13:20 Pelek oýny / powest | |
PELEK OÝNY
Powestler
Her gün daňdanlar horaz sesine oýanýan Gülperä uzakly gün näçe diýseň iş tapylýardy. Ejesi-hä sygyr sagardy, Gülperem sygry çopanyň öňüne kowup gaýdardy. Soňky wagtlar bu ýagdaý onuň üçin halys endige öwrülip gidipdi. Sygyr çopany diýilýänem mekdebi öten ýyl özi bilen tamamlan oglany Hyrydardy. Ol ýygrady, Gülperä duşanda-ha beterem utanardy. «Menem bütin ömrümi çopançylyk edip ötüresim ýok, gulluga göterinçäler güymenäýýän» diýerdi. Ol gowy oglandy. Boýy-syratam hiç neneň däldi. Ýöne näme, oba gyzlarynyň çopan-çoluga göwni ýetýäni barmy? Olar muny Hyrydardan, onuň ata-enesinden gizlejegem bolup duranokdylar. Durmyş gurmak pikiri Gülperiniň kellesine-de gelmeýärdi. Dogrusy , synpdaş oglanlaryna duşanda, olar bilen degşip-gülşup oturardy, ýöne göz astyna alyp ýören ýigidi ýokdy. Güýz günleriniň birinde daýysy Tosy gullukdan geldi. Gülperiniň şol gün bolaýşyny diýsene. Esgeriň ilki bolup öňünden çykanam özi boldy. Tosy öňküsine garanyňda birneme daýawlanypdy, ýüzjagazyna gelşip duran murtjagazam bardy. Elindäki çemodanyny ýerde goýan dessine: --Gülperi ýegen, bu senmi?—diýdi. Gülperi daýysynyň boýnuna bökdi. --Daýy jan! Sag-aman geldiňmi? --Tüweleme, sen-ä ulugyz bolaýypsyň. Daýy-ýegeniň sesine içerden Sabyr eje-de çykdy, asyl ony Gülperi buşlamaga-da ýetişmedi. Ogluna bakan «Balam» diýip gujagyny gerdi-de, esli wagtlap ony gyjaklap goýbermedi. Soňra olar tirkeşip içerik girdiler. Kakasynyň düşekde ýatanyny gören Tosy: -- Kaka jan, sen hassamydyň? – diýdi-de, ony ýatan ýerindekä gujaklady. -- Oglum, jan oglum.– Meret aga başyny galdyrjak ýaly etdi. Tosy kakasyna tirsegine galmaga kömek etdi. – Tüweleme, tüweleme, sen-ä hakyky esger bolupsyň.On iki synaň sagat bolsa bolýar. Jahanda nämeler bolanok. Meni welin birjigem gaýgy etme, indi-hä ýagdaýym asylam gowy. Derdem näme, birden gelse geläýýän ekeni. Olar birsellem dymyşyp oturdylar. Begençden ýaňa gözýaşam etdiler. -- Kakasy, sen nä ony goýbermän dursuň. Balajygym ajygandyr, suwsandyr diýeňok. -- Äý, senem-ä keýwany aldyň-aý. Sen nä öz oglumy indi mendenem gysganýarmyň?--diýdi-de ogluna garap gürledi. --Ynha, ejeňiziň-ä bolşy şeýle, was-wasy diýilýäni bolupdyr. Sen heniz boşap gelmänkäň saňa gelinlik gözläp, oda-köze düşup ýör. -- Aý, kakasy, eýýämden o günlere ýetibermesene. -- Meni öýerjek bolýaňyzmy? -- Hawa, oglum, sag-aman geldigiň öýerjek bolup ýördük. Mazalyja gelinligem tapdym saňa. -- Kim ol gyz eje? -- Wah, guzym, heniz egnuňden harby eşigiňi çykar. Ýuwun, iýip-iç. Ö zatlar arkaýynlykda çözüler ýörer. Ýöne seniň kakaň bir sabyr-takatsyz adam, ol muny agzynyň ugruna aýdyp goýberäýdi-dä! Içinde gep saklanok… --Men ejeme buşlajak – diýdi-de, Gülperi öýlerine bakan eňdi. --Bar, bar gyzym, Ogulboldynam begendir. – Sabyr eje ogluny ýaňadan gujaklady. Şol gün agşam olarda uly toý tutuldy. Mal soýlup, uly mähelle gaýtaryldy. Ony gullyga ugradan oglanlaryň ýene-de bir ýere başy jem boldy, ýary gijä çenli aýdym-saz ýaňlandy. Harby eşik adamy haýbatly, göze Arzyly görkezýärdi. Tosynyň giň döşünde-de orden-medaldan ýaňa ýer ýokdy. Gülperi bu barada daýysyndan gullykdan gelen günuniň ertesi sorady. --Daýy, döşüňdäki demirleň näme, sylaglaryňmy? -- Aý, ýegen, bu bir esgerleň edäýýän oýunlary. Gullukdan boşap gaýdýan oglanlara tapan-tupan zatlaryny dakynyp gaýtmak ýoň bolupdyr--diýip ýylgyrdy. Şoňam ol süýem barmagy bilen iki sany ordeni görkezdi. – Ine, bylar welin hakykatdanam özüme berleni. -- A sen näme üçin biziň ýazan hatlarymyza hijem jogap ýazmadyň? -- Onuňam özüne ýetik sebäbi bar ýegen. --Gizlinmi? -- Gizlin. -- Aýtmak bolmaýamy? -- Bolanok. Aýtmaly zat bar, aýtmasyz. -- Indi mendenem gizleýäňmi? -- Diliňe bekmiň? -- Söz berýän. --Olar ýaly bolsa aýdaýyn. Biz bir gezek, serhet ýakasynda gulluk edip ýörkäk, söweşe gitmeli diýen buýruk aldyk. -- Söweşe? Owganystanamy? -- Adyny tutma. O barada ejemem bilmeli däldir, kakamam. Onsoň duşmana gapyllykda üstümizi basdyrdyk. Uzaga çeken atyşykdan soň olara özbek ýigidi Kadyr ikimizi diri ele salmak başartdy. Tüpeňiň gundagy bilen çem gelen ýerimize urdular. Men-ä bireýýäm janymdan el üzupdim. Olar bizi näçe ursalar-da, öldürmekçi däl ekenler. Ony soň bilip galdyk. Biz olara diri gerek bolupdyrys. Hawa, ýegen, bu zatlar serhetden aňyrda bolan waka. -- Onsoň näme boldy? --Sözümi bölme ýegen. Maňa o wakany gürrüň bermek ýeňil däl. Kadyr ikimizi bir çukura atdylar-da, atyşyklaryny dowam etdirdiler. Gidenlerinde-de üstümize gum sürdüler. Men-ä demigip tas ölüpdim. Olaryň diline - beýlekisine düşüner-goýar ýaly däldi. Ikimiziňem diňe kellelerimiz görünýärdi. Belki olar bu ýere soň ýene aýlanmakçy bolandyrlar. Kadyr yetişibildiginden doga okaýardy. Soňy bilen menem onuň diyenlerini gaýtalap başladym. Atyşyk sesi kesilip, töwerek çolarypdy. Ses-üýn eşidilmeýärdi. Ine, şu ýerde-de ýegen, çöregimiziň bitinligini aýtjak bolýan saňa. Men-ä aram-aram gözlerimi açýardym-da, al-asmanda uçuşyp ýören guşlary görýärdim. Ýogsam gymyldara halymyz ýokdy. Soňy bilen dodagym kepäp, bokurdagym dykyn aldy, gözlerimiň öňüni salgym örtüp başlady. Kadyr çalaja iňleýardi. Men henizem onuň bolşuna düşünmeýärdim. Ol nämüçin iňleýarkä diýýän. Ýogsam menem onuň bilen des-deň ýençdiler ahyryn. Çalaja gozgandym. Bar güýjümi tijäbem «Kadyr, gardaş, saňa näme bolýar?» diýdim. Men öz göwnüme uly ses bilen gygyrandyryn öýtdüm.Ýöne ol beýle däl ekeni, sesim Kadyra baryp ýetmän bolarly. Ol gozganmadam. Aýaklarymy gymyldatjak bolup urundym, bolmady. Kadyr bolsa mahal-mahal özbekçe bir söz diýýärdi-de oňaýýardy. Ine, şu ýerde-de… wiý, ýegen, cen nämä aglaýaň? Tosy Gülperiniň gözýaşyny eliniň aýasy bilen süpürdi-de, gürrüňini dowam etdirdi. --Men ýaňy aýtdym-a çöregimiz bitin eken diýip, ynha, men seniň öňüňde durun. Maňa bolan zat ýok. Sen gowusy yzyny diňle. Dogrusy, şol mahal menem irkilipdirin. «Tosy, Tosy» diýip kimdir biriniň özümi yralap duranyna gözümi açdym. Men birbada hiç zady görmesen-de, şol ala sarmykda gowy görüşýän oglanym Arzylynyň “Hudaýa şükür, diri ekeniňiz” diýen sesini eşitdim. Soň welin hiç zat bilemok. Ol birsellem der döküp işläpdir, biziň ikimizem bir özi çukurdan çykarypdyr. “Diriligiňizi görüp, çaga ýaly begendim” diýip, onuň özi bize gospitalda ýatyrkak gürrüň berdi. Aldym-berdimli gazaply söweşden soň biziňkiler wepat bolanlaryň jesetlerini ýygnap ýörkäler biziň ýatan çukurymyza-da gabat geläýipdirler. Hiç kes bize diri galandyr öýtmändir. Kadyryň aýagy döwlen eken. Ikimizem birkemsiz gutulyp, ýaňadan gulluk ýerimize dolanyp bardyk. Bagtymyza biziň harby bölümimiz serhetden bärik, Orsýete göcürilen eken. A sen bolsaň hatyma nämüçin jogar ýazmadyň diýýäň. -- Seniň dostuň… --Biziň Arzyly bilen soň-sonlar dostlugymyz hasam bekedi, iýenimiz aýra gitmedi, ylla diýersiň kyýamatlyk dogan okaşan ýaly, ol diýseň artykmaç ýigit. Men ony öýe-de çagyrdym. Öl hökman geler. Geljegine-de ynanýan. Özem heniz öýlenmedik. Ezber batyr, üstesine juda syratly. Gülperi daýysynyň ölmän galanyna hudaýdan müňde bir şükurdi.Daýysynyň soňky sözleri welin ony pyrlandyryp goýberen ýaly etdi. ˝Syratly ýigit, özem öýlenmedik. Arzyly. Görsene muny, onuň adam öz häsiýeti bilen şaplaşyp dur. Daýymyň halasgäri˝. Gülperi şu sözleri özüne ylla doga edinen ýaly her gün agşam, ir saher ýatlady ýördi. Göz öňüne Arzylynyň keşbini getirjek bolup synandy. Asla getirdem, ýöne önuň ýüz-gözi oňa o diýen bir açyk-aýdyň görünmeýärdi. Onda-da ol uzakdan Gülperä ellerini galgap duran ýalydy. Bu ýagdaý bir gezek däl, telim öwre gaýtalandy. Ine, şeýdibem Gülperi heniz ömründe görmedik, tanamadyk, duşmadyk ýigidine gaýybana aşyk boldy oturyberdi. Indi ol arzylynyň adyny tutmasa, şol güni geçmejek ýalydy. Hakyt ejesiniň ýanynda-da onuň adyny telim gezek agzapdy. -- Bir gowy görüşýän dostum bar diýib-ä daýyň maňa-da gürrüň beripdi. – Ogulboldy eje adaja gepledi, o ýigidiň adyny welin tutmady. Haýp, Arzyly oba çagyrylsa-da gelmedi. Gülperi onuň gelerine daýysyndan beter howlukdy, syr welin bildirmedi. Sondan soňky durmuş hem öz akabasyna akdy durdy.Tosy öz ata-enesiniň tapyp beren Altyn atly gyzyna öýlendi. Yörite çakylyk iberse-de, toýa gelmedik Arzyly barada başga bir gürrüň welin toýuň yzýany ýaýrady. Arzylynyň haýsydyr bir gyz bilen gatnaşygy bar eken . Ana, şol gyzam bir gün ondan göwreli bolup, onuň öýünden çykman oturyberipdir. Toýam bolmandyr, şagalaňam. Tosy dosty hakyndaky bu habary tanyşlarynyň birinden eşidip geldi, hapa boldy. Bu habary eşiden Gülperiň ýüregi ylla örkünden üzulen ýaly boldy. Bar umydy uçdy. Ogrynlykda bar-bar bagyrdy. Gündizlerine-de özüni oňaýsyz duýdy, iş bilenem weji bolmady. Durmuşyň ähli süýjüsem, eşretem şonuň bilen gidäýen ýaly boldy. Tosynyň alan gelnem ýerlemedi, öýe ýylan giren dek boldy, ol bu içerä gelendencoň şeýle bir başagaýlyk başlandy welin, heý goýaý. Aslynda ol bir söwdagär adamyň gyzy eken. Lalik ösen gyz bu ýerde-de gelin bolup gelen ilkinji günunden öz diýenini gögertjek boldy. Gyzyl-kümüş dakynmaga höwes etdi, üstesine onuň elem egridi. Şabyr eje soňky geçen alty aýyň içinde ýitirim bolan çäýnek-käsesiniň, gap-çanagynyň hasabyny ýöredýärdi. Tosy bolsa her iki günden ýygşyryp goýan pullarynyň nirädir bir ýana gürüm-jürüm bolýanyna haýran galýardy. Özi-de şol ýitýän zatlar Altynyň jigileriniň öýe gelip giden günlerine gabat gelýärdi. Haýran galsaň galyp oturmalydy. Ýogsam, olaryň bolýan otaglaryna özlerinden özge adam girenokdy. Sabyr eje bir zatlary bilmän edenokdy. Guda tarapdan gelip gitdikleri «Garybyň maly gözüniň öňünde» diýäge-de, zatlaryny orta alyp tükellemäge oturardy. Bir gezegem Sabyr ejäniň sabyr käsesi püre-pür dolan borly. Palça pal atdyrdy. Palçam näme ýüz görüp oturanok.Ýüzune bakyp «Gelniňiziň eli egri. Araky ogurlanylan lomaý pulam şol alypdyr. Häzir şol ýigrimi ýaşly erkek doganynyň elinde. Ol pul yzyna gaýdyp gelmeýär» diýdi. Sabyr eje palçyň ýanyndan ýakasyny tutup gaýtsa-da, bu hakda ol hiç kesiň ýanynda dil ýarman, bar zady özüne basyp gezdi. «Gör-ä muny,oglumyň lomaý pulam ogurlanan eken, şonda-da dil ýarman ýör, indem palçyň gürrüňini ogluma aýtsam-ha şo dem gelniniň yzyna it salyp, ony öýden kowjak, ýogsa-da ony urup maýyp etjek. Zyýany ýok, ogurlanylan zatlar halal zähmetimizden satyn alnandyr. Olara düşäýmez, ir-u giç bir ýerlerinden ýarylyp çykar». Basym ýagdaýlar üýtgedi. Tosy başga ýerden jaý edindi, özbaşdak ýaşap başlady. Barybir gelniniň häsiýeti üýtgemedi. Ahyrynda näme boldy diýseňizläň?. «Pişigiň ýyndamlygy samanhana çenli», olar aýrylyşyp oturyberdiler. Altyn bolsa öýde hiç kimiň ýok mahaly öýüň goş-golamlaryndan geregini alyp turup gitdi. Bu habary eşiden Sabyr eje gynanybam durmady.Ýöne kakasynyň welin oňa ýüregi awady. -- Gaýtar gelniňi, il-gün näme diyer – diýip, aýalynyň üstüne gygyrdy.—Göwreli halyna-da bir aýrylyşybermek bormy? «Taýy at edýänçäň eyesi it bolar» diýlendir. «Aýaly başdan» diýlen gepem şondan gelip çykandyr. Gowşak tutsaň, ýönekeýje gamyşam eliňi gyýýandyr. --Gitse owarrama gitsin kakasy. Men-ä şonuň yzyndan barjak däl. Oguljygymy öýerip, özüm ony şu güne saldym. Indi goý oglumyň özi öýlensin. Şu gezek oňa rugsat berýän. Öz eli, öz ýakasy. Bu içerä gelin gelmedi, ýalyn geldi. Yalbarybam gördük, käýäbem çykdyk. Asyl ol näçe günläp men bilenem gepleşmän gezýä. Aslynda «Gurt çagasyndan ekdi bolmaz» ekeni kakasy, ol bize gulak asmady. Bileni-biteni atasy öýi boldy. Gün içinde bäş gezek jaň etdi, her iki gündenem doglan güni diýip öylerine gitmäni çykardy. Hiç birinde-de boş gidýän däldir welin, şunuň sandygam boşadymykanam diýýän. Besdir şu güne çenli çydap bildik. Şu, şu günem-ä içerinem özüm syryp-süpürdim. Çöregem özüm bişirdim. O näme edýä? Nahar bişirýä, birem ütuk edýa. Naharynyňam duzuna döneýin, tagam-tagsyr ýok. Öýde et bolmasa-ha duran ýeri. Bişiren naharyndanam ikinji bolup özüne guýupjyk alar. Soňky wagtlar kirinem-ä wagtynda ýuwanok, basyp goýýar. Biziň eşiklemmize-hä elinem degrenok. Wah, meni gepletmesene. Bar zada özüm ýetişerin. Oňem özüm edýärdim, indem ederin. Bar höwesem aýra ýaşamakdy, aýra-da ýasap gördi, bolmady… Gülperi haly dokaýardy. Onsoň halys iş bilen çolaşyp geçýärdi. Ol indi hemişekileri ýaly Arzylynyň adyny dile çolabam duranokdy, ýöne ýadyndanam çykaranokdy. «Eýsem, Yakymlynyň meniň ýanymda näme ýazygy bar? Bir gyzyň başyna düşeni üçinmi? Ol-a meni tananok, menem ony. Men nämäni gaýgy edýän diýsene» diýip içini gepledýärdi. Bir günem Tosy dostundan hat aldy.Arzyly tazelikde öz maşgalalarynda bir oglanjygyň dünýä inendigini, onuň adyna-da dostuny hatyralap, Tosy dakandygyny ýazypdy. Muňa tutuş maşgala bolup begendi. Durmuş ýoly çarkandakly diýleni. Bir günden bir günem täleý Tosyny Güljahan atly lukman gyz bilen tanyşdyrdy. Olaryň tanyşlygy tötänden boldy. Şol gün duldegşir goňşulary telewizorlary bir näsazlyk tapansoň Tosyny öylerine çagyrypdylar. Ol gullukdan öňem, soňam telewizor, radio bejerýärdi, bu işe birneme ökdeläpdem. Ol häzirki telewizoram birkemsiz bejerdi, birentek şaýlaryny çalyşdy. Ýöne ol içerki jaýdan goňşyň gyzy Gülhahanyň özüni synlap oturanyny görmedi. «Eje, şol ýigid-ä hiç neneň däl» diýip, Tosy gaýdansoň gyz içki pikirini daşyna çykardy. Şonda ejesi: -- Toba et gyzym, ol bir gezek durmuş guran. Seniň taýyň däldir—diýip, onuň al petinden aldy. -- Eje, öýlense öýlenipdir-dä bir gezek. Altyn oňa mynasybam däldi. Şeýle ýigidi eliňde göterseň-de azdyr--diýip, Güljahan Tosynyň giden tarapyna buýsançly bakdy. Ogryn-ogryn bakyşlaryň, syrly garaýyşlaryň, pynhan gürrüňleriň soňy şöýgä ýäzdy. Güljahan ejesini göwnetdi. Toýa uzakdan-ýakyndan myhmanlar çagyryldy. Arzyly toýuň arzyly myhmanlarynyň biri boldy. Toý güni her kim bir zat bilen gümrady.Gülperi bolsa göz astyndan Arzylyny synlaýardy. «Daýymyň aýdyşyndanam bäş beter bar eken. Bi syratly ýigit bilen gepleşmegem Arzyly, duran bir ulugyzyň bar-da. Arman ýylgyryp durka-da, toýda otyrka-da gözleri gamly görünýä. Şondan öňňe aýby ýok». Daýysynyň Arzylyny ýanyna çagyryp ''Ine, by meň ýegenim Gülperi'' diýip, tanyşdyransoň-a süňňi hasam gowşap gitdi. Olar birki agyz gürleşdilerem. --Men seni tanaýan-a. -- Aý, ýog-a? Meniň-ä seni ilkinji gezek görüp dürşum. -- O dogrudyr. Daýym maňa siz barada kän zatlary gürruň beripdi. Ol sizi özüniň halasgäri hasaplaýardy. -- Daýyň ýene nämeleri gürrüň berdi? -- Ýenemi? Ol siziň öýlenendiginizem, ogluňyzyn adyna daýymyň adyny dakandygyňyzam gürrüň berdi. -- Adamyňky paşmasa paşmaz ekeni. ''Öňüm bolandan soňum bolsun '' diýlendir uýam. Belki Tosyň bu gezekki nikasy şowly bolaýady-da. Bagtlary açyk bolsun… -- Sag boluň. Toýuň ertesi Arzyly dagy hoşlaşyp öylerine gaýtdy. Gülperi syr bildirmedi, ýöne ýüregi onuň bilen sogrulyp giden ýaly boldy. «Şunuň ýaly ýigit meň maňlaýymdan çyksa bolmaýamy?» diýip, soň-soňam içini gepletdi ýördi. Daýysynyň dostunuň maşgalasy barada beren gürrüňlerinden soň-a Gülperi çuňňur öýa batdy.''Asyl gözlerini gussaly gördümem-le. Wah, men ony aňşyrmandyryn. Hiç bolmanda göwünlik bir berip galardym.''Adamyňky paşmasa, paşmaz paşmaz ekeni'' diýip, ol öžüni göz öňünde tutup aýdan eken-ä. Gelniniň bäbejigini alyp öýüni terk edip gidenini men nireden bileýin?''. Şol günden başlabam Gülperi otly köýnek geýene döndi. Belli bir ýerde oturyp, ýüregi karar tapmady. Dokmasynyň başyna geçesi gelmedi. Öz-özi bilen gepleşdi ýördi. Iň ýamanam edil bilgeşlän edýän ýaly, daýysy onuň ýanynda Arzylynyň tarypyny edýärdi. Halasgariniň düşen günune ýürekden gynanýardy. Gülperi iki oduň arasynda galypdy. ''Boý gyz halyňa telpegi agandan başga adam tapmadyňmy?'' diýip, hemmeden öň ejesi onyň al petinden aljakdy. Gülperi ejesiniň şeýleräk äheňde berjek sowalyna şu günlerden jogap gözleýärdi. ''Daýym öýlenende telpegi agan dälmidi? Ustesine, Altynyň atasy öýünde gyzjagazam bolupdyr. Hanha, Güljahan gyz halyna öň öýlenen adama durmuşä çykdy ahyryn. Olaryň kem zady ýok''. Ýöne Gülperi ejesiniň bu jogap bilenem köşesjegine ýnanmaýardy. Şol günleriň birinde-de oba Arzyly geldi. Onuň ýüzi bu gezek öňküleri ýaly gaty bir tutugam däldi, şadyýandy, gülküsinde-de ýasamalyk ýokdy, ýüzi bilen gözi deň gülýärdi, keýpiçagdy. Gülperiň bolsa onuň sebäbini bilesi gelip içini it ýyrtýardy. Ol özi bilenem öňküsindenem mylaýym gürleşdi. Saglyk-amanlyk soraşdy. Aradan iki güni geçirip, ýene-de ol oba geldi. Gülperiň göwnüne ol bu ýere her gezek bir zady bahanalap gelýän ýalydy.Ýöne ol beýle däldi,Tosynyň ýanyna iş bilen gelip gidýärdi. Gülperi onuň bilen öwrenişdi gitdi. Ol Arzylynyň geldi habaryny eşitdigi daýysynyňka gaýdardy. Soňky gezek gelende-hä Gülperi oňa tut agaçlarynyň arasynda, çolaja ýerde sataşdy. Bi tötanden boldy. Arzyly şonda ilkinji gezek gyza has golaý durup gürleşdi. Muňa Gülperiň ýüzi çapady ýaly gyzardy. Ýöne ol basym öžüni ele aldy. Arzyly Gülperiden beter tolgunýardy, gözleri daş-töwereginde boldy. Belki ol şo mahal ýüregindäkisini aýtjak bolup, onuň tärini tapan däldir. Bu şeýle bolmaly. Gülperi onuň gözlerinden hut şu manyny okady, yzýany welin Arzylynyň özi gönüläp oturyberdi. Gülperiniň dili tutulan ýaly, birbada oňa name jogap berjegini bilmedi. ''Nesibedir-dä!''. Şondan başga söz diýmäge dili barmady. Arzylam geplemedi, ýüzüne garap dur. Birhaýukdanam ''Ertirem şu ýerik gelermiň?'' diýdi. Gülperi baş atdy. Arzyly ''Ertir geljegiň çynyň bolsa, onda men su ýerden gitjegem däl'' diýip, pyşyrdap gürledi. Gülperi ýylgyryp bariligine gaýtdy,Arzyly aňyrlygyna. Şol günuň ertesi näme bolandyr öýdýärsiňiz? Bir saý-sebäp bilen Gülperi duşuşyk ýerine baryp bilmändir.Arzyly welin şol güni daň atandan tä iňrik garalýança bellenilen ýerde dikilgazyk bolup garaşyp durupdyr. Sebäbi Arzyly gyzdan bu ýere sagat näçede geljegini soramagy unudan eken. Muny soňky gezek gelende Arzylynyň özi gürrüň berdi. x x x Giç öýlänlerdi, günüň penjireden düşýän şöhlesi içerini mazaly ýyladypdy. Ylla tomsuň ortaky aýynyň bir güni gaýdyp geläýen ýalydy. Heniz gyşyň örküjindekä täze ýylyň hasylynyň gaýgysyny edýän köpügören ýaşulular-a ''Gyşyň gyşa meňzemese ýazyň ýaza meňzemez'' diýşip, eýýämden hopugyşyp ýördüler. Her bir pasyl öz möwritinde höküm sürse ýagşy diýişýärdiler. Bir gezek şular ýaly guraksy ýylyň alabaharynda ýere galyň gar düşüp, onuň uzak wagtlap eremän ýatandygy o ýyl uly-kiçiň ýadynda galypdy. Gyş düşeli bäri yzgary ýetmedik toprak daýhany-da heýjana salýardy, maldary-da. Içerde daşaryny synlap oturan Ogulboldy ejäniň aladasy welin başgady. Ol mahal-mahal agraslyk bilen dem alsa-da, şol bir oturyşyny üýtgetmeýärdi. Ýok, ol garram däldi, näsagam. Käte-käteler özüne erk edip bilmän, başyndan geçiren külpetleri ýadyna düşende, ýüregi gysyp-gowrup barýardy. Puşmandan peýda ýokdy. Geçeni geçdi bilmeseň, şol agyr ahmyrly günleri näçe köp ýatlasaň, ol seniň saglygyňa, keýp-ahwalatyňa şonça-da badak salýar. Häzirem ol özünuň ýaşlyk ýyllarynda aldyran diwarda asylgy suratyna ser salyp, kän zatlary akyl eleginden geçirýärdi. ''Ýeri näme üçin adam ykbaly gaýtalanmaly? Meniň gören görgim azmy näme?''. Ogulboldy ejäniň gyzynyn bolşundan göwni suw içmedi. Ol yzakly güni kellesini tutup geçirdi. Agşamlyk onuň bilen egri oturyp, dogry gürleşmegi ýüregine düwdi. Agşamlygam Gülperiniň şol bir bolşudy. Öz-ä giç geldi, gelşine-de magnitafony uly ses bilen aýtdyrdy, ejesine barmysyňam, otyrmysyňam, ýaraňokmyňam diýmedi, özi bilen ber-başagaý, öýün içinde pyrlanyp ýördi. Içerde ses-üýn alyşar ýaly bolmady. Ogulboldy eje zöwwe ýerinden galdy-da, magnitafonly jaýa bakan ýöneldi. Bu mahal Gülperi kimdir biri bilen telefonda gürleşýärdi. -- Hä, oglan bardyňmy? Diýdim-ä geldigim jaň ederin diýip. Hemme zat gowy, ertir görşeris. Çao. – Ol trubkany goýup, aýnaň öňüne bardy. Elýaglygy bilen dodagyny süpürdi, saçyna, üst-başyna esewan etmäge durdy. Magnitafonyň sesiniň kesilen dessine Gülperi içki jaýda çalşyrynyp duran ýerinden gygyrdy. -- Eje, bu seň işiňmi? Aýdym saňa päsgel berýärmi? -- Şonsuzam kelläm güwläp dur gyzym. --Bagyşla eje, bilmändirin. – Ol ýuwyndy, süpürindi. Soňam aşhana aýlandy. Gazanyň agzyny açyp gördi, holodilnigi barlaşdyrdy. – Eje, hiç zat bişirmänsiňle. Men-ä aç. -- Gyzym, hanha elin mesge, saçakda-da gyzgyn çörek. Çaýyň gaýnap dur. Şolar bilen oňňut etmeli borsuň. Kelläm agyryp, nahara ýaramadym. --Dermanyň ýokmudy? -- Dermanyň haýry ýok. Meň kelläm dermanlyk däl, ol seň üçin agyrýar. -- Meň üçin? -- Hawa gyzym, seň üçin. Seniň bolşuň maňa hiýç ýaranok. --Meň bolşuma näme bolupdyr? Nämäm saňa ýaranok? -- Heniz garban, soň gürleşeris. --Ýok eje, men o diýen bir aç däl, gürleşmage ýarajak. -- Ýaňky jaň edeniňem şol diýýän adamyň dälmi? --Ol adam däl eje, oglan! -- Oglan bolaýşyny, öýlenen, çagasam bolan. Olar ýalaga kör düýesi köprüden aman-sag geçen diýýäler. -- Ol sallah ýigit. Seň o diýýänleňem eje, öten zamanda bolupdyr. -- Hany sen aç bolsaň, ilki bilen ondan-mundan garban. Gülperi ejesiniň göwni üçin çörekden bir döwüm bölüp aldy-da agzyna atdy. Soňam ejesiniň gaşyna geçip, edil çaga mahalkysyndakysy ýaly onuň maňlaý gasynlaryny sanamaga durdy. -- Bir, iki, üç… -- Samsyk bolma, gasyn sanalýan däldir. -- Sanadym eje, öňküňden dördüsi köpelipdir. -- Gyzym, gyzym men seni henizem çaga hasaplap ýördüm welin, a sen bolsaň… Kemakyllyk etme, töweregiňe bir seret, ätlejek ädimini bilipjik, görüpjik ätle. Deňi-dyşy diýilýändir. Özüň bilen ýaşytdas oglanlaryň heniz eňeginiň aşagyna tüý bitenok. Durmuşa çykmaga howlukma. Ol oglan seniň deňiňem däl, duşuňam. ''Açyk gaby item ýalar'' diýleni bolmasyn, gyzym. -- Eje, sen-ä ýene şol bir köne heňiňe tutduryp başladyň. Sen özüňi bil, başga zat bilen işiň bolmasyn. Oň bilen ýaşaşjak men¬-ä. Ýakymla näme bolupdyr, gül ýaly oglan. Görkünde-görmeginde-de kemi ýok, akyllam. Öýlense öýlenipdir-dä bir gezek. Nikalary şowly bolmandyr, bozulypdyr. Gaýdyp öýlenmek bolanokmy? Birek-birege düşünişip ýaşamak şol bagtlylyk dälmi eýse? --Gyzym, sen bir zada düşün, men seň ejeň. Meniň saňa ýamanlygym ýok. Senuň bagtly maşgala bolup ýaşamagyňy menem işleýän. Ýöne… ol oglan seň taýyň däl. Howlukma, bu işde howlukmak bolmaz. Her zadyň öz wagty bar.Ýaňy on sekiziňde, garrap baraňok. -- Eje jan, käbäm, gel şu gürrüňi birsellem goýaly. Seň şonsuzam kelläň agyrýar-a. Häzir men seň kelläňi owkalaryn. Togsan bäşlik çaýam demläp bererin. Ynha, dertden doly açylarsyň welin, şondan soň gürleşäyeris. Men senden bidin iş etmen. Seň razylygyňy alman, hiç kese, hiç haçan durmuşa çykman. Ogulboldy eje başyny ýassykda goýdy, soň geplemedi. Gülperi ýerinden turdy-da, çaý-naharyň aladasy bilen boldy. x x x Ogulboldy ýaşka şähdaçyk, şadyýan, alçak gyzdy. Onuň goňşy obaly Çerkez bilen assyrynlykda duşuşyp, halaşyp ýöreni hemmä aýandy. Aslynda Ogulboldy aşyk bolmazça gyz däldi, gözleri owadan, ýüzi tämiz, saçyndanam mydama bägülüň ysy gelýärdi. Ozi-de bir öýüň körpe gyzydy, ejesi bilen ýaşaýardy. Ogulboldy dokuzynjy synpda okap ýörkä, Bekgi jalaýy başga mekdebe işe geçirdiler. Onda-da ol şu mekdepden aýrylmady. Bir bahana tapdygy bu ýere gelerdi. Ogulboldyny görmese ynjalmazdy. Oýlerine-de baraýyardy, ýolda-yzda maşynyny saklap, onuň bilen gürleşmäge–de hyýallanardy. Bir gezek sataşanda-ha hakyt ejesi göwnese, maşynly şähere aýlap gaýtjakdygynam aýtdy. Ogulboldy-da munuň teklibine geňirgenibem oturmady, gaýta bu gezegem hemişekisi ýaly oňa jak-jaklap, gülki bilen jogap berdi. -- Bolýa, bir gün oňa-da gidäýeris. Bekgi jalaýyň başga işi tükenen ýalydy, oba arasyna çykdygy onüň öňünden pete-pet gabat geläýýärdi.Ýogsam onuň Ogulboldydan on-on bäş ýaş tapawudam bardy, üstesine öýli-işikli, çagalydy. Oba klubynda görkeziljek kinodyr spektakllara bardygy-ha öňünden çykardy-da, ýalym-ýulum edip, oňa saklap goýan hataryndan ýer görkezerdi. Ine, şeýdibem mekdep döwri ýzda galdy. Çerkez şähere okuwa gaýtdy. Ogylboldy kolhoz işine gatnady. Obada bolan mahallary Ogulboldynyň her bir hereketi Çerkeziň nazaryndan sypmaýardy. Ol Bekgi jalaýy näler ýigrenýärdi, alajy welin ýokdy. Ony bir gezek Ogulboldyň özüne-de aýtdy. Ogulboldy welin ör-gökden geldi. -- Ol-a meň gowy görýän mugallymlarymyň biri. Ynan, biziň aramyzda dostlukdan başga zat ýok. A seň bolsa derhal göwnüňe garalyk gidýä. -- Sen indi adaglandyň. Basym toýuňyz. Sen olar ýaly çaga hereketleriňi goý. Ot bilen öýun etme. -- Kim ol ot? --Bekgi jalaý. Ogulboldy ýene jak-jaklap güldi. -- Onuň ot bolaýşyny. Mugallymymy öz gününe goý. Gabanjaňlyk gowy däl. --Göwnüme bolmasa, ol seniň kalbyňy eýelän yaly. Asyl düýşüme-de girýä şol adam. --Sen okuwyň bilen bol, meni pişik iýesi ýok. Bekgiden-hä hatyrjem bol. Ol aýally, öýli-işikli, bizden kän-kän ýaşuly adam-a. Meni gabansaň öz den-duşuňdan gaban. Olar bir ýa iki däl. Ekizler Hydyr bilen Ylýasam meň yzymda kökenek. Onsoňam men Bekgiň aýaly bilen jora, öýlerine bardygym nirde oturtjaklaryny bilenoklar. --Sen olaryň öýlerine-de barýamyň? Gaýdyp-duwara şolaň öýlerine baranyňy esidäýsem, gaty gorme. -- Be, ýigid-ä gürled-ow. Eýýämden duluňa geçirene döndüň. Häzir men seniňki däl, çar ýanym açyk. Ýogsa-da, sen meň bilen ýakalaşmaga geldiňmi? --Näme diýseňem şol haramzadany hiýç halamok. Gaty akyllyja bol. -- Bekgä men dal-de, gelnejem gerek. Olary men tanyş etdim. --Şeý diý-ä. Sende oýun-a bar. -- Basym bol, ýene näme äýtjak, içiňi dök. -- Nirä howlugýaň? -- Men seň ýaly boş däl. Tikin-çatyn etmeli, bukjany doldurmaly. Çerkez gyzy gujaklap, ýüz-gözünden öpdi. Onuň keýijek ýaly towsup duran göwresini synlap, güle meňzeş yaňagyndan adaja ogşady. Şo barmaşa onuň elleri gyzyň inçe biline ýetdi. -- Dur oglan, çägiňi bil. Öz adaglym diýage-de, bir bolmasyz iş etseň, ilkinji gijede masgara boljak sen dal, men borun. Birbada Çerkezden ses-seda çykmady. -- Hä, näme, beýle uzak dymdyň? Sen näme diýseň şolam bolar, garşyňa gidip bilmen. -- Sen ňämaň gürrüňini edýäň Ogulboldy? Meň-ä o zatlar kelläme-de gelenok. Herki sadyň öz wagty bar. Onsoňam basym toýumyz tutuljak bolup ýörkä, bu biziň samsyklyk etdigimiz bolmazmy? -- Onda ogşanyň bilen oňaýjakmy? Çerkez bu gezek gyzy özüne dartyp, onuň päkize dodagyna dodagyny goýdy. -- Ýok, beýle ogşaşylmaýar. – Ogulboldy Çerkezi şeýle bir ogşady welin, Çerkez şo dem dili sogrulyp, dodagy çöwrüldimikä öýtdi. -- Bä, sen-ä ýamanja ekeniň-ow. Ýeri sen ogşaşmany nireden öwrendiň? Aýt, basym bol, Bekgidenmi? Ogulboldy Çerkeziň gahary gelenini aňdy. -- Ýok, ýok, kinolarda görýädim… Olar sagbollaşyp aýrylyşdylar. Ertesi Çerkez şahere okuwa gaýtdy. x x x Tomsuň bir günüdi. Institutyň birinji ýylyny tamamlap gelen Çerkez bilen Ogulboldyň durmuş toýy tutuldy. Daşarda bagşyň sesi ýaň berýärdi, mähelle pälwanlaryň göreşine tomaşa edýärdi. Içerde bolsa gelin bilen ýigidiň arasynda turan dawa barha möwjeýärdi. Çerkez uzakly gije Ogulbolda rahatlyk bermedi, oňa ezýet baryny görkezdi, el-aýagyny baglap, damagyna pyçak sygabam çykdy. Şonda-da onuň agzyndan hiç zat alyp bilmedi. ''Men arassa, maňa senden basga erkek kişiň eli degen däldir'' diýip, ant içip, awy ýalady. -- Meni aldandyryn öýtme. Sen gyz däl ekeniň, heleý. -- Bi seň bokurdagyň ganymy? – Ogulboldy beýleräkde ýatan ganly esgini görkezdi. -- Bi, emeli gan. Iki barmak ýerine erk edip bilmedik ganjyk hiç mahal, hiç bir ojaga wepa bermez. --Tüket Çerkez, çagyr ata-eneňi, men seň bilen häziriň özünde aýrylyşjak. Beren galyňyňam deň ýarysyny yzýna berdirin. --Ý-ok, seň o diýeniň bolmaz. Sen goýberen hataň üçin bütin ömrüňi ýanyp-köýüp geçirmeli borsuň. Men seni kowmarynam, öldürmerinem, ýöne dişiňi ýylgyrtmanjyk geçersiň. Beýdip ýaşanyňdan ölüp gideniň müň paý gowy bolar. Barybir men o näkesdenem arymy alaryn. Men ony ölinçäm unutmaryn…. Toýdan soň üçünji gün diýlende, Bekgi jalaý toýy gutlamaga geldi. Şo mahal Çerkez dagam öýdedi. Bekgi jalaý daşarda düşelen gülli keçäň üstünde çaý başynda oturanam bolsa, gözleri gelinli gapydady. Ony ilkinji bolup Çerkez gördi. --Bä, Ogulboldy, bize söýgüliň geläýipdir. --Meň senden başga söýgülim bolmaz. -- Onçasyny men gowy bilýän. Häzirem ol bu ýere seň üçin gelendir. Ogulboldy özüni şerraýynlyga urdy. -- Oňa meň üçin gelendir öýtseň bar kow. Bolmasa, ony özüm kowaryn, atasynyň agzyna… -- Ol yzly-yzyna hapa sözleri sugşuryp durşuna möňňürmäge durdy. Çerkez öýden çykyp gitdi. Ogulboldy başyny çalaja galdyrdy-da, kürtäň astyndan daşaryk seretdi. Ynha, Bekgi jalaý lotoreýasy uly utuşa düşen adamyňky ýaly ýyrş-ýyrş edip otyr. Onüň çakyr sesini içerdenem diňläp oturmalydy. -- Toý gunüňizde Aşgabada gitmeli boldum. --''Toýa garrama ýok'', gelibermeli bolar. Öňümizde uly bir dag duran ýalydy, il-gün bir gowy zat, edeniňi gaýtarýa, geldiler, hudaýa şükür, adam az bolmady, toýy agzybirlik bilen sowdular. Gaýyn atasynyň soňky sozlerini o diýen bir eşitmese-de, ol Bekgi jalaýa bakan ýigrenji nazaryny dikdi. ''Nejis, itiň biri, nämüçin geldiň? Aşyma awy gatanyň azmy? Galan günümem bulamaga geldiňmi? Bilýän, toýy gutlamagam saňa bahanadyr. Araky ýagdaý Çerkeze nähili täsir etdikä? Aňdymyka, aňmadymyka? Aňan bolsa-ha kowarça wagt bolandyr diýýändir. Belki ol meniň şu öýden it masgarasy bolup kowularymy isläp gelendir. Ýüzuňi babaly görsün, Hudaýym''. x x x Uzakly güni mellek işläp, halys surnugan är-aýal hemişekilerindenem ir düşege geçdi. Çerkez-ä üstüne ýorgan çekip, dessine uka gitdi. Ogulboldynyň welin uzak wagtlap gözlerine uky gelmedi. Kän wagtlap oýaly-ukuly ýatdy. Birhaýukdan soňam uka gitdi, düýs gördi… ''Bekgi, men indi özüme mundan beýläk nähili ýowuz günleriň garaşýandygyny häzir gyzlyk buýsanjymyň ýele sowrulan pursatynda has beter duýdum. Eden işimiň telekdigini bildim, ýüregim agzymdan sogrulyp gelýär. Seniň ücin lezzetlem bolsa, bu gün meniň üçin güzap, bagtymyň ýatan çagy bolup ýadymda galar. -- Ezizim, sen meni bagtly etdiň. Bäş ýyllap gijäm-gündizim sen bolduň. Men bu pursata kän garaşdym. Bekgi jalaý süňke topulan aç it ýaly Ogulboldyň göwresini çekeleýärdi. Şu pursat ''Geçä jan gaýgy, gassaba gan'' diýleni boldy. Ogulboldy sen-men ýok onuň bokurdagyndan agyz saldy. -- Eý wäk, edýäniň näme? -- Sen bir zada söz ber. Eger-de iru-giç bu bolan iş barada kimdir biriniň ýanynda öwünäýseň, eşitdim-eşitmedim diýme. Men seni hiç kime ýetirtmän, özüm öldirin, bokurdagyňy çeýnärin. -- Ezizim, sen nämäň gürrüňini edýäň. ''Bilbiliň dili öz başyny iýer'' diýilmänmi? Heý-de menem öwünerinmi? Men dilime gaty bekdirin. -- Sen bir erkek kişi, öýüň, maşgalaň bar. Ä men bolsam biriniň adaglysy, şoňa düşünýärmiň? Öz bagtymy özüm ýatyrdym. --Wah, menem beýle-beýle zatlar bolar öýtmändim. Durmuşa çykaňsoň ogryn-dogrynlykda duşuşarys öýdüpdim. Bagyşla, ezizim. --Ilkinji gijede näderin? – Ogulboldyň damagy dolup, gözünden ýaş çogup çykdy, sessiz aglady. --Ony sen gaýgy etme. Tazeden gyz etmegiň lukmanlaň ýanynda kynlygy ýok. Men bilen şähere gitseň… --Ýo-ok, gaýdyp saňa ýüzüm düşmez. -- Aý, onsoňam, seň ol barjagyň heniz gögele oglan-a. Aýal gören däldir, ony ýönekeý aldabam bolar. --Nädip? – Ogulboldy birneme köşeşen ýaly etdi. --Nätmelidigini men saňa näzir öwrederin. --Utançsyz. --Bekgi, Bekgi, beýtme, beýtme…'' Gelniniň samyrdysyna oýanan Çerkez ony silkeläp diýen ýaly turuzdy. --Sen ganjyk, düýşüňde kimiň adyny tutduň? Me saňa, me saňa Bekgi… -- Ol Ogulboldyny tä gollary güýçden gaçýança urdy, ýüz-gözüni gara gan etdi. Goňşy otagdan ata-enesi turup geldi. Olar ogullarynyň gelinleri barada beren gürrüňine ör-gökden geldiler. Kakasy öz ogluna käýemäge durdy. --Seň munuň öňde biriniň “Çala eşidip çatma ýykanyňka'' meňzeýä. Müňkürlik gowy däldir. Onsoňam Bekgi-hä siziň deňi-duşuňyzam däl, sen iliň gepine gitme. -- Kaka. – Cerkez gahardan ýaňa bütin durky bilen sandyraýardy. –Kaka, siz göwneseňiz, heniz çaga-çuga basmanka, häziriň özünde munuň yzyna it salyp kowup goýbereýin. Her gezek Bekgi jalaýa sataşamda, bir ýaşym kemeýä. Ýer-ä ýarylanok, menem giremok. Ol munuň başky oýnaşy. Ata ata bolýar, onyň öz ojagynda gepem ýer alýar, sözem. --Eger-de göwnüňe çiglik giden bolsa, sen nä ony ilkinji gijäň özünde kowmadyň? Söýüşdik diýýäňmi? Ýa sen onda çagamydyň? Indi ulalaýdyňmy? Oglum, geçeni geçdi bil. ''At aýagyň astynda agsamasyn'' diýilýändir. Institutam taşlap gaýtdyň. Işe-de duraňok. Men sen barada kolhoz başlygy bilen gürleşdim. Otçulyk brigadasyna işe alarys-a diýipdi. Ertiriň özünde ýanyna bar.Öýde bolsaň, urşäm köpeler, dawa-da. Ozem bu gürrüň şu içerden çykmasyn. Soňy gowy bolmaz. Abraýam gerekdir. Onsoňam, onsoňam heleýiň aýagyny gyşyk basanyny duýsam bes, başym dik bolsa, nepesim gelip-gidip dursa, ony men saňa ýetirtmen… x x x Durmuş öz akabasyna akdy durdy. On ýyl töweregi ýaşaşyp ýörenem bolsa Çerkeziň gözi çaga düşmedi. Soňabaka içerde it bilen pişik ýaşalýana döndi. Kämahal Çerkeziň ýarak it deýin, golaýyna barar ýaly bolmaýardy. Bir günem Ogulboldyň üstüne çöwjedi. Könäni ýatlap, ony urdy, sögdi. Ogulboldynyň welin şol bir zady tutup oturşydy. ''Men senden başga hiç kim bilen bolamok. Kimdir biri meň bilen boldum diýse, men onuň adyna Ärmämmet dakaryn'' diýýärdi. Ogulboldynyň sabyr käsesi halys püre-pürlenipdi. Bir gezek ol jebir-süteme dözmän, üstüne nebit guýdy. Ony duýan Çerkez aýalyny urup ýykdy. Sol ýykylyşyna ol ertesi daňdanlar özüne geldi. Başga bir gün welin Çerkez öz ýanyndan ýene bir gepi oýlap tapdy oturyberdi. --''Süýdüň gaýmagyny men ýaladym'' diýip, Bekgi jalaýyň sen barada baý öwünýämişin-ä! -- Töhmet! – Ogulboldyň gözlerinden ot çykdy. --Bolmanda-da öwüniljegini bilmediňmi? --Häzir doganlamma, ejeme habar edeýin, seniň bilenem, Bekgi bilenem gürleşerler. Men barada öwünýän är dörän bolsa, onuň bi dünýä gelenine ahmyr etdirin. -- Ogulboldy eline pyçak alyp, gapa bakan ýöneldi. Çerkez ony zor edip saklady, soňam depesinden goşa ýumruk inderdi. Gözleri garaňkyran Ogulboldy töweregine sermendi-de, bialaç ýere ýykyldy. --Ganjyk,''Gözüňi ýandak bilen süpür''.– Çerkez gapynyň gulpuny içinden ildirdi… Tomus günleriniň biridi. Ogulboldy çeşmäň başynda Bekgi jalaýyň aýalyna sataşdy. Ogulboldy onuň bilen gürleşmäge-de çekindi, özleriniň gürleşip duranlaryny göräýse, Çerkeziň göwnüne çiglik gitjekdi. Ana şo gezek, ýogsam Ogulboldy ondan kelam agyz zat soramadam. ''Bekgä-de ýürek agyry sataşdy, daň atynça özem ýatmady, bizem ýatyrmady, başyny alyp oturdyk'' diýdi. Ogulboldy ýagşydan-ýamandan dil ýarmady. Gaýta ''Belki öläýedi-dä, galan ömrüme menem bir rahat ýaşaýyn'' diýip, içini gepletdi... Güýzüň ilkinji aýynda Çerkez öz inisini öýlendirmegiň ugruna çykdy. Toýuň sähedi bellenildi. Çerkez toý habarçysyny ýanyna çagyryp, oňa berk tabşyrdy. ''Bütin oba habar et, ýöne Bekgi jalaýlara aýtma, men ony şat günümde görmek islämok.''Toýa iki gün galanda Çerkeziň özi hem ''şäherlik zerur işim bar'' diýip gaýtdy, sebäbini welin hiç kese aýtmady. Toý gyzypdy. Aýdym-saz diňe bir Çerkeziň howlusyny däl-de, tutuş oba ýaň salýardy. Ine, şo mahalam obanyň günbatar çetinden agy sesi çykdy, soň ol has güýjedi. Ol ses iki aýdymyň arasyna düşen böwşeňlikde-hä hemmelere eşidildi. Bu mahal bir zerur iş bilen şähere giden Bekgi jalaýyň jesedi getirilen eken.''Aýdym-sazyňyzy goýuň!'' diýip, bir ýaşuly bu ýere gelibem gitdi. ''Men bagşy-sazandalary ummasyz pula tutdum, goýduryp biljek däl!'' diýip, Çerkez oňa çürt-kesik jogap berdi. Ogulboldyň elinden tutup orta çykardy, tans etdi. Öň içmeýän halyna birki bulgur konýagy başyna çekdi. Gijäň birmahalyna çenli şowhun etdirdi. Çerkeziň toýdan öň şähere baryp gaýtmasy, bir täsin telegramma bilen baglydy. Bekgi jalaýyň uly ogly şäherde ýaşaýardy. Toý gününde ''Ogluňyz awtomobil heläkçiliginde wepat boldy. Tiz ýetiň!'' diýlen telegrammany iberdeniň Çerkezdigini hiç kes gümanam etmedi. Bekgi jalaý bolsa hassa halyna ýola düşup, şol telegrammanyň pidasy bolupdy. Çerkez muň bilenem oňmady. Ol toýdan soň ýene-de bir iş bilen şähere baryp gaýtdy. x x x Beýle-beýle zatlar bolar öýdüb-ä hiç kesiň ýadyna-oýuna düşmändi. Asyl obanyň iň garrysam, öňde-soňda beýle hadysa duşmandylar. Yöne ''ýamany gabyr hem götermän, daşyna zyňarmyşyn'' diýen gürrüňden welin hemmeler habarlydy. Bekgi jalaýyň meýdi gabryň daş ýüzünde çalam-çaş bolup ýatyrdy. Bu ahwalaty gözi bilen gören adamlaryň hersi bir pikir etdi. -- Ol ölmänkä haýsydyr bir jisimi ýuwdan bolmagy mümkin. Partlama şondanam bolup biler. -- Pahyryň jesedi gara köýük bolup galypdyr. Molla onuň süňklerini çoplemek iş boldy diýýä. --Itiň-gurduň işi bolaýmasyn!? --Gör azaby diýrler muňa, bir etmişi bolmasa, hudaý oňa göz görkezmezdi. Garaz, her kim bir zat diýdi. Ýöne ony adamyň işidir öýden bolmady. Aradan bir aý çemesi wagt geçipdi. Şäherde gezip ýörkä Çerkezi bir topar başbozar ele saldy. Olaryň has daýawragy Çerkeziň alkymyna dykylyp bardy-da: --Ýeri, eşek, ele düşmerin öýtdüňmi? Nämüçin biže bir bigünäniň üstüni açdyrdyň? – diýip, onuň al-petinden aldy. – Hany jogap ber, sen onuň otuz iki dişem tylladan diýipdiň-ä. -- Oglanlar – Çerkez olardan sypmagyň alajyny etdi. – Hany, howlukmaň, geliň düşünişeliň. Birinjiden-ä, men size baryň, mazarlygy açyň diýen däldirin. Ikinjjidenem…-- Ol hilegärlige ýüz urdy.—Siz meniň salgy beren mazarymy däl-de, butinleý başga bir bendäň mazarynyň üstüni açypsyňyz. --Pohuňy iýme, sen gepi başga ýana sowjak bolma. Ol mazar hut seniň salgy beren Bekgi ýazgylyň, biz häzir seniň altyn dişleňňi gopararys. Rejäň gowy däldigini bilen Çerkeziň endamy gowşady. --Beýtmän, beýtmän! --Sen haramzada ekeniň, aslynda ol ýerde jaýlanylan adamda ýekeje-de tylla diş ýok ekeni. Indem biz bilen hasaplaşmasaň, onda obaňa baryp, adamlara bu işi seniň tabşyrygyň bilen şeýtdik diýeris. -- Siziň munyňyz töhmet bolýar. Öňdenem ony otlapsyňyz, gömmän gaýdypsyňyz. Oňa it-guş degse näme? -- Nämüçin gömeli, aldanyň üçinmi? Basym bol, ýogsam… -- Ýogsam näme? --Ýogsammy? – Bu gezek ýüzi ýanyk kişi alaryldy. –Kireýine maşyn tutduk, gijäň ýarynda iş edinip gabyr gazdyk. Ähyrynda-da… eýse, bu zatlara sen däl-de, kim jogap bermeli? Biz häzir seni… --Duruň, duruň.–Çerkez jübülerini sermeleşdirdi. Ýany bilen göteren pullarynyň ählisini orta goýdy.—''Baryny beren uýalmaz”, şulary alyň-da meni goýberin. --Barmagyňdaky ýüzugi çykar! -- Ol ýadygärlik. --Çykar! Penjegiňem çykar! Çerkez pyçagy görüb-ä kyn-gyssaga düşdi, ýüzi ak tam boldy. --Me, alyň, ýöne indi meni öz günüme goýuň. --Bolýa, ýöne bir şert bilen, gaýdyp seniň şähere geleniňi görmäli. -- Bolýa, bolýa, men razy… Çerkez oba dolandy, eden işine welin ýürekden ökündi. x x x Är-aýalyň dawasy ir bilen başlandy. -- Ogulboldy, men saňa bir zat aýdaýyn. Şen nätseň şeýt, meniň bi dünýeden zürýatsyz geçesim gelenok. --Aýdyber, sende bir täzelik bar ýaly. --Tebibe-de göründiň, dogtora-da. Olar senden çaga bolmajagynam ýüzüňe aýtdylar. --Näme etsem diýýäň? Ýaňadan öýlenmekçi-dä! -- Hawa. -- Şu öýe-hä äýal aýagyny sekdirtmen. --Ýogsam näme? Men aýry ýerde ýaşaryn. A sen bolsaň üstüňde jaýyň bar, goş-golama-da degjek däl. Mellekdäki ir-iýmişdenem hantama bolmaryn. -- Olar ýaly bolsa git, gaýdyp yzyňa dolanmasy ýok. -- Yo-ok, meňki häli bir sala salmak. Öýlenip baramog-a. --Talagymy ber, göz astyna alanyň bardyr. --Heniz howlukma, hany maňa bir çäýnek çaý demle. -- Çaýy aljak aýalyň demlesin. -- Gap sesiňi, saňa-da biri tapylar. Näme kän, obada sallah kän. -- Hiç haçan! Sen gitseň, gaýdyp erkek ýüzüni görmen. Onsoňam men seniň maslahatyňa mätäç bolman. -- Sesiňi gataltma. -- Gataltjak. -- Diýlenini et! Ogulboldy horkuldyly ses bilen ojak başyna ýöneldi. x x x Gülperi gelende Ogulboldy ejäniň şol bir gysym bolup ýatyşydy. Ol ejesini oýarmajak bolup, ýuwaşja ýöräp içki öýe girdi. Ogulboldy eje oýanan eken. --Gyzym geldiňmi? -- Eje, sen ýatanokmydyň? --Ýatybildim gyzym. Indi-hä tursamam bolar. Gülperi ejesini tirseginden galdyryp turuzdy. --Eje, seň goşaryňdaky ýaraň yzymy? – Gülperi ejesiniň goşaryny sypady. -- Hawa, gyzym, bi ýaş mahalymda döräpdi. O mahallar dagda orak orardyk, wagtly-wagtynda ýuwunma-da ýok, ardynma-da. Hapaçylyk sebäp bolupdyr, çybynam kändi. Ine, şu ýerden, goşarymdan bir düwürtik çykdy, soň ulalyp ýara öwrüldi.''Çuňalyp gidibermese ýagşy” diýşip, lukmanlaram heder etdi. Türkmençilikde-hä muňa ýyl ýarasy, peşehorda diýýär ekenler. Aýdylyşy ýalam boldy, bir ýyl töweregi agyry aýrylmady, azar ýamanyny berdi. Her gezek daňysy çözülende ýara täzelendi, asyl onuň agyrysy ýüregiňe iňňe sanjylan ýaly edýärdi. Soňra '' bi ýara daňylmagy halanok, daňdygyň önküdenem azar'' diýdiler. Menem daňmadym. Kem-kemden gowulaşyp gitdi. Bolmasa golumyň damarlary düwurlenip, çekibem başlapdy. Muňa-da şükür edýärdim. Bu ýara birentek adamlaryň ýüzlerinden çykdy. Onsoňam adamyň çep eli emgege ýakyn bor eken.Ýykylyp döwdürenimem şu elimdi-dä! -- Gylyç tebibe seýikleden gezegiňmi? -- Hawa, ýogsam hoz agajyndan ýykylýan bar, eşekden ýykylýan bar. Meň ýaly ak gündiziň günortanynda taýyp ýykylyp, eliniň iki ýerinden döwdüren ýokdur. Ýadyňdadyr, aý ýarymlap jebir çekenim. Şo-ondan bärem ýeke elli, ýeke aýakly adam gördügim ýüregim gyýym-gyýym boluberýä. Şol tebibi men zor gördüm. Ol maňa gaýa mumiýasyndan hem içirdi. Özi-de elimi seýikläp otüryşyna ýaşymy sorady. ''Kyrk bäş'' diýdim. ''Onda kyrk bäş günläp yzasyny çekmeli borsuň. Döwük adamyň her ýaşyna bir gün agyryp bitýändir'' diýdi. --Dogry ekenmi? -- Gepem şonda-da, hany seret, heý-de şu golumyň peşehordaň yzyndan öňňe kemi barmy? Gülperi ýylgyryp durşuna ejesiniň elini sypamaga durdy. -- Gylyç tebipden haýyr tapan adam kän boldy gyzym. Ýöne ony bikanun tebipçilik edýäň, mollaçylyk edýäň diýip nähak türmä basdylar. Bir gezek aýagymda güýçli agyry döräp, ýöräbem bilmedim. Şonda-da dadyma ýetişen Gylyç aga boldy. ''Seň aýagyň agyrysyna süriň çetçi geçisi melhem bolup biler'' diýdi. Men onuň salgy berşi ýalagam etdim. Çopandan sorap süriň çetçi geçisini satyn aldym. Ony soýduryp, uly garnyny heniz gyzgyny gitmänkä, aýagymyň agyrýan ýerine ýapdym. Bu işi on günläp dowam etdirdik. Dogrusy soňky günler şol garny az-kem gyzdyryp ýapdyk. Bir gezeg-ä başga bir goýny soýan badymyza aýaklarymy onuň derisine-de sokdum. Agyry el bilen aýrylan ýaly bolaýdy. ''Tebibiň emi derman, enäniň demi'' diýleni çyn eken gyzym… Eneli-gyz irgözin ýatmagyň ugruna çykdylar. Dowamy bar >> | |
|
√ Sary bagşy / powestiň dowamy: Kesel - 06.03.2024 |
√ Palindromaniýa: TamA Amat bermez - 03.07.2024 |
√ Palindromaniýa: Bagyñ içinde täsin sahnalar - 05.07.2024 |
√ Aýuwlaryň aýdymy -5: powestiň dowamy - 21.08.2024 |
√ Palindromaniýa: Çopan goşundaky ot başyndaky geňräk myhman - 03.07.2024 |
√ Aýuwlaryň aýdymy -3: powestiň dowamy - 04.08.2024 |
√ Palindromaniýa: Çopan, çopanystanda. Ýalñyzlyk oýlary - 03.07.2024 |
√ Sary bagşy / powestiň dowamy: Çözgüt - 06.03.2024 |
√ Sary bagşy / powestiň dowamy: Ansambl - 06.03.2024 |
√ Sary bagşy / powestiň dowamy: Pürli - 06.03.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |