16:42 Raýonyñ töresi / satiriki hekaýa | |
RAÝONYÑ TÖRESI
Satiriki hekaýalar
Atabal aga raýonyň töresi boldy. Ol töre geçip, özüni gaty arkaýyn duýýardy. Bir gezek raýon pagta planyny iliň soňundan ölü-ip doldy. Ol döwürlerde artdyryp ýazmak juda rowaçdy. Ýogsam döwlet planynyň ýerine ýetmegi mümkin däldi. Raýkomyň birinji sekretary arzyly «ýaşuly», Baýram Jumaýewiç hasyl toýunda doýup içdi. Serhoşam bolaýdy. Gyzyl jynly bolup, käse zyňyp, stakan döwmäge başlady. Özünem ýaranjaňlaryň süýr depesinde döwýärdi. Gepini çaşyryp ugrady. Arçanyň ody ýaly dumly-duşa syçrady. Ine-de birdenem däli kellä bir hyýal geldi. — Çagyryň Atabal agany. Tiz gelsin şu ýere, gazyk bolsun! – diýdi. Birinji sekretaryň sözüni çemeçiler gurbaganyň siňegi gapyp alşy ýaly şapladyp tutdular. Getirdiler Atabal agany südenekledip. Baýram Jumaýewiç salamdan öň şeýle diýdi: — Ýaşuly, iç şuny! Ol şampan çakyrly stakany ýaşula uzatdy. Çykgynsyz ýagdaý emele geldi. Hemme doňup galdy. Ýaranjaňlar dem almasyny düýbünden bes etdiler. «Ýaşulyň sözi ýerde galmal-a däldir». Hemmäniň pikiri şoldy. Emma Atabal aga aljyramady. Köp çarşenbäni başdan geçiren adamdygy bes-belli-dä. — Özem dik duran ýeriňde iç! – diýip, Baýram Jumaýewiç gutarnykly höküm etdi. — Baýram, oglum, men garram bolsam, entek heleýleriň spisogyna giremok. Içgi guýjak bolsaňyz, erkeginden guýuň – diýip, Atabal aga ýaýdanman gürledi. Eýýäm bir ýylpygir ýaranjaň käsäni «ekstra» arakdan püre-pür edip, birinji sekretaryň eline tutdurdy. Olam döküp-saçyp, ýaşula uzatdy. Atabal aga arakly käsäni eline almady. Dik duran ýerinden şeýle diýdi: — Baýram Jumaýewiç, gel, ikimiz egri oturyp, dogry gepleşeli. Men öň arak içmedim diýjek däl. Bugdaýdan edilýärkä içipdim, bu-ýa nebitden. Hersinden dadylandyr. Türmesinem gördüm. Ýene-de içiler. Gep onda däl. Bu ýerde gürrüň başga zatda. Men şu ýagdaýda, ak sakgalym bilen arak içsem, il maňa näme diýer? Diýenem jähennem. Ýöne öňki berýänjesini bermez, wessalam. Ilden bir zat düşmese Atabal agaň, kaput. Size-hä partiýa aýlyk berýär. Baýram, oglum, düşün, meni nepden goýarsyňyz. Eger, iç, özüm seni ekläýin diýseň, požalyssa, içeýin. Barybir, men ili o dünýäde syrat köprüsinden geçirip bilmen. Özümiňki näbelli. Arak gowy zat. Keýp berýä. Emma soňundan tüwmaýak goýýa. Senem-ä, Baýram Jumaýewiç, ilden alýaň. Ikimizi diňe uly il ekläp biler. Sen meni ekläp bilmersiň. Seni bu ýerden boşatsalar, ýene hol Çarşaňňa ýa-da Gyzyletrege raýkom bellärler. Işsiz galaýanyňda-da, ýüzlük, ellilik puly odun deregine ýakyp, kündük gaýnadyp, çaý içip bilýäň. Men mysal üçin aýdýan. Men ilden çykyp gidip bilmen-ä. Ýa-da ýanyň bilen meni göçürip alyp gitjekmiň? — Halal saňa, ýaşuly. Geç, otur. Salawmaleýkim! – diýip, birinji sekretar ýaşuly bilen ikelläp görüşdi. Ýaramsaklaryňam dersi giňäp, hezillik boldy. Soňra çaý içildi. Ýene arakly bulgurlar çakyşdy. Hozdur maňyz, bidäne sary kişmiş iýildi. Dökän saçanlyk. Baýram Jumaýewiç ýüzüni klýonka berip birsellem ymyzgandy. Oýanyp: — Ýaşuly, bagyşla. Köpräk içipdirin. Pagta ýadaýýa. Gatyrak gidipdirin. Göwnüňe degen bolsam, günämi geç – diýdi. Çaý başynda ala-şowhun bolşup oturdylar. Soňra birinji sekretar gülüp, ýaşula bir sorag berdi. — Atabal aga, oraza haýytda, sen jan başyndan başpitre ýygnaýaň. Her kelleden näçe köpük alýaň? — Meniň kelle başyndan alýan salgydym deň däl, hil-hil. Kelle bar, kelle bar. Elli tinlik kelle bar. Bir tine degmeýän hem ýok däl. Bir manatlygy, bäş manatlygy bar, özüňki ýaly kelle ýigrimi bäş manat, bir ellilik ýa-da bir ýüzlük! – diýip, ýaşuly gülüp jogap berdi. Ýaranjaňlar el çarpyşdylar. Heşelle kakdylar. Emma soňundan nädogry gižželändiklerini bilip ahmyr etdiler. Giçdi. Baýram Jumaýewiç joşdy. Bir ýüzlügi çykaryp, ýaşula beräýdi. Soňra ol: — Beriň-äýt sizem! – diýip, ýaranjaňlara buýruk berdi. Her kim ýigrimi bäşlik, elillik, onluk oklady. Atabal aganyň gapjygy bogaz gurbaga ýaly gabardy gitdi. Gurbangylyç HYDYROW. | |
|
Teswirleriň ählisi: 3 | ||||
| ||||