21:41 Pygamberler nalasy / pýesanyñ dowamy | |
9.
Teatr we kino sungaty
Çadyrlaryň öňündäki meýdan. Düşegiň üstüne saçak ýazylypdyr. Saçagyň başynda Ýusubyň agalary öňlerindäki tagama el degirmän otyrlar. Ýakup gelýär. Ogullary ony ör turup hormatlaýarlar. Ýowuz dymyşlyk. Ýakup Ýusubyň ýokdugyny görüp, ýaýdanmaç säginýär. Uzak garaşdyrman Ýusup peýda bolýar. Egninde Ybraýymyň köýnegi. Doganlar ondan gözlerini aýryp bilenoklar, gaharly garaýarlar. Ýagdaýy aňan Ýakup duýduryş bilen ardynýar, soňra Ýusuba gapdalyndan orun görkezip oturýar. Doganlar hem oturýar. Ümsümlik. Nahar alynýar. Diňe dodaklaryň şapbyldysy, hopurdysy eşidilýär. Gurhanyň Ýusup süresinden ýedinji, sekizinji aýatlar okalýar. ÝUSUP. Öten gije täsin bir düýş görüpdirin. Doganlary iýmelerini goýup, gabak astyndan biri-birine garaýarlar, soňra Ýakubyň söz aýdaryna garaşýarlar. ÝAKUP. Ýusup, öňinçä naharyňy iý, işdäňi kesme. ÝUSUP. Düýşümi aýtsam ýüregim gowzajak, işdäm açyljak, kaka. (Doganlar asgyrşyp-üsgürşip başlaýarlar. Ýusup ümsümlige garaşýar.) Ýedi gat asmandan zemine jöwher tagt inýär, maňa şol ajaýyp tagta çykmagy buýurdylar, kaka. (Doganlar has beter asgyryp-üsgürýärler.) Soňra asmandan on bir ýyldyz inip, tagt öňünde sežde kylyp durdular. (Ýakup juda biynjalyk, ýöne söz aýtmaga ýetişenok.) Ýyldyzlardan soň Gün bilen Aý gelip, olar-da tagtyň öňünde baş egýärler. (Doganlar tisginip, Ýakuba garaýarlar. Ýakup çemçäni çanagyň içine zyňýar.) ÝAKUP. Saklan, bes indi!.. Doganlaryň baş egenini az gördüňmi? Seniň huzuryňda eneň-ataň-da billerini bükmelimi?! ÝUSUP. Göwnüňize degen bolsam, günämi ötüň, men gören düýşümi beýan etdim. ÝAKUP. Beýan etmezden öňinçä, bi düýşüňe şeýtanyň hilesiniň bolandygyny aňşyrmadyňmy? Ylym-paýhasy unutdyňmy sen! Bolgusyz düýşüňi mahabatlandyryşyň çaga samahyllamasyna meňzeýär. Agalaryňam saňa şu manyda düşünerler diýip tama edýän. Ýakup gidýär. Ilki agyr dymyşlyk dowam edýär. Soňra doganlaryň biri gülüp goýberýär. Bu gülkini beýlekileriň gaharly gülküsi alyp göterýär. Olar Ýusubyň töweregine aýlanýarlar. ÝEHUDA. Tagtynyň öňünde biziň bilimizi bükdürende kakamyz munuň sözüni bölmedi, özüne gezek gelende welin, çydap oturyp bilen därdir. Biz näme üçin çydap gezmeli?! SIMEON. (Ýusuba) Dowam ediber, merhemetli häkim, entek düýşüň gutarmadyk ýaly-la. Ybraýym Halylyň özi gelip, gaşyňda bil büküp durmasa, sen oňmarsyň-a. Doganlar gaharly hereketleri bilen Ýusubyň daşynda aýlanyp başlaýarlar. Olaryň aýlawyndan çykmak Ýusuba aňsat düşmese-de, ahyry sypýar. Onuň gideni bilen doganlar köşeşenoklar. GAD. Öňürtmesek ol biziň başymyzy iýer. ISSAHAR. Ol düýşüni aýdanok, huşuny aýdýar. SIMEON. Düýn ol dessedi, bu gün atamyzyň emri bilen biziň hojaýynymyz boldy. Biz onuň baknasy, hyzmatkäri, guly... ýene nämesi diýjek?! ASIR. Tagtyny başyna ýumurjak, läşini serip, aç möjekleriň öňüne zyňjak! DAN. Kemsitmä, masgaralyga mundan artyk çydamok. Bir çukura tüýküreliň-de, belli netijä geleliň: başyny kesmelimi – keseliň, asmalymy – asalyň! Doganlar ýene goldaşyp bir öwrüme girýärler. Ýusup olary saklaýar. ÝUSUP. Öten halaýykdan galan bir söz bar, Gördügiň ört, görmedgiň sözleme. Köňülde müň hyýal gije-gündiz bar, Gördügiň ört, görmedigiň sözleme. Agalarym bu gün hyjalat etmäň, Atam bilen maňa hyýanat etmäň, Mundan artyk düýşden rowaýat etmäň, Gördügiň ört, görmedigiň sözleme. (Gidýär). SIMEON. Ruwim, sen biziň ulymyz, näme buýurmakçy bolýaň. RUWIM. Ýurt aşyp gideliň, gözümiz görmesin, gulagymyz eşitmesin. Söwer oglunyň janyna wehim düşenini bilse, Ýakup on ogly bilen aýralyga dözer, Ýusup bilen aýralyga dözmez. ASIR. Agam, seniň rehimli boljak bolşuňa men-ä haýran. RUWIM. Ýakuba haýpyňyz gelsin. GAD. Ýakubyň bize haýpy geldimi?! DAN. Ruwim bilen bir ýagdaýda ylalaşsa bolar: gaýdyp ojagaz owadan ýylan biziň gözümize görünmesin. ASIR. Göründigi başy ölümli bolar. Men ony şujagaz gabarçakly ellem bilen bogup öldürerin! SIMEON. Bi mekany şu pursat terk edeliň. Mallary sürüp ýedi günlik ýol aşalyň. Bi töwerekde ot-iým azaldy diýsek Ýakup ynanar. HEMMESI. Terk edeliň, terk edeliň!.. Doganlar aýgytly karary hereket bilen aňladyp, öwrüme girýärler, bir çukura tüýkürip kasam edýärler. IKINJI AKT 10. Gurhanyň Ýusup süresinden dokuzynjy, onunjy aýatlar okalýar. Doganlaryň täze mekanynda çopan goşy. Her kim çarwalara mahsus iş bilen meşgul. Ruwim ýüňli ganary göterip gelýär, Lewiý bişirýän naharynyň tagamyny datýar. Simeon, Ýehuda gyşaryp ýatyr. Issahar gap ýuwýar. Gad, Dan taýaklaryna söýenip durlar. GAD. Ruwim, agam, bi döwüňki ýaly göwreden, sil suwy ýaly gara güýçden öňde-soňda peýda boljakmy saňa?! ISSAHAR. Eşegiň götermejek ýüküni göterip ýör, başga nähili peýdaň gürrüňini edýäň? GAD. Ar-namys ýüňli ganardan agyrrakdyr. Wah, men Ruwimiň ornunda bolsadym, heleý sypat nejis meň nesibämi alman geçerdi! Namysyňa tokunandan ar almak ata-baba gelýän düzgün. RUWIM. Lewiý, naharyň bişmedim-aý, içimiz eljuk diýýä. SIMEON. Et deregine gazana daş atan-a dälsiň? LEWIÝ. Eşek ýüki odun ýakdym, henizem tagamy çykanok. ISSAHAR. O janawaryň etine möjegiň dişi ötmändir, taşlap gidipdir-ä! GAD. Bi süri-süri mal kime nesip etmeli? Kim üçin biz bi ýerde daş ýassanyp, buz düşenip ýörüs? Iki aý bäri heleýmizi görmäge zar bolduk, dogru-da walla! SIMEON. Olarsyz-a kyn boljag-ow, agşam ýeňňeňiz düýşüme giripdir. ÝEHUDA. Guzy mälese gulagyma çaga sesi bolup eşidilýär. Gaýdanymda heleýim haşylap otyrdy, bi mahala dograndyr, meň çakym bolsa, ogul dograndyr, garny goçakdy. GAD. Ruwim, uýamyzyň namysyna deglende, sen şekemlileriň üstüne ýolbars bolup topulypdyň, ýurtlaryna gan çaýkapdyň, hany şondaky gaýratyň?! (Ruwim jogap berenok) Simeon, Lewiý, size ne Hudaý urdy! SIMEON. Biz bir namardyrak adamlar-da! Aslymyza seretseň-ä, ganymat bolmaly, Lamehiň tohumyna girýäs, how. GAD. Biz at ýitiren bolduk, gaýduwsyz Lamehiň basyp giden yzyna-da degemzok. Lameh özüni kemsiden jahyl ýigidi nädipdir?! Janyny jähenneme ýollapdyr! LEWIÝ. Lameh ýaly ýolbars ýürek adamlar indi ýog-a, onuň gaýratyny aýdymlarda taryp edip oňaýmasak... Lamehiň iki heleýi bolupdyr, Lamehi görenlerinde ikisem galpyldar durar ekeniler. Hakyky äriň kimdigini heleýler bilýär. Lameh olar üçin çabyrap duran ot bolsa-da, pakyrjyklar hezil edip oda özlerini urupdyrlar. Heleýleň küýseýäni şo-da. RUWIM. Gad, sen Lameh jahyly öldüripdir diýdiň, soňunyň nähili gutaranyny biz bilemzog-a. Jahylyň hossary Lamehi öldürendir. Sen öldürýämiň, sendenem öç aljak tapylar. Ardan ar tutaşar, sypala ot düşen ýalydyr. Şoň sebäbine-de, Hudaý Abeli öldüren Kaini öç belasyndan gorapdyr. GAD. Men Kainiň tarapynda. Hudaý Adam Ataň ýalňyşyny düzetmek üçin Kaini penasynda saklady. Hudaý bizem penasynda saklar. DAN. Ýakuby penalan Hudaý näme üçin onuň kemsidilen ogullaryny penalamaly dälmiş diýsene! GAD. Dan, sen mamla, sen hemişe mamla! ÝEHUDA. Ruwim, dogrudanam, Dan hak aýdýar. Menem Kainiň tarapynda. GAD. Kain başymyzyň täji bolsun! Är kimin ar alan Lameh başymyzyň täji bolsun! Arym köýenden imanym köýsün! Ar-namys üçin orta çykjak adamlar azalyp barýar, oňa derek gury söz bilen dünýäni düzetjek bolýan danasumaklar, keramatlylar köpelipdir. Ruwim, agam, sen Hudaýyň merhemedine sygynmagy ündeýäň. Eger Hudaýyň özi dawaň bir tarapynda duran bolsa nätjek! Heleý sypat nejis aýylganç düýşleri bilen bizi kemsidýän bolsa, ol kimiň emri bilen düýş görýärmiş? Seniň sygynýan Hudaýyň Ýusubyň tarapynda bolmasyn?.. DAN. Siz maňa gulak asyň, bi dawaň çözgüdi şeýleräk bolmaly. Ruwimiň aýdýanynyňam jany bar. Eger-de biz aýylganç düýşlerini mazamlaýan heleý sypat nejisi aradan aýyrsak, biziň etmişimizi ýazgarjaklaryň gazabyna duçar boljagymyzy unutmalyň, ar üçin baş göterjeklerem tapylar. Eýsem-de bolsa, bu ätiýaç biziň golumyzy baglap bilmez. Öljek hassa ölüp dynsa ýagşy. Boljak iş bolansoň, geçmişiň sapagyna görä, biz ony düşündirmeli bolarys: eýse, Ýakup öz aldawy üçin hesret çekmedimi diýeris. Aldawyň pidasy bolan agasy Isawyň ajy gözýaşy üçin Lawanyň gapysynda on dört ýyllap azap çekmedimi diýeris. Ýakup bimöçber azaba çydady, şeýdibem hile bilen atasyndan alan ak patasyny saklady. Diýmek, ahyrynyň düz boljagyny bilseň, jepa-da, gözýaşa-da döz geläýmeli bolar. Ýakubyň tejribesi bize şu ýoly ündeýär. RUWIM. Bes et, Dan, sen doganlaryňy jenaýata iterýäniňi bilýärmiň! DAN. Bizi günäkär etme, Ruwim, bi ýoly biz başlamadyk. Menem Kainiň tarapynda. SIMEON. Bi wajyp meseläni aç garna çözmäliň diýen teklip bar. Zawulon bilen Neffalim haýdaşyp gelýär. ZAWULON. Serediň beýläňize... serediň o gelýäne... NEFFALIM. Biziň eşegimiz, üstündäki Ýusup! DAN. Hawa-aýt... hojaýynymyz gelýär. ASIR. Ruwim bar, ýet, agam, ony eşekden düşür, hä diýmänem hasabat bermelisiň. GAD. Lewiý, senem berre tokly soý-da, hojaýyna börtmejik bişir. RUWIM. Agyr ýola Ýusubyň ýeke özüni ýollaýdymyka? Ýakupdan birugsat Ýusup gaýtmazdy. DAN. Kasamy ýada salyň! Kimiň namartlyga meýli bar bolsa, ýylan gelmänkä aýtsyn. Aňalyp dursak hinimize sümülip girer. ASIR. Gözümi daňyň, sypatyny görmäýin. Zyňan daşym sowa geçse, tüf ýüzüme! SIMEON. Bizi Ýakubyň öňünde kemsidenini az gördümikä? ÝEHUDA. Ybraýymyň köýnegini geýip gelşinden bileňokmy şony?! GAD. Köýnekden pena gözleýär. LEWIÝ. Kakam ony üsti rahat eşeg-ä mündürip goýberipdir. ISSAHAR. Sizem eşek ýaly rahat boluň diýdigimikä?! DAN. Kim özüni rahat eşek saýýan bolsa, gapdala çekilsin! Doganlar gymyldanok. Olar Ýusubyň gelerine garaşýarlar. Şol mahal howsalaly Ýakuby görýäris. Ol ot alan ýaly aýlanýar. ÝAKUP. Gözümiň röwşeni, janym oglanlar, Ýusupny tizräk alyp gelgeý siz. Jandan artyk mähribanym, oglanlar, Ataňyzyň hakyn eda kylgaý siz. Gidende Ýusubym pyýada goýmaň, Aç etmäň, suwsatmaň, ýaman söz aýtmaň, Hakny häzir görüň, şeýtana uýmaň, Men garypdan ýagşy doga algaý siz. Ýusubym näzikdir, perdede saklaň, Tiz getiriň, pişin wagtyny çaklaň, Nesihatym meniň duzumny haklaň, Bir-biriň gadyrny ýagşy bilgeý siz! Ýusup gelýär. Täsin lybasda. Egninde agyr horjun. Horjuny düşürip, güler ýüz bilen galaryna garaýar. Olaryň ýowuz görnüşlerine üns berenok. ÝUSUP. Essalawmaleýkum!.. Hudaýa şükür, başyňyz bitin, sanyňyz tükel ekeni. Bäş gün ýol ýöräp, idäp-sorap ahyry ýetdim-ow. (Doganlar gymyldaman ýowuz garap durlar) Ýehuda, agam, saňa hoş habar getirdim, buşluk, ogluň boldy. Süýtden doýrup bolanok, ejesin-ä bir emýär, gapdalyndan geçiň süýdünem içip ýatyr. Ýeňňemiziň diýeninem aýdaýyn saňa: “Ogly ulalyp yzyndan barýança öýünden bizar bolup ýörjekmikä” diýdi. Ruwim, kiçijegiň sallançaga öwrenşenok, halys dyzyň üstünde ýatmaga öwredipsiň, şo gerek. Neffalim, Dan, ejeňiz Walla zeýrenip otyr, aýallaryňyzy köşeşdirmek iş bolýa diýýär. Zelfa görgüli ogullamma dogaý salam ýetir diýdi. Gad, Asir, ejeňiz gözümiň ukusy gaçdy diýýär. Iki aýdyr sizden gördüm-bildim ýok. Kakamyň gözi ýolda. Ahyrsoňy meni ýola salarman boldy, islegimiz gabatlaşdy, duruberdi. Eli boş gaýdandyr öýdäýmäň... (Horjundan zat çykarýar) Biý-ä duzlanan hyýar, bi-de miweli gutap... ýene näme... künjüli gowurga... Ruwimiň halaýan zady... bi-de sogan, bi-de täzeje syr. Hernä, nahar iýmänkäňiz gelipdirin, bi tagamlar hasam işdäňizi açar. (Doganlar gymyldanok) Kakam: Sen ýeke gitseňem ýeke dolanmaly dälsiň, agalaryň bilen bileje dolanarsyň diýdi. Sizi eltjegime söz berip gaýdandyryn. (Doňup duran agalaryny eretjek bolup, has içgin, has erjel dowam edýär) Bi geleniň mendigine siz henizem ynanman duran bolmaň? Ýa bu näbelet, daş ýola kakamyň meni ýeke goýberenine geň galdyňyzmy? Çaga däl-ä men, on ýedini doldurdym. Men siziň üstüňizden garamaga gelemok, sizi küýsäp geldim. Iniňiz hökmünde siziň öňüňizde baş egýän, hemem kakamyň huzuryna sag-salamat dolanmagyňyzy towakga edýän, agalam! Eger meniň ýalbarmagymy, heriňiziň öňüňizde dyza çöküp ýalbarmagymy isleýän bolsaňyz, doganlygyň hatyrasyna onam edip biljek. (Ruwime tarap ýönelýär) Ruwim, agam, sen biziň ulymyz, senden başlap, hemmäňizi bagryma basyp çykjak. Ýüregimiň gürsüldisini golaýdan eşidersiňiz, onuň size söýgi, hormat bilen urýandygyny duýarsyňyz. (Ýusup gujak gerip Ruwime golaýlaşýar, emma Asir, Dan, Gad onuň öňünde diwar bolup durýar.) Agalam, eger meniň düýşümi eşitmek size ýakymsyz bolsa, mundan buýana aýtmaýyn, ýöne Hudaýdan bidin düýşde-huşda hiç zat bolmaýany size-de aýandyr. Täsin düýşümi aýdyp, men sizi gynandyraryn öýtmändim, begendirermek sapam bardy. Sizem gyzykly düýş görýänsiňiz-ä, näme maňa aýdyp bereňzok, begendireňzok. Men olary ýagşylyga ýoraýyn, bile begeneýin. Biz bir ataň ogullary, begenjimiz bir bolmaly. Men-ä size guwanýan, begenýän. Size buýsanjym näbelet ýolda hemra boldy. Gorky-ürki ýadyma-da düşmändir, ýogsa kaňkap ýören aç möjege, ýekegapana sataşaýmawersin diýip, kakamyň ätiýaç edýäninem bilýän. Il-günden soramda: meniň derek boýly, ýolbars ýürekli on sany agam siziň ülkede mal bakyp ýör diýdim, nätanyş adamlar maňa gözi gidip seretdiler, salgy berdiler, ak ýol arzuwladylar. Meni bi buýsançdan aýyrmaň, agalam. Kakamyz: “Duşmaçylygyň aýylganjy doganlaryň arasyndaky duşmançylykdyr” diýdi. Duşmançylyk ýokanç kesel ýaly bir ganym, soňra ol biziň maşgalamyza, bizden dörejek nesillere geçer. Onuň agyr pidasy ýaşaýyşyň hezilini alar, labyry ynsanyň gerdeninden basar. Gerdeniňizi ýazyň, agalam. (Doganlar herekete gelýär, olar Ýusubyň üstüne sürünýärler. Ýusup yza tesip barşyna howlugýar.) Atamyz Ybraýymdan galan lybasy egnimde göreniňiz üçin gabanmaň. Meniň üçin bu lybas attykmaçlygyň nyşanydyr öýdýän bolsaňyz, şo pikiriňiz ýalňyş. Bu lybas Hudaýyň ýoluna eziz ogluny gurban etmäge ýaýdanmadyk, mertebesi belent Ybraýym Halyla meniň kalbymdaky söýgüden, hormatdan nyşan. Täsin köýnek egnimdekä men oňa juda ýakyn. Hudaýyň ýoluna gurban edilmek paýy maňa miýesser etmedigem bolsa, şol paýyň öwezine güýç-kuwwatymy, zehinimi, paýhasymy, şirin janymy Biribaryň ýoluna sarp edip, keramat siňen atalarymyza golaýlaşyp bilsem, zerre armanym ýok. Oňa häkimligiň ýoly bilen aralaşyp bolanok, dost-ýara, dogan-garyndaşa, il güne söýgi-hormatyň, haýyr-sahawatyň goldawy bilen ýakynlaşyp bolar. Hakyň ýoluny baglamaň, doganlar!.. GAD. (Gygyrýar) Gapdyryň ony! Doganlar topulýar, Ýusuby ara alýarlar. Ýigrençlerini gowzatmak üçin biri beýlekisinden tapawutlanjak bolup tutanýerlilik görkezýärler. Ýusubyň egnindäki köýnegi sypyrýarlar. Urmaga, depmäge hemmä gezek ýetenok, olaryň ýumrugy biri-birine degýär, biri omzap baranda beýleki ýykýar. Ruwim Ýusuby gorajak bolýar, oňa topulýan kişi bolup, aşaklyk bilen topulýanlary tüwdürýär. Doganlar bitiren işlerini synlamakçy bolup togtaýarlar. Ortada gymyldysyz ýatan Ýusuba seredýärler. RUWIM. Gahar biziň gözümizi gapdy, nädäýdik muny? Ýusup!.. (Ýusup bulanýar, iňleýär). ASIR. Biline urlan ýylan ýaly bulansyn ýatsyn. (Depýär) RUWIM. Asir, sen adammy beri! GAD. Owadan geplemegi öwredýän jadyly hatlaryny otlamaly, bilim öwreden mugallymyny başaşak gömmeli! (Depjek bolup topulýar, Ruwim onuň döşünden itýär) SIMEON. Ýakup söwer oglunyň başyna ne günler saldy. Kör atasyny aldany bilen oňaýma-la, on oglunyň onusynam biakyldyr öýdýär. ÝUSUP. Simeon... töhmet ýamandyr. ASIR. Bi nejis bizi diňläp ýatan eken-ä. Doganlar ýene topulýarlar, olar Ruwime baş bererli däl. Ýusuby galdyryp, elini-aýagyny daňýarlar. DAN. Şeýdip dilinem sarap bolaýsady!.. ZAWULON. Bäbenegi gapylan-a däldir? (Ýusubyň gabaklaryny açyp görýär) Essine geldigi gözi näme görerkä? (Ruwime köýnegi uzadýar) Agam, al, muny sen geýmeli, şuň gözüniň alnynda geýmeli, göz etmeli. NEFFALIM. Özümiz ykrar etsek bolar-a. DAN. Nämä ýaýdanýaň, Ruwim? RUWIM. Ýakubyň ak patasy bolmasa, bi mukaddes köýnege el uzadyp bolmaz. DAN. Şu ýatan şugulyň gepine gidip, Ýakup seni mirasdan mahrum etdi. Bi ýumruk ýaly oglanka özüne ýol açyp goýan ekeni. Biz onuň gepine ynanamzok. Olaryň guran oýnuna sen ýandyň. Bi ýatan ýylany dogran Rahiliň hyzmatyny edip ulalan Walla görgüliň, biziň biçäre ejemiziň abraýly başyny biabraý etdiler. (Köýnegi Zawulonyň elinden kakyp alýar-da, Ruwime uzadýar) Ýaýdanma, al, geý! Sen öz başyňy näletden, Wallany masgaralykdan gutar, iki oglunyň öňünde başyny dik tutup gezsin-ä görgüli. Biz seni häziriň özünde ykrar ederis. (Doganlaryna) Meň diýenime hä diýersiňiz-ä! (Doganlaryň hemmesi göwünjeň däl) Simeon, Ýehuda, nä siziň sesiňiz çykanok, ýüzüňizi asyp dursuňyz? SIMEON. Miras eýesi entek ölenok, jany bar. ASIR. Biz onuň janyny jähenneme ýollarys. RUWIM. Ýo-ok, öldürmersiňiz!.. Dan, öňi bilen men saňa hä diýemok. Meni ikinji gezek Ýakubyň näletine sezewar etjek bolmaň. DAN. (Ýumşaýar) Agam, herki zadyň öz ugry bar-a. Asiriň jähennem diýýäni kerwen ýolundan aňyrdaky gurruk guýyň düýbi. Elini gana bulamaga hiç kim höwes edenok. Gurrugyň düýbünde ajaýyp düýşlerini görer ýatar. Ýakuba-da ýalan sözläris, olam bir mahal kakasyny aldapdyr-a, bizem aldarys. Biz-ä seň ogluňy göremzogam, bilemzogam, ýagty ýalançyda barlygyndan bihabar, eger ýok bolsa, ýyrtyjy haýwanyň penjesine düşendir diýeris, dady-perýat ederis, ynandyrarys. NEFFALIM. Ýuwaş, how, o eşidip ýatan bolmasyn. DAN. Eşidipdirem-dä, kime aýtjakmyşyn. Indi ol ýagty ýalançyň adamy däl. Ýusup aglaýar. RUWIM. Heý, siziň bi çaga ýüregiňiz awanokmy! SIMEON. Awasa nädeli! Ýüregimiz awaýa diýip, ony goýberib-ä bolmaz. Barar-da kakamyza aýdar, mal-hal, döwlet elden gider, tüwmaýak galarys. Ýakubyň näletinden soň bi o dünýe-bi dünýe hiç kimden ýüz tapmarys. Gowusy, Danyň diýenine gulan asalyň, Ýusuby öldi bileliň, başga alaç galmady bize. DAN. Ruwim, biz seniň sözüňe garaşýas. RUWIM. (Gygyrýar) Mirasdan el çekenime ynanyň siz, Ýakubyň näletine duçar bolan günüm el çekipdim. ÝEHUDA. Sen el çekseň yzyňda Simeon bar. RUWIM. Ýöne bi çagany öldürmäň... (Biraz pikirlenip durandan soň) Gurruga taşlasaňyz razy, şoňa razy... Doganlar Ýusuby göterip gidýärler. 11. Gurruk arda başy. Doganlar Ýusuby getirip goýýarlar. LEWIÝ. Elini-aýagyny bir boşadyň. GAD. Şeý diýýä! Biz ýeňsämizi öwren dessimize çykyp owwara bolsun diýjekmi, ýok, gardas, beýtmäli. ASIR. (Gurrugyň içine seredýär) Salkynjak jaý ekeni, hezil edip düýs görüp ýatmaly. DAN. Soňky maslahata gulak asyň. Bi köýnek neneňsi mukaddesem bolsa, derdimize ýarajak ýerinde ulanarys. Tüýdüm-tüýdüm ýyrtarys, gotur geçiň ganyna bularys, eltibem Ýakuba bereris. Şu köýnegi tanaýan bolsaň, ogluňy möjek iýipdir diýeris. Wessalam! ÝUSUP. Beýle aýylganç oýna ýüz urmaň, ol çydamaz. Men eýýäm garaňky gabyrda ýatyryn. Ýüregiňizi sowatmaga bir ölüm ýeterlik dälmidi! Kakamyza haýpyňyz gelsin. Ganly köýnek eltip, onuň umytly ýüregini ýararsyňyz. O pakyr ýola garap oturandyr, siz ony umytly garasmadan mahrum etmäň... Kalbyňyzy eýelän ýigrenç, dusmançylyk meniň ölümim bilen gutarmaz, gaýta gün geldikçe möwç alar, birek-birege göriplik siziň hemraňyz bolar... RUWIM. (Gygyrýar). Mundan artyk çydap durmaga gaýrat ýok, bi nalyşy esitmäýin, gurruga atyň-da, dynyň. DAN. Hudaýa şükür, gaýdyp onuň owadan ýüzüni görmeris. GAD. Akylly sözlerinem eşitmeris. Asir gapdaldan agyr daş alyp gelýär. ASIR. Kellesini mynjyratmasaň, dili geplär. Ruwim Asiri daşy bilen bir gapdala togalap goýberýär. Doganlar gidýär. Ruwim säginip, yzyna garaýar. Ýene howsalaly Ýakuby görýäris. Onuň haly perişan. ÝAKUP. Kadyr alla, ýüregime ot düşdi, Meni Ýusup jandan jyda eýleme! Dünýäde aýralyk bir ýaman işdi, Soltan başym bu gün geda eýleme! Bilmen ne ýowuz gün düşer başyma, Gorkaram bu gije gören düýşüme, Awy salma meniň içer aşyma, Meni aýralykny rowa eýleme! Gözümiň röwşeni, bilde kuwwatym, Köňül asaýyşym, janda rahatym. Söwer guzym, gije-gündiz ülpedim, Ýusubymdan meni jyda eýleme! 12. Gurruk guýyň başy. Gurhanyň Ýusup süresinden ýene dokuzynjy, onunjy aýatlar ýaňlanýar. Onuň soňy kerwen jaňynyň sesi bilen utgaşýar. Jaň sesi galýar. Adamlaryň sesi eşidilýär. “Bäri geliň, bärde guýy bar ýaly-la”. Üç adam gelýär. Ikisi arap taýpalarynyň lybasynda. Ýaşuly kerweniň eýesi, söwdagär Ibin Zagyr, gapdalyndaky ýigit ýaşly. Üçünji adam gul, guşaklygyna çenli ýalaňaç. Ibin Zagyr guýa daş atýar. IBIN ZAGYR. Guýy diýip gelenimiz gurruk bolup çykdy. ÝIGIT. (Guýa diň salýar) Ses eşitdim-laý... beh, adam sesi ýaly-la. (Guýa gygyrýar) Kim bar?.. Ynsmyň-jynsmyň?.. Adam sesi... hawa-laý, adam sesi, näme diýýänini aňşyryp bolanok. Ibin Zagyr gula yşarat edýär. Gul lal bolsa-da düşbi. Gowany gurruga sallaýar, çekýär. Gowa boş. IBIN ZAGYR. Mejaly ýokdur. Gul ýüpüň bir ujuny uly daşa daňyp, guýa girýär, soňra daş çykyp, ýatanyň eliniň-aýagynyň bagly bolandygyny, pyçak bilen kesendigini üm bilen düşündirýär. Soňra gowany sallap, üç bolup çekýärler. Ýusup çykýar. Mejalsyz, süýnüp ýatyr. IBIN ZAGYR. Ne gözel oglan ekeni, çüýredipdirler. (Burnuny tutýar. Ýigidem çydap bilenok, ögeýär) Süýt içirmeli muňa. (Gula düşündirýär, gul ylgap gidýär) Haçandan bäri ýatyrsyň, ýagşy ýigit? (Ýusup barmagy bilen üçi görkezýär) Üç gün gurrugyň içinde ýatmaga neneň çydadyň diý. Kim seni bu hala saldy? (Ýusup jogap berip bilenok. Gul küýzeli süýt getirýär. Ýusuba içirýärler) Süýt içini ýuwar... Haýsy ýurduň adamy, haýsy häkimiň raýaty, kim bolarsyň? ÝUSUP. (Kynlyk bilen) Siziň... guluňyz. IBIN ZAGYR. Guluňyz?.. Siziň guluňyz... biziň gulumyz bolýar-da?! (Ýigit tassyklaýar. Ibin Zagyr keýpli) Bi ýigidiň aýdýanynyň jany bar. Dadyna ýetişmedik bolsak, öler çüýrär giderdi. Ykbalyna kaýyl adamdan guluň gowusy çykar. Muň görki-görmegi dagam on gula degjek. Göteriň!.. Ýusuby guluň egnine atyp gidýärler. 13. Gurruk guýynyň başy. Ruwim haýdap gelýär, elinde külter tanap. RUWIM. Ýusup... Ýusup!.. Sesimi eşidýäňmi? Agaň geldi, men Ruwim. Janly bolsaň bir alamat ber, jigim, agaňa bildir-ä... (Diň salýar) Ýusup, menden ätiýaç etme, men seni ýörite çykarmaga geldim. Çykardygym alyp gitjek, kakama elin gowşuryp gaýtjak. Ýusup, sen dirimi, diri bolsaň sesiňi eşideýin-ä!.. (Ses eşidenok, howsalasy artýar) Ýagşy niýet bilen gelenime ynan-a sen!.. Düýn geljekdim, öňňin geljekdim, sypyp bilmedim, agalaň meni aňtap ýörler, Ýusup, ses ber, çaltrak çykaraýyn, eglensek ýetişmeris, olaň geläýmegi ähtimal. Ýusup, ýüp sallaýan, ilişseň bolýa, çekip çykaryn, agaň güýji ýeter. (Ýüpi sallaýar, garaşýar, yzyna çekýär, boş. Has janygyp gygyrýar) Ýusup, Ýusup jan, alamat ber-ä, agaňy köseme, inim. (Alamat ýok). Çydan däldir, ölendir... (Ýene gygyrýar) Ýusup, atamyň söwer ogly, Ýusup jan, agaňdan gorkma diýýän, diri bolsaň hä ber. Meň ýüregimde saňa sähelçe-de kine ýok, jigim, gurruga atmaga razy bolanymyň sebäbine sen düsünensiň, seň paýhasyň ýetmel-ä, ýogsa seni öldürýädiler. Gurrukda ýatsaň gelerin, çykararyn öýtdüm. Mahalynda dolanmanyma gahar edýänsiň, Ýusup, gahar etme, janyňa haýpyň gelsin, Ýakuba haýpyň gelsin-ä, ses ber, jigim... (Ruwim gurruga girmekçi bolýar. Tanapyň bir ujuny daşa saraýar guýa girýär. Boş çykýar. Guýyň töwereginde yz gözläp aýlanýar.) Ganym agalaň çykaryp ýoguňa ýanaýdylarmy, bi täzeje yzlar kimiň yzy! Ýusuby äkidipdirler. Eý, hudaý, dogan dogana beýle-de bir gazap edermi! Biz baýnamarys! (Çök düşüp aglaýar) Ýusup, nalaşyň soň ýetişer bize, ömrümiz ökünçde geçer. Doganjygym, agalaň taňry gargan boldy. Doganynyň ganyna galan adamdan öz çagasyna-da rehime garaşma. Seň läşiňi nirä atdylar, nirde gömdüler. Men seni nirden gözläýin, nirden tapaýyn!.. Ruwim saňsar ýaly süssenekläp gidýär. 14. Doganlaryň mesgeni. Olaryň arasynda Ruwim ýok. Doganlar keýpsiz. Böwrüni diňläp oturany bar, gyşaryp ýatany bar. ÝEHUDA. Ruwimi göremok-la, haçandan bäri ýok? LEWIÝ. Irdenki oba gidişi, un getirjek diýdi. ÝEHUDA. Una gidenine kepil geçip biljekmi? LEWIÝ. Bir günlük unumyz bar, şoň-a kepil geçýän. ÝEHUDA. Ýeke goýbermeli däl-ä, Ýusuby boşatjak bolup ýören bolsa näbilýäňiz?! ZAWULON. (Gussaly) Ýusup galarmy bi çaka, ölendir neresse. Kerweniň jaň sesi eşidilýär. Neffalim haýdap gelýär. NEFALLIM. Müsürlileň kerweni geçip barýa, mata, şaý-sep, başga-da alara zad-a bar. ÝEHUDA. Ugurlary nirä, soramadyňmy? NEFFALIM. Müsüre barýalar. ÝEHUDA. Sakla olary, bar, eň. Kerwenbaşyny alyp gel. (Neffalim gidýär) Agalar, iniler, kerwen diýenden kelläme pikir geldi, aýdaýyn, gulak asyň (Doganlar gyzyklanýarlar) Gardaşlam, doganymyzyň ajalyna sebäp bolanymyz bilen bigam gezeris öýdýäňizmi? Men-ä ukudan bizar, kirpigim çalyşdygy Ýakup bilen Ýusup direnip dur, ä-äý, ezýet berýäler-ä! Bi aýylganç syry içimizde saklap bilmeris, saklaýamyzda-da ol bizi ýeke-ýekeden çüýreder. Birimiz beýlekiden ätiýaçly ýaşamaly-da, ömür uzag-a, çydap bolmaz oňa. Ruwimi görmedim welin, eýýäm howsala düşýän. Haýsy-haçan biri-biriňi aňtap gezjek. Geliň, döwletli maslahat edeliň: Ýusuby satalyň, gulumyz diýägeden Müsüre satyp goýbersek, gaýdyp ady-sory çykmaz. (Dymyşlyk, Ýehuda gyssanýar) Öldürenden-ä ýüz paý gowy, derdimiz ýeňlärdi-dä, ä-ä? LEWIÝ. Biçem däl-how seň şu diýeniň. ISSAHAR. Hawa-laý, ölmesin-le, satalyň-la. SIMEON. Müsürem jähennemiň teýinden ýakyn däldir. DAN. Satmakçy bolsak, onda gymmat satalyň. ÝEHUDA. Söwdasyny maňa ynanyň, özüm oňaryn. SIMEON. Ynanýas. Ýöne Ýusubyň adyn-a aýdyp bolmaz olara. GAD. Adyna Nejis diýiň. ASIR. Bognuňyz ysmad-ow!.. Müsüre satanyňyzy nädip içiňizde saklajak?! ÝEHUDA. Ganyna galanyň ýaly bolmaz, diri gideniň syry ýeňilräkdir. ASIR. Hernä, gurrugyň içinde jany çykan bolsun-da... Neffalim Ibin Zagyry alyp gelýär. Salamlaşýarlar. Şol mahal Neffalim Ýehudany çete çekip, wajyp bir zatlar aýdýar. Ýehuda bu habardan soň alňasan-da bolsa, başyny belent tutup, Ibin Zagyryň ýanyna dolanýar. ÝEHUDA. Hormatly söwdagär, biz sizden bir habar eşitmekçi bolýas. IBIN ZAGYR. Dünýäni aýlanyp ýören adam biz, habar diýeniň bizde weşeň-weşeň. ÝEHUDA. Nähili ýol bilen biziň gulumyz siziň kerweniňize düşdi? Bu sowal duranlary geň galdyrýar. Ýehuda doganlaryna ümsüm durmagy yşarat edýär. IBIN ZAGYR. Siziň guluňyz meň kerwenime düşüpdir?! ÝEHUDA. Meniň doganym ony gören dessine tanapdyr. (Neffalimi ýanyna çagyryp, üm edýär) NEFFALIM. Üçünji düýäň üstünde oturan ak köýnekli, görmegeý, hor ýigit... ÝEHUDA. Biziň gulumyz bolmaly! (Garaşylmadyk ýagdaýa duranlar haýran. Ýehudaň başy belent.) Neffalim, bar-da, tanan guluňy özüň şu ýere alyp gel, bizem gözümiz bilen göreli. Neffalim haýdap gidýär. IBIN ZAGYR. (Aljyraňňy) Gurrukdan soňky deminde çykardyk, eli-aýagy bagly ekeni. ÝEHUDA. Baglamasaň ony guýyda-da saklap bolanok, gaçýar, halys bizar etdi. Siz salgy alyp bardyňyzmy o ýere? IBIN ZAGYR. Suw gözläp bardyk, iňňildisi gulagymyza iläýdi. Barmadyk bolsak bu çaka ölerdi. DAN. Öläýende-de ynsan uly bir ýitgi çekmezdi. Atasyz ösen keçjaldyr ol, ýalan sözlemäni dagy hiç zatça-da bilmez. Has beterem eli egri, jeza çeksin diýip gurruga atypdyk. Ýehuda Danyň sözlerini gabanýar. Neffalim Ýusuby alyp gelýär. Ýusubyň egninde uzyn ak köýnek. Ol doganlaryna umyt hem mähir bilen garaýar, emma doganlar ýowuz garaýyş bilen gaýtawul berýärler. IBIN ZAGYR. (Ýusuba) Bi çopan ýigitler saňa eýe çykdylar, biziň gulumyz diýýäler. ÝUSUP. Olar näme diýseler ynanaýyň. IBIN ZAGYR. Olara ynansaň seni ýene gurruga ataýmaly. Seni gaýtaryp bermeden başga alajym ýok. GAD. (Gygyrýar) Güm ediň, bize derkar däl! ÝEHUDA. Gulumyzyň zyýat taraplaryny aýtmasak karam bolar. Okap bilýär, ýazyp bilýär, akyly ýerinde. Ýaramaz gylyklaryndan el çekendir diýjek, gurrukda üç gün oýlanmaga ejaza berdik. IBIN ZAGYR. Gurrukdan edep-terbiýä eýe bolup çykan guluňyzy satmak hyýalyňyz ýokmy ? ÝEHUDA. Mynasyp eýe tapsak satmakçy. IBIN ZAGYR. Guluňyzyň adyny bileýin-dä. ASIR. Çöpdüýbide at näme işlesin! IBIN ZAGYR. Gör-ä! Men ýaly merhemetli bir adamyň rehimi inip, sizi bi beladan dyndyraýyn diýäýmese, çöpdüýbä, kezzaba, keçjal, eli egrä kim hyrydar çyksyn. ÝEHUDA. Biz ony size mugtuna-da berip bilerdik, ýöne ol bize görgi ýamanyny görkezdi, azap çekdik, çeken azabymyzy töleseňiz bolany. BIN ZAGYR. Ynsap bilen guran bahaňyzy aýdyň. ÝEHUDA. Ýigrimi teňňe. IBIN ZAGYR. (Ýehudaň elini gysýar) Kabuldyr. (Puly berýär) Henize deňiç okap bilýän, ýazyp bilýän guly satyn almak miýesser bolmandy. Hoş galyň, çopan ýigitler! Ugramakçy bolanda Ýusup bir meýdan agalaryna garap durýar. Olar müýnli, ýüzleri aşak. ÝUSUP. Agam Ruwimi nätdiňiz? Jogap bermegiň deregine Dan janagyrly gülýär, beýlekilerem onuň gülküsini alyp göterýär. Ýusup gidenden soň gülki ýatýar, olara sussypeslik aralaşýar. LEWIÝ. Hernä, doganymyzyň ganyn-a galmadyk. DAN. Ruwime aýdaýjy bolmaň, bildigi kerweniň yzyndan ýeter. SIMEON. Asir, köýnegi nätdiň? ASIR. Kelek geçiň al ganyna boýadym. Asir gidip gana bulanan ýyrtyk köýnegi getirýär, bir gyra taşlaýar. Agyr dymyşlyk. Kerweniň jaň sesi ýitýär. SIMEON. Köýnegi Ýakuba ýetiräýmek galdy. Ruwim gelýär. Ol sus oturan doganlara howsala bilen garaýar, many aljak bolýar. ÝEHUDA. Agam, un getirdiňmi? RUWIM. Ýusup ýok, gurrugyň içinde-de, daşynda-da ýok! DAN. Asmana uçandyr-da. RUWIM. (Aýylganç gygyrýar) Ýusup ýok diýýän size! (Doganlar aýak üstüne galýar) Ýakup söwer ogluny öňi bilen menden sorar, Ýusup jany tap diýer. ÝEHUDA. Bizden bidin Ýusuby boşatmaga gidäýdiňmi? RUWIM. Meň aýdýan sözüm siziň gulagyňyza ýetýämi? Ýusup zyňylan ýerinde ýok, özüm gurruga girdim, düýbüni dördum, Ýusup ýok. GAD. Ýere girsin, asmana uçsun, gark bolsun, merk bolsun, gurda şam bolsun, tapawudy ýok, ýitirim bolsa bolýa-da, saňa başga näme gerek? Ruwim ganly köýnegi görýär, ýerden göterýär. RUWIM. Bi näme?! SIMEON. (Arkaýyn) Ýusupdan galan ýeke nyşan. Inimiz gurtlara şam boldy. Ýakup senden jogap sorap durmaz, gördügi düşüner, uzak ýola ogluny ýeke goýberip hata iş edenine-de düşüner. RUWIM. (Ähli ünsi elindäki köýnekde) Eýse, şu gan Ýusubyň ganymy? Gurruga taşlanyňyzy az gördüňizmi? SIMEON. Köýnekdäki gan geçiň gany. RUWIM. Onda Ýusup nirede? Ýusuby nirä ýitirim etdiňiz. ÝEHUDA. Ony senden soramakçy bolýas, agam, gizlin gidip, gurrugy agtaryp ýören sen-ä. Şerti bozýan-a özüň, ýene bize töhmet atýaň. RUWIM. Eý, hudaý, başym çaşdy... Eý-ho-o... siz Ýakubyň çekjek nalasyny göz öňüne getirýäňizmi?! Ganly köýnegi eltip, onuň huzurynda nädip çydam edip durjak! Ýakup hudaýa ýakyn adam, oňa algyr göz, duýgur ýurek berlen. Gep urşuňyzdan diliňiziň ýalan sözleýändigini duýmazmy eýse! Ýüzüňizdäki gypanjyň galpdygyny nädip gizlärsiňiz? Şum habara haýsyňyz döwtalap, meň-ä çakym ýok. NEFFALIM. Bije atarys. (Agyr dymyşlyk) DAN. Bije atyşyp azara galyp ýörmelim-aý. Maňa gulak asyň, nätmelidigini aýdaýyn. Keseki birini taparys, diýen zadyny berägeden, şu köýnegi pylana eltip gaýt diýeris, diýmeli sözüni agzynajyk salyp bereris. “Meýdanda tötänden gabat geldik, bi size dahylly zad-a däldir?” diýsin. Başga söz diýmesin, eline tutdursyn gaýtsyn. Telim gün geçirip bizem bararys. Ýitgisine ýanyp oturan adam bir ogla derek on ogul berlen ýaly bolar, gaýgy-hesreti kiparlar, gaýta baranmyza begener. Doganlar umyt bilen başlaryny galdyrýarlar. SIMEON. Şundan amatly çykalga tapmasak gerek. Doganlar razy. ÝEHUDA. Sözümiz, ähdimiz bir bolsun. ASIR. Ant içeliň! GAD. Kimiň sözi iki çyksa, ýa-da ejizläp başga bir ugra gol ýapsa, Ýusuba berlen jeza oňa-da garaşýar. Doganlar ganly köýnegi bagryna basyp duran Ruwime garaýarlar. Ruwim aglaýar. ASIR. Ant içeliň! Doganlar gol tutuşyp, Ruwimiň töwereginde aýlanýarlar. Aglap duran Ruwim birden aýylganç gygyrýar. RUWIM. Ýusup hany?! Doganlar doňup galýar, Ruwim aglaýar. 15. Gurhanyň Ýusup süresinden on bäş, on alty, on ýedinji aýatlar okalýar. Ýakubyň çadyrynyň öňi. Ol dady-perýat bilen elindäki ganly köýnegi synlap, bagryna basyp aýlanyp ýör. Ol hesretine maýyl bolup näme edýänini hem bilenok. Donuny çykaryp zyňýar, köýneginiň ýakasyny ýyrtýar. ÝAKUP. Aý, Ýusubym, waý, Ýusubym, kekili sünbül, Ýusubym, ýüz-gözleri gül, Ýusubym, owazy bilbil, Ýusubym, meni griftar eýleme!.. Aç börülere şam bolupdyr balam, wagşylar perzendimiň näzik tenini para-para kyldylar!.. Eý, hudaý, eý, biribar, meni beýle zar eýleme, Ýusuba intizar eýleme!.. (Taýagy bilen gapdaldaky zatlary urýar, bu sese Walla bilen Zelfe haýdaşyp gelýärler) Ganly köýnegi getiren adamy çagyryň, ona sowalym bar. WALLA. Ol gitd-ä, eglenmän gitdi. ZELFA. Tagam hödür etdik, dem-dynç alyň diýdik, gulak asma-dy, zut gitdi. ÝAKUP. Ýaman habar getiren adamlar özlerini günäker ýaly duýýarlar. Ýusup janyň geýip giden lybasynyň para-para edilenini göremde dilim tutuldy, kelläme gan urdy. Ýakubyň başyndan inen hesretiň gara dagyň gara daşlaryndan agyrdygyna siziň aklyňyz çatýarmy beri! Ýusubyň näzik tenini ýyrtyjylaryň tüýtmeläp durşy göz öňüne gelýärmi? Neressämiň kömek sorap gygyrýan naýynjar sesi gulagyňyza eşidilenokmy?! Siziň gözüňizde ýaş göremok-la?.. Ä-äý, bi hesretiň derdini Ýusuby dogran biler. (Aýallara gidiň diýen yşarat edýär. Soňra köýnegi bagryna basyp ýola garap durýar) Balam, men seni öz elim, öz dilim bilen ölüme ýollan ekenim... Rahil peýda bolýar. Onuň egninde gara köýnek. RAHIL. Sen Ýusuby ölüme ýollamandyň, Ýakup, doganlarynyň ýanyna ýollapdyň. ÝAKUP. Bu ölümiň howpy öň kalbymy eýelemedik bolsady, men aýylganç habara ynanmajak bolardym. Men ony uzak ýola ugradyp durkam, bi bela-beteri atiýaç bilen göz öňüne getiripdim, ýolbarsy-da, börüsi-de ýadyma düşüpdi. Meniň howatyr edenim bolaýmalymy! Ajalynyň nämedigini bilsemem, saklaman, gaýta heläkçilige özüm ugradan ýaly bolaýdym, bi ajala şärikli ýaly bolaýdym, Rahil. Ýyrtyjylaryň penjesine düşende neressäm seniňem adyňy tutup gygyrandyr, heý, sen duýmadyňmy? RAHIL. Duýmadym, duýan bolsam seniň düýşüňe girip howsalamy ýetirerdim, Ýakup. ÝAKUP. Hudaý ony gereklen bolsa, beýle aýylganç ölüme sezewar etmese-de bolardy, Hezreti Ybraýyma buýran synagyna meni-de sezewar edäýmeli ekeni. Menem söwer oglumy biribaryň ýoluna höwes bilen gurban ederdim. Hudaýyň maňa şübhesi bolandyr, Rahil, men ony nadyl edendirin. Men hudaýyň öňünde ýazykly. Ýazygymy duýman, gaýta hezreti Ybraýymyň mukaddes lybasyny oglumyň egnine geýdirip, biribara pitjin atan bolmaýyn? RAHIL. Beý diýme, Ýakup. Hudaýa pitjiň atmak senin ynanjyňa ters gelýär. Hakyň ýoluna wepalydygyňa hiç mahal seniň kalbyňda şübhe bolmandy. Hudaý seni öz penasynda saklap gelýär, başyňa düşen agyr ahwalatlardan ol seni aman çykarypdy. Hudaýyň goldawyna bolan ynamyň, buýsanjyň seniň etmişleriňe gödeklik berýärdi, artykmaçlygyňy mazamlaýan alamat derejesine baryp ýetýärdi. Sen ogullaryň Ýusuba bolan ýigrenjini äsgermediň. Neberäň-de ýola goýan düzgüniňe uludan kiçi boýun bolmaly diýen talap olaryň närazylygyny seniň ýanyňda çaga öýkesi ýaly ähmiýetsiz sene-menä öwürýärdi. ÝAKUP. (Köýnege garap) Oglum, Ýusup, ejeň aýdýan sözlerini eşidýärmiň?! Eşidýänsiň, sen indi onuň ýanyna bardyň. Doganlaryň ýigrenjini äsgeren bolsady, kakaň seni ýola salmazdy diýýär. Eý, hudaý, dogan dogany ýigrenip, ýigrenjiň emrine görä ýaşajak bolsalar, olaryň dünýä inmäni gowy. Biribar, ýaraly ýürekden çykýan küpür gepe gazap etmäweri! Eý, hudaý, sen meniň gül ýüzli oglumyň kysmatyna beýle aýylganç çözgüt ýazan bolsaň çäräm ýok, ýöne çözgüdini mensiz amal edäýseň bolmadymy?! Kalbymda dörän ätiýajy äsgermän, uzak ýola ýeke ugradyp, men seniň jelladyňa öwrülen-ä däldirin? Soňy şu boljak bolsa, meni oňa imrikdirmek nämäňe gerekdi, onuň gül meňzine, ýiti akylyna buýsandyrmak nämäňe gerekdi! Sen ony biakyl, bigörk ýaradaýsaň bolmadymy! Ä-äý, meni gepletme, hudaý, agzymdan küpür söz çykar, gowusy, dilimi lal et! (Rahil gidýär) Rahil, gitme, bi hesret bir adam çekerden agyr, juda agyr!.. (Ýene köýnege garap otyr) Teniň ysy siňmäge ýetişmänkä, muňa seniň ganyň siňdi, oglum... Ýusubym, how, balam, how... Owwal başda gördüm hikmetli düýşi, Eýäm saldy maňa beýle teşwişi, Janymnyň rahaty, köňlümiň hoşy, Derdimniň dermany Ýusupnym hany? Imdi bu ülkede geze bilmenem, Ýusup jan dagyna döze bilmenem, Jan balamdan köňül üze bilmenem, Jenneti ryzwanym, Ýusupnym kany? Ýakubyň ne geçer haly-ahwaly, Görmese Ýusubny kaddy kemaly, Gözümiň röwşeni, husny-jemaly, Hurşidi jahanym, Ýusupnym kany? 16. Gurhanyň Ýusup süresinden on dokuzynjy, ýigriminji aýatlar okalýar. Ýakup aýralyga döz gelip bilmän, saç-sakgalyny ösdürip, bu dünýäni unudana meňzeýär. Ganly köýnek elinden düşenok. Doganlar ýüzlerini asyn gelýär. Birdenem başly-barat, maňlaýlaryny ýere urup: “Waý, dogan-e-eý!” diýip, ses etmäge başlaýarlar, biri beýlekisinden gaty gygyrjak bolup jan edýär. “Armanly giden, dogan-eý”, “Aç möjek meni iýse bolmadymy-e-eý”, “Boýuňa, görküňe guwanjykdyk-e-eý”, “Razy bol, dogan-e-eý...” diýen sözleri aýdyp uwlaýarlar. Olara “goýuň sesiňizi” diýýän ýok. Ýakup saňsar, agyny eşitmeýän ýaly biperwaý. Doganlar ses etmelerini bes edýärler, Ýakupdan söze garaşýarlar. Ýakubyň şol oturyşy. Doganlar nätjeklerini bilenoklar. Ýusubyň jigisi Ibni Ýemin çykýar. IBNI ÝEMIN. Agam jan ölen däldir, perişde ony asmana alyp gidendir. Biribar Ýusuby zemine gaýtarar, bürgüt agamy ýene getirer. Ýusup geler, Ýusup geler!.. (Asmana garap gygyrýar) Ýusu-up!.. Ýusu-u-up!.. Soňy. Iýul-sentýabr, 1992-nji ýyl. Tirkiş JUMAGELDIÝEW. | |
|
Teswirleriň ählisi: 1 | |
| |