15:09 Palindromaniýa: Ýalñyz zenanyñ heseri | |
PALINDROMANIÝA: ÝALÑYZ ZENANYÑ HESERI
Powestler
(Ziýnäniň gizlin gündeliginden) Bagyň ümsümligi hoş ýakýar. Günorta çagy ähli saýraýan guşlar hem dynç alýarlar öýdýän. Onsaň gum-gukluk. Göwnüme her zatlar gelýär. Özümi gorkuzmajak bolup bir zat edýän, bir zada güýmenýän. Guşlaryň jürküldi-çirkildisi hem adama hemra. Aýal bolsaň-a hasam höwür küýseýäň. Ýogsa Merdanyň çöle – gyrkyma gidenine iki gün bolanok entek. Aslynda ol meniň kalbymda ahyr. Merdan meniň ýüregimde. Onuň bedenime galtaşan her pursaty meniň ýadymda. Men ony häzirem bedenimiň her bir öýjügi bilen duýýan. Ol her gezek meniň adymy tutanda, mähir doly sesi gulagymda möhürlenýär. Soňam gaýtalanýar durýar, gaýtalandykça süýjäp barýar. Hatda bir işe gümra bolup ýörkämem ol adymy tutup çagyrýan ýaly bolýar. Ylgap barýan, janym meni çagyrdyňmy diýip soraýan. Ol bolsa öz işine gümra bolup oturşyna maňa ünsem bermän, ýok ezizim diýýär. Menem ýylgyrýan-da bolýa, gulagyma eşidilendir onda diýip, gülümsüräp yzyma dolanýan. Häzir şol pursatlary kellämde aýladym-da, ýene ony küýsedim. Özem nähili küýseg diýsene. Edil şu wagt, şu sekuntda ony göresim gelýär. Ýöne ony edil şu wagt görüp bilmejegim anyk. Onsaň agaçlaryň arasyndan akyp ýatan salmanyň gyrajygyna geldim. Görsem elimde Merdanyň kir eşikleri. Näme edip ýörendigimem başymdan uçupdyr. Men ezizimiň eşiklerini suwa çyrpyp, üzüm bagyň dalbaryna serdim. Üzüm dalbarlarynyň saýasynda, ownuk gülli täsin mymyjak ot ösýär. Men güllere golaý barmak üçin, eglip, üzüm dalbarynyň aşagyna girdim. Ýaşyly öçüşen, ýöne juda ýumşak halynyň üstünde dyz epdim. Bu bagda hemme zat Merdany ýatladýar. Bu ýerde meniň iň süýji ýatlamam ýatan eken. Ýok, başda ol çydar ýaly däl awuly. Bu ýatlamam hem meniň hazynam. Bu baga ýaňy göçüp geläýen günlerimiz, örän üýtgeşik günler. Merdan bagda hezil edip işläp humardan çykýardy. Men onuň erjelligine haýran bolup, daşyndan guwanyp ýörendirin. Şol gün öýüň içindäki ownuk-uşak hysyrdy biraz wagtymy alypdy, hemem Merdanyň ýanyna howlugyp, öýle naharynam giç atardym. Soňra içki otaga girdim-de ýakynda tikdiren gülli köýnegimi geýip, Merdanyň ýanyna gaýtdym. Täze köýnegimiň keşdelenen ýakasyndaky ýaşyl gaşly kinniwanja gülýakam hem täsinje. Ýoldaşym üzüm dalbarlaryna golaý pelde, başyndan aşyryp, kätmen urup işläp ýördi. Maňa gözi düşen dessine ol ýylgyryp, bar zady unutdy. Bilýän, täze köýnegim üçinem däl, men oňa şeýle ýaraýandygymy bilýän. Ol pelden ätläp geçip, maňa ýakynlaşdy. Gelşine hiç zat diýmän ýylgyryp, ýaňagymdan ogşady. Ýene özi utanyp gyzardy. Bu giden bagyň içinde ýeke özümizem bolsak, ol bir zatdan çekinip, meniň ellerimden tutup, üzüm dalbarlarynyň arasyna çekdi. Üzüm dalbaryň saýasynda biten ownuk gülli şu otlary düşek edip oturdyk. Ezizimiň işläp ýadan gataňsy elleri täze geýen köýnegimiň ýakasyna uzady. Men: – Hiý-h, bul oglany, towa – diýip, utanan bolup, gaýra çekildim. Şol wagtam budumyň iç ýüzüne otly kesindi basylan ýaly boldy, bada-bat bu agyryny tanadym, hemem agyryma çydaman «Wä-k, aýagymdan ary çakdy» diýip, çirkin gygyryp, çabalandym. Bada-bat gyzyl ot bolup gyzdyryp gitdim. Gözlerimem ýaşdan dolup, agladymam. Çydaman bir zat edäýsene diýip, Merdana bakyp özelendim. Ol nämetsin?! – Seni çakan balary şeýle owadan gyzda ýatdan çykmajak täsir galdyrýanyna begenjinden bireýýäm jan beripdir – diýip, jansyz ýatan balaryny bir ýana pitikläp goýberdi. Men burnumy çekip, göz ýaşlarymy süpürip otyrdym, ol bolsa ýene maňa dözmän: – Niräňden çakdy, hany görkez – diýip, köýnegimiň etegini galdyrdy. Menem aýagymy uzadyp, ýene burnumy çekip şumjardym. Dogrudanam ap-akja baldyrymda dyrnagyň aýtymy ýaly ýer gülgün öwsüp dur, eýýäm çişipdirem. Ýene oňa ýalbardym: – Nämedir bir zat edäýsene?.. Awusyna çydap bilemok, ýüregime düşüp gelýär. Oglan näme etjegini-hä däl, näme diýjegini hem çaşyrdy: – Wiý-ý, neme ary çakan ýere siýdik çalmaly. Men biraz ýaşy kepän gözlerimi tegeläp: – O nähili siýdik – diýip, geň galyp oňa seretdim. – Çaga wagtymyz bizi diňe ary çakýardy – diýip, Merdan maňa düşündirmäge durdy. – Onsaň biz ary çakan ýerine kileň siýdik çalýardyk. Agyrynam aýyrýar, çişinem gaýtarýar. Men derrew onuň al-petinden aldym: – Näme edip dursuň onda? – Näme nämedip dursuň? Düşünmedim, Ziýnäm? Men oňa baldyrymy görkezip, ýylgyryp ümledim «Bol-da». Ahyr düşündi. Meniň utanjaň söýgülim. Ilki ýuwaşlyk bilen balagynyň çermegine elini sokdy, soň ýuwaşlyk bilen ujydyny çykardy. Edil balagyndan çykaran badyna guş bolup uçup gitjek ýaly. Soň meniň gözlerime seredip biraz ekezlendi. Hem gözlerini ýumup arynyň çakan ýerine sepeläp ugrady. Onuň gyzgyn siýdigi öňdenem gyzyp, lorsuldap duran baldyrymy ýuwup başlady. Ýüregim agzymdan çykaýjak bolýar. Edil kalsiý-hlor sanjymyny alýan ýaly. Hemem ýaman meýmiredim. Häzirem şol güni ýatlap erbet heserlenýän, uf-f. Üzüm dalbary meni hemme zatdan gizleýär. Şol awuly, süýji güni ýatlamagym üçin. Elimi içgime sokup, şol ýerimi elleýän. Gyzgyn. Barmaklarym bilenem bolsa howruny ýatyrasym gelýär. Nirdendir bir ýerden maňa kimdir biri seredýän ýaly. Özem gaty bihaýa nazar bilen. Tisginip ýerimden turdum, howlukmaç eşiklerimi düzedişdirdim. Gyssanyp öýe ylgadym. Çopanyň ýadow oýlary. Seniň ruhuň ýok. Sen-ruh. Seniň bedeniň bar. K. S. Lýuis Agşamyň asuda demi äleme ýapyldy, şu wagt dünýe ümsümlik. Çopan uzak gün jokrama yssyda surnugan bedenini çatmasyna atyp, ümsümligi diňleýär. Sürini agyla gabap geleli bäri ýoňsuz wagt geçenem bolsa, turmaga mejaly ýok. Ýarty alaňa çykyp, garysyny ýassanyp ýatan alabaý açlygyny duýdurýan ýaly lowh-lowh üýrüp agşamyň ümsümligini bozýar. Alaňlaryň dik üstünde dogan Aý, asmana sepelenen üç-bäş ýyldyz toplumy. Çopan dikelip, özüni rastlady, agşam şamyň ugruna çykmaly. Bir kesemen nanyň ýarsyny döwüp alyp, alabaýy ýeňiljek naharlap durşuna: – Sähel soňrak mazalyja ýallaryn – diýip, çyna berimsiz habar gatdy. – Häzir ölmez-ödi bolsa-da oňuş, sabyr et. Köpek eýesiniň ýüzüne bir garap dymdy. Dymmaklyk razylygyň alamaty. Çopan agzyny gyşardyp ýylgyrdy. «It ýaly takwa jandar ýokdur». Soňra tapan-tupanyny orta goýup, agşamlyk edindi, ajygan eken mazaly. Owkatlanyp otyrka ukusy tutup, birki ýola pallady, uky has tagamly öýdýän. Çopan ony desert goýdy. Şunuň ýaly ýadan günüň ýatan-turan ýeriňi bileňok. «Uky ýassyk islemez, söýgi görk». Çopan bu nakyly öň ulanyp görmändi. Häzirem diňe içinden ýatlady-goýdy. Uky hem söýgi biçak güýçli zat bolmaly. Uky tutan wagty adam eden-goýanyny bilmän saňsar hala düşenokmy? Birini söýen wagtyňam, söýýän zenanyň bigörkligem aýratyn görmek bolup duýulýar. Pis gylygam perilere mahsus häsiýet hasaplaýaň. Töwir galdyryp, saçagyň üstüni ýapdy. Uzak gün süriniň yzynda selpeseň, Gün ýaşdygy ýatan ýeriň özüňki. Öňem meň ýaly öler ýaly ýadan bir çopan öýlän çagy taýagyna söýenip irkiläýipdir. Soňam bir salym uklap, tisginip tursa, goýunlar ýok diýýä. Onsaň çopan neresse gözlerini tegeläp durşuna «Ýatanym öýlän, turanym öýlän, goýunlar nirä gitdikä» diýip aňk-taň bolýarmyş. Görüp otursa, çopan bir öýlän irkilip, ertir öýlän şol wagtda oýanan bolsa nätjek. Ondan özüniňem habary ýok. Ýatan wagtam öýlän, ýene turan wagtam öýlän. Haý-ý çaşan çopan diýsänim. Çopanyň ýanyna ýene üç ýoldaşy geldi, olar ýeni söhbet küýseýär. Çopan sen-men ýok ýogyn sese ýüzlendi: – Sen öňräk bir gürrüňde bir täsin zat aýtdyň? Ýogyn ses: – Bedenimiz ruhumyza geýdirilen lybasdyr. Ol tä soňky deme çen biz bilen. Çopan baş atdy: – Hawwa, edil özi. Ýogyn ses: – Men şol wagtam bu sözüň seniň ýadyňda galanyny duýupdym. Inçe ses: – Bedenimiz ruhumyzyň lybasy, Tä ölýänçäk süýrenýär ol biz bilen. – diýip, goşga meňzedip hiňlenýär. Gyryk ses: – Onda bi ujydymyz nämekä? Ol artyp ýa şol köýnegiň çöwrülen kisesimi?.. – diýip, juda ýakymsyz gülýär. – Ruhumyň köýnegi-i, bir erbet ýerinden-ä deşilipdir-r. Heh-heh-he!.. Çopan olaryň gepine gulak asman, asman ýüzünde pytraşyp ýatan hem-de gezekli-gezegne göz gypyşýan ýyldyzlara göz aýlady. «Biziň bu ýaňrow gürrüňlerimiz, bu sessizlige eýlenen gijäni, bu paýhasa çümdürilen ýyldyzly asmany gaty kirledýär – diýip içinden oýlandy. – Diňe dymmaly, dymmagy oňat başarmaly. Bilemok, ispanlarda barmydy ýa-da italýanlara degişli nakyl «Taňry dymýanlar bilen söhbet edýär» . Diýmek Ýaradyjy şu gije bilen, şu ýyldyzly asman bilen dowamly söhbetde. Bize diňe olaryň söhbetini diňläp, düşünenjämizi aňymyza guýaýmak galýar. Gyryk ses: – Bu bedenimiz ruhumyza lybas edip geýdirilen. Bedenimize hem her kysym, her biçüw eşik geýýäris – diýip, bir wagt aýdan sözüni gaýtalaýar. – Bedenimize geýýän eşiklerimiz könelip, ýyrtylyp gitmänkä bir alajyny görýäs, täze eşik edinýäs. Ruhumyzyň lybasy dagap başlanda näme edýäs? Çopan dymma ýyldyzlara seredip ýatyşyna, üç ýoldaşyna «Bes ediň» diýibem haýyş etmedi, «sem boluň» diýibem azgyrylmady. Diňe içinden olara beräýjek jogabyny oýlap goýdy: ruhumyz bedenimiziň könelmegi üçin däl-de tämizligi üçin jogapkär. Belki bedenimizi hemişe tämiz saklasak, ol hiç wagt könelýänem däldir. Nuh pygamber ýaly 950 ýyllap bolsa-da ýaşaberýändir. (palindrom - 8) Nadan pelek. Ala ses. Hürri howdanyň gyrasyna gelip, aýak çekdi, golunda hemişeki ýaragy-çeňňek. Ol gözleri bilen sermenip, Miraby gözledi, ýöne ol edil ýere giren ýaly. Golaýda suwa düşýän çagalaram ýok. Bolmasa şolardan sorap bilerdi. Ol «Aý, bolýa-la, çeňňeklerimi suwa oklaýyn, onsaň Mirabam bir ýerden geler» diýip, içini gepledip, suwa golaý bardy. Bu nä boluş? Hürri gözlerine ynanman suwuň içine bir ädim dagy girdi, köwşi öl bolup ezilensoň yza çekildi. Howada porsan balygyň ysy aňkap-kaňkap dur. Suwuň ýüzünde ölen ýüzlerçe balyk gaýyp ýör. Şunça balygyň birden nädip ölüp bilýänine akly çatman, kellesi doňdy. Birdenem öňräk Mirabyň, şu golaýda bäş-alty sanak gurrumsagyň ýaşaýandygyny, gözüň sypyndygy howdana gelip, balyklary partladyp awlaýandyklaryny janygyp gürrüň bereni hakydasynda janlandy. «O pisler bir ýerden-ä partlaýjy madda satyn alýarlar. Ýa-da özleri kustarnyý ýol bilen ýasaýarlar. Onsaň amatly pursat howdana gelip, ýüzlerçe balygyň ganyna galýarlar. Özlerem hiç ele düşenoklar. Ýogsam Tebigaty goraýyş müdirligem şolaryň yzynda». Balyklar bolsa jansyz, suw ýüzünde gaýyp ýördüler. Hürri olara seredip, näme diýjegini bilenok. Balyklar ölensoň suwuň ýüzüne galkyp çykýarlar. Ölenden soň ynsanyň ruhy hem şeýdip asmana galkyp gidýärmikä?! Hürriniň lapykeç. Çeňňeklerini ýygnap, Mirabyň garawulhanasyna oklady. Internada tarap barýarka şol gurrumsaklary gördi. Iň erbet ýeri – olaryň arasynda Esfir bar. Özem Esfir birhili tüýsüni üýtgeden soň başga biri ýaly bolaýypdyr. Bu sypat oňa gelişmändir walla. Hürri asla gözlerine ynanmady, ynanar ýaly däl. Bukadaklap, baryp olary golaýdan synlady. Olar ýönekeý gurrumsaklar-a däl. Hakyky skinhetler olar. Egin-eşiklerem, ýüz-gözlerem başgaça, gözeilginç. Adamlaram şolardan bizar. Özlerini öz ýanlaryndan skinhet diýip atlandyrýan bu gurrumsaklar arakhor, neşekeş bir guruh. Halk olara saňsarlar ý-da serserler diýip umumy lakam berýär. Akyl-huşlarynyň tersa bolşy ýaly egin-eşiklerem bir ýeser. Bu gün Esfirem olardan kem galmandyr. Egninde gara gaýyş kurtka, saçlary hem bir täsin bejerilen. Gabagy, dodaklary syýareňk. Saňsarlaryň serdary beton kerpijiň üstünde bioňaý otyr, elinde piwo banka. Ursaň öleýin diýip duran arryk biri, şo bolşuna hem aýagyna zürrük triko kysym balak geýen serser özünden äpet magnitafony bar güýjünde goýup aýdyma gygyrdýar. Beton kerpije syrtyny goýup, arasynda piwo süzýän baş saňsar Esfiri yşarat bilen öz ýanyna çagyrdy. Zibil gutularyna bukulyp oturan Hürri, durup bilmän olara has ýakyn bardy. Magnitafondan kyýamat gopan ýaly ýaňlanýan hard-rok peseldi. Olaryň dialoglary eşidilip başlady. Saňsarlaryň baştutany eňek bolup duran ýüzüni Esfir tarap öwrüp: – Pişijek, sen diliňe pirsing etdiripsiň diýdiler, görkez hany – diýip, ýylgyryp bulançak gözlerini güldürdi. Esfir agzyny göwünsiz açyp, dilini çala çykaryp, eden işini görkezdi. Onuň diliniň ujunda ýaldyrowuk metaldan düwme bardy. Gyz dilini görkezen dessine gapdalyndakylar gykuwlaşyp, Hürriniň hem ýüregini ýardylar. Ol zibil gutularyň arkasynda edil çaga towşan ýaly ýapyrylyp, olary synlaýar. Saňsarlaryň baştutany, içip boşadan piwo bankasyny bir gapdala zyňyp, Esfiriň alkymyna dykylyp bardy-da, onuň aşaky dodagyna barmagyny degrip, ýüzüne garady: – Agzyňy aç! Esfir keýpsiz ýüzüni öwürdi. – Saňa agzyňy aç diýdim! Gurrumsaklar ala ses, gara goh edip Esfiriň daşyna üýşdüler. Olaryň baştutany Esfiriň gulagynyň düýbüne bir şarpyk urdy. Gyzyň ýüzüni tutup, aşak egilenem şoldy welin, toplanyşyp ony ýere ýykdylar. – Häzir men o ýeriň ujuna pirsing edip berjek. Seni menden soňky edenelerem görüp haýran galarlar. Esfir aýagyny-elini sypdyryp bilmän, gahar-gazapdan ýarylaýjak bolup çabalanýar, aglamjyraýar. Saňsarlaryň serdary nökerlerine: – Berk saklaň, sypdyraýmaň – diýip, Esfiriň gysga etekli köýnegini ýokary çekip, içki eşigini çekeläp başlady. – Suçka, typyrdama, häzir bir sekunt ... Soňky bolan zatlar hiç kimiň planynda ýokdy. Hürri zibil gutularyň arkasyndan nädip çykanyny bilmän galdy. Ol şunça gurrumsaga garşy bir özi çykyp gahrymançylyk görkezjegem däldi, ol diňe bir zady bilýär, Esfiri halas etmeli. Olar Hürrini gaýgyrman urdular. Gahardan çym-gyzyl bolan saňsar baştutan «Öldüriň gandony» diýip sesiniň ýetdiginden gygyryp buýruk berdi. Onsaň ýanyndakylar Hürrini has birehim, has erjel depip başladylar. Esfir bolsa garma-gürmelikde gaçdy. Ol suwagy gaçan, alabeder diwaryň düýbüne baryp, hatar duran zibil gutularyň üstünden üçürdikläp böküp, haýatyň aňrysyna geçmänkä, yzyna gaňrylyp seredende, ýeňsesine kerpiç bilen urlan Hürriniň iň soňky gezek özüne garap ýykylyp barýanyny görüp ýetişdi. Soň... (palindrom 9/10) Tawus, Suw at. Tagat. Hur.ruh. Ta ha. Alla. ...Soň Hürri çuň umman düýbüne gaýyp düşüp barýardy. Suwuň asty bijaý ýakymly, ýalkymly, hem sekuntsaýyn süýji bir duýgy bedeniň bar ýerine lezzet, şypa bolup ýazylyp barýar. Suw asty şeýle bir üýtgeşik, waspyna ýetme ýok. Aslynda ol balyk eken. Balyk ruhly oglanjyk. Şonuň üçinem ol hemişe balyklara höwür bolupdyr. Ine, indi onuň özi balyk boldy... Gyr obadaky aksakgal gojasynyň sesi gelýär «O nämedir ýedi derýa böwüsýän?» Bir ýerden jenneti hüýrleriň sesi hor bolup ýaňlanýar «Ol balykdyr ýedi derýa böwüsýän». Balyga öwrülen Hürri suw astynda görýän hikmetlerine haýran bolup durka, ýene bir ýerlerden owaz eşidýär: «Indi sen ýedi derýa böwüsmeli. Ýedi derýa». Hürri balyk ýüzgüçlerini oýnadyp «Ýedi derýa diýýäniňiz näme? Ýedi derýa diýýäniňiz ýedi gat asmanmy?» diýýär. Owaz ýaňlanýar: «Ýokarlygyna galkmaly wagtyň geldi» Hürriniň ýadyna partlama, suwuň ýüzünde gaýyp ýören öli balyklar geldi. «Ýok, meniň ýokary galkasym gelenok». «Garşylyk görkezme! Seret, sen eýýäm balyk däl, sen suwat bolduň». Hürri öz sypatyny aýnada görýän ýaly gapdaldan synlaýar. «Nämüçin beýle? Nämüçin meň kamatym küýki taýyň kamatyna meňzeýär?» Birdenem sarymgylt suwuň asty älemgoşar reňklerine döndi. Ýok, älemgoşar däl. Başga reňkler. Ýok reňkler. Bu reňkleriň awurasy biraz ýürege düşgünç. Owaz gaýtalanýar: – Sen ummanyň ýokarsyna galkmaly! Sen asmanyň depesine galkmaly! – Sen jennete ýetmeli. Tizden-tiz, basymdan-kesgin. Gapyda tawus guşam bar, ne eýýam saňa garaşyp dur... Ýene-de sahna üýtgeýär. Gün ýaşyp barýan çagy. Belent gala diwarlaryň düýbünde haçparaz ryssarlar. Söweş surnaýynyň sesi. Atlar kişňeýär. Gylyçlaryň şarkyldysy. – Mukaddes topragy dinibaşgalardan azat edip, taňrynyň jennetine gowuşmaly. Atanyň, Ogluň we mukaddes Ruhuň hakyna. Bibi Merýem bizi golda! Keselhana. Reanemasiýa otagy. Agyr ýaraly oglanjyk. Lukmanlar ony özüne getirip bilenok. Alaçsyzlyk. Olaryň bary aljyraňňy: – Oglanjygy elden giderip barýas. – Difibriliatory taýýarlaň! Hürri söweş meýdanynda at toýnaklarynyň arasynda togalanyp ýör. Hürri söweş meýdanynda. Musulmanlar bilen haçparaz ryssarlar başa-baş darkaşda. Gylyçlaryň şarkyldysy, göge galkyp, töweregi gurşap alan jeň tozany, galmagal. Halys ysgyny gaçyp, dört tarapa naýynjar bakýar. – Ikiýüz ýüz altmyş wolt. Haçparaz ryssaryň agyr jeň esbaply bedewi goşa toýnak bilen Hürriniň kükregine depýär. – Ýüregi işläp başlady. – Lukman begençli seslendi. – oglanjyk ýaşaýar. Oglanjyk goljagazlary bilen kükregini tutup, ýene ummanyň çuňuna ýykylyp gaýtdy. Suwlaryň aşagy bolsa gijepisint tümlük. Bu ýerde ýagty saçmaýan, janly deňiz ýyldyzlary sessiz-üýnsüz suw astynda ýatyrlar. Olaryň ýüregi hem ýokmuş... Hürriniň gulagyna Gyr obadaky gojanyň sesi gelip başlady – Seň adyň Hürri däl, seň adyň Nurly ahyr, oglum! (dowamy bar) | |
|
√ Baga bagşy -3: Iliň gapysynda - 07.03.2024 |
√ Palindromaniýa: Çopan goşundaky ot başyndaky geňräk myhman - 03.07.2024 |
√ Aýuwlaryň aýdymy / powest - 31.07.2024 |
√ Sary bagşy / powestiň dowamy: Çözgüt - 06.03.2024 |
√ Sary bagşy / powestiň dowamy: Duşagy tisgindiren agy sesi - 06.03.2024 |
√ Taraşa / powest - 01.02.2024 |
√ Palindromaniýa: Çopan. Çopanystan ýaýlasynda agşam - 03.07.2024 |
√ Baga bagşy -11: «Mekge däl, Meskew diýip, çaldy milletler heň. .» - 08.03.2024 |
√ Aýuwlaryň aýdymy -8: powestiñ soñy - 10.09.2024 |
√ Sary bagşy / powestiň dowamy: Atyň ürken ýeri... - 06.03.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |