08:24 Rehmet Seýidow | |
REHMET SEÝIDOW
Edebi makalalar
Poeziýa edebiýatyň žanry diýýärler, munuň özi, megerem, birtaraplaýyn pikirdir, diňe poeziýanyň materialynyň dildigine esaslanyp aýdylan zatdyr. Eýsem-de bolsa, poeziýanyň esasy görkezijisi – poetiki obrazlylyk deň derejede edebiýata-da, žiwopise-de, saza-da dahylly ahyryn! Onsoňam poeziýany poeziýa edýän ritm, owaz edebiýatdan beter saz sungatyna has ýakyn dälmi näme? Garaz, bir söz bilen aýdanyňda, meniň pikirimçe, poeziýa düýp manysy boýunça edebiýatyň çägindäki däl-de, özge sungatlar bilen deň hatardaky awtonom sungatdyr. Ýöne bu pikiri esaslandyrmak üçin, töwerekleýin hem hertaraplaýyn barlaglar, anyk deliller gerek... Gowy görýän şahyrlarymyň biri Rehmet Seýidowyň döredijiligi meni şu zatlar hakda oýlandyrýar. R.Seýidow poeziýa öz şahyrana dilini getiren şahyr. Has dogrusy, hut şu şahyryň gelmegi bilen XX asyryň birinji ýarymyndaky türkmen sowet poeziýasy sözüň hakyky manysyndaky şahyrana dile – poeziýany sungat edýän, ony özge edebi hadysalardan tapawutlandyrýan dile eýe boldy. Şonuň üçinem maňa R.Seýidowyň gadyry başga. Ony şeýle eý görýäniň ýeke özüm däldigine-de doly ynanýaryn. Poeziýada esasy zat – şahyryň subýektiw dünýäsi. Şahyr öz kalbynyň jümmüşine näçe aralaşdygyça, şonça-da ol täsin şahyrana obrazlara eýlenen täze-täze duýgulary açyp bilýär. R.Seýidowyň döredijiliginde şahyrana kalbyň täsin taraplary, onuň ähli geň-taňlyklary ýokary derejedäki poetiki dil bilen berilýär. Bu şahyrda özüniň spesifikasy boýunça hut şahyrana bolan obrazlaryň birgiden sistemasyny görýäris. Şahyryň öz äheňleri, söýgüli temalary, obrazlary, şahyrana detallary bar. Bularyň bary-da birigip, sepleşip, bitewi bir çeper sistemany kemala getirýär. bitewülik bolsa bu ýerde hiç hili tötänligiň, özgelerden gyrp-çyrp edilip alnan üzlem-saplam ýasamalyklaryň ýokdugyny görkezýär. Ine, şahyryň ilkinji kitaby bolan «Guwanjym» atly ýygyndydan alnan «Uklanynda» atly bary-ýogy üç bentlik şygry: Näzik gabaklaryň hut iňrik ýaly, Göýä güneş deýin gözüň ýaşypdyr, Kirpikleriň aşyk bolan mysaly Bir-birini tapyp gujaklaşypdyr. Şygryň birinji bendinden şahyrana barlygyň näderejede köpgatlaklydygy aýdyň görünýär. Birinji gatlak – munuň özi durmuş detalynyň gönümel berilmegi bolup durýar: gyzyň gabaklary ýapylypdyr, gözleri ýumlupdyr, kirpikleri tapyşypdyr. Ikinji gatlak – metaforiki obrazlaryň ýaşaýan gatlagy: gabaklar iňrik ýaly, göz güneş kimin ýaşypdyr, kirpikler aşyk-magşuk kimin tapyşypdyr. Üçünji gatlak – degişli metaforalar arkaly şygryň esasy motiwiniň – gije motiwiniň kesgitlenmegi. Elbetde, metafora şahyrana eser üçin hökmany zerurlyk, ýöne şahyr okyjynyň pikirini özge ýerlere alyp gidýän başga metaforalary-da tapyp bilerdi ahyryn, näme üçin ol hökman gabagy iňrige, gözi batan Güne, kirpikleri aşyklara meňzetmeli? Çünki olaryň bary bir tema – gije temasy bilen baglanyşykly bolup, şygra sungat eserine şeýle zerur bolan içki bitewüligi berýärler. Ylaýta-da bendiň soňky iki setirindäki obrazlylyk şahyryň düýp matlabyny ilkibaşdan aýan edip goýberýär: Eýýäm magşugyň kirpiklerinde söýgi temasynyň intimligi, aşyklaryň obrazy bar. Howlugyp dem alşyň, näzijek gülşüň, Meni düýşde görüşiňi aňladýar. Gözel, ak düşekde seň towlanyşyň, Agşam görsem, hyýalymda daň atýar. Şol şahyrana intimlik obrazy ýene öz logiki dowamyny tapýar, kirpikleriň bir-birini tapyşyşy magşuk gyzyň süýji düýşüniň wakasy bolup görünýär. Ol ýylgyrýar, howlugyp dem alýar. Duşuşyk, wysal motiwi nähili dürli detallarda aýlap-aýlap suratlandyrylyp otyr. Ajap ýeri-de ol detallar ýene söýgä dahylly zatdan – gyzyň uklap ýatan obrazyndan alynýar. Şahyr şol bir wagt üç ölçegindäki reallygy berýär: gyzyň uklap ýatyşy; onuň düýşi, aşyk oglanyň hyýallary! Mysal getirilen ikinji bendiň ahyrky setirindäki obraz bolsa hiç mahal könelmeýän ajaýyp obrazlardan, sebäbi onuň elektrik täsiri obrazyň gaýtalanmazlygy, terligi sebäpli hiç mahal ýitip gitmeýär. Ol ruhy energiýa «agşamdan» kontrastynyň içinden syzylyp çykýar. «Daň atmak» – bu ýerde ýigidiň kalbyna söýgülisiniň berýän aramyny, umydyny aňladyp dur. Üstesine-de ol şygryň içinde akýan şahyrana wagtyňam dowamy bolup durýar: Gijeden soň daňdan gelýär ahyryn! Diýmek, şygryň üç ölçegli reallygy birden suratlandyrmak ukyby soňuna çenli dowam edýär. Misli alma gonan çyg säherlerde – Ýaňagyňda bulduraýan kümüş der. Bizden başga hiç adam ýok bu ýerde, Oýan-da, söýgülim, maňa posa ber! Türkmen poeziýasynda şahyrana mirasdüşerligiň üznüksizligi hakyndaky pikirlere iterýän setirler. Bular maňa Gurbannazar Ezizowyň poeziýasyndaky yzygider çeper hadysa bolan: Synlap ýapraklaryň ýüzünde derin, Onda seniň gözýaşyňy görerin. ýa-da: Güllerde damjalar – misli bir dürler – diýen obrazlary ýatlatdy. Ýapragyň ýa-da almanyň ýüzündäki damja adam kalbyna täsir edişi boýunça inçe şahyrana hem intim zat bolup, ol türkmen poeziýasyna R.Seýidow tarapyndan girizilip, soňra özüniň dowamly çeper ýaşaýşynda nähili özgerişlere sezewar bolupdyr, nähili täze-täze detallara esas bolupdyr! Şygryň şo hili gönümel teklip bilen gutarjagy öňdenem aňylyp durdy. Aslynda ol gönümelmikä, garaşylmadykmyka, duýdansyzmyka beri? Eýsem biri-birine ymtylyş, wysala maýyllyk tutuş goşgynyň atmosferasyny düzmeýärmi näme? Şahyr diňe şol içki atmosferadaky hakykaty açyk reallyga çykaryp goýberýär. Şonuň üçinem diňe şygryň bütin çuňňurlygyny alyp ýetişmedik okyja soňky iki setir gönümellik, duýdansyzlyk bolup görüner. Umuman, gije motiwi Rehmet Seýidowyň poeziýasynyň çeperçilik özboluşlylygyny emele getirýän zatlaryň biri. «Gije şemaly», «Ýelpeýär ýeller», «Ganatly aýdym», «Güýz gijesi», «Gaýykda», «Ýerkümede», «Aşgabat gijesi», «Derýanyň düýşi», «Ýaz gijesinde», «Çöl agşamy» ýaly dürli döwürlerde ýazylan şygyrlarda gije motiwi dürli detallaryň üsti bilen açylyp görkezilýär. Gije – intimlik, gije – pynhanlyk, gije – tebigat stihiýasynyň hökmürowanlygynyň simwoly. Hut şonuň üçinem şahyr gijelerine iň intim hem-de kalbyň törki gatlaklaryndaky zatlaryň gürrüňini edýär. Gije bilen baglanyşykly motiw döredijilikde esasy zatlaryň biri bolmagy R.Seýidowyň şahyr hökmündäki güýçlüligini görkezýär. Onuň poeziýanyň elýetmez inçeliklerine aralaşyp bilendigini hut şu hili tüýs şahyrana tematikanyň üsti bilen hem aňlasa bolýar. Sebäbi poeziýa duýgular dünýäsine has köp agram salýan sungat bolup, onuň sosiologik närseler ýa-da gurak akyl-paýhaslylyk bilen arasy örän uzakdyr. Poeziýa sungatynyň inçeligini şu hili ruhy distansiýa amal edýär. Rehmet Seýidow XX asyr türkmen poeziýasynda öz ykbalyna hem ömür işine dahylly şu hili hakykata ilkinji bolup akyl ýetiren şahyr ekeni. Onuň örän duýguçyllygy, durmuş, tebigat hem kalbyndaky hadysalary poeziýanyň dilinde bermäni, şol dile «terjime etmäni» başarýanlygy ony deň-duşlaryndan, özünden öňki, hatda örän köpsanly soňky galamdaşlaryndan üzül-kesil tapawutlandyrdy. Ajaýyp şahyr öz kalbyny şahyrana sözde galdyryp gitmek ýaly kyn işiň hötdesinden gelmäni başardy. Altyn sübse bilen çöli süpürip, Gün gidensoň, dogdy parlak ýyldyzlar. Ýaşyl kürtesiniň üstüne ýene Gara atlas geýdi depeler-düzler. Meý bolan Jeýhunyň mele tolkuny Hüwdüläp üwreýär bir gaýykçyny. Suwa gaçan ýakut-ýyldyz şöhleler Ajap hereketde, ýok olaň sany. Garaňkysy – gara mahmaldan ýumşak, Ýakymly ýel öwsýär, ýaz gijesi bu. Atyr ysyn berýär näzijek şemal, Gyz saçyn oýnaýar saz çalanda suw. Şahyryň poeziýasyndaky ýaz pasly, näme üçindir, diňe gijeki pursatlarda berilýär. Adatça, şahyrlar ýaz paslyny hut gündizlikde bolup geçýän tebigat özgerişlikleriniň üsti bilen suratlandyrýarlar ahyryn. Bu ýerde bolsa garaňky ýaz gijesi, hamana, iň ajaýyp kartina hökmünde şahyrana suratlandyrylypdyr. Gün tyglarynyň altyn sübse bilen deňeşdirilmegi tüýs durmuşy detal bolup durýar. Sübse – arassalamak guraly. Şahyr bir göräýmäge şeýle tüýs prozaiki detaly işe girizmek bilen gijäniň arassalygyna, terligine hem seleňligine ünsi çekmek isleýär. Ylaýta-da ýaz gijesiniň jana şypaly serginligini özge ýerden tapmak asla mümkin däl. Onsoň çöl howasynyň, atmosferasynyň şeýlekin tämizligini özge bir zadyň üsti bilen beräýmek gaty kyn iş boljak ekeni. R.Seýidowyň döredijiliginde iň bir ýowuz zatlaram özüniň garmoniki gözelligine gaýtarylyp getirilýär. Mysal üçin, reňkleriň içinden gara reňki alyp göreli. Gara reňkden şahyranalygy tapaýmak nähili kyn, poeziýada ol hemişe gorkunç näbelliligiň, ýasyň simwoly bolup gelýär. R.Seýidow bolsa muny alaga-da iň bir mylaýym, ýakymly bir detala öwrüp goýberýär. Onsoň bu ýerde «gara atlas» diýen şahyrana jümle peýda bolýar. Gyzykly ýeri, özem şahyryň erkiniň hökmürowanlygy bilen bu jümlede hiç hili ýowuzlyk ýa gorkunçlyk asla duýulmaýar. R.Seýidow söz bilen, obraz bilen şeýle erkin, özdiýenli iş salşyp bilýän şahyr bolup göz öňüňe gelýär. Şahyryň goşgularynyň hemmesinde hereket şemal bilen baglanyşykly. Munuň özüne ýetiksi sebäpleri bar. Şemal – göze görünmeýän hereket, şemal wagtyň «sap» görnüşde real ýüze çykmagy. Ine, gürrüňi edilýän şu goşguda-da şemalyň hereketinden örän intim obraz döredilýär. Şemal tolkuny herekete getirýär, tolkun bolsa gaýykçyny hüwdüläp üwreýär. Şemal aýdyma hem owaza öwrülýär! Özüniň real durmuşda duýulyşynda bolsa şemalyň hakyt göni gapmagarşylykly manysy bar ahyryn! Hawa, R.Seýidow islendik zatdan poeziýany ýasap bilýär. Özüniň döredijilik mümkinçilikleri boýunça şeýle kuwwatly çeperçilik energiýaly şahyr türkmen poeziýasynda juda azdyr. Şu hili erke eýe bolmak üçin daşky dünýä babatda gaty erkin, awtonom bolan hususy barlygyň, şahsy «meniň« bolmagy zerurdyr. Şol hususy barlyk hem bütin reallygy öz energiýasy bilen çepbe çöwürmäge ukyply bolup durýar. Onsoň şol hereket suw ýüzünde şöhlelenen asman ýyldyzlaryna-da geçýär. Olaryň ýuwaşja yranmasy ajap pursatdyr. R.Seýidow şahyr hökmünde tebigatyň diňe bir surat gözelligini berip oňman, ol tebigat owazlaryny-da goşgusyna siňdirmäni başarypdyr. Hüwdi, aýdym – munuň özi her hili predmetleriň şahyr tarapyndan özgerdilen owazlarydyr. Ýöne diňe bumy näme? Şahyr şemalyň ysyny-da okyja ýetirmäniň hötdesinden gelipdir. Näzijek şemalyň atyr ysy bar, şu atyr yslylyk bolsa şemalyň gyz saçyny galgadyp gelýänliginden bolýar. Nähili ajaýyp zat, nähili ajaýyp kartina! R.Seýidow gadymy grekleriň Midas patyşasyna meňzeýär – ol patyşa nämä elini degirse, ol zat şobada poeziýa öwrüler duruberermişin. Biz R.Seýidowyň poeziýasynda-da iň bir gödek, prozaiki zatlaryň şahyranalyga öwrülişini görüp durus. Suwuň aýdymy bolsa şahyryň öz stihiýasy, çagalykdan onuň kalbynda ömürlik ýer eden zat. Irkilmeýäň, dynmaýaň, heň edýärsiň, Bag-bossana suw bermäge gidýärsiň. Seň boýuňa geldim, suw heňin çaldy, Seniň dury suwuň suratym aldy. Hawa, owaz hem-de kartina – ine, R.Seýidowyň juda intim peýzaž lirikasynyň esasy iki sany tarapy şulardan ybaratdyr. Owaz köplenç şemalda hem-de akar suwda bolýar. Çagalykdan Amyderýanyň her hili owazlaryndan gulagy ganan şahyr munuň geljekde özüne nähili uly zerurlyk boljagyny şol wagt, elbetde, bilenem däldir. Şahyrlyk tebigatyň, ene topragyň mährini ýürekden syzmakdan başlanýan ekeni. Tebigat edil şol hili – çagalykda görnüşindäki ýalagam şahyryň eserlerine geçip gidýär, sebäbi şahyryň ýüregi çaganyň ýüreginden hiç tapawutlanmaýar, şahyr sözüň doly manysynda çagadyr, onda çaga päkligi hem bigünäligi bar. Elbetde, bu kyn zat – ulalanyňdan soň çaga bolup ýörmek. Hut şonuň üçin sözüň hakyky manysyndaky şahyr hemişe-de juda az bolupdyr. Şahyryň özgelerden artykmaçlygy onuň kalby boýunça çaga bolup bilýänliginde. Erwin Ştrittmatteriň: «Her bir çaganyň kalbynda şahyr otyr, ýöne şol şahyr her bir şahyryň kalbynda beri barmykan?!» diýen sowaly ýadyma düşýär. Gördüm baga baryp aýak basamda, Geçip barýan gije salkyn dem alýar. Eşitdim şemala gulak asamda, Şahadan tar edip güýz heňin çalýar. Güýz heňiniň gussaly boljagy, şahyr gönüläp aýtmasa-da, düşnükli bolýar duruberýär.Sebäbi, birinjiden-ä, güýzüň şemaly güýçli, ol näçe güýçli boldugyça, kalba köp heser getirýär, ikinjiden bolsa, güýzüň tary bag şahalary. Bag şahalaryndan bolsa nähili gödeňsi, gussa getirýän owazlaryň emele geljegini göz öňüne getirmek kyn däl. Çünki şahalaryň owazy asla-da ýapraklaryň owazy däl ahyryn. Ýaprak owazlarynyň mylaýymlygy ýaz paslyna hem-de kalbyňda dörän ýaz atmosferasyna mahsus zat. Güýzüň gödekligi bolsa ýüregiň bu pasly kabul ediş aýratynlygyndan gelip çykýar. Baglar süýt deňzine göýä batypdyr, Derekler asmana uzadýar elin. Gündiz aýdym aýdýan guşlar ýatypdyr Çagasyn hüwdüläp ýadan dek gelin. Şeýle detal tebigat kartinasyna çuňňur milliligi çaýyp goýberýär. Millilik detallaryň hem olar arkaly durmuşy, tebigaty duýmagyň özboluşlylygynda ýüze çykýar. Baglardaky guşlar hüwdüden soň uklan gelinlere meňzeýän bolsa, diýmek, bu ýerde tebigatda ähli janly-jandaryň biri-birine sazlaşykly gatnaşygy hakynda gürrüň gidýär. Guşlar tebigatyň bagşylary, olar ähli janly-jandara owaz paýlaýarlar. Daşarda ýel, owaz alypdyr daşym. Kä toplar gümmürdäp, kä bolýar ümsüm. Uklapdyr söweşip ýadan ýoldaşym, Gürrüň etsem, hümün bermeýär hiç kim. Gara lybasyny bürenip meýdan, Çynar ýapraklary ýuwaş ses edýär. Şirin arzuwymdan lezzet alyp jan Hyýalym uçýar-da, obama gidýär. Şygryň gymmaty onuň içindäki obrazlaryň özboluşlylygy bilen tamamlanmaýar. Munuň üstesine-de hemişe şygryň owaz akymy, äheňi uly zerurlyk bolup durýar. Ýokarky bentleriň owazy haýal akýar. Ylaýta-da birinji bendiň ilkinji setiri bu babatda has göze görnükli bolup dur. «Daşary-daş, ýel-owaz» şahyrana owazlylygyň içki ritmini ýüze çykarýan gapma-garşylyk bolup durýar. Şonuň üçinem setiriň başyndan eýýäm bu şygryň gussalyrak boljagy, çünki munda ýel uzakda söweşip ýören bir adamyň içgepletmesiniň beriljekdigi aýan bolýar. Has giň planda alanyňda-da, şygryň ritmi, akym pessaýlygy onuň mazmunynyň oňat signaly bolup durýar. Hut şunuň üçinem aýdym döredilende gussaly mazmun, gussaly owaz gaty oňat gabat gelýär. Bogun ölçegleriniň edil des-deňdigine garamazdan, gussaly hem şadyýan şygry şol bir äheňde ýazmak asla mümkin däldir. Hawa, şygryň owaz manysy bilen ideýa manysynyň arasyndaky baglanyşyk düýpli öwrenilmedik mesele. Bu ylaýta-da R.Seýidow ýaly ajaýyp şahyrlaryň döredijiliginde oňat bildirýär. Şahyryň türkmen poeziýasyna getiren birnäçe şygyr formalary, olaryň örän özboluşly äheňi şahyryň originallygynyň aýdyň ýüze çykmalarydyr. Ol formalar köplenç şadyýan äheňe ýugrulan. Munuň özi şahyryň döwrüň dartgynly durmuş ritminiň içinde ýaşanlygyny görkezip dur. Ähli erki-durky bilen adamlara hyzmat eden, özüne hiç bir zat alyp galmadyk beýik adamkärçilik şahsyýet şygyrlaryny döretmek üçin köp ruhy energiýany sarp etmeli bolandyr. Ýöne, oňat ýeri, ol energiýa boş sarp edilenok, şahyr şolar arkaly öz şygyrlarynda baky ýaşaýar. Ol şygyrlary bilen özüniň ömrüni bir formadan özge bir forma geçirýär. Şeýdip, ol ölümden halas bolýar. Ölümden halas bolmagyň çäresini görüp bilenleriň ilkinjileri Hudaý tarapyn hakyky talant berilen şahyrlardyr. Rehmet Seýidowyň döredijiliginiň soňky etapynda ýazylan «Ýaz gijesinde» atly şygry bar. Şol şygry meniň dolulygyna okasym gelýär. Bütin älem şirin uka batypdy, Gezýärdim meýdanda gije ümsümkä, Ýyly ýaz goýnunda hemme ýatypdy, Şonda bir ses eşdip, diýdim: «Bu kimkä?» Ýatypdy baharyň bikarar ýeli, Guşlar, mör-möjekler – bary uklapdy. Göwnüm diýdi – Ýör, uzaga gideli, Çünki Aý nur dökýär, howa-da sapdy. Yşyklar düşeldi ýoluma birden, Ýüregim özüne agtardy ýoldaş. Garşymda şat sesler eşdilýän ýerden Ýakymly güldi-de, ýaz galdyrdy baş. Diýdim – Näme edýäň bu ýerde sen, ýaz? Ol ýene-de gülüp maňa seretdi, Şonda müňläp ýerden eşdilýän owaz, Meniň ýüregimde nagma ýer etdi. Seslendi şol zaman barlyk älemi, Seslendi gül-gunça, bütin lälezar. Diýdiler – Gymmatly ýaly ýaz demi Ösdürýär bizleri, bolup howandar. Göýä gulagyndan çekilýän ýaly, Ekinler, agaçlar ösýärdi gije. Mähriban sypalap ýazyň şemaly Ösdürýär. Geň galdym ol ajap güýje. Diýdim, ýazyň edýän işleri görüp: – Janlylyk älemi uka batmandyr. Soňra öýe gaýtsam şatlykly ýöräp, Görsem, hatda ýaş oglum-da ýatmandyr. Şygryň iň esasy gymmaty – onda tebigatyň ösüşiniň suratlandyrylýanlygynda. Ýaz aýlarynda otlaryň ösüşi – boý alşy täsin hadysa. Tebigatyň, janly-jandaryň ösüşini göz bile görmäge mümkinçilik berýän, gulak bile eşitmäge puryja berýän şol täsin zat. Şeýle seýrek täsinligi şahyr öz şygryna tema edip alýar. Sebäbi bu ýerde ýaşaýşyň, janlylygyň, ösüşiň manysy hakda çuňňur pikir ýöretmäge mümkinçilik bar. Şeýle mümkinçilik ösüşiň wagt taýdan örän gysga döwrüň içine salnyp, göze görnerlikli edilenliginden gelip çykýar. Şondan peýdalanyp, şahyr bitewi bir durmuş prosesini doly suratlandyrýar. Şygryň başynda söz ukudan başlanýar. Gije ukynyň pursady. Diňe käbirleri ýatanok. Olaryň birinjisi şahyr. Şahyr gijäniň ümsümliginde meýdanda gezim edýär, onuň kalbynda, megerem, täze şygyrlar döreýändir? Munuň özi döreýiş, ösüş prosesiniň birinji mysaly, ýöne şygyrda bu göni aýdylanok. Ine, birdenem, şahyryň gulagyna biriniň-ä pyşyrdysy, gymyldysy eşidilen ýaly bolýar. Şahyr: «Bu kimkä?» diýip pikir edýär. Sebäbi bu ýalňyzlykda kimdir birine duşmak geň görünýär. Mör-möjekler, guşlar uklanda, hatda baharyň bikarar ýeli-de birwagtdan bäri ýatyrka, bu sesi eşidilýän kimkä? Şahyryň bu şygrynda dürli çeperçilik serişdeleriň, formalaryň ulanylandygyny görmek bolýar. Eseriň çeperçilik süňňünde şahyrana monolog bilen bir hatarda dialog hem uly orun tutýar. Gyzykly ýeri, şahyrana monologyň ritmi hem-de äheňi dialogyňkydan tapawutlanýar. Sintaktik parallelizm, deňdeş agzalaryň parallel gitmegi özboluşly poetiki täsiri döredýär. Şahyrana kalbyň howalaly pursatlary göni şygryň owazyna geçip gidipdir. Çünki AÝ nur dökýär, HOWA-DA sapdy. YŞYKLAR düşeldi ýoluma birden, ÝÜREGIM özüne agtardy ýoldaş. Şygryň dowamynda şahyryň tebigata bolan garaýşynda çeperçilik üýtgeşiklik ýüze çykýar: şahyr ilkibaşdaky real sypatynda görkezen tebigatyny – otlaryň ösüşini soňra «ýaz» diýen abstrakt obraza geçirýär. Şahyryň şol obrazy islendik adamyň görýän baharyna mahsus durmuşysöýüjilik sypatlaryny özünde jemleýär: «Ol ýene-de gülüp maňa seretdi!» Men her gezek şu şygry gaýtalap okanymda, ýazyň şu hili pursatda janlanýan obrazynyň, onuň «gülüp seretmeginiň« aňyrsynda nähili konkret durmuş hadysasynyň bardygy hakynda oýlanýaryn. Munuň özi, megerem, ýazyň kalba şypaly täsirini, ýazyň hut tebigata dirilişi getirýänligi üçindir. Alabaharda türkmen sährasynda otlaryň ösüşini öz gulagy bilen eşitmedik okyjynyň kalbyna şu şygryň uly täsiriniň boljakdygyny aýdaýyn. Şu prosesi suratlandyranda şahyr ýene ýazyň şemalyna uly orun berýär. Şol adaja şemal Günüň energiýasynyň, topragyň şypasynyň kömekçisi. Biz türkmen poeziýasynyň ussatlarynyň tapan, açan jümlelerini umumyhalk diline girizmeli. Şonda diliň göwrümi giňär, onuň pikir aňladyş mümkinçilikleri hasam artar. Özem gep diňe bir häzirki özge dilden geçip ulanylýan sözleri türkmen ekwiwalentleri bilen çalşyrmakda däl-de, biziň pikir hem duýgy dünýämiz üçin ýitip giden jümleleri gaýtaryp getirmekde. Biziň ruhy dünýämiziň giňelmegi, çuňlaşmagy, onuň täze owazlara, goşmaça «koridorlara» eýe bolmagy bilen şo hili jümlelere mätäç bolýarys. Ine, şahyr Rehmet Seýidowda-da şeýle jümleleriň onlarçasy bar. Men aslynda-da şeýle üýtgeşik tapyndylarynyň bolmagyny şahyryň döredijilik – pikir – duýgy originallygyny görkezişi esasy zatlaryň biri hasaplaýaryn. Özem gürrüňiň diňe bir täze obrazlar hakynda däl-de, umuman, täze jümleler hakynda gidýändigini ýörite belläýin. Ine, şu şygyrda «bikarar ýel», «barlyk älemi», «mähriban sypalamak», «janlylyk älemi» ýaly söz düzümleri bar. Bular diňe şahyrana pikirlenmäniň däl, eýsem prozaiki pikirlenmäniň hem, pikirlenişiň beýleki usullarynyňam giňelmegine we ösmegine ýardam edip bilerdi. Rehmet Seýidowyň şahyr hökmünde türkmen poeziýasyna, umuman, türkmen pikirlenişine getiren täze-likleriniň ýokarky mysallar bilen çäklenmeýändigi öz-özünden düşnüklidir. Şahyryň: Baglarda seslenip Pöwrize çaýy, Gije-gündiz «şyr-şyr» edip akyp dur. Gulpagyn ykjadyp asmanyň Aýy Ýuwaşja ýylgyryp oňa bakyp dur. – diýen bendindäki obrazynyň juwanlygy, onda-da zenan jynsyndaky juwanlygy aňladýandygyna ünsi çekibem, uly-uly zatlaryň gürrüňini etse bolardy. Näme üçin Aý obrazynda aýallyk hem juwanlyk sypatlary jemlenýärkä? Munuň özi orta asyr türkmen poeziýasynyň, milli klassykamyzyň wekilleriniň şygyrlaryndaky Hudaý obrazynda iň köp göze ilýän sypatlar ahyryn. Edebi genleriň gaty çylşyrymly, göze görünmesiz ýollary geçip, zehininiň gudraty bilen Rehmet Seýidowda birden ýüze çykaýan bolmagy mümkin. Sebäbi biz entek faktlaryň özüni görsegem, hasaba alsagam, olaryň sebäplerini soňuna çenli doly düşündirerden ejizdiris. Munuň özi, umuman, dirilik, bakylyk, juwanlyk ýaly gymmatlyklara maýyl ynsan, onda-da şahyr kalbynyň üýtgewsiz ymtylmalary bolmagy hem mümkin. Her halatda-da biziň öňümizde düýpli psihologiki hem şahyrana hadysanyň bardygy weli jedelsizdir. Her hal, men şahyr hökmünde Rehmet Seýidowyň rifma babatynda könelendigini, käbir jümleleriniň häzirki gulaga ýasamarak eşidilýändigini aýdyp biljek. Ýöne, heý, könelmeýän zat barmyka beri? Hatda beýik Magtymgulynyň özünde-de könelen çeperçilik serişdeleriň az däldigini kim inkär eder? Onsoňam edebiýata, edebiýatça döwre, zamanasyna görä baha bermelidiginem unutmaly däl. Elbetde, öz döwründe täze bolan zatlaryň kem-kem könelmegi tebigy. Her hal, bu ýerde gep ruhuň juwanlygynda, şahyryň poetiki ruhunyň könelmeýändiginde, ölmeýändiginde bolsa gerek. Meniň özüm-ä birwagt ötüp giden şahyrlaryň eserlerini-de şol prinsipi boýunça tapawutlandyrýaryn, öli eserler, diri eserler. Diri eserlerde, käbir taraplarynyň könelendigine garamazdan, dirilik energiýasy, jan bar. Okap başlanyňdan ondaky jan, dirilik edil kenara zyňylan balyk ýaly gozganyp, kalbyňa täsir edip ugraýar. Kalbyňda biologiýanyň dilinde aýdylan energiýa çalşygy bolup geçýär. Dirilik saňa-da geçýär. Şeýle şygyrlar maňa hemişe ýazylyp goýlan kassetalary ýatladýar: kassetany magnitofona salsaň janlanýar, başga wagtam ol bir bölek predmet. Öli şygyrlar bolsa daşky dünýä bilen hiç hili reaksiýa girip bilmeýär. Edil janly organizm ölende-de şeýleräk zat bolup geçýär: onuň daşky sreda bilen aragatnaşygy kesilýär. Şondan soň bolsa onuň dargamak prosesi başlanýar. Adam kalby ruhy reaksiýa girmekden mahrum, özi şygryň ondan tapawutlylykda material «synasy» dargamaýar. Aý bulda girende garaňky gelip, Goluny golumdan ýuwaş geçirdi. Pyşyrdady maňa tarap egilip. «Garaşma, gelmez» diýp habar hem berdi. Öýe gaýdanymda aýnaň öňünde Birsalym ýüzüme synly seretdim. Dikelen dik göwrä boýum deňinde Uzak garap durdum, köp pikir etdim. Her bir setirde täzelik, originallyk bar. Şahyr öz duýgularyny, göz öňüne getirmelerini özgelere ýetirmekden ötri täze jümleleri, obrazlary tapmaly. Sebäbi ol duýgular dilde öň ulanylýan söz düzümlerine sygmaýar. Şo hili söz düzümleri toplanyp-toplanyp bolsa tutuş bir şahyrana bitewüligi – täze poeziýany kemala getirýär. Meniň pikirimçe, Rehmet Seýidowyň poeziýasy edebiýatçylarymyz tarapyndan entek sözüň hakyky manysynda öwrenilenok. Hakyky manysynda diýýänligimiň sebäbi onuň şahyr hökmündäki özboluşlylygam, onuň öz poeziýa dili hem açylanok, şahyryň türkmen poeziýasynyň ösüşindäki hyzmatlary-da, oýnan roly-da görkezilenok. «Rehmet Seýidow – inçe lirik» diýeniň bilen bolsa hiç zadyň üstüni açdygyň däl. Sebäbi inçe lirik dällerem: «Menem şolardan-da» diýip ýör-ä. Ikisiniň arasynda nähili parh goýmaly? Nä-hili parh bar?! Gep şonda! Osman ÖDE | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |