07:39 Pelek oýny / powestiñ dowamy | |
x x x
Powestler
Gülperiniň getiren habaryna Ogulboldy eje doňňara daşa öwrülen ýaly bolup galdy. Birhaýukdan soňam sesine bat berip gepledi. - "Gyz razy bolsa, biz razy'' diýmäge neneň daýyň dili bardyka? Bulara sered-ä. Menden razyçylyk almalydyram öýdenoklar. Sen gyzym, gözüň körmi? Saňa-da boý oglan tapylar. - Eje jan. – Gülperi ejesiniň aýagyna ýykyldy. – Käbäm, sen ýene başladyň. Ählijesi razy, bir sen närazy. Ogulboldy eje uly ses edip horkuldap aglady. - Meň bagtsyzlygym ýeterlik dälmi? Men ýalňyşyp näme gördüm. Ömrüm köýdi, aşyma awy gatdyrdym. Eý, allam, meň görgümi gyzyma görkezme. Oňa medet ber, güýç ber, gaýrat ber… Gülperi ejesini nädip köşeşdirjegini bilmedi. Onuň özi barada eden gürrüňlerine-de düşünmedi. - Eje jan, men näme edipdirin. Seň günäň näme? Sen nämede ýalňyşlyk goýberdiň käbam!? Nämüçin o hakda men bilemok? Ol seň syryňmy? Ogulboldy eje köşeşdi, derhal gözleriniň ýaşyny süpürdi. --Hany gyzym, gel şu ýerde otur. Men saňa bir taryhy gürrüň bereýin, ony gürrüň bermek maňa kyn, ölümdenem agyr degýä. Onda-da balam, o hakynda men saňa hökman aýtmaly, bu durmuşyňda saňa azda-kände sapak bolar tamasy bilen aýdýan. Ýöne ''Ejem maňa nämüçin bu wejeralygy gürrüň berýärkä?'' diýme gyzym, goý, ol gursagymda köýüp galmasyn. Wah, gyzym, gyzym, ýaşlyk edipdirin. Ýerçeken ölübem-ä gitdi-le welin, ýigrimi ýyllap nerwim-ä iýdi şol. Men seň ýaşyňdakam Çerkez atly bir ýigide adaglandym. Hemme zat gowam boljakdy. Meni Hudaý tutdy. Gabry ýanmyşyň gabram ýandy, boý gyzy gaçyp gitdi, bir gelni özüni otlady, agtygy aňyny tirýege aldyrdy. Garaz, oglundan- gyzyndan tapyp ýör. Görüp otursak, Bekgi jalaýyň diňe meniň däl, obada başga-da başyny aýlan gyzlary bolupdyr. Şolaň agysy tutandyr, ýaş başyna ölüp gitdi, üstesine-de ony gabram götermedi. Wah, gyzym, meň ýaşlygymy gaýtaryp bir bersediler. Men saňa-da, boýy ýeten beýleki gyzlara-da nädip ýaşamalydygyny, gyzlyk buýsanjyňy nädip aýap saklamalydygyny, ony öňýetene depeletmeli däldigini mazalyja düşundirerdim welin… arman, ömür adama bir gezek berilýär. Aý, onsoňam erkek eşek diýlendir welin, o nejisde-de günä ýok. ''Ganjyk guýrugyny bulamasa, köpek yzyna düşmez'' diýlen köneden gelýän gürrüň bardyr. Ozalynda meniň özümi öldürmeli, özümi. Meni öldüreniň kesewisi gögär, yzyny saýmadym, sabyrsyzlyk etdim. Özüme erk edip bilmän, sähel salymda aýagyma palta urdurdym. --Eje jan, ikimisiň täleýimiz başga-başga ahyryn. Şen ýalňysypsýň, a men bolsam indiki ätlejek ädimimi ätlemänkäm ölçerip görýän. --Wah, gyzym, ýüregimiň ýanýan ýeri, seň halaşýanyňam edil meňki yaly öýlenen, çagaly adam. Meni Bekgi jalaý aldady, ilkinji gijede-de eýt, beýt, Çerkez oglandyr, bilip oturasam ýok diýdi, öwredişi ýalagam etdim. Barybir Çerkez olaryň hiç haýsysyna ynanmady. Çerkez näçe rehimsizem bolsa, gazaplam bolsa, ýene-de şol meň çyn hossarymdy. Ol meni söýýärdi, ýaşlykdan söýýärdi. Ýöne ol meň goýberen şol ýalňyşlygymy ömür bagyşlap bilmedi. Käte men özümi oň ýerine goýup görýän. Ýeňilmi, agyrmy? Çekip-çydardan agyr. Seni söýýän adama ikilik etmek… Otuz ýaşamankam başymda bir gara saçym galmady, ak telpek geýene döndüm. Men öz aýbymy ejeme-de, doganlamma-da aýtmadym, olaryň ýanynda durmuşymdan nägiledigimi bildirmedim. Nädip men olaryň ýüzüne durup, bolan işi bolşy ýaly gürrüň bereýin.''Bir kezzabyň aldawyna düşüp, adaglymyň ýorganyna başga biriniň el degiren teni bilen giirdim'' diýeýinmi? Men Çerkezden nägile däldim, nägile bolmaga-da hakym ýokdy. Dogrusy urdy, sögdi, horlady. Ýöne gapysyndan kowup, ile masgara etmedi. Men welin onuň ýüregini paraladym. Ant içdim, awy ýaladym, boýun almadym. Ýöne ol samsyk däl. Ähli zatdan aýnada gören ýaly habarly. Aslynda men namartlyk etdim gyzym. Ilkinji gijäniň özünde ''Çerkez, ynha men, kowsaňam ösüň bilýäň, öldürseňem. Men-ä bir bolmasyz bir işe çolaşandyryn'' diýip, onuň gözlerine dogry bakyp, öz aýbymy özüm açaýmalydym. Wah, hany mende olar ýaly gaýrat. Şol gün, şol gije awy içip ölen bolsam gowy bolardy. Soňky ýaşaýşymyzam meňki bolsün diýer ýaly bolmady. Men oňa ýekeje çaga dogrup berenem bolsam, belki onuň maňa bolan garaýşy üýtgärdi. Allajan maňa çagada-da bermedi. Belki by maňa ýaşlykda goýberen hatam üçin tanrynyň beren adyl jezasydyr. Bilmedim, perzendiň dyrnagyna zar edib-ä goýdy. Adam ýaşap ýörse, herki zada duçar bolarmyşyn. Bir gezek, Çerkeziň otuz ýaşy dolanda, oňa kolhoz tarapyndan Kawkaz sebitinde bir kurorta dynç almaga iberildi. Ony geýindirip, öz elim bilenjik ugratdymam. Wah, soň ol gaýdybam geldi. Ýöne ol lki bolup geldi. Kurortda sataşan aýalyna öýlenip, meň bilen nikasyny bozdy oturyberdi. Goňşy obada ýaşaýandyr. Heleýi özünden kän-kan ýaşmyşyn. Aýdyşlaryna görä, olaryň bir çagasam bolupdyr. Men oňa garşy bolyp durmadym. Goý, olar bagtly bolsun diýdim. Basym menem öz ''bagtymyň'' ugruna çykdym. Men Çerkez bilen gözli ýaşytdym. Otuz ýaşda menem durmuş gurup, kimdir biri bilen ýaşaşyp bilerdim. Ýöne beýtmedim. ''Öňüm bolandan soňum bolsun'' diýäge-de, başga bir akyla gulluk etdim. Bir ýetim çagany ese-boýa galdyrsam, ony adam etsem, belki, taňrynyň öňünde günäm ýeňlener diýdim, hemem galan omrüme-de güýmenje bor, garran çagymda tirsegimden galdyrar öýdüp çagalar öýüniň işiginden ätledim. Maňa ol ýerde dürli ýaşdaky çagalary görkezdiler. Oglanjyk almagy maslahat berdler. Şol ýerde-de çagalar öýüniň işiginde taşlanylyp gidilen bir bäbejik baradaky gürrüň gulagyma ildi. Görsem, bir enaýyja gyzjagaz, heniz oňly gözlerem açylanokdy, at dakybam ýetişmän ekenler. Men şonda bar güýjüm bilen şol bäbejige topulypdyryn. Öýe-de gujagym bäbekli geldim. Özem şol diýýän gyzjagazym bilen. Janly soýduryp toý etdim, pişme seçdim, Gülperi diýibem at goýdum. Ogulboldy eje gyzynyň sessiz agysyna başyny galdyrdy. -- Aglama gyzym, men bu hakykaty saňa iry-giç aýtmalydym. Sen ýetim dälsiň. Seniň akyllyja, sagdyn, okuwly, edep-ekramly, eliň hünärli bolup ýetişmegiň üçin elimden gelenini edendirin. Öz bagrymdan öndüren çagama-da seniňçe alada edip bilerin öýdemok. Sen gyzym aglama, başga biri çagalyga alsa-da, seni şy derejä ýetirer öýdemok. Daýylaryň, daýzalaryň seni gowy görýändirler. Sen gyzym ýeke dälsiň. -- Men baryny bilýän. -- Ondan-mundan eşideniň bir basga, menden eşideniň bir başga gyzym. Çaga mahallaňam ''Meniň kakam nirede?'' diýip, kän sorardyň. Men bolsam her gezek bir zat diýerdim. Ýadyňdamy, bir gezek ''öldi'' diýemde aglanyň. Soň welin hemmesine düşünensiň. Ony sen mekdepde eşidipsiň. O zatlardanam habarym bar. Ýöne näme, ''Ten agyrsa, jan syzar'' diýilýändir. Sen bagtly bolsaň menem bagtly, sen bagtsyz bolsaň menem. Maňa dogry düşun gyzym. '' Goýun guzusyny basmaz''. Indem men seni elim bilenjik oda taşlap bilmen. Men seni öz diýen ýerime berjek, ýanymda saklajak, agtyklamma guwanyp gezjek. A sen bolsaň… Gülperi ejesine gysmyljyrady. --Eje jan, Arzylynyň kem zady ýok. Biz bagtly borus. --Ýalňyşýaň gyzym. Telpegi agana äre barmagyň özi dürs däl. Öň öýlenen, çagasy bar diýip, ony maňa özüň aýtdyň ahyryn. Sen bir zady hergiz ýadyňda sakla. Erkek adam hiç mahal başky aýalyny unudýan däldir. Eger ol aýal diri bolsa, özem hiç kese äre barmdyk bolsa, olar hökman wagt tapyp duşuşarlar. Bularyň-a duşuşmagyna sebäbem bar. A sen bolsaň ony islemersiň. Ine, şeýdibem dawa dörär. Adamyňam iki öýüň öwarrasy bolar. Şeýdip iki öýe-de hezil bermez. x x x Aradan ýarym ýyl çemesi wagt geçipdi. Gülperi Arzyly bilen durmuş gurdy. Hemmeler olara bagtly durmuş, agzibirlik arzuw etdiler. Ogulboldy eje ýene-de ýalňyz galdy. Ol uzakly gün içini gepledip oturdy. ''Wah gyzym, gyzym, bu zatlaň şeýle bolmagyna sen däl, özüm günäkär. Men seni ene bolup penalap bilmedim. Seni öz ugruňa goýberdim. Indem näme, nirede bolsaň-da bagtyň açyk bolsun gyzym!'' Ogulboldy ejäniň gulagyna Gülperiniň sözleri eşidilen ýaly töweregine ýalt-ýult etdi. Ýöne, hiç kese gözi düşmedi. ''Eje jan, mähribanym, käbäm, düňýäm, men seni ýeke galdyrman. Basym biz hemmämiz bir ýerde, bir öýde ýaşarys. Sen gamlanma eje jan. Seni ýeke galdyrman, men gelerin käbäm!'' Kalbynda ol gyzyna jogap gaýtardy: ‘’Gyzym, gyzym, saňa-da ýowüz günler garaşýar, ony meň ene ýüregim syzyp dur. Men şol ýigidiň gözlerini halamadym. Onuň gözlerem birmahalky Bekgiň gözleri ýaly, gyz-gelin görse oýnaklap dur. Şeýle gözlerden hemişe goranmak gerek”. x x x “Ogulboldy ejäň öýi ýanýar, adamlar!” Kimdir biriniň bu aýylganç sesi gijäň tümlügini serpip, süýji ukuda ýatan oba adamlaryny aýaga galdyrdy. Sähel salymda ulil oýandy, hemmeler tutuş oda öwrülen jaýyň töwereginde iki-baka alakjap başlady. Her kim bu ýere bedre bilen suw daşady, soňy bilen adamlar hatar-hatar durup, suwly bedräni elden-ele geçirdiler.Ot söner ýaly däldi, ýamany onuň golaý-goltumyna baryp bolmaýanlygyndady. Adamlar howlukdylar, ýekeje minudam işi togtatmadylar. Daň atmaga az galanda, ot söndvrildi. Ýanan, kül bolan öý goşlary, henizem tüsseläp duran agaçlar bir gapdala süýşürildi. Ahyry ýanyp küle öwrülen jesediň üstünden bardylar… Ýasulular geňeş etdi, merhumy jaýlamagyň ugruna çykdylar. Gülperiniň yzyndan adam iberildi….Ölüm her ynsanyň başynda bar zat. Hakyň emrine şek bolup bilmez. Ölüm bir gözel zatdyr, Budur buşlukçy habar, Eger gözel bolmasa Ölermidi Pygamber. Şeýle bir gürrüň halk içinde-de bar. Nirde nesibäň çekse, nirede sanalgyň dolsa, şol ýerde-de bu ýalançy dünýe seni bakyýete ugratmak bilen bolýar. Ýöne ölüm bar, ölüm bar. Ogulboldy ejäniň ykbaly durmuşdan dadan şarpygy ýaly ýowuz boldy.Onuň pajygaly ýagdaýda dünýäden ötmegi hemmeden beter Gülperä agyr degdi. Ol bagyryp aglady, jesede telim öwre topyldy.”Goýberiň, mähribanymyň ýüzüni bir göreýin” diýdi. Ýöne oňa ygtyýar edilmedi… Ertesi ir bilen Gülperi ejesiniň mazarynyň başyna baryp aglady. Ony Arzyly telim sagatlap bu ýerden aýryp bilmedi. ”Eje janym, käbäm. Meni ýeke goýyp, ýalňyz taşlap nirä gitdiň, eje jan? Jan ejem, indi sensiz men näderin? Seni görmän, nädip ýaşäryn?˝ Ogulboldy ejäniň öýüniň otlanylmagy gümürtik bolup galdy.Ýogsam organdan gelen adamlaram tutuş bir hepdeläp şu ýerden gitmedi, adamlar bilen, goňşy-golamlar bilen gürrüňdeş bolundy. Goňşy obaly Çerkez brigadiriň aýalyny ýanynyň oýnaşy bilen öldürip gacyp giden günuniň bu jaýyň otlanylan gijesine gabat gelmegi derňew işgärlerini az oýlandyrmandy. ”Çerkez aga, Ogulboldy ejäniň başky adamsy. Belki, ol iki aýalyndanam dynmagy ýüregine düwendir”. Ýöne derňew hiç zat bermedi. Şol agşam Ogulboldy ejäniň öýünde del adamy gören bolmandy. “Belki pejini ýakyp ýatyp galandyr” diýdiler… Gülperiniň gaýynlary onuň üstünde hozanakdy. Olar birek-birege ynanyşyp, birek-biregi goldap, bagtly durmuşda ýaşaýardylar. Arzylynyň Gülperini gowy görşi-hä çeniň-çakyň däldi. Onsuz iýip-içmezdi. Nahar mahalynda-da nahary çemçeläp Gülperiň agzyna tutardy. Misli çaga ýaly, her gepinde bir gülkidi.Ýöne näme, bir günden bir gün Arzyly bir kem tapdy-da, ýaramady, esli wagtlap düşege baglandy. Şoňy bilen oňa oturmak-turmak hylalla boldy.Tebip çagyryldy, lukmanam. Bäri welin bakybermedi. Gülperi kyn ýagdaýda galypdy. Arzylynyň häsiýetem üýtgäpdi. Oňa kömekleşjek bolsa “maňa degme, eliňi ýetirme” diýip, gygyrybam başlady. Şonda-da Gülperi uzakly güni onyň başynda dik oturyp geçirerdi. Gijelerine gözlerinden akan ýaş onuň başyny goýan ýassygynyň esli ýerini öllärdi.Gaýny palçy mamanyňka baryp gaýtdy. Olam “ Ogluňyzy başky aýaly dogalapdyr” diýip, jogap beripdir. Garaz, Arzylynyň duçar bolan derdi bilen hem öwrenişildi gidildi. Aý-gün geçip durdy, edilen emlerden soň ahyry Arzylam dura-bara bäri bakyp ugrady. Gülperi gussalydy. Özi bilen işleýän Enegözel oňa göwünlik berýärdi. -- Sen heniz ýaş, gamlanma. Wagt geler, hemme zat düzeler. -- Wah, bary-ýogy birje hepde gowy ýaşaşdyk. Bir gün işden giç geldi. “Tas bir çaganyň ganyna galypdym” diýdi. Soň ol maşynly gelýärkä, ýolda bolan wakany maňa jikme-jik gürrüň berdi. Ertesi ýene-de ol giç geldi.“ Sen nirede bolduň?” diýemde “bilemok” diýdi. Men onuň üýtgäp ýörenini şol günlerden ýüregim syzýardy. Görüp otursak, ol başky aýalynyňka barýan eken. Biz düzuwli är-aýal bolubam bilmedik. Ol muny başky aýalyndan gördi. Oňa atyňmy, itiňmi ganyny içiripdir. Onsoň ol düýbünden ruhdan düşdi. Özüne namys bildi. Men onda-da ony höre-köşe etdim. Dura-bara hemme zat düzeler diýdim. Bir günem ýitirim boldy. Ony gördüm-bildim bolmady, yzyna-da dolanmady. Üç günläp ýer-esir bolşup gözlediler, dördünji gün diýlende, onuň başky aýalynyňkyda ýaşaýandygy aýan boldy. Ejesi uly göwresini kiçeldip, o ýerigem baryp gaýtdy. Arzyly gürleşmegem islemändir. Gelni welin “Ogluňyz meň diýenimden çykmaz, açsamam ýumrugymdadyr, gyssamam” diýipdir. x x x Aradan üç aýdan gowrak wagt geçdi. Arzyly öýe köwlenmedi, ata-enesini görmäge-de gelmedi. Gülperi obasyna gaýtdy. Il-günüň, daýylarynyň kömegi bilen ejesiniň ýykylan öýüni dikeltdi-de şol ýerde ýaşaberdi. Ýeke ýaşamagýň güzapdygyny bilýärdi. Üstesine, göz öňüne ejesi gelýärdi, oturan-turan ýerleri ony gam laýyna batyrýardy. Işe gitse herhal gowudy, kitaphana onuň içini gysdyranokdy. Gyzykly kitaplaram kändi, medeni çärelerem gecirilýärdi, ýaşlaram, oba adamlaram kitaphanadan arany üzmeyärdi. “Eje jan, häzirki pursat sen maňa hemme wagtdakyňdanam zerur gerek. Men seň diýeniňi etmän, şu güne düşdüm. Indem ömürboýy uwlap geçmeli borun. Ýogsam, kitap barysynam okaýan. Ýöne olaryň hiç haýsysy meniň ýaraly ýüregime teselli berenok. Arada gaýynenemem gelip gitdi.”Oglumyň gaýdyp geljegine ynanýan. Ýör, öye gideli” diýdi. Etmedim. Seň “Erkek kişi başky aýalyny unudyp bilmez” diýeniň dogry bolup çykdy. Men Arzylydan beýle zada garaşmaýardym. Ol daýymyňam ýüzüni ýere saldy. Gülperi Arzylyny bütinleý unutdy. Şol oba düşende olaryň köçesindenem geçmedi, adynam tutmady.Ýogsam onuň köriçege bolup hassahanada ýatan mahallaram gözleri yzynda galypdy. Şol günleriň birinde-de Gülperini oba arçynynyň jaýyna çagyryp getirdiler. Şonda Gülperi Arzylyny birbada tanamady. Onuň garaört bolan ýüzi, bir söz diýmän, dymyp oturmagy Gülper-ä ýaramady. -- Çekmeli bolsa çekäýerin—diýdi-de, Gülperi hemmeler eşider ýaly gürledi. Soňam ol resminamalaryň birentegine goluny goýdy. Ine, şeýdibem olar nikalaryny bozdular. Gülperi uludan dem aldy. Ol özüni kapasadan çykarylyp, erkinlige goýberilen guş ýaly erkin duýdy. Gülperiniň Arzyly bilen nikadan aýrylyşandygy bütin oba aýan boldy. Muny Gülperi özlerine gelip-gidýänlerden çen tutdy. Asyl bir saý-sebäp bilen öýlenip bilmän ýörenler, obaň agsagam, körem olara bakan ýol ýasady.Ýöne Gülperi olara mert durup jogap berdi. Olaryň ählisiniňem köwüşlerini öňlerine oklady. Gaýdyp äre barmajagyny aýtdy. Gülperi işden ýadap gelýärdi, gum-guk bolup oturan içersi onuň ýüzüne uran ýaly ony gün-günden hopykdyrýardy. Gijelerine gorkunç düýş görüp, dik oturyp geçiren günlerem bolýardy. Basym posýologyň gündogar çetinde salnan köp gatly jaýdan Güiperä-de bir otag berdiler. Ol bu ýere göçüp barsa-da, ejesiniň ýurduny unutmady. Ýekşenbe günleruni şy ýerde gecirdi. Içerini syryp-süpürdi, töwerek-dasy arassalady. Daşarda ot ýakyp, ejesiniň tüňçesinde çaý içdi. Ejesiniň guburyna welin işden sypdygy bardy, ony ýat etmedi. Soňky döwür onuň ýanyna synpdaş oglany Hyrydar ýol ýasady. Günde-günaşa geldi, her gelende-de ondan kitap barysyny goltuklap alyp gitdi. Özüniň kitabyň ölemen aşygydygyny, dürli firmalar bilen işläp, düşewündiniň hem gowudygyny aýtdy. Gülperi kän oýlanyp gezdi. By hakda daýy-daýzalaryna sala saldy. “Göräýmäge gowy oglan, bilmedim-dä, adamyň onuň bilen ýaşaşan mahalyň häsiýerti açylýar”. Bir gezegem onuň bilen oturyp, esli gürrüňdeş boldy. -- Hyrydar, ynha men, ozal bir gezek durmuş gurup, nikam paşmady. A sen bolsaň heniz boý oglan, öýlenmedik. Saňa başga gyz tapylar. Sen meni öz günüme goý. -- Gülperi, men başga gyz gözlesem, seň ýanyňa gelmezdim. Bilip goý, her kimiň öz sulhy alýan adamy bolýandyr. Men seni heniz mekdepde okap ýörkäm söýüpdim. Ýöne sen ony görmezlige salypdyň. Çopan diýensiň, göwnüň ýeten däldir. A men bolsam her gün ir bilen ýoluňa garardym. Sygyr bakmak hem bahanamdy. Günde seni görmek üçin çopançylyk edýärdim. Aý, onsoňam bir garaçomak döredi-de, meň bagtymy elimden aldy oturyberdi. Men seni gijeler düýşümde, gündiz huşumda görýärdim. Diňe sen bilen bagtly bolup biljekdim. “Gülperi meňki” diýer ýörerdim. Ynan, seni taşlap, seni jebir çekmäge mejbur eden Arzylyny bir gezek urup keýpden çykaýynam diýdim. --Adyny tutma. Ol meň üçin öldi. -- Bolýa. Men ýaňy öwlüýä bardym. Öten-geçenlerimize aýat okadym. Ogulboldy ejäň guburynyň ýanyna-da bardym. Ynan, men onyň bilen bir gezek gürleşemde, ol seni maňa mynasybam görüpdi. Onsoň men ony saňa aýdyp bilmän gezipdim. Belki olam men barada saňa hiç zat aýdan däldir. Cöwni ýok däldi, bileje ýaşarys diýýädi. Şen bolsaň oňa gulak gabartmadyň, başga birini saýladyň. Ögulboldy ejäňem täleýi ýaman boldy. Ejesiniň ady tutulanda, Gülperi horkuldap aglaberdi. Ony köşeşdirmek Hyrydara iş boldy. x x x Gülperiniň Hyrydar bilen ýaşaşyp ýöreni ýedinji ýylyň içidi. Çagalary bolmandy. Hyrydar erbet oglanam däldi, ýöne birneme ýalançydy. Onuň ýalan sözlemekde ussatdygyny Gülperi onyň bilen ýaşaşyp başlan çagynda göz ýetiripdi. Asyl ol kitap okan adam däl eken. Ozal-ozallaram kitaphanadan goltuklap getiren kitaplarynyň gatyny açman ýzyna tabşyrýan eken. Ony Hyrydaryň özem gizlejek bolmady. “Meň näme kitap okamaga wagtym barmy?” diýýädi. Ýöne ol wagtyny gymmatly tutup ýören adamlardanam däldi. Şol gün Gülperi işden gelende öýde Hyrydar oglanlar bilen oturan eken. Ony görüp oglanlar turuşmak bilen boldular. Gülperi çalşyrynmak üçin içki otaga girende, ortada tüsseläp oturan zada gözi düşdi, aljyrady, derhal bir kürüşge suwy üstünden guýdy. Ýöne ol şo mahal bu barada dil ýarmady, sowap galan turbajygy görünmez ýaly ýerde bukup goýdy. Hyrydar oglanlary ugradyp geldi. -- Hyrydar. – Gülperi adamsynyň gelerine garaşyp durdy. – Men senden bir zat soraýyn, sen maňa şu gezek bir dogryňy sözle. Ynha, şu zat näme? Hyrydar Gülperiniň elindäki trubkany görüp, ýaňy özüne gelen hassa ýaly tisginip gitdi. -- Müşdek. -- O nämäniň müşdegi? -- Ezizim, sen gaharlanyberme, men seni synap görjek boldum. – Ol aýalynyň gaharynyň gelendigini aňdy. – Muny görüp näme diýerkäň öýtdüm. Eliň egrimi, dogrumy, synap göreýin diýdim. -- Men seň bilen şunça wagtlap ýaşaşan döwrümde nämedir bir zadyňy ogurladymmy? Heleýiň eliniň egridigini ýa dogrudygyny synap görmekçi bolsaň, öýde petdeläp pul goýarlar. Ýo-ok, Hyrydar, seň munyň gowulygyň üstünden eltmez. -- Näme edipdirin, indi öýde müşdek saklamalam dälmi? -- A sen çilim çekeňog-a. Bi bolsa tusseläp dur. -- Men çekmesem dostlarym çekýä. --Içeri ot alar öýdüp gorkmadyňmy? --Walla çynym, hiç zat edemzok. Aýyr diýseň aýraýyn, garaža oklasam şol ýerde ýatar. Aslynda ol meňkem däl, oglanlaň biri galdyryp gidipdir… x x x Gülperi bi garry enä ýene-de öwlüýäde gabat geldi. Onuň bilen çalarak baş atyp salamlaşdy-da, hemişekisi ýaly duşundan geçiberjek boldy. Garry welin bu gezek onuň öňüni gabady. -- Bu kimiň mazary gyzym? -- Ejemiň. -- Olar ýaly bolsa, gel otur, bir aýat okaly. Garry ene aýat okap turup gidensoňam Gülperi bu ýerde birneme eglendi. Ol her gezegem esli oturardy. Öz dert-aladasyny “ejesine” gürrüň bererdi. Häzirem onuň ýanynda içini döküp otyrdy. -- Eje janym, mähribanym, ikinji gaýta äre barybam bagtym çüwmedi. Käbäm, sen ýanymda bolsadyň herhal gowy bolardy. Men beýle hasrat çekmezdim. Ah, maňlaý, maňlaý. Äslynda gyz maşgalaň maňlaýy bolsun diýsene. Men bylaň oýnatgysy boldum. Eje jan, şu gün anna güni. Anna günem ölen adamlar mazarynyň ýanyna gelen hossarlaryny görermişin diýýäler. Eger şol diýilýäni çyn bolsa, käbäm sen maňa siňe seret. Men nähili horlanypdyryn. Meni horlan zat, olam seniň ýanymda bolmazlygyň. Käbäm senden başga kime sala salaýyn, senden özge kimiň ýanynda syrymy açaýyn. Eje jan… Gülperi soňky wagtlar her anna güni bu ýere gelip gitdi. Her gelende-de şol bir garry enä gabat geldi. Göräýmäge, bu garry şu ýerlerde ýatyp-turýana meňzeşdi. Aslynda ol bu oba geçen ýylyň alabaharlarynda gelipdi. Eli hasaly, ýüzi garaört, bilini bükubräk ýöreyän aýalyň ady Sonagüldi. Özi-de akyly çaşan adam ýaly obama-oba gezip ýören derwüşe çalym edýärdi. “Kyrk gulanyň içinde bir agsagy bildirmez” diýleni. Il-gün bir gowy zat, kimiň howlusyndan barsa, oňa bir döwüm çöreklerini, bir garyş ýerlerini gysganmadylar. Obanyň ilersinde ýeke özi ýaşaýan Nabat eje-hä oňa öz öýünden ýerem berdi. “Gel bizde ýaşaber, indi ikimize bi ýaşdan soň obama-oba aýlanyp ýörmek ýaraşmaz” diýdi. Garry ene Nabat ejäniň sözüni makul gören çemeli. Bütin gyşy onuň bilen bir tünekde gyşlady. Şonda-da wagtynyň köpüsini gonamçylykda geçirdi, oba aralaryna-da aýlanar ýörerdi. x x x Hyrydaryň soň-soňlaram gylygy üýtgemedi, gepinde-sözünde ugur-ýön galmady. Şo gezegem Gülperi işden gelende içerde ýakymsyz ys bardy. Içerini ýelejiretdi, barybir ol ys aýrylmady. Şo mahalam gapy kakyldy. Görse, bir polisiýa işgäri, dim-dik durup, çest berip dur. -- Uçastok polisiýasy Meretgeldi Ataýew. -- Örän oňat, geliň, geçiň. – Gülperi birneme hopukdy. -- Meňliýew Hyrydar ertir sagat dokuzda uçastoga barmaly. -- Nämüçin, ol näme edipdir? -- Barsyn, soň düşunişeris. Häzir öýde-hä ýokdur? -- Ýok, bir özüm. -- Bir özüm, näme ýalan sözleýäňiz? Içerden nämäň ysynyň gelýändigini bileňzokmy? -- Ýok, meniň-hä işden gelip durşum, penjirelerem açyp goýdum, çykyp gidiberenok, ýakymsyz bir ys-ha bar. -- Ol-a çilimiň ysy, içerde oturlyp, çilim çekilipdir. Bolýa, ertir barsyn bakaly. -- Hyrydar-a çilimem çekýän däldir… Gülperini şagga der basdy: “Hyrydaryň hereketi-hä gowulyk däl. Tirkeşýän dostlaram düzuwli adama meňzänok”. Şol gün agşam Gülperi adamsy bilen bu barada egri oturyp, dogry gürleşdi. Hyrydar welin bu gezegem hemişekileri ýaly ant içip, awy ýalady. Ähli günäni dostlarynyň üstüne atdy. Ertesi Gülperi Hyrydaryň yzyna düşup uçastoga bardy. --Şeň üstüňden arza bar – diýip, polisiýanyň maýory Hyrydara garap gepledi. – Sen Meredow,Gurtlyýew, Iwanow, Durdygözel Aky gyzyndan karzyna pul alypsyň. Wagtynda gaýtaryp bermekden-ä geçen, sen olara görünmän gaçgaklap ýörmüşiň. Hawa, hawa, olar bialaç kömek sorap, bize ýüz tutdular. Hyrydaryň ýüzi gýzardy. Bu gezek sypalga tapmady. Gülperiden utandy, ýüzüni aşak saldy. -- Ýeri näme diýýäň? – diýdi-de, maýor Hyrydara golaý geldi. – Alanyň beri çynmý? -- Aýt, aldyňmy ýa ýok? Alan bolsaň sen onça puly näme etdiň? – diýip, Gülperi adamsynyň al-petinden aldy. -- Özem az-küjem däl-how.Hemmesini goşanyňda milliondan agýar. --Eý, hudaý. -- Gülperiň gözlerinden biygtyýar ýaş akdy. Ol özüniň nämelere çolasyp ýörenini şü pillede düşunip galdy. -- Aldym, men olary hökman gaýtaryp bererin. Men size söz beryän ýoldaş maýor.—Onuň soňky sözleri has-da ysgynsyz çykdy. -- Döwletgül ejäniň telewizoryny nirä ýokladyň? Sen onyň döwük ýerini bejerdip getirderin diýipsiň-ä. Tosy ussa eltdim diýen ekeniň. Onsoň biz Tosudanam soradyk, onda-da hiç hili amanat telewizor ýok eken. Hyrydar maýoryň sözüne geňirgenmedem, gaýta içinden “Bular-a baryndan habarly eken-ow” diýdi-de oňaýdy. -- Hyrydar, men seni bu ýerik arkaňy sypamak üçin çagyramok. Men seni häziriň özünde-de gözenege atyp bilýän. Muňa bizde esas hem bar. Ýöne men saňa üç günlük puryja berýän. Bar sen algydarlaň bilen hasaplaş. --Sen o pullary näme etdiň? Gülperiniň bu sowalyna maýor jogap berdi. -- Näme edendir öýdýärsiňiz? Neşä aňyny aldyran adam puly näme edýändir, iki günüň keýpi üçin sowandyr. Indem özüňiz bir çykalga tapaýmasaňyz, biz muny ýygnamaly bolarys. -- Ýoldaş mayor. – Gülperiniň sesi hem haýyş, hem ýalbaryjy äheňde eşidildi. – Agam jan, maňa ynanyň, şu gezeklikçe goýberin. Gyzyllammy, köýneklik matalammy sataryn. Algydarlar bilen özüm hasaplaşaryn. Gülperi mundan artyk gürläp bilmedi, bokurdagy gurap ýerinde oturdy. -- Uýam, hapa bolmaň, men size ynanýan. Siziň bu zatlardan bihabarlygyňyzam bilýän. Sizi günäkärlejek bolamok. Bize-de karzyny üzse bolany, onsonam adamyňyz neşeden el üzmese, biz onuň çäresini taparys… Gülperi sözünde tapyldy. Bar zadyny satlyga çykardy.”Gaýdyp pohuňy iýme, menden gaty görme, özüm elim bilenjik organa tabşyryn” diýdi. Şeýle ber-başagaý bolnup ýörlen günleriň birinde-de telefon jyňňyrdady. Gülperiň gulagyna trybkadan tanyş ses eşidildi. -- Salam. -- Salam. -- Günüň-halyň niçik? -- Siz kim borsuňyz, tanamadym-la. -- Aý, hawa-da, esli ýylam geçdi. Bütinleý unudan bolmagyňam ahmal. Men welin seni unudyp bilemok. -- Arzyly! -- Hawa, tanadyň. Gülperi dili tutulan ýaly ýagşydan-ýamandan hiç zat diýip bilmedi. -- Alýo, alýo, alýo… Ol trubkany ýerinde goýup, özüni diwana oklady. “Ýeri oňa näme gerek bolduka? Nädip jaň edip bildiň? Wah, onuň bilen gürleşmek ýakymlam welin, gürleşäýmelidim. Belki ol ýene-de jaň eder. Ýogsa-da men onuň bilen näme hakynda gürleşeýin? Ondan aýalynyň, çagalarynyň halyny soraýynmy? Indem ýedi-sekiz ýyldan soň, jan etmäň näme? Şo pille ýene-de telefon jyňyrdap ses etdi. Gülperi trubkany götermäge ýaýdandy. Ol welin yzyny üzmän jyňňyrdady durdy. Birhaýukdan soň Gülperi baryp trubkany göterdi. -- Hawa. -- Hyrydar ýokmudy? -- Öýde-hä ýok, kim ony soraýan? -- Aý, bir tanşy. Soňrajyk jaň edäýerin… Ikindinaralar ýene-de Hyrydary sorap jaň etdiler. Soňky gezek welin jaň eden Arzylydy. -- Gülperi, bi men Arzyly, häli nämüçin trybkany goýduň? -- Saňa nireden akyl geldi? Nädip ýadyňa düşdüm. Ýa-da keýwanyň öýünden kowdumy? Alýo, alýo, gürled-ä, näme dymdyň? -- Seň şol bir bolşuň, üýtgemänsiň. Sesiň dagam şol öňki. Men-ä ýöne bir halyndan habar alaýyn diýdim. Janyň sag bolsa bolany, bagtly bol. Jaň etme diýseň etmerinem. -- Ýok, Ýok, jaň ediberiň. – Gülperiniň trubkany goýansoň, öňküsindenem beter gahary geldi. Şol günuň ertesem işe barýarka Arzylynyň kakasy oňa pete-pet gabat geldi. Gülperi hemişekisi ýaly oňa bu gezegem edep bilen salam berdi. Olar birsellem durup saglyk-amanlyk soraşdylar. -- Gyzym, neneň hal-ahwal, ýagdaýlaň niçik? -- Erbet däl. Ýaşuly Gülperiniň ýüzüne siňe-siňe seretdi-de: -- Aý, näbileýin-dä balam. “ Ilkinji bagtym, soňraky görgim” diýilýändir. -- Beý diýmäň daýy. Gül ýaly durmuşymyz bar. – Gülperi şeýle diýdi-de, öz ýoluny dowam etdirdi. -- Wah, balam sende ýazyk ýok. Ählisine-de züwwetdin, messepsiz, eşek oglum günäkär… Aradan aý aýlandy, gaýdyp Arzylam jaň etmedi. Indi Arzyly Gülperiniň gündiz huşunda, ýatsa düýşündedi. Mahal-mahal bile düşen suratyny eline alyp, onuň bilen bile geçiren günlerini ýatlaýardy. x x x Hyrydar soňky günler ir ertir çykyşyna gara agşam dolanyp gelmäni çykardy. Bir gezeg-ä goňşyň gapydaky goýnuny ogurlabam ele düşdi. Ondan-mundan getiren zatlarynam deger-degmez bahalardan satyp gün gördi. ”Bar zatdan habarym bar, nädeýin, başymy alyp nirä gideýin? Bu meniň öz jaýym. Ony men neşä aňyny aldyrana goýup gideýinmi? Gitmeli bolsa onyň özi gitmel-ä. Ite bir süýek bergisi bar. Şeýdip ýaşandan-a bir özümiň müjerret geçenum gowy dälmi?” diýip, o gezek Gülperi Enegözeliň ýanynda içini döküpdi… Ol günem Gülperi äriniň bolşuny görüp ýüregi awady, jany ýanyp gepledi. -- Sered-ä oglan, üst-başyňa, işlän-goýan ýeriň ýok, onda-da uzak günläp arkaňdsa ýük çeken adam ýaly, eşikleňňi seň ýuwup ýetişemok. Hyrydaryň sesini çykarman kürtdürip oturyşy Gülperä ýaramady. -- Hernä illeriňki ýaly seniňem gol doly masgalaň bolmandyr. Ýekeje aýaly ekläp bileňok, ýene-de özüňe erkegem diýjeksiň. -- Gülperi, bes et. – Hyrydar alarylyp seretdi. – Besdir, içi güjükli gürrüňlerden bez boldum. Öýe gelýän welin… bu-da başlaýar. -- Aýt, ine, şu günüň özi nireden doýup geldiň? Ärakmy, meňmi, aňkap dursuň-a. -- Men senden pul soradymmy? -- Oňki soranlaňňy az görýäňmi? Hany meniň telewizorym, iki kelleli magnitofonym, holodilnigiňem motory ýok, öz import köwşüňem-ä bir ýyrtyk goloşa çalşyp gaýdypsyň. -- O meň öz işim. Aýtdym-a men senden pul soramok diýip. -- Seň algydarlaň gelip meni öz günüme goýanoklar. -- Olara hiç zat berme. -- Görýän welin sen şu günler pul soraňok… bir puldaryň üstünden baran ýaly… -- Bardyň, bardyň üstünden. Ýeke özüň dünýäň diregi däldigiňe göz ýetirdiň dälmi? Men barsam özleri iýdirip, içirip, geýindirip goýberjek aýallar bar. Garry bolanda näme, ýaşyny kim sorap dur.”Garryňky gant ýaly” diýilmänmi? Aý, onsoňam ine ceniň bilen ýaşaşýanam-da çagaň bolmasa, zürýat galmajak bolsa, sen kime gerek. Önelgesizligiňi bilip, Arzylam şoň üçin taşlapdyr seni. Hyrydar çykyp gidişine-de hüňürdedi. -- Işim bar, belki hijem gelmerin. -- Gelmeseň owarrama git, gözüm görmesin. Gülperiniň soňky sözlerini Hyrydar eşitmän galdy. Güiperi oturyp, tä içini sowadýança aglady… Hyrydaryň öýe gelmedik günleridi. Bir nätanyş ýigit agşamy bilen jaň edip goýmady. Ilki-ilkiler-ä haýyş şekilli, agraslyk bilen gürleşdi. Soňy bilen gaharly, buýruk berip baslady. Bu zatlar Gülperiniň halys degnasyna degdi. “Gaýdyp jaň etme, bu ýerde Hyrydar ýaşanok” diýip jogap berdi. Bir görse şol adamyň özi öýe geläýipdir. Özem haýbatlyja, elem ýükli. -- Gelneje, ine, men size üç aý bäri jaň edýän adam. Hijisinde-de Hyrydara duşamok. A siz bolsaňyz juda arkaýyn görünýäňiz. Men-ä göcüpjik geläýendirin. -- O nämaň göçmesi? -- Bihabar bolan bolmaň. Besdir garaşybildim. -- Hany düşnükliräk aýtsana. Senem türkmen çagasy ýaly, türkmençeläber. -- Bolýa, ýene bir gezek gaýtalaýaryn. Siziň söýgüli äriňiz Hyrydar bizden alan pullaryna derek, ol öz ýaşaýan şu bir otagly jaýyny girewine goýupdy. Möhletinden bäri üç aý ötdi. Jaýyň resminamalary bireýýäm meň elimde. Indi düşnüklimi? -- Meniň jaýymy girewine… Hany birsellem daşary çykyň. Men häzir Hyrydary jaň edip, şu ýerik onuň özüni çagyraýyn. Bolmasa siz bilen düşünişmek maňa kyn boljak. -- Çagyryň, çagyryň. Özi gelse has gowy. Men onuň bilen puluň göterimi barada-da gürleşmeli. Gülperi gapyny içinden ýapdy-da, jaýýň kildini ildirdi. Telefona ylgady. -- Alýo, alýo, polisiýamy? Dostluk köçesiniň 11-nji jaýyna gyssagly ýeteweriň. Bir dikdüşdi gelip maňa gün berenok. Talaňçy. -- Açyň gapyny, bolmasa döwerin. Goşuňyzam güm ediň, özüňizem şu ýerden garaňyzy saýlaň. Polisiýa jaň etdiňmi? Ediber, meni polisiýa bilen gorkyzjak bolmaň! Aý, garaz birsellem ol aňyrdan gygyrdy, Gülperem içerden. -- Bar git, Hyrydar atasynyn öýündedir. -- Onyň bilen işim ýok, çykyň, jaý meňki… Polisiýa gelip ol adamy ýygnap äkitmedik bolsady, soňunyň näme bilen gutarjakdygy bir alla aýandy. x x x Hyrydaryň öýünden gidişi-gidiş boldy. Oňa derek Arzyly tiz-tizden jaň edip, Gülperiniň içini gysdyrmady. Bir gezegem onyň özi öýe geldi. Daş işikde giribilmän dur. Gülperi ony içerik saldy. Bir çäýnek çaý demläp öňünde goýdy. Ol çaý demleyärkä-de ýüzüni aşak salyp oturan Arzylynyn boý syratyny sýnlaýardy. Üýtgän zadyny görmedi, şol bir bolsy, ýylgyranda-da otuz iki dişini görkezjek bolýan ýaly, sähel zada-da hezil edip güldi. Gülperiň welin gülki ýadyna düsenokdy, agysy tutýardy. Onda-da özüniň içki gussasyny gizledi. Onuň ýanynda ýylgyryp oturdy. -- Gülperi, seniň demlän çaýyň lezzetem başga. Walla çynym, öwüp aýtdygym däl.—Arzyly çaý süzüp oturyşyna Gülperä mähirli garady. – Tagamy agzymdan gitmändir. Bilýän men seniň öňüňde ýazykly. Ötünç soramaga geldim. Seň gaýtadan äre barmagyňa-da men günäkär. Şu ýere-de zeleliň ýarysyndan gaýtmagyňam peýdalydygyna düşunemsoň geldim. Hyrydar bilen aýrylyşanyňy eşitdim. Ýaraşaly, gaýdyp biziň indiki nikamyza päsgel berjek bolmaz. -- Kör hasasyn bir gezek aldyrýandyr, Arzyly. -- Ýok men seni aldamok. Şensiz men hiç kim. Men ýalňyşypdyryn. -- Arzyly, men seni gapymdan kowmakçy däl, saňa daýymyň hatyrasy üçin gapym açykdyr. Ýöne sen maňa gaýtadan durmuş guraly diýme. Başky aýalyny, çagaňy ýatdan çykarmak, ol saňa başartmady. -- Olar indi meň gözüme görnenok. -- Beý diýme, sen aýalyňdan, çagaňdan geçip bilmediň, meni depelediň. Hä, gürle, näme gürlänok, agzyňa suw alana döndüň. -- Gülperri, indi o döwür däl. Sen meni diňle. Ol häzir başga birine durmuşa çykdy. Men gaýdyp ol gapa barman. Alty aýyň içidir ýeke ýaşaýan. Ýadyňdamy, men saňa jaň edipdim, ilkinji gezek? -- “ Sen bolmasaň, senemjan” diýip gaýdyberipsiň-dä. Şeýlemi? -- Nähili düşünseň düşüniber. Senden başga meniň hiç kimim ýok. Garrylaryň ikisem dünýäden ötdi. Meniň şol bir bolşum, ne içýän, ne çekýän. Iş öý, öý iş, başga gidýän ýerim ýok. Jaýymam, öý goşumam şolara galdyryp gaýtdym. Seň özüň indi maňa hossar çykaýmasaň, gidere ýerim ýokdur. Men seň öňüňde söz berýän. Özge birine seredäýsem, goý oňa sereden gözlerim garylsyn. -- Ýeri, ýeri özeleniberme. Erkege gelişýän zatmydyr. Wah, men siz erkeklere belet boldum. Öňem men dek başymy depirjek äre berip, jebir-süteme ýolugan adam. Olaryň ýäňadan maşgala gurmak baradaky gürrüňleri uzaga çekdi. x x x Gülperi bu gezek ejesiniň guburynyň başyna ýany bilen Arzylynam alyp barypdy. -- Eje jan, käbäm, ine , men ýene-de seň ýanyňa geldim. Eneleriň bilmeýän zady ýok . Sen weli ýaly adam ekeniň. Ähli zat seň aýdyşyň ýaly boldy. Indem men halys kelebiň ujuny ýitirdim. Durmuş menden rüstem geldi.Ýaşasym gelenok. Ol gubruň üstünde maňlaýyny goýup, möňňürmäge durdy. -- Gülperi, hany goýsana. Kelebiň ujuny ýitiren diňe sen däl, menem ýitirdim. Seniň bagtsyz bolmagyňa men günäkär. Ine, men şu ýerde, mähriban ejeň gubrunyň öňünde ant içýän. Men gaýdyp seni aglatman, aglatjaga-da ýol bermen. Tä ölinçäm seň huzuryňda borun. Gülperi başynam galdyrmady. -- Tur gyzym, tur, durmuşdan ýeňlip aglamak ejizlik bor. Gülperi tarsa ýerinden galdy. Göwnüne bu ses gabyrdan eşidilen ýaly boldy. Görse, gaşynda hemişeki görýän garry enesi hasasyna söýenip dur. -- Gyzym, tur gaýt öýüňe, bu ýigide ynansa bolar, onuň ýüreginde gussa bar, ökünç bar. Onuň sözlerinden, onuň eden işine ýürekden ökünýändigini aňmak bolýar. -- Ene jan, men ejemiň diýenini etmedim, onuň pendini almadym. -- Ýalňyşyňa düşünen bolsaň bolýar. Seň heniz başyň ýaş. -- Ene jan, ynha, şu gün ejem janyň ýogalan güni. Eýýäm on iki ýyl geçäýipdir. Göwnüme dek düýn ýaly. Öýe baralyň, käbämiň öz öýünde oturyp degsin edeliň. Ene jan, ýok diýmäň, sizem biziň bilen gidiň. -- Gyzym, sen ýaňadan äre barmakçy bolýaňmy? -- Hawa ene, adamymdan ymyklyja aýrylyşdym, biz şu günki gün täzeden birigäýsek diýýän. -- Oňarýaň gyzym. Itiňem ýeke bolmasyn. Siz bu gün gidiň. Menem bir gün bararyn, hökman bararyn. -- Ýok, ene jan. Men sizi ejem ýaly görýän. Her gezek size duşamda, ejem jan ýadyma düşýär. Onuň gowy görýänje naharynam taýýarlap gaýtdym, barmasaňyz öykelärin. -- Bolýa, goý seniň diýeniň bolsun. Olar üç bolup gonamçylykdan tirkeşip gaýtdylar. -- Özüm-ä ho-ol gatly jaýlarda ýaşaýan. Ejemiň işigini welin ýapamok. -- Dogry edýäň gyzym. --Bir aýagym şy ýerde. Her gezek by ýere baramda göýä mähribanym öňümden çykyp garşylaýjak ýaly bolup dur. Ýogsa-da düýnüň özem Arzyly ikimiz siziň gürrüňizi edip durduk – diýip, Gülperi ýolda gelýärkä Arzyla seretdi. Arzylam ýylgyryp baş atdy. -- Aý, ýog-a. Men nädip ýadyňyza düşüp ýörün. -- Ejem janyň öýi ýeke. Sizem bir mysapyr, göwni ýaz ýaly, ejem ýaşytly aýal. Onsoň ejem janyň öýem ýeke durmasyn, eger-de razy bolsaňyz, size şu içerde ýaşaýsaňyz diýmekçi bolduk. Ynanyň, häzir baryp öz gözüňiz bilen görersiňiz, goş-golamam ýerbe-ýerdir. Iki gyşlyk odun-çopem bardyr şoň. -- Hm… -- Garry ene ýagşydan-ýamandan geplemedi. Özi-de Gülperiň aýagyna zordan eýerýärdi. Şo dem garry enäniň yza gaňrylyp bakyşy ejesine çalym etdi. Gülperi onuň üstüne “ Eje jan” diýip topulasy geldi, zordan saklandy. Olar üç bolup howla girdiler. Garry hasasyny diwara söýäp, içerik ätlejek boldy. -- Ene jan, hany eliňi uzat, kömekleşeýin. -- Gülperi garrynyň çep elini tutanda, onuň goşaryna gözi düşdi. Ol gözlerine ynanmady. Goşarda peşehordaň yzy mese-mälim bildirip durdy. Indi Gülperide ikirjiňlere ýer galmady. -- Eje jan! -- Gülperi garryny garsa gujaklady. Onuň ýygyrt basan, garört ýüzünden ogşady. Uly ses bilenem aglady.—Käbäm! Arzyly nämäniň-nämedigine düşünmän, aňk bolup durdy. Ol Gülperiniň akyly üýtgändir öýtdi. -- Eje janym, bu nä gudrat, jaýyň ot aldy, biz seni öz elimiz bilen jaýladyg-a. -- Ol gözleriniň ýaşyny köýneginiň ýeňi bilen syldy-da, Arzyla gygyrdy.—Arzyly, Arzyly, bi meň ejem, ejem diri. -- Haýsy ejeň, Ogulboldy ejemi? -- Hawa, hawa, balalam, men siziň Ogulboldy ejeňiz. -- Eje jan, sen şunça ýyllap nirede bolduň? Sen mensiz hädip ýaşadyň? Nädip ölmän galdyň? Ýaňky mazar… Garry gyzynyň sansyz sowallaryna jogap berip bilerinem öýtmedi. Belki jogap beribem bilerdi. Yöne ol muňa howlukmady.Yüregine diň saldy.” Gürrüň bersemmikäm ýa-da bermesemmikäm!” diýýän röwüşde bir-ä Gülperiniň ýüzüne garady, birem Arzylynyň. Gülperi ejesiniň has golaýragyna gelip, onyň betnyşan ýüzüne seretdi. -- Bolýa gyzym. Hany jaýlaşykly oturyň . Men size baryny gürrüň bereýin. -- Käbäm, diňe sesiň öňküligne galypdyr diýmeseň, daş keşbiniz şeýle bir üýtgäpdir welin, tanar ýaly däl. Hälem şo-ol goşaryňdaky peşehordaňa göžum düşäýdi. Bolmasa ýüzuňizem… -- Şol jaýyň otlanan gününde ýüzümem ýandy, saçymam. Derwüş sypatynda gezdim, obama-oba ýol sökdüm. Bir döwüm çorek berseler-hä iýdim, bolmasa aç oturdym. -- Sen nämüçin öz öýüňi terk etdiň? Ogulboldy eje özi bilen baglanyşykly bolan bu wakany gürrüň bermäge oturdy… Şol gun howa sowukdy. Ogulboldy eje irgözin ot ýakyp, içerini mazaly ýyladypdy. Ýarygijeler töweregi gapyň tyrkyldysyna oýanan Ogulboldy eje adaja ses bilen gygyrdy. -- Kimsiň? -- Ogulboldy … -- Çerkez! -- Hawa, men. Açsana gapyňy. -- Sen nire, bu ýeri nire? Azaşan-a dälsiň-dä! -- Ýok, Ogulboldy, azaşamok, göni gelendirin. -- Geň görmeli, giriň, giçläpsiňiz, eýgilikmi? Niçik aýalyňyz, çagalaňňyz? -- Olaryň adyny tutma. Men seň bilen hoşlaşmaga geldim. -- O nämäň hoşlaşygy? -- Ogulboldy, men seni taşlap, telek iş etdim. Sen meni diňle.Senden başga mende hossaram ýok, syrdaşam. -- Näme diýsene, Çerkez, mus-mus diýmän Mustapa diýip goýber. Meň başymy çaşyrma. -- Meňki barybir ölüm. -- Düşünmedim, sen meni öldürmäge geldiňmi? -- Ýok, seni öldürip bolmaz. -- Onda nämäň ölümi? -- Men şu ýerik iň soňky gacybatalgam diýip geldim. Sen meni gizlejegem bolma. Barybir, daň atdygy meni taparlar. Onsoň şu ýaşdan soň eliňi arkaňa daňdyryp, atuwa alyp gidenlerinden-ä öz-özüňe kast edeniň müň paý gowudyr. -- Çerkez, hany sen näme bolan bolsa gürrüň bersene. Bu zatlaryň bary maňa düýş ýaly. -- Men ony aňýardym. Onuň aýagyny gýşyk basýandygyny ýüregim syzýardy. Şoň üçin men kän wagtlap yzyna düşdüm. Ähyram şu gün “şähere gitjek, bir hepdeden gelerin” diýen bahana bilen öýden çykdym. Ýap-ýaňyja-da ýzyma gaýdyp geldim. Gelsem ol ganjyk oýnaşy bilen bir ýorganda. Heziller edinäýdim. Palta bilen ikisiniňem başyny kesip içimi sowatdym. -- Hih. – Ogulboldy eje ýakasyny tutdy.-- Daş edewersin. -- Meni garry görendir, jahyl ýigit gerekdir. Ikisem çuw-ýalaňaç, meni tentek, binamys saýandyr, gözli kördür öýdendir. Özem kim bilen diýsene? Seň birmahalky Bekgi jalaýyň bardy-la, ana şonuň tirýekkeş dogmasy bilen. Men olary öldürenime ökünemok. Bu ir-u-giç şeýle-de bolmalydy. -- Yzy… -- Yzymy, yzy, ikisinem öldürdim diýdim-ä. -- Uly bir işem bitiripsiň, gaçybam şu ýerik geldiňmi? Hä, iýmän gelerler, tutuş oba geler. Meni näletlärler. Özüňem içgili ýaly-la. -- Meň içmeýänimi bilýänsiň. -- Onda nä üst-başyň aňkap dur. -- Nebtiň ysydyr, bir çyra doly nebiti üstüme güýdum. Indi otluçöp çakaýmaly. -- Bar git. -- Sen meni kowma, az wagtlyk geldim. Men seni, diňe seni söýüpdim. Şony aýdaýn diýip sowuldym. Men öz-özüme jeza bererin. Men öz janyma kast ederin, ele-hä düşmen. -- Hany sen geçdejik otur. Ýöne peje golaý barma. Men saňa tapdygymdan egin-baş bereýin. Galan zatlar barada soň maslahatlaşybereris. Ogulboldy içki otagda esli eglendi. Ol gelende ot tutaşyp, içerini tüsse gaplap alypdy. Ortada lowlap ýanyp duran Çerkezdi. Ol uly ses edip, iki-bakan çabalanýardy. Ogulboldy çirkin ses edip gygyrdy, oňa kömek etjek boldy. Başarmady, ot onuň ýüzüne çawrady, saçyny ýakdy. Hiç zada güýjüniň ýetmejegini bilibem daşary çýkdy.“Kömek ediň, kömek ediň!” diýip, sesiniň ýetdiginden gygyrdy… - Hawa, gyzym, men şonda gaty gorkdum. Ýüzüm ýandy, saçym ýandy. Il gozüne görünemden obadan başymy alyp çykanymy gowy gördüm. - Onda, ýaňky mazar… - Ýaňky mazar Çerkeziň mazary bolmaly. Onuň jesedi tanar ýaly bolan däldir-dä. Çerkez ganhoram bolsa ol meniň üçin arzyly adamdy. Men onuň ýatan ýerine günde-günaşa aýlanyp durun. Bilýän, ony höküwmedem yzarlaýar. Iki adamy öldurip gaçyp gitdi diýip häli-häzire çenli ony gözläbem ýörler. Näçe ýyldyr şu töwerekde köw-söw edip ýörün. Ähli zatdanam habarym bar. - Eje jan, meniň ikinji baran adamymam… - Men ondanam habarly. “Öňüm bolandan, soňum bolsun” diýlendir. Men seniň Arzylyny neneň söyyänligiňe baryp gyz mahalyň belet bolupdym. Bilip goý, söýgi bolan ýerinde gaýgam bardyr, jebir-sütemem. Durmuş sizi synap gördi. Beýik taňry siziň ýaňadan birikmegiňize-de hemaýat etdi. Mundan beýläk-de äbe-de-jüýje bolup ýaşaşmaga, durmuşy täzeden başlamaga giç däl gyzym. Onsoňam men siziň ýanyňyzda. Biz indi galan ömrümizde bileje ýaşarys… Olar bir bütewi maşgala bolup, öňlerine nahar aldylar. Soñy. 1999-njy ýyl. | |
|
√ Baga bagşy -3: Iliň gapysynda - 07.03.2024 |
√ Ene / powestiñ soñy - 15.01.2024 |
√ Aýuwlaryň aýdymy -7: powestiň dowamy - 10.09.2024 |
√ Sary bagşy / powestiň dowamy: Duşagy tisgindiren agy sesi - 06.03.2024 |
√ Palindromaniýa: Kök küý kiss me - 05.07.2024 |
√ Ene / powestiñ dowamy - 14.01.2024 |
√ Sary bagşy / powestiň dowamy: Toý - 05.03.2024 |
√ Palindromaniýa: Melek kebelek - 03.07.2024 |
√ Sary bagşy / powestiň dowamy: Kesel - 06.03.2024 |
√ Sary bagşy / powestiň dowamy: Çakylyk - 06.03.2024 |
Teswirleriň ählisi: 1 | |
| |