11:33 "Peri geldi ýakadan" | |
9. “PERI GELDI ÝAKADAN”
Ýatlamalar
1964-nji ýyl bolsa gerek, goňşy respublikalaryň birinden Aşgabada elli ýaşlaryndaky şahyr aýal geldi. Ol uruşdan soňky ýyllar hem Aşgabatda bolupdy diýdiler. Eýýäm ady unudylan zenanyň gaýtadan turzan wazaňy zor boldy. Onuň hakyky adyny tutup oturmagyň bu ýazgy üçin zerurlygy ýok. Meniň ýazjak sözlerimden hakykatyň beýanyny gözlemäň. Muny halk döredijiligine çalymdaş bir zat hökmünde kabul ediň. Hawa, men ýazyjylaryň ýaýradan “halk döredijiligine” ünsi çekmekçi boldum. Setirleriň dokumentallyga dalaş edäýjek käbir ýerini üýtgetmegi makul bildim. Şahyr zenanyň adyny tutman, oňa Peri diýeliň. Onuň owadanlygyny öňde-soňda inkär eden tapylmady. Men ol mahal Aşgabat telewideniýesiniň edebi-drama redaksiýasynyň redaktorydym. Şäheriň ilersindäki baýryň üstünden salnan jaýyň ikinji gatyndaky otagymyzyň penjiresinden aşak garadym. Köçe tarapdaky basgançaklardan al-ýaşyl geýnen aýal haýallyk bilen galyp gelýär. Ol dolmuş göwresiniň agyrlygy üçin haýal ýöreýändir öýtmedim, meniň ýaly penjireden garap duranlara syn etmäge pursat berýändir diýdim. Şol wagt redaksiýamyzda uniwersitetiň mugallymy Mäti Kösäýew otyrdy, ony çykyş etmäge çagyrypdyk. Men: – O-how, Peri gelýär! – diýdim. – Başlygyň “Wolgasyndan” düşdi, “Täzeliklerde” çykyş etjekdir. Otagdakylar penjirä topuldylar, soňky günlerde ady agza dolan aýaly synlamaga höwesekdiler. Mäti aga ýerinden galmady. – Tirkiş, seret, yzynda kim bar? – diýdi. – Hiç kim. Maşynam garaşman gitdi. Mäti aga pauza saklap dymdy, biz onuň bir zat diýjek bolýanyny aňdyk, garaşdyk. – Peri-peýker diýilse-de, wagt geçse baharyň sowulmaly-da, ýogsam bolmanda, ol ýeke gelermidi! – diýdi, soňra aýdanyna delil getirdi. Uruşdan soňky ýyllar Mäti Kösäýew “Sowet edebiýaty” žurnalynda işläpdir. Şol mahal ýaş, owadan Peri žurnalyň redaksiýasyna goşgularyny getirýän ekeni. – Bir häsiýeti bardy, geljegini til edip duýdurardy. Her gezek gelmeli bolanda, biz bir ýagdaýa haýran galardyk. Peri gelmezinden ýarym sagat öňinçä Berdi Kerbaba peýda bolardy, ýygnanyşyga çagyraýmasak redaksiýa gelip ýörenem däldir welin... ony diýseň, çagyraňda-da redaksiýa gelmeýän Aga Garry näme, şolam geläýerdi. Gelende-de Kerbaba barka Aga Garra gezek ýetjek däl-ä, düşünerdi-de ol-a gidibererdi. Itiň gatlaklydan hantama bolşy ýaly diýmelimi, garaz, Perini Kerbabadan gabanyp, gitmän oturýanlar-da tapylýardy – diýdi. Berdi aga indi ýetmiş ýaşapdy. Ol Periniň Aşgabada geleninden habarlymyka? Ol bu mahal ýazyjylar soýuzynyň başlygy däldi, başlyk Beki Seýtäkowdy. “Halk döredijiligini” döredenler bu ýagdaýy gözden salmandyrlar. Duşup Berdi Kerbaba, Diýdi: “Gideli baga”. Hany, öňki Kerbaba?! “Bolupsyň sen gurbaga!” Peri geleli bäri telim öwre ýazyjylar soýuzyna barypdyr, Beki Seýtegiň kabinetinde oturyp, halwaly, kişmişli, pisseli çaý içýär diýdiler. Soýuzyň hasabyna içýändir-dä, Beki Seýteg-ä kisesinden pul çykaryp, şol tagamlary almaz diýýänlerem tapylýardy. Äý, ýazyjylaryň biri-birine göripligi gursun! Ýeri, bu goşgy setirlerine näme diýjek! Peri geldi ýakadan, (deňziň boýy manyda) Şahyrlary okadan, Sypaň-sermeň etse-de, Zat tapmady Bekiden. Bu “halk döredijiligi” birgiden ýazyjynyň, redaktoryň çetine degýär. Olaryň ejizligi Periniň göwnüni tapyp bilmeýändiklerinden ybarat. Bu ýerde olaryň hemmesini aýdyp oturmak artykmaçlyk eder. Awtorlaryň bolşy owadan zenanyň göwnünden turup biläýjek erkek gözleýäne çalym edýär. Gözlegiň dowamynda çeper terjimeçi, neşirýatyň baş redaktory Çary Matalyň hem gulagyny şaňladypdyrlar: Tapyp Çary Mataly, Diýdi: “Biraz ýataly”. Ahyrsoňy gygyrdy: “Gidäý, eş-şek ataly!” Indi ähli umyt Pomma Nurberdä baglanýar. Allaberdi Haýytdan, şahyr Mämmet Seýitden almadyk keýpini Pommadan alar! Pommanyň gep urandaky haýbatly äheňi, hereketindäki gödekligi umyt baglamaga esas berýär, bular hakyky erkeklikden nyşan. Ine-de onuň soňy! Getirdiler Pommany, “Çykar – diýdi. – tammany!” Gömmäni-hä gömmäni, Ýüňsakgal etdi hemmäni. Islendik halk döredijiliginiň soňy toý-şagalaň, hezillik bilen gutarmaly. Awtorlar bu däbi inkär edip bilmändirler: Söküp dagy-deräni, Tapdy şahyr Garany. Daçada dalaş gurup, Söndürdiler çyrany. Garaz, ol günlerden galan gep-gürrüň, ýomak, gülki az däl. Tirkiş JUMAGELDI. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |