23:39 Perzi bilen gyraky pyýadalary urmañ! | |
PERZI BILEN GYRAKY PYÝADALARY URMAŇ!
Edebi makalalar
Şahsy arhiwimde bir bukja saklanýar. Onuň ýüzüne ýöne «As-Suly» diýlip ýazylypdyr. Bukjada X asyrda ýaşap, küşt boýunça dünýäniň ilkinji çempiony diýlip atlandyrylýan, kyrk ýyllap Gündogaryň dürli ýerlerinden gelen ussatlary ýeňlişe sezewar edip zamandaşlary tarapyndan «As-Sadranjy», ýagny, beýik küştçi diýlip hormatly lakam berlen türkmen küştçüsi, taryhçysy hem edebiýatçysy Abu bekir as-Suly hakynda ýygnan maglumatlarym bar. Golaýda bu bukjany täzeden dördüm. Özi-de tötänden. Bir ýazyjy dostum maňa «Sowetskaýa kultura» gazetiniň şu ýylyň 28-nji martynda çykan sanyny getirip beripdi. Gazetde Bütinsoýuz okyjysyna as-Suly hakynda käbir maglumatlar berilýän ekeni. Ondaky «Aşgabatly suratkeş Juma Hudaýgulyýewiň ussahanasyna baranlar mundan müň ýyl gowrak öň bolan küşt oýnunyň şaýady bolýar. Dogry, küşt mallary häzirkiden köp derejede parhlanýar. Ýöne olar gadymyýetiň legendar küştçüsi, bu oýnuň ilkinji uly teoretigi Abubekir as-Sulynyň öz eli bilen goýlan ýaly bolup dur. Onuň özi bolsa hüjräniň içinde gündogar lybasly, asyrlaryň şaýady ýaly bolup otyr» diýen sözleri tolgunyplar okadym. Sebäbi men Jumanyň bu kanoniki suraty döretmek üçin üç-dört ýyllap geçiren gözlegleriniň, çeken azaplarynyň şaýady bolupdym. Öz ýanymdan suratkeşiň bu asylly hyzmatyndan respublikamyzyň köp adamlarynyň bihabarlygyna gynandym. Niýetim gazeti bukja salyp goýmakdy. Göwnüme, ol has galňan ýaly. Bukjadaky maglumatlaryň, bellikleriň köpüsini «Sadrançnama» diýen kitapçamda peýdalanypdym. Kitapça 1983-nji ýylda çykypdy. Ondan bärem esli wagt geçiňdir. Sadranjyň (küşdüň) taryhy, esasan hem as-Suly hakynda ep-esli täze maglumatlar toplapdyryn. Dürli çeşmelerden as-Sulynyň hut öz pikirleri, sözleri (sebäbi biziň elimizde onuň golýazmalary ýok) ýygnalypdyr. Garaz, okyjylara ol hakda aýdara zadym bar ekeni. Häzirlikçe küşdüň taryhyna degişli iň irki çeşme X asyrdan aňry geçenok. Şu asyrda arap edebiýatynyň bibliografiýasy düzülipdir. Arap dilinde ýazylan bu eserde taryha, geografiýa, astronomiýa, medisina, teolgiýa hem başga ylymlara dahylly maglumatlar bar. Bellemeli tarapy, onda küşt hakynda eser ýazan beýik küştçüleriň üçüsi hakynda aşakdaky ýaly maglumat berilýär. «1. AL-ADLY – Ol sadranç hakynda kitap ýazypdyr. Şeýle-de nard hakynda hem kitaby bar. 2. AR-RAZY –Güýji al-Adlynyňka barabar. Ikisi Mutawakkylyň (847-862-nji ýyllarda halyflyk eden – A. B.) huzurynda bäsleşipdir. Ar-Razy «Sadrançdaky gözellik» diýen kitabyny döredipdir. 3. AS-SULY – Abubekir Muhammet ibn Ýahýa sadranç hakynda iki kitap ýazypdyr. Birinji kitap tabyý(oýnuň başlanyşy), ikinji kitap mansub (oýnuň gutaryşy) dogrusynda». Gadymyýetiň bu beýik küştçüleri hakynda bize gelip ýeten deslapky maglumatlaryň bary şular. Başky iki küştçi as-Suludan öň ýaşapdyr. As-Suly olaryň ikisini hem öz halypasy hasaplapdyr. Bize ar-Razy hakynda şundan başga maglumat belli däl. Emma al-Adly barada welin, aýdara käbir zatlar bar. Mysal üçin, Soltan Abdylhamet II-niň kitaphanasynda düzülen katalogda onuň ady şeýle getirilipdir: Abylabbas Ahmet Al-Adly. Gadymky arap golýazmasynda görkezilişine görä, al-Adly küşt hakynda ýazylan ilkinji kitabyň awtory. Täsin ýeri, XVII asyrda ýaşap, gadymky golýazmalaryň esasynda bibliografiýa düzen Hoja Halyfa küşt hakyndaky ilkinji kitabyň awtoryny Abylabbas Ahmet as-Sarahsy diýip görkezýär. Üns berip görüň! Bu ýerde olaryň ikisiniň hem köniýesi (adyndan öň gelýän lakamy) Abylabbas. Atlary-da bir – Ahmet. Diňe lakamy başga. Biriniňki al-Adly, beýlekisiniňkias-Sarahsy. Eýsem as-Sarahsy kim? Gazak küşt taryhyny öwreniji S.Bakenow Sarahsynyň diňe beýik küştçi bolman, eýsem meşhur tebip bolandygyny belläp şeýle ýazýar: «Sarahsynyň Türkmenistan SSR-niň Saragt raýonynda doglandygyny, ata-babalarynyň türkmendigini onuň özüniň goýup giden sözleri subut edýär». Diýmek, Sarahsy hem beýik küştçi eken. Onuň küşt sungatyny eý gören halyf al-Mutazzydyň köşgünde ýaşandygy, Sarahsynyň görülmedik küştçülik zehinine köşk hadymlarynyň göriplik edendigi, oňa atylan dürli hili töhmetlere ynanan halyfyň Sarahsyny 899-njy ýylda asyp öldürendigi barada maglumatlar bar. Küşt taryhçylary Z.Hojaýew bilen F.Dýummel Sarahsynyň gadymky Sarahs welaýetiniň Tejen şäherinde ýaşandygyny anyklapdyr. Emma esasy mesele munda däl. Mesele faktlaryň seni aslynda al-Adly bilen as-Sarahsy bir adam bolmaly diýen pikire alyp barýanlygynda. Ilki bilen şeýle pikire görnükli iňlis küşt taryhçysy Garold Merreý gelipdir. Eger olaryň atlarynyň, adyň öňünden goşulýan lakamlarynyň birdigini hasaba almanymyzda-da, galan faktlar hem ýokarky pikiriň tarapynda. Aýdaly as-Suly özünden öňki meşhur küştçi hem küşt hakynda kitap ýazan adamlaryň biri hökmünde köplenç al-Adlyny ýatlaýar. Çeşmelerde as-Sarahsy lakamy bilen gelýän adamyň hem as-Sulynyň küşt dünýäsinde ilkinji belentlige ýeten wagtyndan (905-nji ýyl) ýedi ýyl öň dünýäden ötendigi bize belli. Şuňa meňzeş ikinji ýagdaý. Şol zamanda iň mertebeli, hormatly adamyň adynyň yzyndan iki sany lakamy bolupdyr. Öňde belleýşimiz ýaly, as-Sulynyň hem adynyň yzyndan iki lakam gelýär. Aýdaly, as-Suly lakamy onuň görnükli türkmen serkerdesi Sul hanyň neberesidigini aňlatsa, as-Sadranjy lakamy beýik küştçi manysyny beripdir. Edil şonuň ýaly, Abylabbas Ahmediň hem adynyň yzyndan iki sany lakam goşulypdyr. As-Sarahsy lakamy onuň Saragt welaýetinden çykandygyny görkezipdir. Şol döwürde şeýle lakam almak ýoň bolupdyr. Gadymy arap dilinde «adl» sözi adyllykdan başga-da «bäsdeş», «garşydaş» manylaryny hem aňladypdyr. Sözüň bu manylary bolsa küşt oýnunyň häsiýetine has laýyk gelýär. Şeýlelik bilen, zamandaşlary as-Sarahsa küştde ýeten uly kämilligi üçin beýik bäsdeş, beýik garşydaş manysyny beren al-Adly lakamyny dakan bolsalar gerek. Şeýle bolsa, onuň doly ady Abylabbas Ahmet as-Sarahsy al-Adly bolýar. Görşümiz ýaly, mundan müň ýyl öň küşt dünýäsini baglan as-Sulydan öňem as-Sarahsy al-Adly ýaly ägirt bar ekeni. Şeýle adamyň türkmenlerden, türkmen topragyndan çykmagy bolsa, gör, nähili guwançly! * * * Öňde «Sowetskaýa kultura» gazetinden alan göçürmämizde as-Sula küşt oýnunyň ilkinji uly teoretigi diýlip baha berilýär. Ýöne, biziň pikirimizçe, ilkinji uly teoretik al-Adly bolmaly. Onuň küşdüň teoriýasyna dahylly pikirlerini, ynançlaryny ösdürmek hem gutarnykly işläp, düzmek bolsa as-Sulynyn, paýyna düşüpdir. Eger küşdüň taryhyna degişli gadymy golýazmalary içgin yzarlasaň, bu oýnuň ilkinji ussatlary, onuň teoretikleri hökmünde ilki al-Adly, soň as-Suly agzalýar. Häzirlikçe küşdüň taryhyna hem teoriýasyna degişli in gadymy golýazma 1140-njy ýyla degişli. Stambulda saklanylýan bu golýazma «Küşt hakynda kitap, Al-Adlynyň, as-Sulynyň hem beýlekileriň eserlerinden saýlamalar» diýlip atlandyrylýar. Şundan soň hem küşt hakyndaky eserleriň ýygyndylary düzülipdir. Ýygyndyny al-Adlynyň eseri bilen başlamak, onuň yzyndan as-Sulynyň eserini ýerleşdirmek däbi köplenç saklanypdyr. As-Suly al-Adla uly hormat goýupdyr. Onuň eserlerini elmydama elýeterinde saklapdyr. Her ädimde oňa ýüzlenipdir. Ony öz ussady atlandyrypdyr. Şeýle bir mysal. Abubekir öz kitabyny al-Adlynyň küşdüň teoriýasy hakynda çykaran netijeleri boýunça baplara bölendigini, al-Adlynyň hem özüniň tejribelerine esaslanyp, küştçüleri ukyby hem ussatlyk derejesi boýunça alty topara bölendigini, olaryň ilkinjisine «aliýa» – «ussatlaryň ussady» diýip at berendigini ýazypdyr. Oý edip görseňiz, meseläniň gyzyk tarapy bar. Onuň «aliýa» diýýän derejesi häzirki grossmeýstere barabar. Bu küşt oýnunda iň ýokary dereje. Onuň galan bäş topary bolsa ussat, ussatlyga kandidat, birinji, ikinji, üçünji razrýadlara gabat gelýär Diýmek, as-Suly tarapyndan mundan müň ýyl ozal düzülen küşt baradaky düzgün biziň günlerimizde-de ýaşamagyny dowam edýär! Gündogar küşdüniň iň gadymy meseleleriniň birine «Atyň garşysyna ruh» diýlip at berlipdir. Bu küşt meselesini ilki al-Adly düzüpdir. As-Suly bolsa ony gutarnykly kämilleşdiripdir. Iňlis küşt taryhçysy Dunkan Forbs bu meseläni 1860-njy ýylda «Ilýustreýted Landan nýus» žurnalynda okyjylara hödürleýär. Bu mesele iňlisküşt söýüjileriniň arasynda uly gyzyklanma döredýär. Okyjylar meseläniň dürli çözgütleri bilen žurnalyň üstüni gömüpdir. Has soňrak bolsa, gollandiýaly D.Siýlistra al-Adly bilen as-Sulynyň bu küşt meselesini iş edinipdir. Uzak ýyllar pikir edip, meseläniň çözgüdiniň 1200 görnüşini tapypdyr. Şol görnüşler bolsa iki sany kitaba ýerleşipdir. * * * Öňräk gazetleriň birinde Kuba mekdeplerinde küşdüň ýörite okuw predmeti edilip girizilendigi, şunuň hem okuwçylaryň ruhy taýdan-da, akyl taýdan-da sazlaşykly ösmegine oňyn täsir edýändigi barada okapdym. Görüp otursak, çagalary terbiýeläp ýetişdirmekde küşde arkalanmak Gündogarda gadymdan bäri bar ekeni. Bu barada bize as-Sulynyň şeýle sözleri gelip ýetipdir: «Oýunlaryň arasynda we hökümdarlaryň iň eý görýän güýmenjeleriniň içinde sadrançdan enaýy zadyň bardygyny hiç kim bilmeýär. Ajam (Eýran – A.B.) hökümdarlary öz çagalaryna hemişe beýleki ylymlara garanda küşdi köpräk öwredipdirler. Olaryň pikirine görä, sadranç oýnap bilmeýän çaga oýnap bilýänçaga garanda atasynyň nazaryndan çetde galan hasaplanýar. Abbasy halyflary sadranjy söýüpdirler hem sadranç oýnap bilýäni öňdebaryjy adamlaryň hataryna goşupdyrlar». Soň ol kitabyň başga bir ýerinde «Ar-Razy «Sadranç oýnaýan adam ünsüni başga zatlara bölmeli däldir, gorky duýgusy oňa ýat bolmalydyr» diýipdir. Biz hem onuň sözlerine amal edip geldik» diýip ýazýar. Görnüşi ýaly, şujagaz mysallaryň özi hem as-Sulynyň küşdüň terbiýeçilik ähmiýetine hemişe uly üns berendigini aňladýar. * * * Altmyşynjy ýyllarda nemes kinoçylary tarapyndan goýlan «Küşt nowellasy» diýlen film tomaşaçylaryň ýadynda bolsa gerek. Çuňňur psihologik häsiýetde döredilen bu filmde baş gahryman faşistik türmede hereket edýär. Ol dürli gynamalara, azaplara döz gelmek, akylyndan azaşyp, ruhy taýdan ýeňilmezlik üçin küşde sygynýar. Özüne gaýybana garşydaş döredip, hyýalynda küşt oýnaýar. Şeýdip hem ýeňiji bolup çykýar. Göwnümize bolmasa, nemes kinoçylaryna bu temany as-Suly beren ýaly bolup dur. Sebäbi edil şeýle waka IX asyrda hem bolup geçipdir.Küşt dünýäsinde ilkinjileriň biri hökmünde «aliýa» derejesine mynasyp bolan Sahab ibn Jebir nähak töhmet zerarly uzak möhletläp zyndanda oturmaly bolýar. Ol zyndan ýalňyzlygyny ýeňmek, öz zehininiň kütelmezligi üçin küşdi hemdem edinýär. Wagtyny gaýybana küşt oýnap ötürýär. Jebiriň bu durmuşy barada as-Suly öz kitabynda jikme-jik gürrüň edipdir. Okyjylaryň nemes kinoçylary as-Sulynyň bu maglumatlaryny nireden bilsin diýmegi mümkin. Ýok, bilen bolmaklary juda ähtimal. Sebäbi, Ýewropa halklaryna as-Sulynyň ykbalyny, durmuşyny tanyşdyrmakdanemes alymlarynyň hyzmaty diýseň uly. Geçen asyryň ikinji ýarymynda başlap, Ýewropada Gündogary öwrenmäge uly gyzyklanma döräpdir. Hut şu döwürden başlap ýewropalylar Gündogaryň köp sanly meşhur hem gadymy küştçüleriniň ady bilen tanalypdyr. Bu işde aýratyn hem nemes alymy Wander Linde işeňňirlik görkezipdir. Ol Konstantinopolda (soňra Stambul) nemes ilçihanasynda işleýän terjimeçi dosty Paul Şrederiň kömegi bilen küşt hakyndaky köp sanly golýazmalary ele salmagy başar. Şol golýazmalaryň köpüsi bolsa as-Sulynyň işleri, işlerinden bölekler eken. Linde olary başbitin nemes diline terjime edýär. Aýratyn kitap edip çykarýar. Şondan soň Lindäniň terjimeleri dürli neşirlere, hatda küşt hakyndaky okuw kitaplaryna aralaşýar. Şeýle bolandan soň, nemes kinoçylarynyň as-Suly tarapyndan ýazyp galdyrylan bu gadymy wakany biziň zamanymyza laýyklaşdyran bolmagy gaty ähtimal zat. Gyzykly tarapy, gürrüňi edilýän bu gadymy wakanyň gahrymany Jebiriň ykbalynyň türkmen topragy bilen baglylygy. 819-njy ýylda welaýetdäki baş-başdaklyklary düzetmek maksady bilen halyf al- Mamun Horasanyň paýtagty Mara gelýär. Onuň özem küşdüň ölemeni bolupdyr. Halyf öz işlerini ýerbe-ýer edenden soň, Maryda şol döwrüň meşhur küştçülerini ýygnap, dünýäde ilkinji gezek küşt turnirini guraýar. Bu turnire Jebir hem gatnaşýar. Turnir diýseň dartgynly geçýär. Sebäbi halyf oňa gatnaşyjylaryň öňünde «Küşt oýny bilen biri-biriňi sylamak bir ýere sygyşýan zat däl» diýen meseläňi goýýar. Turnirde kimiň ýeňiji bolandygy belli däl. Ýöne Jebiriň onda uly üstünlik gazanan bolmagy juda ähtimal. Sebäbi orta asyr küşt taryhçysy Al-Yspyhanyň ýazmagyna görä, ol ýüzbe-ýüz oturyp däl, eýsem garşydaşyna arkasyny öwrüp, küşt tagtasyny görmän, mallaryň göçümini beýlekilere aýtdyryp göçürtmek arkaly hem ajaýyp ýeňişler gazanypdyr. * * * Özbegistanyň küşt boýunça dört gezek çempiony, sport ussady, küşdüň taryhy barada ýörite kandidatlyk işini ýazan Mamajan Muhuddinowa Bakuwyň respublikan golýazmalar fondundan küşt hakyndaky bir gadymy golýazmanyň bölegini tapmak başardypdyr. Ol as-Sulynyň küşt hakyndaky kitabynyň kiçijik bir bölegi eken. Golýazmada beýik ussadyň öz ýaş kespdeşlerine beren pentleri saklanyp galypdyr. Ine, olar: 1. Sadranç ýüregiň aram, işiň az, garnyň dok däl wagty oýnalmaly oýundyr. 2.Oýunçy her göçümden soň özüniň hem bäsdeşiniň mallaryndan, ylaýta-da, şalaryndan ägä bolmalydyr. 3. Oýunçynyň, eger mugt bolsa-da garşydaşynyň malyny urmaga howlukmazlygy gerek. 4. Bir maly berjek bolsaň, onuň öz peýdaňa boljakdygyna berk ynananyňdan soň bermeli. 5. Garşydaşyňy bilgeşleýin umydygär etmekden, ony howlukdyrmakdan saklamagy başarmaly. Oňa söz gatmak, öwretmek, öňünden ägä etmek edeplilik däl. 6. Sadranç ýadalýança oýnalmasyn, sebäbi munuň özi adam üçin iň bir zyýanly zatdyr». Özbek küşt taryhçysy as-Sulynyň bu pentleriniň üstüňde pikir öwrüp, haýran galyjylyk bilen «Bular häzirki zaman küştçülerine-de laýyk gelýän ýol-ýörelgeler-ä» diýip ýazýar. Şuňa meňzeş ikinji bir fakt. As-Suly öz şägirtlerine «Perzi bilen gyraky pyýadalary urmaň!» diýip öwreder ekeni. Täsin ýeri, häzirki zamanyň belli küştçüleri hem perzi bilen gyradan üjüm etmegi beýle bir halap baranoklar. Göýä, olar häzir hem as-Sulynyň bu meşhur pendini berk tutýan ýaly bolup dur. * * * Üç-dört ýyllykda «Ukraina» žurnalynda as-Suly hakynda kiçijik makalam çykypdy. Makala çap edilenden soň, lwowly okyjy Mikola Lewçukdan hat aldym. Ol özüniň Gündogaryň taryhy, medeniýeti bilen gyzklanýandygyny, şu wagta çenli türkmenleri ýöne göçme-çarwa halk hasaplandygyny, baryp gadym zamanlarda türkmenlerden as-Suly ýaly ägirdiň çykmagynyň özüne garaşylmadyk täzelikdigini ýazypdyr. Okyjy hak aýdýar. Bu biziňgünämiz. Sebäbi biz öz geçmişimize, geçmiş medeniýetimize eýelik edip bilemzok. Bu as-Suly babatynda hem şeýle. Biziň taryhçylarymyz onuň ömür-ýoly barada tutumly kitap ýazyp biljekler-ä. Onuň täsin ykbalynyň esasynda taryhy-çeper obraz döretmäge döwtalap bolan türkmen ýazyjysy tapylaýsa, gör, nähili gowy bolardy. Ynha, Aşgabatda, respublikan küşt kluby bar. Şoňa Abubekir as-Sulynyň ady dakylsa-da gelişmän durmaz. Her ýyl şol klubda onuň hormatyna küşt ýaryşyny geçirmek däbi ýola goýulsa... Garaz, edeýin diýseň, ýol kän. Munuň üçin diňe akylly-başly, irginsiz alada gerek. Halk arasynda aýdylyşy ýaly, arzylynyň arzysy bolsa ýagşy! 1987 ý. Ahmet BEKMYRADOW. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |