12:54 Palindromaniýa: Bagyñ içinde täsin sahnalar | |
PANILNDROMANIÝA: BAGYÑ IÇINDE TÄSIN SAHNALAR
Powestler
(Ziýnäniň gizlin gündeliginden) Bagyň içi ala-ýaz. Merdan gideli bäri obanyň gyz-gelinleri entegem bagyň içinde işläp ýörler, Bapby birgadam olaryň ýanynda. Bu bolýan zatlara men haýran. Ileri bakýan, gaýra bakýan. Öýe girýän, daşa çykýan, bikarar. Bu oglan gelibermedi. Hemişeki ýaly näme etjegini bilmän iki ýana elewreýän, bagyň içi gysyp-gowrup barýar. Bir duýgy: Merdanyň gidenine ýüz ýyl bolan ýaly, iň ýamany ol hiç gelmejek ýaly. Bapby birgat öýläne ýakyn baga gelýär. Gyz-gelinleriň edýän işlerine gözüniň gyýtagyny aýlap, başyny ýaýkaýar. Aý, güýmenip ýörseler bolýar diýýärmikä. Onuň bar derdi bagyň buljum ýerine sümmek. Hemişe işe gijä galýan Sona elini kölgeledip: – Özi Gün öýleden agansoň gara berýär, ýene dynç almaga ýer gözläp ýörmesi nämekä bi haýranyň – diýip, agaçlaryň arasyndan ýempäp barýan birgadiň yzyndan garap galýar. Sonanyň gepine känbir gulak asmaýan Gülek gyz gülleriň arasynda duran ýerinde gelşikli erkek adamyň yzyndan gözüni güldirip ýylgyrýar. Dünýäniň ähli gelşigi şol ýaly. Ýempeýän aýagy hem oňa ýaraşyk. Gülek hyýallara gar bolup barýar, kalby hem söýgüden püre-pür. Aýal-gyzlar ýuwunyp-ardynyp, nahara oturdylar. Men olara nahar äberenden soň derrew gaýtdym, ýalňyz özüm, öz işlerime gümra. Ýöne şonda-da gulagym aýal-gyzlar tarapda, olaryň gülki sesleri kalbyňa teselli. Arkaýyn iýip-içýän, ýazylyp-ýaýrap gybatlaşyp, gülüşýän aýal-gyzlar, bu bagyň içinde täsin bir görnüş. Ýöne olaryň içinde biri kem, gyzlaryň biri ýok. Gülek nirede? Biraz ýadaw bolsamam, ýaňyja ýuwan eşiklerini sermek üçin bagyň içine baryp, sebedimi aşak goýdum. Tämiz ö;l eşiklerden sabyn ysy bark urýar. Şol wagt... Golaýynda erkek adamyň hyjuwly hyşşyldysyna garyşyp eşidilýän pessaý aýal iňňildisine aklym doňup, zordan ellerimi ýakama ýetirenimi duýman galdym: towa, bu nämbollugy?.. Ýöne yzyma dolanmaga dyzlarymda rowgat tamasam-da, garyşyk sesler gelýän tarapa garamaga gaýrat tapdym. Injir agajynyň paşmak ýaly ýaprakly pudaklaryny birýana sowup, garşyma seredip, sesimi çykaryp bilmän, agyr ýuwdunyp, gözlerini tegeledim öýdýän. Gök köýnegi ýokary çermelip, suwy giden içgisi dyzyna düşürilen Gülek gyz Bapby birgadyň boýnundan gujaklap ýatyşyna gözlerini süzüp janagyryly iňleýär. Bapby birgat bolsa özünden ýigrimi ýaş dagy kiçi gyzyň üstünde damagy çalnan öküz ýaly harlap, bijaý omzaýardy. Soňra birden lap-lap gyzýan ýüzüni ellerim bilen tutup, tikenli gülleri aralap ylgadym aýagaldygyna. Soň seretsem, köýnegimiň etegini tikenler persala edäýipdir, wah-wah. Demim-demime ýetmän, daljygyp gelip, içki otaga urdurylyp girdim. Hiç ynanar ýaly däl. Belki düýş görýän bolaýmaýyn. Ýok, düýş däl, eger düýş bolsa, men düşekde ýatan bolardym, häzirem tisginip turardym. Ýok, ýok düýş däl bi. Pikirlerime ters gidip, ýatak jaýyma seredip goýdum. Birhaýukdan Gülek gyz ýaglygyny boýnuna atyp, sallanjyrap, bagyň içinden bir ýerden çykdy, ýüzünde owadan ýylgyryş, Bapby birgadam başga bir tarapdan hiňlenjiräp gelýärdi: – Geçiler daga ýaýrady, goýunlar düze ýaýrady, Ýarymyň bagynda edilen oýunlar bize ýarady... Yzyna bakasy gelmeýän Çopan Bir baý kişi bir garyp bilen bir ýola ýoldaş bolupdyr. Agşam oduň başynda otyrkalar garyp irkilipdir. Baý kişi ýeke özi oturmakdan ýadap, garyp ýoldaşyny oýarypdyr. Ukudan oýanan garyp, başyny ýaýkap: – Wah, nämüçin meni oýardyň – diýip, baýa gaharlanypdyr. – Men düýşümde baýdym, mal-mülküm bardy, hyzmatkärlerim hyzmatymda durdy. Ynha, sen meni oýardyň welin bary gaýyp boldy. Baý kişi bolsa biparh halda: – Parhy näme – diýip, garyp ýoldaşyna seredipdir. – Sen gözüňi açyp baýlygyňdan mahrum bolýaň, a men gözümi ýuman dessime tüwmaýak galýan. Barybir dälmi? Asmany a:l-gyrmyzy reňke boýap, ýaşyp barýan Gün, Çopanyň pikirlerini bir ýere çugdamlamaga kömek etmese-de, sürini bir ýere üýşürmäge sebäp boldy, bu hem az zat däl. Uly adamlardan hemme tamakin. Durmuşyň haýsam bolsa bir ýerinde kömegi degmezmikä diýip, her kim senden gatyumyt. Çopan bir döwür uly adam bolup gördi, uly adam däl, uly wezipeli adam. O döwür onuň ady-sory başgady, özi hem başgady, hakyt öz-özüni bilmez bir kişi. Beýlekiler onuň öňünde iki epilip hyzmata durardy, ylla bir gul, hyzmatkärden kem däl. Ata-enesi ýagşy adamlardy, oňa hem kiçilikden diňe ýagşylyk etmegi öwredipdiler. Ol ata-enesiniň aýdanyndan çykman ýaşady. Ýokary wezipä galýança özüne öwredileni kanun ýaly bildi. Soňam gowulyk edip ýaşady, ýa-da ýaşaýan ýalydy. Emma ol ýokary wezipeli egindeşleriniň arasynda ýörşüne bir zada göz ýetirip başlady, nähili belent mertebeli bolsaňam, ahyry ömür tamamlanýar. Düýn özüni zeminiň göbegi hasaplap ýören kişiler birden ýanyny ýere berip, ýere girýär, topraga siňýär. Çopan ol döwürleri ýatlamajak bolýar. Ýatlasa-da başly-barat. Ýogsa ol döwürler gowy ýaly görünýärem. O zamanlar onuň ady hem Jan Muhammet Japary. Ýurtdaky Iň ýokary wezipeliniň aşagynda oturan kişi. Premýer Ministr ýa-da bir wezirler kabinetiniň başlygy ýaly bir kär, wezipe. Şol belent «Arşy agladan» nädip bu çölüstana düşdi? Özem haýran. Ýene ýatlamalar hakydasynda ony oýnajak bolýarlar. Ýatlamalar, köne ýatlamalar. Ömrüni terse çöwüren wakalar. ...Köşgüň heremhanasy ak mermerden. Ýumşak ýatak, ýüpek ýorgan-düşekler. Kalbyňy meýmiredip barýan saz. Gapdalda giň saçak. Dürli-dümen naz-nygmat, alma-üzüm, portakal-banan. Müşki-anbar yslary bark urýar. Düşekde bir-birinden alçak üç zenan. Üçüsi hem ýalaňaç ýaly syrlaşyk eşikli, keýpleri kök. Gülüşip-oýnaşyp, sülmüreşip, pynhan mekany ala-ýaz edýärler. Üç zenanyň ikisi edil ekiztaý ýaly, özlerem onsekiz ýigrimi ýaşlarynda, üçünjisi ulurak görünýär, ýöne olardan has görmegeý, salykatly. Belki aram-aram gözlerinde ýylpyldap gidýän gussa ony owadan görkezýän bolmagam mümkin... Bu betmysala kişi näme meniň heremhanamyň agzynda köwejekleýär, näme meniň gapdalymda dur, alkymyma dykylyp? Näme meň bilen heremime girip, gyrnaklarym bilen ýatasy gelýärmikä gurramsagyň? Betmysala gollaryny owkalap, ýeser ýyljyraklaýar: – Ýaşuly jan!.. ýaşuly jan, siziň isleýşiňiz ýaly etdim. Gyzym, hem ine, körpe gyz doganym, aýalymam bar, neme, howwa, üçüsem ynha içerde. – diýip, başardygynda hoşgylaw, şelaýyn ýylgyryp, gapa ümleýär. Onuň oýnaýan gözlerinde «Siziň janyňyza lezzet bermäge üçüsem bireýýäm taýýar. Näme isleseňiz olar şony ederler. Arkaýyn giriberiň, Ýaşuly jan» diýlip ýazylan ýaly. Betmysala ýoknasyz gülümsiräp myrryhymy atlandyrýar. Men näme etsemkäm bu deýýusy. Öldüräýsemmikäm? Aý-ý, bi binamysy öldürip hem bolmaz-la. Namysyny üç gat haly düşän ýaly aşagyňa taşlaýan deýýuslar hiç ölmezler. Ol öz heremhanasyna girip, görmegeý zenanlar bilen aýşy-eşret çekmäge döwtalap. Seredip otursaň seredip oturmaly, süýtreňk ak beden üç zenan. Bir-birinden 15-20 ýaş tapawutly, ýöne bir-birlerine gaty meňzeş. Özlerem gaty arkaýyn, örän bezemen-uýatsyz. Ol şonda «Beh-h, - diýip başyny ýaýkady.- Bir-birine meňzeş, ýöne ýaş tapawutlary aýry-aýry üç zenany nirden tapyp bildikä? Nirden, nädip tapanam bolsa oňarypdyr enesi ýalamadyk, haramzada». Daňa ýakyn uklap galdy, üç zenan hem aýgujynda, başujynda onuň bilen ukudaş. Ýöne sähere ýakyn ol ejesiniň sesine oýandy: - Janmuhammet, oglum, gel süýdüň bişdi. Dagyň eteginde ýaýlyp ýatan ýaşyl otlukda ejesi ak süýtli okarany oňa uzadýar. Okarany başyna çekmäge häzirlenýär welin, süýdüň ýüzi gan çylgymlaryndan gyzarypdyr. Dagyň aňrysyndanmy, depesindäki bulutlar tarapdanmy bir ýerden atasy pahyryň güňleç sesi gelýär: «Kişiniň namysyna göz uzadanyň öz namysyny goramaga eli degmez. Akybetde kime näme eden bolsaň, özüňem şoňa laýyk bolarsyň». Ýok, bu atasynyň sesi däl eken. Bu gaty gadymy ses. Çopan indi ýaňadan oýandy. Indi oýanyp düýşüň içinde düýş görýänini aňşyryp galdy, wah arman. Ýerinden turup, bile ýatan ýalaňaç zenanlaryna seretdi. Olar uzak gijäniň keýpi-sapasyndan, şöwürinden soň, süýji ukuda. Onuň ýatalgasynda her haýsy bir tarapa başly-barat ýatyrlar. Edil jansyz, ýel berilýän seks gurjaklar ýaly. Bir zat aýdasy geldi olara, emma hiç zat aňyna gelmedi. Ýok, nädip başlajagyny bilmedi ýa. Gaty möhüm bir zatdy ýöne. Oňa toba etdiren zat. Bir gijede bar zady çepbesine çöwren zat. Gije ýanyna alan zenanlaryna aýtsa, düşünermikäler, asyl indi ony diňlärmikäler? Hemmelerden ötünç sorasa, toba etse, durmuşy düzelermi?! Günäleri geçilermi? Her bir zadyň başy we soňy bolmaly. Bu hakda oýlanan hökümdar ketde duýdansyz öýünden we ýaşaýan şäherinden çykyp ötägitdi, derwezeden çykyp barýarka aýaklarynyň çaňynam kakmady... Çopan garysyna ýassanyp ýatan alabaýy synlady. Alabaý ony känden bäri synlap ýatan bolmaly. Beýik pirleriň biri köçede gabat gelen bir ite seredip, Taňrynyň didaryna gowşupdyr diýýärler. Belki bu alabaý... aý ýok, bu-ýa biderek pikir. Ýöne alabaýyň dost kemi ýok. Alla näme? Alla hem ynsanyň dosty dälmi?.. Zenanyň gorkuly gözleri (Ziýnäniň gizlin gündeliginden) Bu gün bagyň içi gum-gukluk. Aýal-gyzlar hem gelmediler. Ýöne Bapby birgat geler diýen umydym bar. Ondan Merdany sorajak, ol haçan gelerkä? Onuň gideli bäri näçe wagt geçenini bilemok. Garaşýan, garaşýan. Ol bolsa gelenok. Ertirden bäri duz dadamok. Işdämem ýok. Gyzyl syrçaly hytaýy mejmäni miwelerden, ir-iýmişden dolduryp goýdum. Mazaly ýuwlan miwelerde suw damjalary buldurap durlar. Men olara bakyp otyryn. El uzadyp birjiginem alasym, dişläp, agzyma salasym gelenok. Edil kasam içen ýaly. Merdan gelmese hiç zat iýjek däl diýip. Indem otyryn. Ýaňaklarymy ellerimiň aýasyna goýup. Öýümiziň terseýwany baglaryň saýasyna çümüp otyr. Menem terseýwanda. Bu ýerden bagyň girelgesi gowy görünýär. Goşa garagym girelgede, ýüregim gürs-gürs... Bilýän-ä, zenan halky gorkak bolýar. Bu gorkyny diňe ýoldaşymyň tizara geljekdigine bolan ynam bilen basýaryn. Ýöne käte birden ol gelmese näme diýen dowul dünýämi gaplap alyp meni heläk edýär. Men näme etmeli şonda? Bagyň girelgesinde Bapby birgat göründi. Pikirler bilen başagaý, birbada oňa ünsem bermändirin. Hemişeki ýaly şol ýempäp ýöreýşi bilen gyssanman gelýär. Burnuna salyp hiňlenenem bolýar. Bu häsiýet muňa täze ýoň boldy. – Geçiler daga ýaýrady, goýunlar düze ýaýrady Ýarymyň bagynda edilen oýunlar bize ýarady... Aýdýan aýdymy dagy näteňet? Sözleri dagam düşnüksiz. Men onuň golaýlap gelenini bilip, derrew ýerimden turup, salam berdim. Arkaýynsyraýan Hiç zat bolmadyk ýaly bolýan. Onuň maňa açgöz seredişi gaýnag suw bolup ýakamdan guýulýar, gorkýan. Ol hem hiç zat bolmadyk ýaly, gelip garşymda gyşaryp, ýene nazaryny menden sowmaýar: – Hany, Ziýne gelin, bir käse çaýyňy içeli! Gözlerine seredip, onuň hakykatdanam suwsandygyny, bir zada teşneligini duýdum, emma menem bir zada teşnedim, ölüp barýardym teşnelikden. Her kim öz isleýän zadyny soraýar. – Merdan haçan gelerkä, Baba aga? Bapby birgat ýüzüme garaman gepledi: – Entek eglenermikä diýýän. Men onuň gepleýş heňini halamasamam: – Bir hepdejik diýip goýberipdiňiz, ýarym aý bolup gelýär, Bapby aga! – diýip, onuň ýüzüne garadym. Ol meniň sowalyma jogap bermän bir minut ýaly ýüzüme garap dymdy. Soňam: – Her hili ýagdaý bolup bilýär – diýip, ýüzüni gapdala sowdy. – Birnäçe ýyllap gelmänem biler, ýoldaşyň. Men ör-gökden gelip, gözlerim tegelenen bolmaly, ol meniň ýüzüme siňe seredip durdy-da: – Sen şeýdip seretseň juda owadan görünýäň – diýip, bihaýa ýylgyrdy. – Adam gorksa örän gözel görünýär öýdýän... Men onuň näme aýdýanyna düşünmän: – Siz nämeler diýip otyrsyňyz? Näme üçin? Birnäçe ýyllap gelmez diýmäňiz näme? Ol çynlakaý keşbe girip: – Ýoldaşyň gelmegini isleýäňmi – diýip, gaýta meniň sowalymy jogaplamaga derek özi sowal berdi. – Onuň gelmegem mümkin, gelmezligem ahmal. Her bir boljak zat seniň eliňde. Men onuň näme diýjek bolýanyna düşünmedim, emma inim bir zat syzan ýaly aýaklarym sandyrap gitdi, edil butlarymyň iç ýüzüni bir gözeilmez el sypalan ýaly goram-gowşak boldum. Salkyn saýaly bagyň içinde bir ýuwdum howa hem galmadyk ýaly demim gysyldy. – Bu näme diýdigiňiz, Baba aga, düşünmedim? Ol oturan ýerinden jogap berip bilse-de, ýerinden dikelip, gapdalyma süýşdi: – Ýoldaşyň gelmegi üçin sen bir şerti bitirmeli! Men tas essimden agypdym: – Näme şert ol – diýip, zordan agzymy gymyldadyp soradym. Bapby birgadyň gaty golaýyma süýşendiginem duýmandyrynam. – Ony özüň bilýänsiň – diýip, heser bilen gulagyma pyşyrdady. – Düýn günortan Gülek bilen eden işimiz bar-a? Senem bizi injiriň aňrysynda synlap durduň-a?.. Ana ikimiz hem şol iş etmeli. Men utandym, näme diýjegimi bilmedim, gorkudan dilim tutuldumy ýa? Bu meni gördümikä? Bar zady bolşy-bolşy ýaly aýdyp dur. Görüpdir meni. Ol bolsa ýene tekrarlady: – Ikimiz bir iş etmeli, özüň bilýäň-ä näm işdigini. Men agzymy hem açman tarsa ýerimden turup, derrew ondan uzaga gitdim tasanjyrap. Ol ýene ýempäp yzymdan geldi. Men agaçlaryň öňünde durun, garşymda tikensiz ýumşak güller. Ol arkamdan maňa ýakynlaşyp: – Merdanyň dolanmagyny isleýäňmi – diýip, gyssanman tekrarlap sorady, – Ýoldaşyňy gowy görýän bolsaň, meniň aýdanymy etmeli sen, hökman etmeli, başga alajyň ýok. Çopanystan. Täze atan daň – Gün her gün irden owadan bolup dogulýar. Hemme zatlardan ýokarda, hemme zatlardan gelşikli-gowy, ajaýyp, nurana Gün bolup. Bizem şol Gün bilen täzeden dogulýas her gün. Ýöne Gün ýaşara çenli günä baryny edýäris. Ertir ýene Gün dogar, heme zatdan ýokarda we päk bolup, bizem onuň bilen täzeden doglarys diýip umyt edýäs. Geçmişinde eden işlerinden öler ýaly gorkan Çopan çölüstana özüni sürgün edip, halas bolmagyň ýollaryny agtardy. Pikirlere, ýatlamalara berlip, näçe ýyly boş harjady. Çopan näçe ýyla çeken sürgünden soň, sähranyň içinde tapan takwalygynyň tepbedini okap, ýene bir ýerlere başyny alyp, çykyp gitmegi ýüregine saldy. Ýöne gitmezden ozal üç ýoldaşy bilen hoşlaşmaly. Aslynda ol göze görünmeýän üç ýoldaş. Çopan diňe olary seslendirýär. Galan wagt olar Çopanyň kellesinde ýaşaýarlar. Çopan indi olary bu düňle sährada galdyryp gitmegem birhiliräk görýär. Ol inçe sesli tawusyň tawuşy ýaly ýakymsyz sesi bilen hemişe kalbyňa gorky salýardy... Ýogyn ses hem Ysrafyl surunyň indi eşidilmeli sesine meňzäsi gelýän binowa. Gyryljak hyşşyldyly sesi nämä meňzedip bolar? Oýlanyp barýan Çopanyň pikirlerini dyr-pytrak edip bir ala ýylan ýoluny kesip geçip gitdi. Ol ürgün çägäniň ýüzünden yz galdyryp suwlyp barýar. Çopan sähradan gaýtmaga taýýarlanýar. Gyssanýar bir zada. Kyýamat golaýa gelende wagt gysgalar diýen hadys bar diýýäler. Dünýäde edilýän gabahat işler näçe köpeldigiçe, wagt azalyp barar, azalyp barar. Çopan belki Günüň daşyndan aýlanýan, şol bir wagtda öz göze görünmeýän okunyň daşyndan aýlanýan planeta pyrlanyp-pyrlanyp, gaty tizligini artdyryp barşyna, birdenem öz okundan sypyp gidýän bolmaly. Öz okundan sypybam howasyz giňişlige girip gidýär. Howasyz giňişlige bat bilen urlup soňam tersine dönýändir, ana şol wagtam Gün ters tarapdan dogulýan bolmaly. Bu Çopanyň öz çaky. Ýer göteren sary öküz hem ýüpünden boşanan zeminiň yzyndan garap galýarmyka, ýa-da ony bagryna basmaga howlugýarmyka?! Dowamy bar >> | |
|
√ Palindromaniýa: TamA Amat bermez - 03.07.2024 |
√ Aýuwlaryň aýdymy -7: powestiň dowamy - 10.09.2024 |
√ Palindromaniýa: Hoş ses. Taş ses - 04.07.2024 |
√ Aýuwlaryň aýdymy -4: powestiň dowamy - 07.08.2024 |
√ Oñat oglan / powestiñ dowamy - 06.08.2024 |
√ Baga bagşy -3: Iliň gapysynda - 07.03.2024 |
√ Sary bagşy / powestiň dowamy: Ansambl - 06.03.2024 |
√ Aýuwlaryň aýdymy -6: powestiň dowamy - 28.08.2024 |
√ Baga bagşy -9: «Ner zarbyny ner biler...» - 08.03.2024 |
√ Palindromaniýa: Bagyñ içinde täsin sahnalar - 05.07.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |