15:38 Rehimdarlyk saýawany | |
REHIMDARLYK SAÝAWANY
Edebi makalalar
Haýsy zat durmuşyň bilen baglanyşykly bolsa, ýadyňda galýar. Käbir zat on-ýigrimi ýyldan, käsi bir ýyldan, käsi bir günden, käsi bir sagatdan ýadyňdan çykýar. Ýöne ömürlik ýadyňdan çykmaýan zatlar hem bolýar. Ähli zatlaryň «kompýuteriňde» durmaýanlygy gowy zat, ýogsam ol baryny içine sygdyryp bilmän, bireýýämler partlamaly bolardy. Mekdepde ozon gatlagy barada okapdyk. O, + 2K, + N20 = 12 + O2 + KON – ozonyn barlygyny kesgitlemek üçin ulanylýan reaksiýany ýat tutdurypdylar. Ýöne bu uzyn reaksiýa oýuna döwtalap okuwçynyň ýadynda galjak gümany barmy? Galmandyram. Ozonyň ýunan sözüdügini, «ysly» diýen manyny berýändigi, kislorodyň allotropik taýdan özgeren görnüşidigi, gök reňkli partlaýjy maddadygy, onuň molekulasynyň kislorodyň üç atomyndan (O3) ybaratdygy, onuň Ýeri Günüň şöhlesinden goraýan atmosferasynyň ýigriminji kilometrinden kyrkynjy kilometrine çenli gabat gelýän gatlagydygy, bu zatlary bolsa ilkinji gezek 1785-nji ýylda belli golland fizigi Marumyň açandygy mekdepde geçilenem bolsa, ýadymdan bütinleý çykypdyr. Baharda adamlaryň ýagyşdan goranmak üçin saýawan götermekleri, meni ozon gatlagy barada oýlandyrdy. Ozon gatlagy Günüň gaty, ýakyp-ýandyryjy şöhlesini süzüp, ýumşak, jana ýakymly şöhleleriniň Ýere inmegini üpjün edýär. Ähli perdeler şöhleleriň ýumşaklaryny tutup galýar, gatylaryny bolsa goýberýär. Bu – fizikanyň kanuny. Ýöne ozon gatlagy fizikanyň bu kanunyna ters gelýär: ozon gatlagy şöhleleriň ýowuzyny adamlaryň depesinden inderenok, inderse, onda Ýerdäki ähli janly-jandarlar ýanjak, küle öwrüljek. Allanyň gudraty bu. Bize ozon gatlagy ýaşaýyş berýär. Ol biziň küle öwrülmegimiziň öňüni alýan perde. Hawa, Allatagala şöhleleriň gatylaryny saklap, eziz Zeminine rehimdarlyk saýawanyndan ýumşak şöhleleri goýberip otyr. Günüň ýakyp-ýandyrýan ýitiligini diňe özi çekýär. Adamlar yssyda Günden saýawan bilen goranýar, kölegede jan saklaýar. Olaryň saýawanlarynyň, kölegeleriniň ýokarsynda Allatagala gije-gündiz ýadaman-ýaltanman Rehimdarlyk saýawanyny saklap dur. Adamlaryň saýawanlaryny görüp, Allatagala nähili pikir edýärkän?! | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |