19:48 Pişik namysy | |
PIŞIK NAMYSY
Hekaýalar
Mekdepden uzak bolmadyk kiçiräk tamda bir kempir agtygy bilen ýaşaýardy. Süýtli gara çaý onuň iň gowy görýän içgisidi. Kempiriň agtygy bezzatdy. Obadaky iň garagol çagalaryň biri hasaplanýardy. Bir gezek şeýle waka boldy. Gyşyn-ýazyn alaja ýüň jorabyny aýagyndan çykarmaýan kempiriň “Myrja” diýip atlandyrýan pişigi bardy. Naharlanan pillesi eti doly gazalmadyk sünkler bilen ony hezzetlemegi halardy. Pişik öý bikesine ýaranmak üçin “myr-myr” edip, onuň aýaklaryna süýkenip ýalynjaňlyk ederdi. Soň uly bir iş eden mysaly gerinip, pallardy. Şol gün pişik kürüşgedäki çaýsüýdi içjek bolup döküpdi. Kempir muna, agtygyna aýdanda düzedip bolmajak ýalňyşlyga ýol berendigini bilip galdy. Şonsuz hem bezzatlyk etmek üçin bahana arap ýören kempiriň agtygyna geregi hem şonuň ýaly wakady. Ol mamasynyň öýde ýoklugyndan peýdalanyp, pişigi aldaw ýoly bilen gola saldy. Ýüp bilen mäkäm baglanan pişigi suwa salma ýenjip, göwün solpundan çykdy. Pişik janawar bolsa garagoluň elinden ölmän ujuz gutulandygyna müňde bir şükür edip, zordan özüni işikden daşary atdy. Şol günden başlap pişik öýe gelmesini kesipdi. Onuň gije-girimde jaýynyň daşyndan aýlanyp gidýändigini kempir bilýärdi. Bu ýakymsyz ahwal ony ynjylykdan gaçyrýardy. Tizden ol özüniň howatyrlanmasy barada obanyň kethudasyna birin-birin gürrüň beripdir. Ynha, şondan soňra kempir onuň maslahatyna eýerip, agtygynyň ýatýan düşegine mata-marlyk salypdyr. Üstüni ýorgan bilen örtüp, jaýyň gapysyny pişik girer derejesinde açyp goýupdyr. Agtygyny şol gün ene-atasynyň ýanyna iberipdir. Gijäniň tümlügindäki asudalygy otagda bolup geçýän zenzele bozupdyr. Kempir allaniçiksi bolup oýananda pişik otagda onuň agtygynyň ýatýan ýorgan-düşekçesini parçalaýar eken. Pişik hars urup ýorganyň içinden oglanjygy gözleýärmiş. Özüniň aldawa salnandygyna düşünen pişigiň gahar-gazapdan ýaňa tüýleri hüžžeripdir. Soň jynssyz ses edip iki ýana jöwlan urup, edil gelşi ýaly duýdansyz gaýyp bolupdyr. Şondan soň pişigi obada gören adam bolmandyr. Şahymerdan SARY OGLY. | |
|
√ Goýunçy / bolan waka - 25.06.2024 |
√ Tabyt / hekaýa - 17.07.2024 |
√ Sen aman bol bu dünýäde / hekaýa - 22.01.2024 |
√ Ahmyryň awusy / hekaýa - 13.01.2024 |
√ Dostuň dostdan göwni galmasyn / hekaýa - 09.10.2024 |
√ Häsiýetnama / hekaýa - 11.12.2024 |
√ Шер аминь / рассказ - 20.01.2024 |
√ Mahmal köwüş / hekaýa - 23.08.2024 |
√ Utulyşyň sogaby / hekaýa - 01.12.2024 |
√ Diwana / hekaýa - 03.09.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |