22:09 Palçy / satiriki hekaýa | |
PALÇY
Satiriki hekaýalar
Biziň goňşy obamyzda Sapbaýew diýen biri soňky ýyllarda bir zat tapyndy-da, gözlerini bişen ülje ýaly gyzardyp, eline bir bölejik aýna alyp, palçylyk etmäge başlaberdi. Öň ol kolhozda traktorçy bolup işleýärdi. Negözel kärini taşlap, şeýle kyn bir «hünäre» baş goşaýdy. Indi onuň gapysynda atdyr eşek daňmaga gazyk azlyk edýär. Ýylanyň damagyndan çykan ýaly nepis ýeňil maşynlaram gelip gidýär. Umuman, palçynyň üsti hümer-dä. Olam ýeke-ýekeden adamlary kabul edip, geçeni, häzirkini, geljegi aýnada görüp otyr-da. ― Agaýunus peri bol-a, asyl hemme zady telewizorda gören ýaly aýdyp otyr-aý ― diýşip, düşünjesi pes adamlar haýaljyraşyp, palçynyň öýünden batly çykýarlar. Dabarasy dag aşan bu palçyny synap görmek üçin menem onuň huzuryna bardym. ― Ýaşuly, meniňem täleýime seredip beräýseňiz ― diýip, men möminsiräp, palça ýüzlendim. Ol elhenç bir görnüşe geçip, otagyň içinde ikibaka gezmäge başlady. Birki sapar aýylganç arlady. Elindäki aýna seretdi. «Gaýrul münen döw, wassa-hussa, çuf!» diýen ýaly düşnüksiz zatlary samrady. Soňra ak saply pyçagy bulaýlap, otagyň içindäki «jyn-arwahlary» kowdy. «Ak jyn, alaňdan aňry geç, gara jyn, garaň görünmesin!» diýip, porhanlaryň hereketine meňzeş bir zatlara gümra boldy. Bu ýürekgysgynç ýagdaýy görüp, meniň depe saçym antenna ýaly dim-dik bolup, sypal şlýapamy birneme ýerinden gozgady. Men gorkdum, palçy özüm hakda nädogry zatlary aýtsa-da, dogry diýip oturar ýaly ýagdaýa düşdüm. Sag-aman sypybilsem razy boljakdym. Palçy özüniň düşekçejiginde ykjamja ýerleşdi-de, söze başlady. ― Bendesi, siziň täleýiňizde bir mazar görünýär. Obaňyzyň bir çetinde bir öwülýä bar ekeni ― diýip, palçy meniň ýüzüme seretdi. ― Dogry aýdýaňyz, ýaşuly. Obamyzyň günbatarynda Baba Ekber ata diýlen öwülýä-hä bardyr. Emma dogrusyny aýtsam, palçy bilmedi. Çünki ýany mazarçylyksyz, heý, oba, heý-de, şäher barmyka beri. ― Taňryň guly, siz şol mazarçylyga arada bir baryp gaýdan ekeniňiz. ― Hawa, hawa, bardym. Çynymy aýtsam, palçy ilden üýtgeşik zat aýdyp bilmedi. Obamyzda näme ölüm-ýitim bolup durýar ahyry. Pahyr bolan adamyny jaýlamaga tutuş obanyň erkek kişileri gidýär. Menem şolaryň biri. Näme ölimizi jaýlap beriň diýip, ilata durmuş taýdan hyzmat ediş kombinatyna zakaz berib-ä bolanok. Ol biçak gelşiksiz zat. ― Taňryň mömini, siz bir ýerden hata ýa bir habara garaşýan ekeňiz. ― Tagsyr, siz mamla. Görsene, bu palçyny. Kim hata, habara garaşmaýar. Bu zat durmuşyň hut öz pelsepesi ähbetin. Onsuz ynsan ýaşap bilmez. Kimdir biri soldat oglundan hata garaşýandyr. Başga birnäçeleri WUZ-larda okaýan çagalaryndan «Kaka, ejem ikiňiz pensiýaňyzy iberen ekeniňiz. Men-ä simgeçen matadan bir kişiligini alaýdym. Indi maňa çörek puly iberseňiz besdir» diýlip ýazylan telegramma garaşýandyr. Käbir student çörek puluny 98 manatlyk elde göterilýän radiopriýomnik alýar-da, obadaky hossarlary bilen telefonda gepleşýär... Bu zatlar düşnükli. Indi özüm barada, öz täleýim hakda aýdaýyn. Meniň hat-habara garaşyşym iliňkiň çeni-çaky däl. Hut uzakly gün poçtalýonyň ýoluna bakyp, kirpigimi gymyldatman oturýan. Men redaksiýalara habar baryny ýagdyrýan ahyryn. Muny palça-da aýtdym. Redaksiýalaryň işgärleri görgi baryny görüp, maňa jogap ýazýarlar. «Gadyrly ýoldaş Öwelekow! Ýazan habaryňyzy aldyk. Emma delilli faktlarynyň ýetmezlik edýändigi üçin ony peýdalanyp bilmedik». Ine, palçy aga, geregiň hat-habar bolsa, onuň ýaly zatlar bizde weşeň-weşeňdir. Ýok, şeýle bilgiç diýlip, magtawy ýetýän palça meniň göwnüm ýetmedi. Ol meniň täleýim baradaky gürrüňini dowam etdirdi: ― Hanym, eliňizi uzadyň. Ýok, ýok, sag eliňizi beriň. Ol meniň aýama seredip, onuň ýygyrtlaryny yzarlan boldy. ― Hawa, allatagalanyň ytagatly guly, siziň ýoluňyz bir tarapa sowulaýjak-sowulaýjag-a bolýar özi ― diýip, uludan demini alan boldy. Hakykatyna seretseň-ä, uludan demini almaly mendim. Sebäbi men öň kolhozda işleýärdim. Ownuk-uşak kemçilik barada ýazypdym weli, brigadir maňa iş bermedi. Soňra kolhozara gurluşyk guramasyna işe bardym. Bu ýerde-de, näme, kemçilik näçe diýseň bar-da. Öňki endigime görä, bu gurama barada-da ýazdym. Ýazanym çap bolaýsa weli, ýolum başga tarapa ― PMK-a taýa sowulmaly bolar. Palçy men hakyndaky gürrüňi gutardy-da: ― Taňrynyň guly, hany, aklygyňy ber ― diýdi. Men ondan: ― Ýaşuly, näçe manat bermeli? ― diýip soradym. ― Aý, eçileniňi beräýsene. Iller-ä bäş manat berýär. ― Ýaşuly, men size 5 müň manat berjek ― diýdim. Palçy ör-gökden geldi. ― Ýok, ýok, ýaşuly, bäş müň manat eçilýän. Çünki siz her gelen üçin aýna seredip, arlap, özüňizi horlabam birnäçe ýylyň dowamynda gazanyp bilseňiz bäş müň gazanarsyňyz. Men sizi şeýle azapdan dyndarjak. ― Ýeri, hakyň bendesi, äber bäri bäş müňi ― diýip, palçy elini uzatdy. Menem oňa bir kagyz tutdurdym. ― Be, bu näme? ― diýip, palçy ýerinden gobsundy. ― Ýaşuly, bu-ýa «Spotlotonyň» kartoçkasy. Siz ökde palman bolýan bolsaňyz, şundaky nomerleriň alty sanysynyň üstüne atanak çyzyk çekiň. Ýöne şol alty nomeriň 5 müň manat utuşa gabat geler ýalysyny biliň. Ony siz aňsatja bilersiňiz. Çünki ökde palman diýip, şu jelegaýda siziň adyňyz arşa çykypdyr. ― Aý, hanym, bu zatlary goýaly-la. Maňa bir apbasy ber weli, nagtja pul beräýsene. ― Ýaşuly, öz zyýanyňyza çapmaň. Men size bir manadam, isleseňiz, bäş manadam berip bilerin. Ýöne size nebsim agyrýar. Ili gapyňa üýşüp haýyr-heläk bolup oturma-da, bäş müňe gabat geljek alty sanjak nomeri biläý. Siziň üçin bu zatlar eşekden palan alança-da ýok ahyry, itiň aňsady. Hany, aýna serediň. Ene süýdünden halal, şu bileti size eçilýän. Maşyn ediniň, köşk salyň, düşek-keçäni düzediň. Hany, çyzyň, me ruçka, haýyş edýärin. ― Inim, çyzan bolup iliň rysgyny elinden almaly-la. ― Ýak-eý ýaşuly, sizem-ä, çyzanyň özüňkidir-dä. Eger alty nomeri gabat getirip bilmeseňiz bäş nomer-hä gudratyňyz çatar-da. Ol az-owlak pul däl. 2891 manat utup bilýäňiz. ― Jan ogul, towakga edýän. Maňa aklygyňam-garalygyňam gerek däl. Aman-sagja gidiň. Maňa daşarda garaşyp oturanlar kän. Men herniçigem bolsa palça «Sportlotonyň» biletini berip gaýtdym. Indi, adamlar, gazetlere serediberiň. «Palman Sapbaýew 5 müň manat utdy» diýlen hoş habary okarsyňyz. Görsene, muny, «Allatagala berenine iki eli bilen beräýýär». Gurbangylyç HYDYROW. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |