12:14 Pähimler | |
PÄHIMLER
Sözler
■ BAGT WE BETBAGTLYK HAKDA - Almaga ökde, bermäge çökder adam betbagtdyr. Alşy ýaly, berip bilýän adam bagtlydyr. Rudaky. - Başa betbagtlyk inen mahaly adamlar bagt hakda oýlanyp, şoňa ýetmek üçin göreşmelidirler; şeýdilende betbagtlykdan üstün çykyp, öz bagtyňa ýetip bolar. F.Gwiççardini. - Betbagtlykdan gorkýan adam bagtly bolup bilmez. Pýotr I. - Öz ahyrlap barýan ömrüniň soňy bilen başyny baglanyşdyryp bilýän adam bagtlydyr. W.Gýöte. - Dür dänelerini deňziň düýbünden tapjak bolsaň uly görgi, öz bagtyňy tapmak weli ondanam agyr. Sahyp Jemal. - Ruhy belent adamlary bagtyň özi tapýar. Hindi pähimi. - Betbagtlyk kowum-garyndaşlaryň başyndan inen bolsa, diýmek onda seniňem gapyňy kakdygydyr. - Iň uly bagt nikaly söýgüdir. - Et garaňkyda bölünse, bagtly adam utýandyr. - Bagt üçin kanun ýok. - Bagtyň gözi kör. - Bagty tapmakdan, saklamak kyn. - Bagt akylyňy baýlaşdyrýar, berbagtlyk iň soňkujaňy hem eliňden alýar. - Özgäniň betbagtlygy bilen bagtly bolup bilmersiň. - Täze bagt gözleseň gözle, ýöne könäňem elden giderme. - Kimiň wyždany arassa bolsa, şol adam bagtlydyr. - Bagtam aýna ýaly, ikisini-de döwmek itiň aňsady. - Bagtam, betbagtlygam bir ýoda bilen barýar. Nemes nakyllary. - Kim özüne sarpa goýmaýan bolsa, ol betbagtdyr, özünden razy adam akmakdyr. - Bagtlykaň – eselme, betbagtkaň – peselme. - Ýuwaş ýöreseň – bela-beter yzyňdan ýeter, gyssanyp ýöreseň bela-beteriň yzyndan ýetersiň. ■ DOSTLUK HAKDAKY PÄHIMLERDEN Ejizlän duşman zeper ýetirmez diýip oýlanmak, uçgundan ýalyn emele gelmez diýlen ýaly bir zatdyr. Saady. - Gazaplanmagyň gerek ýerinde, ýumşaksylygyň hajaty ýokdur. Ýumşaklyk edeniň bilen duşmanyňy dost edip bolasy ýok. Saady. - Meniň bilen birinji gezek sataşan ozal nätanyş däl-de, göýä ýigrimi ýylyň tanşy ýaly bolup gürleşen adamdan heder edýärin. Ž.Ž.Russo. - Ýalňyşmak adama häsiýetli zatdyr, şonuň üçinem onuň dostlary bar. Duşmanyňy ýok etmek – uly hyzmat. Ýöne weli dostuňy halas etmek iň belent abraýdyr. M.Gorkiý. - Gorkak dost duşmanyňdanam ýamandyr. Çünki duşmanyňdan heder edýäň, dostuňa ynam bildirýäň. A.Tolstoý. - Dostuňy başyňa iş düşende tanarsyň diýýärler. Ýöne olary bagtly günleriňde-de tanamak bolýar. Ç.Aýtmatow. - Dost tutunjak bolsaň ýyllarboýy gerek, emma ony bir sagatda öýkeledip bolar. Hytaý nakyly. - Akylly duşmandan gorkma, akmak dostuňdan gork. - Synalmadyk dost içi ýarylyp görülmedik hoz ýalydyr. - Aty daga çykaňda, dosty başyňa iş düşende tanap bolar. - Bal hödür eden däl-de, ýüzüňe hakykaty aýdan adam dostuňdyr. Nemes nakyly. - Batyry jeň, danany gahar-gazap, dosty mätäçlik synagdan geçirýär. Arap nakyly. - Ilden üýtegşik bolmasaň-da üýtgeşik diýip seni mahabatlandyrýan kişiden heder et, eýsem-de bolsa ol gerek wagty sende ýok nogsanlygy bar diýip külüňi çykaryp biler. Gündogar pähimi. - Dostuňam, duşmanyňam üç zatda synap bolar: ýola çykaňda, başyňa iş düşende, keselläniňde. Gündogar pähimi. - Köne dostam çakyr ýaly, näçe köne bolsa şonça-da gowy. - It dostuň bolsa ne ýagşy, ýöne dostuň it bolsa näbileýin-dä. - Dost edinmek üçin ilki bilen özüň dost bolmaly. - Dostsuz başym – duzsuz aşym. ■ DOST WE DOSTLUK HAKYNDAKY PÄHIMLER - Gowşak duşman zeper ýetirip bilmez diýip, pikir etmegiň özem uçgundan ýalyn tutaşmaz diýip pikir etmekdir. Saady. - Ilkinji gezekde meniň bilen nätanyş adam ýaly däl-de, edil ýigrimi ýylky tanyş ýaly gürleşýän adamdan heder edýärin. Ž.Ž.Russo. - Adam ýalňyşyp biler, şonuň üçinem onuň dost-ýarlary bar. I.W.Gýote. - Züwwetdin dostdan duşmanam gowudyr, çünki duşmandan howatyr edýäň, dostuňa weli bil baglaýaň. A.Tolstoý. - Dost başa iş düşende tanalýar diýilýär. Emma ony bagtly günleriňde-de tanamak bolýar. Ç.Aýtmatow. - Dost tutunjak bolsaň ýyllar gerek. Emma ony bir sagadyň içinde öýkeletmek bolar. Hytaý nakyly. - Synagdan geçmedik dost, döwülmedik hoz ýalydyr. - Aýy bilen dostlaşsaň dostlaş, ýöne weli ýanyňda ýaragyň bolsun. - Duşmanyňy goýun saýma, möjek saý. - Nany bal çalyp berýän dost däldir, ýüzüňe hakykaty aýdýan dostuňdyr. Nemes nakyllary. - Merdi söweş meýdany, danany gahar, dosty mätäçlik öz synagyndan geçirýär. Arap nakyly. - Adam çyn dostsuz öz ýalňyşyny bilýän däldir. Hytaý nakyly. - Özüňde ýok häsiýetleriň üçin ýüzüňe öwýän kişiden gork. Çünki ol şol ýok häsiýetleriň üçinem saňa hüjüm edip biler. Gündogar pähimi. - Dostuňy bir gezek aldasaň, özüňi ömürlik aldaýansyň. Täjik nakyly. - Dostuňy hem duşmanyňy hem şu üç zatda: uzak ýolda, hasratda we kesel çagyň synap bolar. Gündogar pähimi. - Akmak kişiler bilen dostlaşmakdan, haramzadalar bilen duşmançylykdan saklan, çünki olar bilen dost bolsaň adyňa gara sürterler, duşman bolsaňam ýadara ederler. Kürt pähimi. - Köne dost hem çakyr ýaly, köp durdugyça, şonça-da berk bolýar. Rumyn nakyly. - Dosty ýok adam, köksüz daragta meňzeýär. - Dostum diýip ýanyna köp gatnama, ýogsam ony ýitirmegiň ahmal. - Dostluk islendik ýerde döräp biler. Ýöne ol mätäçlikde we başa iş düşende synagdan geçýändir. - Dostuň bilen ýüzüňi kürşerdip hoşlaşma, belki-de, ony iň soňky gezek görjekdigiňi asla unutma. ■ ÝAGŞYLYK WE ÝAMANLYK HAKDA - Kim çyny bilen ýamanlygy ýigrenmeýän bolsa, onda ol ýagşylygy hem çyny bilen söýýän däldir. Romen ROLLAN. - Ýagşylyk edenden boljak bolmaklyk ýaly erbet zat ýokdur. Lew TOLSTOÝ. - Ýagşylyk ýok ýerde hakykaty gözleme. Item özüne ýal berýän adamy unutmaýar. ABHAZ NAKYLY. - Bu dünýäde üç zadyň bahasy ýokdur – iýmitiň, owkadyň, hoş sözüň. GADYMY HINDI PAÝHASY. - Gowy adamlaryň ilki pikiri, soň bedeni garraýar, erbetleriň pikirleri weli şo-ol öňküliginedir. GADYMY HINDI PAÝHASY. - Erbet adamlara alymlyk jedel etmek üçin gerek, pul ulumsylyk üçin, häkimlik zulum etmek üçin gerek bolýandyr. Gowy adam üçin bolsa tersine: alymlyk bilimini, dünýägaraýşyny artdyrmak üçin, pul haýyr-yhsan üçin, häkimlik bolsa öz ýakyn kowum-garyndaşlaryny goramak üçin gerekdir. GADYMY HINDI PAÝHASY. ■ DOST, DOSTLUK HAKDAKY PÄHIMLERDEN - Dostuň ýoklugy hemem dostlaryňy çalşyp ýörmegiň ikisi hem aýyp zatdyr. Sokrat. - Näme diýsem baş atyp, bada-bat ylalaşýan, meňkä görä pikirini üýtgedýän dost maňa gerek däl. Çünki meniň kölegämem muny gowy başarýar. Plutarh. - Toprakdan önýän önümler ýylda bir gezek miwe berýär. Dostluk miwesi hemme wagtam hasyl berýär. Pifagor. - Dostuň seniň bükrüligiňi görmesin diýseň, sen onuň eňegine seretme. Gorasiý. - Geldi-deçerler bilen tanyş bolanyňdan, ýekeligiň ýagşydyr. Omar HAÝÝAM. - Gowy dost toýuňa çakylyk bilen gelse-de, başyňa iş düşende çakylyga garaşyp oturmaly däldir. Demokrit. - Adamy aldamagyň iň aňsat we iň ýönekeý ýoly – olam oňa dost bolan bolmakdyr. Owidiý. - Duşmanyňdan ar almagyň iň gowy täri oňa meňzemezlikdir. M.Awreliý. ■ HAKYKAT HAKDAKY PÄHIMLER - Hakykat mahal-mahal öçügsilense-de ol hiç haçan sönmeýär. Liwiý. - Hakykat hiç mahalam syrly bolup galanok. Leonardo da WINÇI. - Hakykat hakykata ters gelmeýär. Jordano BRUNO. - Kimem bolsa biri hakykatdan ýüz öwürýän bolsa, munuň üçin hakykat däl-de, onuň özi horluk çeker. Galileý. - Hakykat hemişe galpy ýeňýändir. I.Bualo. - Adamyň ýigrimi etmişini hem bagyşlap bolar, ýöne hakykata hyýanatyň ýekejesinem bagyşlap bolmaz. D.Lokk. - Bulaşyklyga sary müň ýol barýar, hakykata weli birje ýol. Ž.Ž.Russo. - Geniden edilýän ilkinji we iň soňky talap – hakykata bolan söýgüdir. I.W.Gýote. - Iň güýçli isleg – hakykata göz ýetirmek islegidir. Gegel. - Töhmetdenem aýylganç ýarag – hakykatdyr. P.Taleýran. - Hakykat – saglygyňy dikeltmäge ýardam berýän tagamy ýakymsyz ajy içgi ýaly bir zatdyr. O.Balzak. - Äleme ýagtylykdan gorkýan baýguşuň gözi bilen seretmäň, şonda siz hakykatyň bardygyna we onuň ähli zada ýetişýändigine göz ýetirerdiňiz. T.Karleýl. - Öz diliniň näme diýýänine esewan bolmaýan adamyň ýanynda hakykat ýokdur. Mahatma GANDI. - Ölenleri diňe ýagşylykda ýatlamagy maňa ýatlatdylar. Men olara bu sözleriň aňyrsynda taryhy galplaşdyrmak bar diýip aýtdym. Şo sebäplem ölüler hakda diňe hakykaty aýtmaly. M.Andersen – Nekse. - Galplyk bir aýagynyň, hakykat iki aýagynyň üstünde dur. Amerikan nakyly. - Özüňde bolmasa, hakykaty kesekilerden gözleme. - Hakykat suddan gorkanok. - Hakykat Günden ýagty. Nemes nakyly. ■ WATAN HAKDAKY PÄHIMLER - Keseki ýurtda şa bolandan, öz iliňde geda bol. Nyzamy. - Öz ýurduna näbelet adam, özge ýurtlary näbilsin. I.W.Gýote. - Dogduk diýar eneň bolsa, keseki il – öweý ene. - Dogduk diýaryň gargasam gözüňe yssy. - Watanyndan ýüz öwren adam öz wyždanyndan hem ýüz öwürýändir. - Ýaryndan aýrylan ýedi ýyl aglar, - Ilinden aýrylan – ölinçä. - Watandan aýrylan adam tohumsyz topraga meňzeýär. Arap nakyly. - Keseki iliň ýazam ýaza meňzeş däl. Nemes nakyly. Toplan: Allaýar ÇÜRIÝEW. | |
|
Teswirleriň ählisi: 2 | ||
| ||