23:04 Pişik / satiriki hekaýa | |
PIŞIK
Satiriki hekaýalar
Edaramyzda syçan köpelipdir. Käte çekmäni açan badyňa onuň tahylyndan bir syçan atylyp çykýar. Ol zymdyrylyp çykyşyna egniňe bökýär. Ondanam bat alyp gulagyň üstüne towusýar. Uzyn guýrugy ýüzüňi sypap gidýär. Şeýdibem sumat bolýar. Garaz, senem gorkanyňy bildirmejek bolup, bir bahana tapyp, suw içýärsiň. Biz bu mahlukdan halys bizar bolduk. ― Adamlar, men-ä ertir bir pişik getirjekdirin-haw ― diýip, işdeş ýoldaşlaryma aýtdym. Aýdanymam şoldy welin, Annam aga daşaryk çykdy. Bu ýaşuly biziň naçalnigimiziň «gözi we gulagydy». Haýal etmän meni naçalnik çagyrdy. Ol: ― Han ogul, sen edara birini getirjek bolýamyň ― diýdi. ― Hawa, bir pişik getiräýsem diýýän. ― Ähä, şeýle diýsene. Şu edara işgär kabul etmeklik haçandan bäri seniň paýyňa düşüdi? ― Ýoldaş naçalnik, men işgär getirjek bolamok ahyry. Ol-a bir pişik. ― Şu gün menden bidin edara pişik getirseň, ertir it getirersiň. Itden soň näme? Jogap ber! Nämä dymýarsyň? Naçalnik gaýnaýan kitir ýaly tutuş göwresi bilen titreýärdi. ― Senden soraýan, itden soň näme? ― Itden soň, ýoldaş naçalnik, siz bilýäňiz, adam. ― Boh, itden soň adam. Tapawut pyçak arkasy ýaly. Görýäňmi, men bilen ekenim. Pişikde öňüňde keserip durmadyk bolsam, bir gün täze işgär kabul edip başlajak ekeniň. ― Ýoldaş naçalnik, bagyşlarsyňyz. Men pişikli meseläni goýbolsun edýän. Ýalňyşypdyryn. ― Dur entek, bu meselä profsoýuz nähili gararka? Şeýle diýip, naçalnik sekretar gyza Annam agany çagyrmagy buýurdy. Ýerli komitetiň başlygy Annam aga geldi. Naçalnik: ― Ýaşuly, salawmaleýkim ― diýip, ýerinden tarsa turan boldy. ― Özüňe salawmaleýkim, naçalnik jan, gurgunmyň, başlyk jan ― diýip, Annam aga batnyksyz jogap berdi. Bular ýarym sagat mundan öň özleriniň ýüzbe-ýüz oturandyklaryny menden gizlemek üçin aman-saglyk soraşan bolýardylar. Pişikli meselede Annam aga ýöwselledi duruberdi. Ol: ― Jan inilerim, men bahym pensiýa çykýan, şu meseläni mensiz çözüň ― diýip, ýalbarmaga başlady. ― Ýeri, bolýa-da, goja, sen işiňe baraý. Men herniçigem bolsa ýüregi suwluja başlykdyryn, pişikli gürrüňi özüm bir zat ederin ― diýip, naçalnik güldi. Biz ikiçäk galdyk. Naçalnik töwegegine galagoply seretdi, telefonyň trubkasynyň ýerindedigini anyklady, ýuwaşja söze başlady: ― Ýaňky getirjek diýen pişigiň soňundan bize zyýansyz adammy, tfu mahlukmy? ― Aý, ýok, zyýanly zat däl, öýdeçi, arassa pişik-dä. ― Ynanýan, ynanýan. Asly nireli? ― Asly gürbelerden. (Gürbe diýmek parsça pişik diýmek). ― Özi kimlerden? ― Kakasyna Pişmyrat aga diýilýärdi. Enesi Myýawgül bolmaly. Melligiň çetindäki saman kepbede ýaşardylar. ― Ýeri, bolýa-da, aslyna belet bolsaň getirseň getiräýsene. Men pişigi getirermen bolup, naçalnigiň ýanyndan gaýtdym. Bir sagat geçenden soň meni naçalnik ýene ýanyna çagyrtdy. Ol emaý bilen söze başlady: ― Seni heläk etdik, bagyşla. Ýöne şol pişigiň okan klasy, gutaran mekdebi barmy? Eger bir zatlar çyrşap bilýän bolsa-ha getirme diýjek. Birdenem gele-gelmäne anonimka bilen meşgullanyberse... Biz pişikli meseläni goýbolsun etdik. Gurbangylyç HYDYROW. | |
|
Teswirleriň ählisi: 1 | |
| |