09:54 Palindromaniýa: Hoş ses. Taş ses | |
PALINDROMANIÝA: HOŞ SES. TAŞ SES
Powestler
Gije entegem şäheriň üçeklerinden aslyşyp durdy. Säheriň ümüş– tamyş ýagtysy öz oýnaklaýan durulugy bilen gök ýüzüne galtaşanam bolsa, köçe çyralary entek ýanyp durdy. Joze Saramago. Säher. Oýanyp ugran şäher. Şäheriň köçelerinde gatnaw başlaýar, soň adam akymy. Mirap düýnden bäri bir zady kellesinden çykaryp bilmän gara heläk. «Oglanjyk nirdekä? Okuwda bolsa, ol hökman hepdeiçi bir görnerdi». Bu gün hem uzakly gün şol pikir ynjalyk berenok. «Munça wagt obada hem eglenmeli däl ol oglan. Beh-h, nirde bolup biler?» Ol Hürrini ýatladygy, derrew ýakymly, gyzykly zatlar ýadyna düşüp başlaýar. Baýak Mirap menem balyk tutup göräýsem diýip, meýilli bolanda, Hürri oňa iň gowy görýän çeňňegini uzadypdy: – Ine, Mirap aga, şu iň tutgur spiningim. Super bu. Soň Mirap kenarda özi üçin bir oňaýly ýer-güzer tapyp, şol ýerden suwa çeňňek sallady. Ýarym sagada golaý balyk tutmak hyjuwy bilen, ses-üýn çykarman, suwuň ýüzünde oýnaýan çeňňek ýüpüne seredip oturdy, baý sabyrly ekeni. Bir wagtdan soň: – Mirap aga, aý Mirap aga!- diýip, Hürri ony oýardy, özem gelşikli ýylgyrýar.- Balyklar Mirap aga näme bolduka diýip, alada edip başladylar-a, Mirap aga! Mirap: – Beh-h, eýýäm irkiläýipdirin-äýt – diýip, öz-özüne ynanman gözlerini owkalap ýerinden turdy. – Ýöne gowy ukymy-ha alan ekenim, beh-h. Men balyk tutjak bolsam, ýalaň uky tutýar meni. Çaga wagtymam şeýledi, häzirem. Bu gün ertirden bäri Mirap balykçy oglanjygy – Hürrini alada edip başlady. Ol hiç ýerde ýok. Indi ol Hürrini gaýdyp görmejek ýaly ýüregi howlugyp, hatda onuň şoh sesini eşitmejek ýaly duýgulary başdan geçirdi. Oňa derek gulagyna aýagaldygyna ylgap, daljygan adamyň haşşyldysyny eşidýän ýaly, täsin bir duýgy kalbyndan aýrylmady. Şäheriň beýleki çetinde ýaşaýan Esfir bolsa şol wagt dogrudanam aýagy bişen ýaly ylgap, demi-demine ýetmän daljygyp barýardy. Ol bulagaýlyk bolan ýerden tiziräk daşlaşsa gowy boljakdygyny bilýär. Şonuň üçinem adamlara, ulaglara seretmän hatar agaçlaryň arasyndan geçýän ýanýoda bilen aýagaldygyna ylgaýar. Täzelikde tanyş bolan oglanlary, olaryň soňky eden, etjek bolan işleri, Hürriniň başyna salan betbagtlyklary, bularyň bary gyzyň kellesine syganok. Hem ol gorkdy. Şonuň üçinem tiziräk ol ýerden gaçdy. Ýöne ol näçe alňasap barýanam bolsa, Hürrini ýadyndan çykaryp bilenok. Ol aslynda meni goramaga çykdy diýip, Esfir öz ýanyndan oýlanyp barýar. Bolmasa näme üçin olaryň üstüne topulyp barsyn? Elbetde, ol meniň üçin. Birden Esfiriň ýap-ýaňy bolup geçen waka ýaňadan göz öňüne geldi. Içgi eşiginiň jyýrym-jyýrym ýyrtylandygy... Esfir ýaşaýan ýerine golaýlaşdy. Ynha, ýaşaýan öýleriniň girelgesi. Ikinji podýezd. Birinji gatda ýaşaýan Wartan daýy. Onuň ýanynda Alty aga. Alty ag:a özi ýokka Altybarmagam diýýäler oýun edip. Esfir podýezdlerine girip barýarka Altybarmagyň özüne birhili seredýändigini göz gyýtagy bilen görüp galdy. Ýöne häzir ony seljerer ýaly ýagdaý ýok. Ýüregi ala güpbüldi, aňy-huşy hem buýr-bulaşyk. Ol oglana näme bolduka? Internatda ýaşaýan bolmaly. Ony gaýgyrman urdular. Ýa-da öldümikä? Anyk ölen bolmaly. Eger oňa bir zat bolan bolsa, soňy gowy bolmajagy belli. Çatak boldy. Esfir şu wagt öýde hiç kimiň ýoklugy üçin uçursyz begendi. Ejesi bolanlygynda hökman onuň bir bela sataşandygyny duýardy. Ol alagaraňky dälizde, üç açylýan aýnanyň öňünde, gan-petsiz ýüzüne seredip esli durdy. Dodagynyň, gabagynyň syýa reňklerini süpürip aýyrdy. Egnindäki eşiklerini howlukmaç sypyryp, öý eşigine çalyşdy. Biraz köşeşen ýaly boldy, şonda-da göz öňünde Hürri. Hem birbada özüni ýigrendi, saçlaryny ütüp, ýüzüni dyrnasy geldi. «Men gowja gyz ahbeti, men örän akuratny bolmaly, dil öwrenmeli». Dil öwrenmeli diýende birden diliniň ujundaky metal halka ýadyna düşdi. Ony dişlerine süýkäp barlady. «Men nähilli bozuk bolup barýan-aý» diýip, birden oslagsyz öz-özüne sowal berdi. «Amerika gitmeli ahyrynda. A edip ýören işim näme?! Kimleriň ýanynda, nämelere meşgul?!» Emma Esfir Hürrini undyp bilmedi. Her näçe unutjak bolýar, bolanok. Bir-birine çapraz gelýän adamlardygyny bilip dur, emma... Hürriniň iň soň sapar özüne garap ýykylan pursatlary aňyndan çykanok, gözlerinden gidenok. Zenanyň hatarly ýalňyzlygy (Ziýnäniň gizlin gündeliginden) Bagyň içi ala-goh. Aýal-gyzlar agaçlaryň arasyndan geçýän aryklary arassalap ýörler, özleriniňem keýpi kök. Arasynda hemmäniň göwünhoşy Gülek gyz hem bar. Baglaryň arasyndan olaryň jakgyldap gülüşleri tawus guşlaryň sesine meňzäbem gidýär... Özlerem aýagaldygyna degişýärler. – Aý-u Sona, sen bu gün biraz işe giç galyp geldiňem welin, birgat geplemedi saňa? – Wi-i, Jemal jan, o maňa näme diýip geplesin?! Özi näme? Özem aýagyny ýempäp, guşlukdan soň görünýän wagty biz geplämizok-a?! Sona hemmä gönükdirip gepledi: – Wah, onuň aýagy agyrýar ahyry? – Aýagy agyrýar diýýäňmi? Ýaman gynanýaň-la gyz oň aýagyna?! Boýdaşlary Sona meçew berip, heşelle kakdylar: – Howwa gyz, bu tula birgadyň aýagyny gaýgy eden bolup... Hany şunuň merkini bersene! – Näme diýjek muňa – diýip, gapdalyndakylar Sona daýzany gižželäp ýylgyryşýarlar. – Birgädyň aýagyna gynanýan bolsa, aýagyny owkalap beräýsin. Beterinden beteri bar. Gelin-gyzlar özaralarynda diliňe gelmejek zatlaram patyladyp goýbermäge ökde. Olaryň biri gapdaldan çykyp: – Aýagyny owkalasaň, taýagynam owkalamaly bolarda – diýip, jakgyldap güldi. – Haýsy taýagyň gürrüňini edýäňiz gyzlar? – diýip, ýene bir gelin bilmediksiräp soraýar. Gyzlar garaşdyrmaýar: – Iki aýagynyň ortasyndaky taýagy. Gelin-gyzlaryň gyk-bagyny, gülkülerini uzagrakdan synlaýan Ziýne öýe girmänkä töweregine esewan etdi, hemme zat ýerbe-ýer. Ol Bapby birgat gelmänkä içeri girdi, häli etmeli işleri birentek. Ýöne onuň esasy etmeli işi bar, ol hemmesinden wajyp. Ol ýoldaşynyň eşiklerini alyp, emaý bilen bagryna basdy, üýtgeşik ysy bar. «Bular Merdanyň kir eşikleri. Düýnden bäri ýuwaryn diýip goýupdym. Ýöne ýuwasymam gelenok, ýuwsam söýgülimiň ysy ýitip gitjek ýaly. Ýoldaşymyň ýok wagty onuň eşiklerinden bark urýan ys, onuň ruhy ýaly. Ýok, men onuň eşiklerini ýuwmaýyn. Ýöne ýuwmasamam bolmaz-a. Hiç bolman bir laýyn eşigini ýuwman saklaýyn. Ony men ýatanymda ýanyma alyp ýataryn. Dym-m erbet küýsänimde ysgap-ysgap doýarym ýaly». Çopanystandaky «menpetdeçiler» hem asmandaky süýnýän ýyldyzlar Ynsanyň öz aňynda döreden elhençliginden gorkunç zat ýokdur. Steýnbek Süri agşam sergininde gäwüş gaýtaryp ýatyr. Olaryň gözleri agylyň içinde balkyldap, ýyldyzlara meňzäp gidýär. Çopan uzakly günüň argynlygy bilen ýaňyja süýnenem bolsa, üç ýoldaşy ýene bir ýerden peýda boldy. Olaryň hümürdisi, özara hyşy-wyşysy ýatmaga goýjak däl. Bilýän, siz prowakasiýa edýäňiz, siziň bilen ugraşmak hatarly. Çopan içki oýlaryny bes edip, olara ýüzlendi: – Aslynda siz bilen agyz deňäp oturmagam gerek däl. Siz sesinden başga bir suwutly sypaty bolmadyk zat. Hany, maňa hiç bolman öz bolasyňyz gelýän keşbi aýdyp beriň?! Inçe ses: – Men eýýäm seniň aňyňda belli bir şekili ýada salýan bolsam, onda men şolduryn – diýip, arkaýyn gürledi.. Ýogyn ses ondan kem galman: – Men her bir söhbet tamamlananda soňky sözi aýdýançy bolasym gelýär. Ysrafyl perişdäniň surnaýy ýaly sesimem zordur ýagny. Gyryk ses birki ýola bogazyny arçap: – Men... men... Aý men bara... – diýip sakyndy, soňam saýrap başlady. – surnaý diýeňde gargy tüýdük ýadyma düşdi. Meň sesim edil şoň sesi. Gyryljyk ses kalba rahatlyk berýär. Bir zat düşündirýän adamyň sesi gyryk bolýar. Men... onsaňam men-n... Çopan onuň sözüni böldi, emma aýdan sözi hemmesine degişli boldy: – Aý-ý, siz-ä bir men-men ekeniňiz-aý. Indi bildim. Her agyz sözüňiz men bilen başlaýar, men bilen gutarýar, içiňizde men sözi petde-petde bolip durmuka diýýän. Size näme diýsemkäm? Ha-aý, menpetdeçiler. Özüňize golaý keşbi-kamat barada aýdyp beriň diýdim, siz bolsa öwünip ugradyňyz birhili. Ýa ýalanmy? Asmandan ses-üýnsüz ýyldyz süýnýär. Çopan oňa seretjek diýip menpetdeçileri ünsden düşürdi. Bu hemişe şeýle bolýan zat, köne endik. Çopan ýeriň atmosfera gatlagyna geçip başaran meteorlary synlap, olaryň süýnüp barşyny görende, was-was pikirli ýoldaşlaryny ýatdan çykarýar. Şeýle ýagdaýda uklap galmagam gowy. Çünki, soň ymyzganyp barýarkaň ölüm hakda oýlar bimaza edenok. Ertir Gün dogar-dogmaz oýanarsyň welin, kalbyň tep-tämiz, älem-de gözeldir. Örä howlugýan goýunlaram köňlüňi ýaşamaga höwesleýär... (palindrom - 12) Nirwana ene. Balykçy balykçyny alysdan görýär diýleni çyn. Ajal hem balykçy ýaly bizi awlamak kastynda. Biz bolsa ajal bilen oýun edip, rysgymyzy yzlaýas, geň dälmi?! Bir günem barybir ajalyň nesibesi bolmaly. Hürri bu hakda oýlanyp ýetişmedi. Ýöne başga kän pikirleri bardy. Ahyry ölüme baryp direýän pikirler. Internadyň mugallymlary onuň barja hossarlary. Onuň ýatan keselhanasynda nobat tutup saklasalar-da, Hürri entegem komada. Bu agyr uky halynda hem Hürri ýaşamaga çalyşýar. Ýaşamaga çalyşýar diýildigi – ol balyk tutmaga meşgul. Komada ýatyr. Haçan özüne geljegi belli däl. Emma aňy deňiz kenarynda, derýa boýunda, kölüň gyrasynda, umuman bir suwluk ýerde, ýöne nämälim bir ýer. Dogry ol özüniň ýarawsyzdygyny bilýär, özüne berkidilen şepagat uýasynyň kän bir diýenindenem çykanok. Şepagat uýasy diýende, ol birhili Esfire çalarak çalymam edýär. Ýöne o diýen däl. Haçanda ak lybasly şepagat uýasy belent kenardaky öýden çykyp, deňze çeňňek oklap oturan Hürrä yşarat edende, ol derrew çeňňegini taşlap gyza tarap ylgap gidýär. Edil iýmçi owlak ýaly bökjekläp ylgaýar. Gyz hem ony uzak saklanok. Birje sanjym, bolany. Hürri ýanbaşyny çala owkalap ýylgyrýar, soňam «Beh, ary çakan ýaly etdiňiz-äý» diýip gözlerini gülürip, balagyny çeker, soňam kenara, çeňňeginiň ýanyna şapadaňlap gaýdar. Onsoň ol kenarda çeňňek ýüpüne ünsüni baglap kän oturar, wagt bolsa wagty bilen akanok, wagtyň süýgeşip, syrygyp haýaljykdan gaýdyşy edil bal ýaly. Eger wagty görkezýän abzalyň pelsepewi görnüşi ýasalmaly bolsa ýokardan aşak suwsagat ýa-da gumsagat däl-de bal akýan sagat ýasamaly. Sebäbi wagt bal ýaly lezzetli ahyr. Ýa-da bolmasa adaty gumsagatlaryň içinden akýan çägäniň ýerine lowurdap duran şeker dänejikleri belki duz owuntyklary akýan sagat ýasasaň bir kämil mazmuna eýe bolmazmy?! Soňra Hürri garaşman durka çeňňegiň ýüpi agralyp ugrady, «i-ih, hipp, peh, aw-waw hep iy-ip... Wira. Arriwa derçe. Maýna kamfo- of-f» Hürri haýsy dilde gepleýänini hem undup, aw keýpine berildi. Sanskritçemi, şumer-akkad, gadymy arameý dilinde, belli däl. Mejnun bol-a. Çeňňegiň ujunda täsin bir balyk bar eken. Ol çeňňek ýüpüniň çarhyny gyssanman çekip gelýärkä, ony lakgadyr öýütdi. Ýene birki balyga meňzetdi, hiç haýsam däl eken. Balygy kenara çykaran soň, agzyndan çeňňegi sypyryp durka, Hürri asmana seretdi. Çünki balygyň gözleri map-mawudy. Ol balygyň gözlerine asmanyň yşygy düşýärmikä diýip çen etdi. Balyk bolsa oglanjyga seredýärdi. Onuň gözleri edil Esfiriň dideleri ýaly map-mawy. Eflatuny gök. Özem sessiz aglaýar öýdýän. Şol arada «Balygam gözýaş döker, ýöne deňiz nirden bilsin» diýen bir sözlem ýadyna düşdi. Hürri deňiz aglanyny bilmänden soň, bu balyk meniň ýanymda aglaýarmyka diýip oýlandy. Belent kenarda ýene şepagat uýasy göründi. Hürri oýlanyp durman, balygy taşlap, onuň ýanyna ylgady. Gelşine-de «Her gezek maňa näme derman sanjym edýäňiz-aý» diýip, çaga bilesigelijiligi bilen sorady. Şepagat uýasy elindäki şprisi görkezip: «Anawrin – diýýär-de, soňam şprisli goluny ýokary göterýär – Ynha, özüň göräý». Oglan sanjym edilenden soň ol başga bir dünýä düşýär, täsin älem, jadyly dünýä, edil erteki. Nirwana diýseňem boljak. Çopanyň pikirleri gözýetime çenli uzaýar Seni Senden soradym men, Meni menden aýran eý Ýar! Ýerden Arşdan aradym men, Tüni Günden aýran eý Ýar! – Ynha, bu sähra, Çopanystan, menem süriniň başyny çeken ynsan. Başga ýerler maňa da:ar, dar ýagty Jahanystan. Munda ýaşap ýöreniňden ne peýda bar, ne zyýan. Ýöne bir zady bilýän, bir hakykat maňa doly aýan. Ýaradan janymyzy hem bize ýagşyyk üçin alýar. Bize we biziň ýakynlarymyza haýyrly bolmagy üçin alýar. Oňa ynamym kämil. Egri taýagyna söýenip duran Çopan edil öz dilinde aýat okaýan ýaly pyşyrdap bir zatlar sarnaýar. Onuň sesini ho-ol goldan aňry äkider ýaly çölde awara şemalam ýok. Çopan gözýetimde göterilip, suwuň girdaby ýaly towlanýan tüweleýden gözüni sypdyrman: – Uzakdan synlasaň oda düşen ajdarha ýaly towlanýar – diýip, öz ýanyndan ýylgyrdy. – Aý ýok bi nebsi öňüne düşen ynsana hem meňzeýär, ynsanam şeýle bolanda guduz açyp, dört tarapa, asyl alty ýana alakjap, topulyp, özlügini, durkuny ýitirýär. Ynsan nebsinden gaçyp gutulyp bilmeýär, diňe ony kast edip, bir gün öldüräýmese. Çopan öz-özüne sowal berdi: «Sen nätdiň, sen nebsiňi öldürip bildiňmi? Gadym weliler ölmezden öň ölmekligi özlerine buýrupdyrlar ahyr. Bu diýdigi, ne diýdigi? Hemme zady terk etmekmi? Islegleri pisläp, höwesleri haram edip, öz-özüňe garşy gidip, özlügiňi kalbyňdan ýok etmekmi? Onda ýaşaýyşyň manysy näme?» Ol nebis babatda, kapyrruhuna sygynyp, nebsini nä güne salandygy babatda pikir etse, şükür edýär, geçen günleri ýatlasa, gözi ýaşarýar. Hem begenip, hem ökünip, hamsygyp goýberýär. Çopan käte «Sen nädip halas bolup bildiň» diýip, özüne sowal berýär, geň, nädip? Ýogsa birinji heläk bolmaly biri bar bolsa ol şol. Şu ýurduň ykbalyna täsir edip bilýän iki-üç adamyň biri. Wezipe bir elde, baýlyk beýleki elde. Meslikden dünýä sygyp bolanok. Çopan depäniň üstünde asmana seredip, uzyn ýuwudyndy. Hälem bu çöl bar eken bagtyma. Meniň halas bolmagym üçin ýaradylan ýaly. Ýöne onça mertebäni, onça baýlygy terk edip gaýtmaga näme sebäp boldy?! Kän wagtdan bäri ýüregini bulaýan zatlar bardy. Ýogsa-da özem her dürli işleri edip bilýän halyna, käwagt ynsaby azar berýärdi oňa. Bir ýola bir ýerde özüne hyzmat eden şäher häkiminiň el ýuwduryşyny görüp, agzyny açypdy. Eli kündük-legenli daýaw pyýadanyň egninde tüýjümek elsüpürgiç. Ol ýokary wezipeli myhmanyň elini ýuwdurandan soň, kündük-legenini gapdala goýup, egnindäki süpürgiji alyp, süpüribem berdi. Şony geň görüp, ine, hakyky desmalçy şü diýipdi. Bir günem... ...Agşam daşary ýurtdan gelen myhmanlaryň hormatyna banket guraldy. Döwlet derejesinde geçirilýän çäre. Ol başdan-aýaga şol ýerde boldy, endik edilen iş bolsa-da ýeňil däl. Belent mertebeli hökümet adamlarynyň resmi sapary mynasybetli agşam nahary, soňam aýşy-eşret çekilen gije... Belent depäniň üstünde oturan çopan bäş-alty ýyl öňki wakalary ýatlap, şol wagtky adamy, hem häzirki eli çopan taýakly adamy bir ýerde goýup bilenok. Goýasam gelenok. «Gowy boldy şonda bar zady terk edeniň, berekella Çopan!». ...Gije ýarymdan agyp, daňa golaý. Ol tisginip ýerinden galdy, mojuk bir düýş görýän ekenim diýdi. Ýerinden galyp, özüne gelip bilmän kän oturdy. Entegem agşamky banketde içilen gymmat çakyryň humary kelleden çykanok. Ol ýene gyşardy, «Biraz irkilsem-a kem bolmazdy». Daşky gapa garap kän ýatdy. Daşarda horazlar gygyryp başlady. Obanyň sergin howasam penjireden syzylýar. Ejesiniň hemişeki mährem sesi: «Körpäm, turaý indi, ikindi bilen agşamyň arasynda ýatmaly däldir, turaý Janmämmet jan». Çopan şol gezek säheri-şamy unudyp ýerinden turupdy. Ýigrimi ýyl mundan öň dünýesini täzelän käbesi düýşünde Gün ýaşyp barýarka ýatmawer diýip oýarjak bolup, azara galýardy. Hem bir okara gyzgynja süýt hödürleýärdi. Daň bireýýäm atyp giden eken şonda. Käbesi bolsa, ikindi bilen agşamyň arasynyň gürrüňini edýär. Çopan şondan soň kyýamatyň nyşanyny gören ýaly boldy. Dowamy bar >> | |
|
√ Sary bagşy / powestiň dowamy: Kesel - 06.03.2024 |
√ Aýuwlaryň aýdymy / powest - 31.07.2024 |
√ Baga bagşy -12: «Bizden döwran geçdi diýiň daglara-a!» - 08.03.2024 |
√ Ene / powestiñ dowamy - 14.01.2024 |
√ Sary bagşy / powestiň dowamy: Pürli - 06.03.2024 |
√ Baga bagşy -7: Ýatlamalaryň ýumagy - 07.03.2024 |
√ Aýuwlaryň aýdymy -8: powestiñ soñy - 10.09.2024 |
√ Sary bagşy / powestiň dowamy: Aşgabady tisgindiren owaz - 06.03.2024 |
√ Sary bagşy / powestiň dowamy: Bamy - 05.03.2024 |
√ Baga bagşy -2: Keramat - 07.03.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |