PLUTOS – BAÝLYGYŇ HUDAÝY
«Baýlyk – garyplyk» diýen zat dünýäniň özi ýaly köne, dünýäniň özi ýaly müdimi. Isgender Zülkarnaýyn, Agsak Teýmir, Napoleon, Gitler ýaly adamlar gan döküp taryha girse, Mälik şa, Soltansöýün, Anuşirwan adyl ýaly şalar adyllyk bilen halkyň kalbyna girip, ebedilige öwrülipdirler. Emma hiç bir soltana-da, hiç bir patyşa-da ähli halkyny baý etmek başardan däldir, çünki beýtmek mümkin däl, eger şol mümkin bolanynda Hudaýtagala hemme kişini baý ýaradardy ahyry. On altynjy, on ýedinji asyryň utopiýaçylarynyň howaýy takallaryny ylmy esasda amala aşyrmak üçin Marksyň yzyndan gidip, Lenin diňe SSSR-i däl, dünýäniň gylla ýaryny nä güne düşürdi? Koreýa, Wýetnam ýaly uly döwletler ikä bölündi. Leniniň ideýasynyň ýalňyşdygyna biz pida berip düşündik. Hudaýa şükür, ýurdumyz Garaşsyzlyk Tuguny pasyrdadyp, emeli ösüş ýoluny – sosialistik sistemany terk edip, ösüşiň tebigy ýoluny – bazar ykdysady ýoluny saýlap alyp, beýik Serdarymyzyň baştutanlygynda geljege bakan barýar.
Baryp-ha Pindar zamanyndan hem ir, beýik ýunan şahyry – komediografy Aristofan biziň eýýamymyzdan öň dört ýüzünji ýyllarda «Plutos» atly ölmez-ýitmez komediýasyny ýazýar. Komediýada Hremil atly bir adam baş gahryman, ol mydama «näme diýip dünýäde bir adam-a baý, beýleki bolsa garyp» diýip oýa batýar. Günleriň bir güni ol iňläp ýatan meýdanda bir köre sataşaýýar. Görse, ol baýlygyň Hudaýy Plutos: «Pah, gör muny, asyl meniň garyplygymyň, beýlekiniň baýlygynyň sebäbi nirde eken? Sen, haw, baýlygyň Hudaýy, kör halyňa dünýäni bulaşdyryp ýörsüň, ýör, men seniň gözleriňi açaýyn, sen dünýäni nä hala eltdiň, gözüňi açyp bir gör» diýip, sen-de ýok, men-de ýok, baýlyk Hudaýy Plutosy idirdedip Lukman Hudaýynyň ybadathanasyna getirýär, gadymy greklerde, rimlilerde Hudaýlar köp! Lukman Hudaýy dessine baýlyk Hudaýy Plutosyň gözlerini açýar, dünýäni görenine monça bolan Plutos bolsa ähli baýlygyny saga, çepe pytradýar. Dem salymda ýurtda ýekeje garyp hem galmaýar: ähli adam baý, ähli adamyň baýlygy ýere-göge syganok, her kimde weşeň-weşeň gyzyl...
Yzy nähili bolandyr öýdýäňiz: ýurt çökýär, ýurtda garyplyk başlaýar, çünki: «Men baý!» diýip ýekeje adam hem işlemeýär! Halta-halta gyzyly bolan adam, heý, işlärmi?! Emma gyzyly iýip hem bolmaýar, eşik deregine geýip hem.
Plutos ähli adamyny baý edip, ýurdy gedaýçylyga eltýär. Komediýa gaty gyzykly bir gyzyga gyzyklanyp, eseri yzarlap oturmalyň, Aristofanyň bize galdyran akyl mirasyny alyp, öz ýagdaýymyza seredeliň. Kommunistik partiýa ähli adamy baý etmek şygaryny baýdak edinip, bizi nä güne düşürdi? Segseninji ýyllarda kommunizm gurmaly SSSR dünýäniň ösüp barýan ýurtlarynyň hem tozanyna galdy. Iň elhenç ýerem hemme adama çäkli hak berip – işlemezligi öwretdi.
Meger, türkmen halkynyň gaty gadymylygyndandyr, meger, ençeme gezek uly döwletler gurup, synyp görenindendir, meger, genindendir, anyk aýtmak kyn, ýöne türkmen gijesini gündiz edip dünýäni ýygjak bolup ýören dünýätalap halk däl. Ol bary bilen bazar eýläp, agzybirligini, saglygyny, maşgala döwletini baş baýlygy hasaplap oňňut edip ýören halk. Onuň ganynda haramlyk, husytlyk, hannaslyk, dünýätalaplyk ýok, onuň baş baýlygy – saglygy, agzybirligi!
«Aristofanyň «Plutosy» nämäniň tymsaly?» diýýäňizmi?
Aristofanyň gözleri kör baýlyk Hudaýy sosializm eýýamynda çar tarapa baýlyk paýlamady, ýöne wezipe, emel, dereje, çin paýlady... Sähel ugruna çyksaň işlemezlik üçin bir emeljik edinip bolýardy... Bäş müň ýyl mundan ozal Assiriýada haty toýun palçyga ýazylyp bişirilen kitapda täsin bir sowal bar. Şol mahal bir dana «kyýamat haçan bolar?» diýip sowal beripdirler, dana şoňa: «Ekmäge ýer gutarsa hem-de ähli adam wezipeli bolsa kyýamat bolar» diýip jogap beripdir. SSSR-de her dördünji adam wezipelidi, her dördünji adam emeldardy, gödek dil bilen aýdanyňda, üç adam dördünjini eklemelidi. Üstesine örän kuwwatly, ymgyr köp çinownigi bolan döwlet guramalaryny, üstesine, ummasyz uly goşuny, üstesine, uçursyz köp barlagçylar leşgerini, üstesine bäş kontinentde Lenin taglymatyndan ugur alan garyp döwletlerem biz eklemelidik. Işleýän adam eklemelidi!
Aristofanyň kör baýlyk Hudaýy sen işle-işleme bir ýerde adyň bar bolsa oňňutlyk aýlygy paýlaýardy. Suw getir – aýlyk al, küýze döw – aýlyk al, buýruk ber – aýlyk al! Ine, şu iki ýagdaý hem ýurduň, SSSR ýaly uly ýurduň gedaýlaşmagyna getirdi, SSSR ýaly baý resursly ýurdy tozdurdy. Bu gün bolsa iş ýokmaz ýalta «Türkmenistan ýaly resursa baý ýurt dünýäde ýok, men näme garyp?» diýip, garyplygyny kesekiden görýär. Ol Plutosyň baýlygyna garaşýar! Magtymgulynyň her sözüni doga ýaly edinip ýörendir, emma özüne dahylly ýerinde Magtymgula hem gulak salmaýar! Ýogsa Magtymguly:
Garyplyk ýok bolup gitmez,
On işi derk etmeýen ärden!
– diýip, bagşylaryň mahmal owazy bilen gygyryp dur. On işi «derk etmeli», on işi öwrenmeli, on işi başarmaly.
Plutosyň baýlygynyň gözi kör bolsa-da, özgäniňki bolmasyn.
Dünýäni şeýle ahmal görýän kişiler bolýar: «Asmanyňam birki ýerinden direg-ä gerek!» Onuň göwnüne bolmasa, ýaşaýyş ahyrzamanyň gapysyndan ätläp barýar! Özem, oňa ahyrzaman bolup dynaýsa kem däl ýaly! Öňünden gara pişik geçse, «ýola çykaýsam, maşyn basar» diýip işine-de gitmeýär. Owarram, ol nätse şeýtsin, erbet ýeri, onuň ýalynyň diňleýjisi az bolmaýar... Şeýle kişiler ilki-ilkiler: «Türkmenistan özbaşdak döwlet bolup ýaşap bilmez» diýip gördüler! Görseler-baksalar, döwlet giň ädimler urup belentlikden belentlige galyp barýar. Ine, şolaryň biri:
– Gördüňizmi, han-ha pul inflýasiýa düşdi. Basym giperinflýasiýa bolar! – diýip welilik satýar. Ýok, ol döwletimiziň ýene bakna bolmagyny islänok, ol görgüli diňe bir bedibagt dowulçy!
Gadymy şalaryň dowulçylary nädýändigini özüňiz bilýänsiňiz! Emma indi gadym zamanam ýok, gadymy şalaram. Ýöne il-halk döwletli, tutumly iş bilen gijesini gündiz edip işleýän mahaly ýelýüreklik bilen kesekiniň diýenini gaýtalap ýörmek türkmene gelişjek zat däl.
Uly döwletler dargaýan çagy, täze döwletler döreýän çagy beýle ýagdaý bolup bilýär. Birinji jahan urşundan zordan sypan Germaniýada 300 sany fabrigiň pul çykarandygyny, emma şonda-da puluň ýetmändigini dünýä ykdysatçylary bilýär. 1917-nji ýylda Orsýetiň 300 şäherinde pul çykarýan fabrikler işläpdir. Özüni oňaran banklar, jemgyýetler, dükanlar, kinoteatrlar pul çykarypdyr. Hatda Lipesk şäheriniň «Ofisiantlar hem aşpezler jemgyýetine» çenli! Ynanmarsyňyz, «Ekonom» atly alyjylar jemgyýetiniň çykaran pulunda: «Umumy ýygnaklara tertipli gatnaş, olarda seniň şereketiň meselesine serediler» diýen ýaly gülkünç ýazgyly çagyryşlar hem bolupdyr. Şeýle pullaryň hemmesiniň ýüzüne-de: «Bikanun pul ýasamak kanun tarapyndan yzarlanýar!» diýen gazaply bellik edilipdir. Diňe Irkutskide Kolçagyň millionlap goýberen pulunda şol ýazgynyň deregine: «Puly bikanun ýasamak yzarlanylmaýar, sebäbi hakyky pula-da hiç zat aljak gümanyň ýok!» diýip harp ýalňyşlygy bilen öz bisowatlyklaryny hem galdyrypdyrlar!..
SSSR mes gününi göterinip bilmän dargan ýurt däl! SSSR-de ilki ykdysadyýet göz-gülban ýagdaýa düşdi. Ýetmiş ýylyň sansyz reforma geçirilmegine seretmezden, ykdysadyýetde tesiş yzyna tesiş boldy! Ykdysadyýetde üstünlik bolmasa, döwlet dargamak bilen bolýar! Ondan soňky dörän ýaş hem Garaşsyz döwletler ykdysady weýrançylykdan öz ösüş ýollaryna başlamaly boldular! Hem ýaş, täze döwleti gurmaly, hem täze ykdysadyýeti! Üstesine-de köne sistemadan täze bir sistema! Bu wezipeler ummasyz kyn hem taryhy wezipeler! Bu mukaddes işe her bir adam öz goşandyny goşmak üçin janyny gaýgyrmaly däl.
Filosofiýa