21:51 Palestinanyñ rewolýusioner türk pidaýylary | |
PALESTINANYÑ REWOLÝUSIONER TÜRK PIDAÝYLARY
Taryhy makalalar
Braziliýa, Peru, Çili, El-Salwador, Ekwador ilçilerini Ysraýyldan yzyna çagyrdy. Çili şeýle-de Ysraýyl bilen ähli ykdysady gatnaşyklaryny kesýändigini mälim etdi. Kuba, Boliwiýa bolsa Ysraýyly terrorçy döwlet yglan etdi. Hawa, çepçi hökümetler Gazä garşy wagşylygyny görkezýän Ysraýyla şeýle garşylyk berdi. A yslamçy hökümetler? Ysraýylyñ Palestina garşy çozuşlaryna nämüçin demlerini çykaranoklar? Aslynda ýagdaý düýnem şeýleligine galýardy. Palestin halkynyñ hakyky ýoldaşlary hemişe rewolýusionerler bolup geldi. Edil Türkiýede bolşy ýaly... Nädip diýýäñizmi?.. 1967-nji ýylyñ 6-njy iýuny. Stambulyñ rewolýusioner ýaşlar guramalary bir gün öñ başlan Arap-Ysraýyl urşy boýunça bildirýän nägileliklerini çap eden bir jarnamalary arkaly orta atdy. "Arap ýurtlaryny goldaýandyklarygyny" jar eden ýaşlar tutaryklaryny şeýle düşündirdiler: "Çünki bu uruş ýoksul arap ýurtlarynyñ agressor Ysraýyla garşy alyp barýan garaşsyzlyk urşudyr. Bu uruşyñ gysga wagtda soñlanyp, parahatçylyga ýetilmegi, haklylaryñ agressorlaryñ garşysynda hak-hukuklaryny gazanmagyna baglydyr. Bu uruşyñ uzaga çekmegi Ýakyn Gündogar halklarynyñ däl-de, nebit eksplutasiýasyny dowam etdirmek isleýän we iki tarapa-da ýarag satýan imperialistleriñ peýdasynadyr". Jarnamada şu jümle ýörite nygtalyp geçildi: "Türkiýedäki bazalar we desgalar arap ýurtlaryna garşy ulanylmaly däldir!" Şol günler... Türkiýäniñ ýokary okuw jaýlarynda okaýan palestinaly, siriýaly, yrakly, iordaniýaly talyplar Palestina ýardam etmek üçin ýurtlaryna dolanýardylar. Medisina fakultetinde okaýanlar ýanlaryna dürli medisina serişdelerini we alyp bilen dermanlaryny-da alýardylar. Diñe olaram däldi... Ýakyn Gündogarda bolup geçýänlet Türkiýäniñ rewolýusioner ýaşlar gatlagynyñam iñ esasy meselelerindendi. Türkiýeli rewolýusionerler 1968-nji ýylda Palestina kömek etmek üçin ýola düşdi. On sekiz ýaşly Abdylkadyr Ýaşargün (Lakamy "Mustapa Kemal", Palestinada "El-Fetihiñ" hataryna dürli ýurtlardan gelip goşulan göreşijilere köplenç öz ýurtlarynyñ gahrymanlarynyñ adyny lakam hökmünde bermek däpdi) bilen 19 ýaşly Mustafa Çelik ýaly ýaş oglanlardy. Türkiýäniñ Işçiler partiýasyna agza bu iki gaýduwsyz ýigit Palestina birugsat ýollardan gidip, çaknyşyklara gatnaşdy, Mustafa Kemal wepat boldy. Ol türk rewolýusionerleriniñ Palestina üçin beren birinji şehididi... • Guşadasyna däl, Palestina 1968-nji ýylyñ 19-njy noýabry. "Türk Solu" ("Türk çepçileri") žurnalynyñ (häzirki şol at bilen çap edilýän zibil bilen hiç hili baglanyşygy ýokdur) 13-nji sanynda Deniz Gezmişiñ şu setirleri bardy: "Dünýäniñ yzagalak halklary imperializme garşy söweşende, ýaşlar çetde galyp bilmez. Biz elmydama ezilenleriñ arkasynda durmaga borçludyrys. Eger biziñ dawamyz anti-imperialistik dawa ugurdaşlykda gitmese, aýaklarymyz howada galar. Rewolýusion ýaşlar amerikan imperializmine we opportunizmine garşy duran ýaşlardyr. Olaryñ borjy sanynyñ azlygyna, duşmanynyñ köplügine garamazdan, amerikan imperializmine garşy soñuna çenli göreşmekdir. Olar iñ gowy formada karar kabul edýänler we ýerine ýetirýänlerdir. Olar boş gijelerini däl-de, ömrüni boýdan-başa şu dawa bagyşlanlardyr. Ýaşasyn Garaşsyzlyk ugrunda göreşýän bütindünýä halklary! Ýaşasyn doly Garaşsyz Türkiýe!" Deniz Gezmiş makalasynda beren sözüniñ yzynda hut özi durdy we imperializme garşy göreşijileriñ ýanyna gitdi. Hawa... 1969-njy ýylyñ iýun aýynyñ soñky günleri... Deniz Gezmiş maşgalasyna Guşadasynda çadyr lagere gidendigini aýtdy. Emma ol Jihan Alptekin, Ömer Erim Süerkan, Fadyl Hasan, Kuýdul Turan, Ýusuf Küpeli we başga-da birnäçe ýoldaşy bilen Palestina gitmek üçin ýola düşdi. Çemodanlarynda dört sany ýarag we onlarça kitap bardy. Ol ýerde Palestinanyñ Halk Demokratik Azat-ediş frontynyñ (PHDAEF) agzasy Abu Süleýman bilen tanyşdy. Abu Süleýman olara ýolbeletlik etdi. FKF-nyñ başlygy Ýusuf Küpeli şol ýolagçylygy "68-nji ýylyñ nesili" boýunça ylmy-barlaglary bilen tanalýan Turhan Feýizoglynyñ "Deñizler we Palestina" kitabynda şeýle gürrüñ berdi: "Bir awtoulaga münüp, araçäkde garyndaşlarynyñ ýaşaýan obasyna gitdik. Araçägiñ ýakasyndaky bir stansiýasyna baryp, stansiýanyñ işgärine adam başyna 10 liradan töläp añry tarapa geçjekdik. Agyr çemodanlarymyz bilen añry tarapa geçip, 600-700 metr çemesi belentlikdäki ýapgyda çykandan soñ baýryñ üstünde gurlan jaýa girdik. Içerde halatly 2-3 adam bardy. Az wagtdan soñ bir ýük awtoulagy geldi. Bizi aldy. Bir kilometr ýöränden soñ kiçijik obanyñ içinden geçdik. Ýewfratyñ kenaryna bir salkyn saýalu baglyga çenli geldik. Awtoulag bizi düşürdi. Ýene ýüz metrlik ýapgytdan çykansoñ Halabyñ, Hamanyñ, Humusyñ üstünden Demaskusa (Damaska) barýan garaýoluñ gyrasyna çykdyk. Awtoulaglara el galdyryp başladyk. Ahyrynda bir taksi gelip durdy. Sürüji içinde nämäniñ bardygyny bilmeýän awtoulaglaryny bagaža ýükledi. Dyknyşyp mündük, awtoulag ýöräp ugrady..." Uruş başlanda... Az wagtdan soñ taksiniñ öñüni sebitdäki siriýali milisiýa otrýadlary kesdi. Çemodanlar açyldy, ýaraglaryñ bardygy görüldi. Tussag astyna alyndylar. Edil şol wagt Deniz Gezmiş slogan atmaga we gimn aýtmaga başlady. Ilki Halapda dört gün, soñra Damaskda on iki gün saklandylar. Belli karara geldiler: hakykaty, ýagny, nämüçin gelendiklerini aýtdylar. Peýdasy degdi. Denizleriñ hataryna goşulmagy meýilleşdiren PHDAEF-niñ adamlary Türkiýeden kömege gelen ýaşlary tussaglykdan çykardy. Ilki Damaskda guramanyñ şahadatnamasy berildi. Soñra ellerinden alynan kitaplary we ýaraglary... Indi olar Ammandaky palestin lagerindediler. Deniz Gezmiş PHDAEF-iñ lideri Naif Hawatme bilen duşuşjagyny aýdyp eñek direýärdi. Onuñ bu islegi üçülenji gün diýlende amala aşdy. Deniz Gezmiş Çe Gewara hakda gürrüñ bermäge başlady. Hawatme çaga ýaşlaryndaky bu ganygyzgyn we heýjanly oglany düşünmek bilen ýylgyryp diñledi. Palestin lagerinde birnäçe ýurtdan gelen ýaşlar bardy. Bir ýandan konferensiýalara gatnaşyp, bir ýandanam ýarag ulanmagy öwrenýärdiler. Ýagny arzuwlaýan rewolýusiýalary üçin hem teoretiki, hem praktiki taýdan bilim alýardylar. Partizanlar ýaly ýaşamagy öwrenmek üçin eginlerindäki eşiklerini we ädiklerini çykarman uka gidýärdiler. Günler şeýdip geçdi. Hupbatly türgenleşikden geçdiler. Ilkibaşda palestinalylar bilen bir hatarda dünýäniñ dürli ýurtlaryndan gelen ýaş rewolýusionerler bilen pikir alyşdylar. Çekişmelerem ýok däldi: Deniz Gezmiş bir fransuz sosialisti bilen zol jedele girýärdi. Bir aý töweregi wagta çeken türgenleşigiñ soñunda awgust aýynda ýene öñki ýollary bilen Türkiýä gaýdyp geldiler. Täze Ysraýyl urşuna nöker bolup gitmäge taýýar ýagdaýdadylar, haçan habar gelse palestin frontyna ýelk ýasajakdylar. Emma... 1973-nji ýylda Ýom Kippur urşy başlanda Deniz Gezmişe ölüm jezasy berilenine bir ýarym ýyl geçipdi... • Palestina giden rewolýusionerlere gynamalar Deniz Gezmiş bilen bile dar agajyna giden ýoldaşlary Hüseýin Inandyr Ýusuf Aslanam Palestinany goldamak üçin lagerlere giden rewolýusionerlerdendi. Ýusuf Aslan "El-Fetihe" nämüçin gitdim?" atly makalasynda tutarygyny şeýle beýan etdi: "Häzir Ýakyn Gündogarda amerikan imperializminiñ daýanç punkty bolup oturan Ysraýyla garşy arap halklary anti-imperialistik uruş alyp barýarlar. Bu uruş Aziýada, Afrikada, Latyn Amerikasynda we bütin dünýäde imperializmiñ basyşy astynda ezilýän halklaryñ alyp barýan rewolýusion göreşiniñ bir parçasydyr. Imperializme garşy alnyp barylýan uruş bütindünýä halklarynyñ umumy urşudyr. Wýetnamda, Ýakyn Gündogarda, Latyn Amerikasynda imperializme garşy atylan her bir ok, şol bir wagtyñ özünde türk halkynyñam azatlygy üçin atylýar". Palestinadan gaýdyp gelenden soñ žandarmeriýa tarapyndan saklanan Hüseýin Inan we onuñ ýoldaşlary Diýarbekir türmesine salyndy. Tussag edilen ýaş rewolýusionerleriñ türmeden çykanda beren beýanatlary şu günüñ gözi bilen seredende, juda tanyş eşidilýärdi: "Biz birnäçe gün bäri "Diýarbekir Medisina fakultetinde sabotaž etjek bolup durkalar ele salyndy", "Türkiýede sabotaž etmek üçin "El-Fetihde" ýetişdirilen sabotažçylar ele salyndy" diýen ýaly toslanyp tapylan, sensassional habarlar bilen jemgyýetçilige eşitdirilen zatlar sebäpli Diýarbekir türmesinde saklanýan rewolýusionerlerdiris. Bu ýalan zarisowkalar satlyk ygtyýarlylaryñ we polisiýanyñ jemgyýetçilikdäki bilkastlaýyn, matlaplaýyn gurnan esassyz aýyplamalarydyr. Olaryñ bu pyrryldagy-da beýlekileri ýaly iru-giç paş boljakdygyna şek-şübhämiz ýok. Satlyk häkimiýet arap halklarynyñ hakly göreşi üçin Palestina gidenimizde, yzymyzdan jansyzlaryny ýollapdyr. Soñ amala aşyrjak oýunlarynyñ meýilnamasyny taýýarlapdyr. Ýurda gaýdyp gelenimizde bizi ussatlyk bilen taýýarlan pyrryldaklary bilen ele salyp, köpçülige "sabotažçy", "hakynatutma jansyzlar" hökmünde tanatmak üçin "TRT" teleýaýlymyny we habar beriş serişdelerini hapa oýnunyñ içine sokmaga synanyşypdyr. Ýüz elli sagatdan gowrak wagt gynap sakladylar. Bizi öñünden taýýarlanyp goýlan düşündirişlere zor bilen gol çekdirip, jenaýat işlerini ýasadylar. Göz öñüne tutulan maksat - Türkiýede ähli rewolýusioner hereketi şul pyrryldagyñ içine sokup, köpçülikleýin tutha-tutluklar bilen faşistik terror atmosferasyny döretmekdi. Birnäçe günläp dowam eden gynamalar we adamkärçilige sygmaýan hereketler sud edaralaryna "derñewi çuñlaşdyrýarys" görnüşinde ýetirildi. Bularyñ barsy alty günlük gynamalar, müñlerçe gezek urulan dürreler, taýaklar, aýdylan paýyş sögünçler we san-sajaksyz düşündirişler satlyk hyzmatdaşlaryñ we şärikdeşleriiñ bähbitlerini goramak üçindi. Türkiýäniñ halklaryna şuny aýratyn düşündiresimiz gelýär: Biziñ niredir bir ýeri bombalajagymyz, sabotaž etjegimiz hakdaky aýdylýanlaryñ barsy ýalandyr, toslanyp tapylan pyrryldakdyr. Biz dünýä halklarynyñ başyna bela bolup inen imperializme garşy uruşýan Ýakyn Gündogar halklarynyñ hakly göreşini goldamak üçin Palestina gitdik. Maksadymyz bir tarapdan arap halklarynyñ azatlygyny goldamak, bir tarapdanam türkiýeli rewolýusionerler bolup, biziñ paýymyza düşýän borjumyzyñ bir bölegini berjaý etmekden ybaratdy". ("Ant" žurnaly, aprel 1969 ý.) • Yslamçylar palestin söýgüsini bagrynda göterýän çepçilere "terrorçy" diýerdiler Palestina her bir ýaş rewolýusioneriñ arzuw-hyýalynyñ süññüni düzýärdi... Olar bu arzuwlaryna ýetenem bolsalar, Ysraýylyñ ganly penjesine düşüpdiler. Olaryñ at-familiýalary: Bora Gözen, Kerim Öztürk, Jafer Topçy, Ahmet Özdemir, Ýüjel Özbek, Ali Kiraz, Şükrü Öktü, Gürol Ilban, Faik Bulut, Ali Ergün, Hüseýin Tüýsüz. 1973-nji ýylyñ 21-nji fewraly. Liwanyñ "Nahr el-Bared" lageri. Ysraýylyñ Harby-deñiz güýçleri komandowaniýesine degişli söweşjeñ gämi türk rewolýusioneriniñem bolan lagerine we onuñ töweregine bomba ýagdyrdy. Sekiz türk rewolýusioneri bu hüjümde şehit boldy. Wepat bolan rewolýusionerler Palestinanyñ "Internasionalizm we Halklaryñ doganlygy" gonamçylygyna jaýlandy. Ysraýylyñ hüjüminden Ali Ergün, Hüseýin Tüýsüz ýaraly gutulsa, Faik Bulut ýesir düşdi... Dilde añsat, Faik Bulut tegelek ýedi ýyl iki aý ysraýyl türmelerinde ýatdy, agyr gynamalara duçar boldy. Palestin söýgüsiniñ şarpygyny dadan Faik Bulut häzir musulman döwletleriñ nämüçin sesini çykarman oturandygyny düşündirýäne meñzeýär: "Biz çepçiler Palestina üçin şirin janymyzy orta goýup ýörkäk, yslamçylar şol günler bize "terrorist" diýerdi". • Palestin lagerindäki türk jöhidi "12-nji mart" faşizminiñ gyzgyn günleri... Türkiýäniñ Rewolýusioner Işçi-daýhanlar partiýasynyñ (TRIDP) öñdebaryjy agzalary Naif Hawatmeniñ Palestinanyñ Halk Demokratik Azat-ediş fronty (PHDAEF) bilen Ýaser Arafatyñ "El-Fetih" toparynda harby-syýasy tälim almak maksady bilen Palestina gitdi. Gidenleriñ arasynda Şahin Alpaý, Ömer Özerturgut, Jengiz Çandar, Atyl Ant, Müfit Özdeş, Aýhan Özer dagy bardy. Olar bilen bile bir türk jöhidi-de palestin lagerlerinde tälim almaga gidipdi. Onuñ adyna Sabetaý Warol diýilýärdi. Sabetaý Palestina gidip, Ysraýyla garşy göreşdi. Türkiýeli bir jöhidiñ özlerine ýardam bermek üçin Palestinany gelmegi palestinalylaryñ özlerini-de geñ galdyrypdy. Ine, biziñ taryhymyz şular ýaly merdana ýigitleriñ kyssalary bilen doly... Gynansak-da, käbir tarapgöý dinçiler jöhitleriñ hemmesine bir göz bilen garamagyny dowam etdirýär. Häzire çenli üç müñden gowrak rewolýusioneriñ Palestina gidendigini bilýäris... Soner ÝALÇYN. "SÖZCÜ" gazeti, 03.08.2014 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |