17:10 Pirli pälwan / satiriki hekaýa | |
PIRLI PÄLWAN
Satiriki hekaýalar
Orta boýly, göze doly, ak ýüzli owadan, çalaryp ugran gara saçly, çöňňelen goýun gözleri äýnekli, elli ýaşlaryndaky bu adama Pirli diýýärler. Ol žurnalist, özem meniň bilen bile işleýär. Ýazuw, döredijilik işine diýseň ezber. Arza-şikaýatlara eserdeň garap, köpüň möhümini bitirip, alkyş alyp ýören ýören ýönekeý žurnalist. Onuň bu kärinde agyz dolduryp aýdar ýaly zat ýok diýsegem boljak. Şonuň üçinem men onuň pälwan lakamyna nädip birden eýe bolşy dogrusynda aýtmak isleýärin. Onuň bilen bir gezek men respublikamyzyň uzak künjekleriniň birinde ýerleşýän bir çarwa obasyna komandirowka gitdim. Bize gowy hezzet-hormat etdiler. Çebşiň çekdirmesi, berre guzyň böwregi, jüýje horazyň içdykmasy, herek maýaň agarany, ýörän ýerini ýakyp barýan «Ekstra» biziň halys gäbimizi azdyrdy. Pirli mesligine çydap bilmän boksýor Muhammet Aly ýaly bolup, möwjäp, uçup barýan siňege ýumruk salyp başlady. Oýun eden bolup, meniň äňime tarap ýumrugyny daldaladyp aýlady, menem egildim. Ýumrugam gözüme gütläp degdi. Gözlerimden uçgun syçrap gitdi. ― Eşek şeýdip depen bolsa, eýesinden satyn alyp öldürerdim ― diýip, uwlap ýatyrkam aýtdym, başga näme diýeýin. Ýöne, weli, ertesi Pirli pälinden tapdy. Menem ondan arymy alan hökmünde begendim. Biziň myhman bolan öýümiziň goňşysy toý etdi, bagşy aýtdyrdy, at çapdyrdy, nyşana atdyrdy, ýaglyga towusdyrdy, göreş tutdurdy. Ine, şol göreşi diýsene, herzada degýär. Gaty hezil boldy. birinji uly baýraga ýaňky meniň ýoldaşym, päli azan Pirli çykdy. Tüýs doýan-da. Özem içgilije. Ortada gezen bolup, galyň uly-uly pälwanlara piçjiň atýar. Mesligi goýun götär, goýunda-da gara goýun, gara goýunda-da fermaň goýny diýip, men howsala bilen içimi gepletdim. ― Hany myhman, senem pälwan sypat görünýäň, tüweleme, göwre-hä bar ― diýip, göreşiň beýemçisi bolýan biri meniňem bilime guşak guşady. Belki, ony hormat üçin edenem bolmaklary ähtimal. Men-ä göreşe çykmadym. «Göwre düýede-de bar» diýdim. pürli bolsa ortada gezip ýör. «Çykyň, ýa baýragymy beriň!» diýýärem. ― A-haw, pälwanlar, birinji uly baýraga Aşgabatdan gelen Pürli pälwan çykandyr-la haw, baýragy bugurçydyr-la, haw! ― diýip, jarçy goly ýaňlandyryp gygyrdy. Edil şol pursatda göreşiň tomaşakärleriniň bir çetinde dagyň gaýasyndan bölüniň gaýdan ýaly, mähnet bir göwre, görsem, eşiklerini çykaryp ýör. Oňa Küren pälwan diýýän ekenler. Ony görenimde Gazanjygyň ilersindäki Küren dagy ýadyma düşäýdi. Pälwanyň göwresi entek timarlanmadyk daş heýkeli ýadyňa salýardy. Baldyrlarynyň her gyly kakylan çüý ýalydy. Biz bilen deşip ötürilene meňzeýärdi. Egin bilen boýnuň ýogynlygy deňeçerräk bardy, kelle has kiçi görünýärdi. Gulaklaryň özem ýitip gidipdir, deşiklerem bitipdir. ― Myhman, abraýyňyz barka, Pirli pälwany ortadan aýyr, ýogsam... ― diýip, şol obaly bir ýigit meniň gulagyma pyşyrdady. ― Şu obada şu günler feldşerem ýok. Işini wagtlaýynça maňa tabşyryp gitdi. Menem mal doktory. Bu ýerlerik «tiz kömegem» wagty bilen gelmeýär. Telefonam işlänok. Ýolam ýaramaz. Diňe samolýot gelýä ― diýip, mal doktory aýtdy. Men howsala düşüp başladym. Emma Pirli özüniň çigidiniň çaşjagyny bilenokdy. Owsaryny basmajak bolýan göhert ýaly ýüzüni kese-kese tutup, ortarada aýlanyp ýördi. Küren pälwanyň biline guşak guşadylar. Şu etrabyň toýlarynda-da köşekli düýe, torum, kärderi baýrak alyp ýören pälwan asyl şu Küren bolsa nätjek.liki Küren pälwan Pirli pälwanyň yk tarapyndan bardy. Seňrigini ýygyrdy-da ýüzüni kese-kese sowdy. ― Nämeý, bu, göwnüýetmezçilik edýämi?! ― diýip, Pirli hüňürdedi. ― Halypa, içipsiň, göreş bir pirli zat, muňa çykaňda tämize bolup çykmaly ekeniňiz ― diýip, Küren pälwan hamana bir hakyky pälwan bilen gürleşýän ýaly, pyşyrdady. ― Meniň pirim «akmämmet» ― diýip, Pirli Küren pälwana gödek jogap berdi. Küren pälwan Pirliniň indi ýele tarapyndan geldi-de guşagyny barlap gördi, silkeledi. Tultuk Pirliniň içi suwly ýanlyk ýaly julk-jukl etdi. ― Men-ä munuň bilen göreşmäge gorkýan ― diýip, Küren pälwan ortadan aýrylaýdy. ― Özüňiz ýaly pälwanlary gorkuzara güýjümiz bardyr ― diýip, Pürli pälwan ortada owsun atdy. ― Beriň baýragymy ― diýdi. ― Men güýjüňden gorkamok, garnyň ýarylyp, garamat borsuň öýdýän ― diýip, Küren pälwan gygyrdy. ― Kimiň garnynyň ýaryljagyny göreris, gel ― diýip, Pirli seslendi. Iki pälwan tutluşdy. ― Halypa, näme etmeli bolsa et ― diýip, Küren pälwan çynaryň bili ýaly aýaklaryny giň açyp, sarsman durdy. Pirli herzat edip gördi. Badak, ýanbaş, çilşirime, ýa, garaz, emel bolsa edip çykdy-how. Küren pälwan sarsanogam. Hamana tutuş bir gaýa göle süýkenýän ýalydy. Pirli daljykdy, haşlap, demi-demine ýetmän, halys bolup durdy. Äýnegem derläp, gözleriniň öňünem tutdy. Äýnegini aýyrsa-ha onda ol itme kör ýaly, hiç zat görmeýärdi. ― Pirli pälwan, Küren pälwanyň içini gyjyklaý indi ― diýip, märekäniň içinden biri ýaňlandyryp gygyrdy. Tomaşaçylar pakyrda berdiler. ― Indi, pälwan, gezek seňki! ― diýip, Pirli hem hondanbärsi, sarsman duran boldy. küren pälwan ony bada ýykyp hem bilýärdi. Emma ol märekä tomaşa görkezmek maksady bilen Pirlini it alan köne derä dönderdi. Aýaklaryny ýere degirmän aýlap başlady. Ilki bilen Pirliniň bloknoty, soňra ruçkasy tegelenişip duran adamlaryň öňýanyna gaçdy. Pirli barha bat aldy. Indi onuň bir taý köwşi aýagyndan sypyp, märekäniň çäginden daşa zyňyldy. Äýne bireýýäm guma garyldy. Ol döwlenem bolsa bilemok. Şol pyrlanyp ýörşüne Pirli asgyrýardy. ― Gaty pyrlama, pälwana ýel çalar, dümewlär ― diýip, biri gygyrdy. Ýaşlar, çagalar bolsa sygyryşýardylar. Esli salymdan Küren pälwan Pirli pälwany ýere pylçap urdy. Olam ýatyr, mergi degen ýaly, titräp. «Aýrylyň şemalyň ugrundan!», «Suw sepiň», «Suw içiriň!» diýşip, adamlar howsala düşýärler. Pirli pälwanyň özüne gelip aýdan sözleri, ine şular: «Men nirede?! Maňa näme boldy?! Şeker! «Şeker!», «Şeker!» diýse, oňa bir bölek gant hem getirip berdiler. emma ol aýalynyň adyny tutýardy. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |