13:32 Özüme sorag | |
ÖZÜME SORAG
Goşgular
(Eger-de mümkünçiligim bolsa nämeler ederdim?) Mümkinçilik bolsa ýazardym hökman, Dildäki däl, ýürekdäki gazaly. Sahnalarda aktýor bolup ýadadym, Nikabymy aýyrardym ozaly. Mümkinçilik bolsa eger-de mende, Dikelderdim ýykan göwünlerimi. Käbir ynsanlaryň ýüzüne basyp, Gaýtaryp alardym öwenlerimi. Mümkinçilik bolsa käbirlerini, Eştmedik bolmazdym, mererdim merkin. Goragsyz goýmazdym eýjejik güli, Ysyny bozmazdym, saklardym görkün. Mümkinçilik bolsa aýdardym göni, Bu nä boluş aldyňyz-a erki siz. Bir ädimi ölçermeli ýüz gezek, Ýaşap göräýliň-ä bizem gorkusyz. Mümkinçilik bolsa dilemen baýlyk, Maddy zatlar mertebeden ownug-a. Diňe düzederdim kemçilikleri, Şonuň özi elter bizi gowluga. * * * Dymmaklyk gerekdir möhüm ýerinde, Ygşyldaýşyn eşdeý diýseň gülleriň. Ýöne, kä wagtlar dymylýar köpüräk, Sany artýar dilli dymýan güňleriň. Harasat deý sandyradyp gaýany, Seýrek gelýär Göroglynyň ýaňlary. Dymmaklyk ne derkar, oýlanýan käte, Bahar paslyň nähilidir daňlary. Ahmet ARAZOW. | |
|
√ Dil pyrak odunda ýandy, galdy jan hijran era... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Söýlemezlik harjysy söýlemegiň hasydyr... / Goşgular - 04.01.2025 |
√ Lolular / Goşgular - 08.01.2025 |
√ Men bir ýola... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Hatty benewşe, haddy läle, zülpi reýhandyr... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Dostum, arz et jemalyň, janymyz bolsun fereh... / Goşgular - 04.01.2025 |
√ Kowusnama: Bedew edinmek hakynda / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Şaglawuk / Goşgular - 02.01.2025 |
√ Ýagşy niýetler / Goşgular - 08.01.2025 |
√ Oňşuksyz öý / Goşgular - 12.01.2025 |
Teswirleriň ählisi: 1 | ||
| ||