halypa, ogluň hakykatdanam çynyny aýdýan bolsa ertir ýeňňem bilen gelinligiň ugruna çykmaly bolarsyň-ow. —diýip, degişdiler. Ilkinji prezentasiýa şowly geçenden soň, ýaşajyk bagşy köpçüligiň öňünde çykyş edip başlady; on ýaşyna çenli 200 gowrak aýdymy ýatdan aýdyp, sazyny çaldy. Olaryň içinde halypa bagşylaryň aýdan we çalan aýdym-sazlary: “Gelemen”, “Nowgül”, “Akmaýa gerek”, “Sataşdym”, “Owadan gelin”, “Amman-ammnan”, “Begler”, “Balsaýat”, “Humarala”, “Gökdepe mukamy”... Bu görülip-eşidilmedik talanta ynanmak birbada köp kişini şübhelendirdi, ýöne taryha ser salsaň, dünýä belli meşhur kompozitor, Wolfgang Mosart hem Gulbaba ýaly ýaşajykka saz çalyp, saz düzüp, diňleýjileri haýran galdyrypdyr. 1965-nji ýylda Moskwanyň Kremldäki Gurultaýlar köşgünde we Halk hojalygynyň gazananlarynyň sergisinde geçirilen Türkmenistanyň medeniýetiniň günlerine gatnaşmaga SSSR-iň halk artistkasy Türkmenistanyň Gahrymany Maýa Kulyýewa; SSSR-iň halk artistleri: Medeniýet Şahberdiýewa, Aman Gulmämmedow; Türkmenistanyň halk artistleri: Aýdogdy Gurbanow, Çary Täçmämmedow, Han Akyýew; kompozitorlar: Ata Esadow, Nury Muhadow, Aman Agajykow; Türkmenistanyň halk ýazyjysy Gara Seýitliýeweiň ýolbaşçylygynda Gulbaba hem gatnaşypdy. Şonda Türkmenistanyň halk artisti Sahy Jepbarow Gulbaba “Ak pata ” beripdi. Ýaşajyk bagşynyň at-owazasy dünýä doldy, oňa gelen hatlaryň sany-sajagy ýok. Ynha, bu hat 1965-nji ýylyň 13-nji fewralynda Garabekewül etrabynyň №1-nji mekdebiniň okuwçysy Garýagdy Rejepowdan gelipdir; ikinji hat 1965-nji ýylyň 3-nji aprelinde Polşa respublikasyndan okuwçy gyzjagaz Henrik Kroszozunska ýoldapdyr, bularyň ikisi hem Gulbaba öz dostlugyny teklip edýärler. Meniň ýadyma düşýär: 1965-nji ýylyň ýazynda Han aganyň goňşysy gyzyny çykaranda Gulbaba hem toý lybasyny geýinipdir: kellesinde bagana telpejigi, egninde gyrmyzy dony, aýagynada akja keçeden titkilen ädijegi, elinde bolsa kiçijek dutaryny alyp, aýallaryň arasyndan ejesini gözläp ýörkä daýzalaň biri: —Gulbabajan bir aýdymjyk aýdyp beräý-dä! — diýende, Gulbabajyk :—Erteki aýdyp ber, onsoň aýdym aýdyp beräýerin, diýip, nagt jojap beripdi. Şol wagt ol çalarak agsaýardy... Talant diýiýan zat köpugurly bolýan eken. Gulbabajyk diňe bagşy däl-de, kinoaktýordy hem. Ol 1962-nji ýylda Russiýanyň Sankt-Peterburgda şäherinde düşürilen“Müň ikinji gije” atly filme surata düşüpdi. Mundan başga-da ol gysgametražly “Bagtly ýaşlyk”, “Ýaşlara sowgat” filmlere surat düşdi. Meret Atahanowyň 1963-nji ýylda düşüren “Daşgaladaky waka” atly çeper filminde Gulbabajyk Han Akyýewin döreden “Öz halkymyň bagşysy men” diýen aýdymyny aýdypdy. Ýazmyrat Şadurdyýew bilen kinorežisýor Şyhmyrat Annamyradow bilelikde “Gulbaba” dokumental filmini surata düşürdiler. 1966-njy ýylyň 1-nji iýunynda milli türkmen sungatynyň parlak ýyldyzy, biziň çagalyk döwrümiziň kumiri, on ýaşlyja, ullakan bagşy—Gulbaba Akyýew uzaga çeken keselden soň aradan çykdy. Ol şadyýan ýyldyzyň mylaýym ýalkymy şu günlere çenli ulynyň-kiçiniň kalbyny ýyladyp dur. Türkmenistanyň şahyrlarynyň Gulbaba bagyşlap ýazan köpsanly goşgularyny bir kitap edip çykarsa boljak. Şahyrlar Mämmet Seýidow, Aman Annamyradow Gulbaba bagyşlap poemalaryny ýazdylar. Aşyrgeldi Çaryýew öz goşgusynda Gulbabajygy şeýle ýatlaýar: Ýaradana müň bir şükürli gezýäs, Ýöne käte ýatlap, kalbymyzy ezýäs, “Gulbaba baýragy” ülkäni gezýä, Körpelere nusga goýan Gulbaba. 1993-nji ýyldan bäri, her ýyl, Türkmenistanyň Prezidentiniň karary esasynda, Gahrymnan Arkadagymyzyň howandarlygynda, Magtymguly adyndaky ýaşlar birleşigi, ýaş sungat işgärleriniň arasynda bäsleşik geçirýär we baýraklar gowşurýar. Türkmenistanyň Prezidentiniň permany bilen Mary şäheriniň köçeleriniň birine Gulbabanyň ady dakyldy. Häli-şindi, radio-teleýaýlymda Gulbabajygyň şirin owazy ýaňlanyp dur: Adalatly ak göwünli, Beýik halkyň bagşysy men, Öz ilimiň bagşysy men. Beýik halkyň bagşysynyň ýakymly owazy biziň kalbymyzda öçmez nur bolup, nesillerimiziň ýüreklerinde hem dowam edýär, hoşniýetli sungat bakylygyny dowam edýär. Kakajan BALKANOW. 2016 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |