16:11 Reklama / satiriki hekaýa | |
REKLAMA
Satiriki hekaýalar
Durmuşy herekete getirýän güýç bolan reklama diýen söz fransuzça we latyn dilinde gygyrmak diýen mana eýedir. Degişme äheňinde aýtsak rusça «kriklama» bolýa-da, türkmençe bolsa ol söz jar çekmek manyny berýär. Arada ýanyma bir hudožnik geldi. «Reklambýuroda» işleýän ekeni. Maňa-da «şertnama boýunça ýarym haka işläp beräýseň» diýdi. «Işe gatnama-da, öýüňde işläber» diýip, ol oňat şert goýdy. ― Müşderileri pully kabul edýän diş doktorlarynyň biri maňa reklama zakaz etdi ― diýip, saç-sakgala basdyran hudožnik özüniň çeken suratlaryny görkezip oturyşyna aýtdy. ― Köp kelle döwdüm ― diýip, ol çyzan taslamalaryny, eskizlerini görkezdi. ― Emma göwün çenim çykmady ― diýdi. ― Şolaryň birine tekst ýazyp beräýiň ― diýip, suratlaryny öňümde goýdy. Men hudožnigiň taslan suratlaryna köp syn etdim. Içinde şowlusy ýokdy. Özüne çekiji däldi. Leji çykan, bir galypdaky temalar. Birnäçe tekst hödürläp gördüm: «Uzyn boýly satanlak. Ökde stomotolog!». Bu teksti ýyrtdyk, sebäbi gülkünç boljak. Ahyrynda: ― Sen şeýtseň nädýär? ― diýip, men hudožnige bir gowy maslahat berdim: ― Sen mamontyň kelle tarapynyň suratyny çek. Esasanam äpet azylaryna ünsi çek: gulaç ýarym bolup çykyp dursun ― diýdim. Hudožnik oňlady. Menem «Şeýleräk tekst ýazaýyn» diýdim. «Mamontyň bir azysy 70 kilogram. Baý-baý, janawer, diş agyrynyň ejirini çekendir-ow! Edil şonuň ýaly agyryňam bolsa biziň diş doktorymyz, ezber elli Atalyk Beliýew ýom-ýok edip bilýär». Sözlerini syntgyladyk, gysgaltdyk. Reklama şowly bolupdyr. Ertesi gün diş doktorynyň işiginde uzyn nobat emele gelipdir. Stomotolog diýseň ozal ýele ýanyna barmaýan çagalaram hikirdeşip, görseň, şol ýerde. Ýöne reklama diýen zat hemmeler üçin gowy hem däl. reklamamyza tehnikanyň aralaşmagy käbir jarçylara zyýanam berdi. Bir wagtlar Garagumda, çarwa obasynda jarçylar her toýda aýlawa, göreşe beýemçilik edip bir çebiş gazanardy. Emma günlerde bir gün ýeser kişileriň biri oba megafon aldy geläýdi. Sesi dagy üç-dört kilometre arkaýyn ýetip dur. Şonda goja jarçylaryň biri: «Häk, bi, äteňet tilsimat meni çebişden goýd-ow» diýipdir. Belki, megafon diýen söz köpe düşnüksizdir. Mega we fon. Mega grekçe uly, güýçli, fon bolsa ses diýmek, ýönekeý, bogazyna zor berýän jarçynyň megafonyň ýanynda weji bolubam bilmez. Taksiçi muşderini mündürip ugran badyna, endigi boýunça, çilim otlanýar. «Gowy çilim» diýýär. «Nirede bar?». «Sumbar dükanynyň işiginde bir garry aýal satyp otyr. Arzan». «Kyn görmäň-de şol ýerde birsellem aýak çekip geçseňizläň. Menem alaýyn». Ine, söwdanyň jigeriniň reklamadygy, şu ýerdenem görnüp dur. Görseň şol çilim satýan garry ýaňky taksiçiniň enesidir. Uzakly gün taksä nijeme adamlar münýär. Taksiçem olaryň hemmesine çilimi reklama edip ýör. Reklama her dürli bolýar. Biziň komsomol toýlarymyzdaky agzy sakgyçly, özem ýaşmakly gelinlerimiziň sakgyç çeýneýişleri hem reklamanyň baryp ýatany ahbetin. Ol peýdakeşler üçin ap-arzanjak reklama. Käte ýaşmagynyň arasyndan, adamçy ineriň tagaraçygyny çykaryp lummur-lummur edişi ýaly, sakgyçyndan ak böwenjik ýasaýşy, gör, nähili reklama! Türkiýeden gelen sakgyçlar onsoň diýen bahadan geçip dur-da. Käte reklamanyň elhenç görnüşem bolýar. Bir gezek uly zal märekeden ýaňa hyň berýärdi. Belli aýdymçy sahnada bolmajysy bolup, adamlara hezil berýärdi. Edil şol wagtam sahna ýüzi perdeli garakçy kürsäp girdi. Her elinde-de bir sapança. Ol agzyndaky otly sigaryny çöpbe çeýnäp: «Butnamaň, janyňy gabyz ederin!» diýip, sapançany aýdymçy zenanyň maňlaýyna diredi. Aýdymçynyňk-a aňsat boldy, bada çaşyp ýykyldy, pahyrjyk. Rejäniň geň däldigini bilip, zaldakylar aýaga galşyp, berdiler güpürdä. Emma «bandit» çalasynlyk bilen zala tarap öwrüldi-de: «Butnamaň! Ýeňsäňizden otlap, maňlaýyňyza toşap dökülen ýaly ederin!» diýdi. Märeke doňup galdy. Soňra garakçy: «Men özümi atjak» diýip, sapançalarynyň nilini gezekme-gezegine öz agzyna eltip, ujundan dişläp iýmäge başlady. Soňra: «Biziň Asal» konditer fabrigimiziň şokoladyny satyn alyň!» diýip, märekä ýüzlendi. Asyl sapançalar şokoladdan ýasalan bolsa nätjek. Ine, reklamanyň ediberýän oýny. Elbetde, «Asal» konditer fabriginiň konsert zalynyň eýesine birgiden mukdardaky ýitginiň öwezine eslije pul töländigi belli zat. Şonda-da «Asal» fabrigi gödek reklamasyndan haýyr baryny gördi. Biz indi reklama hakyndaky gürrüňimizi jemlemeli. Ýöne bir zat, reklama diňe bir söwdanyň jigerbendi däl-de, wezipä geçjegem bolsaň derwaýys gerek. Sözümiziň guraksy bolmazlygy üçin bir mysaly aýdyp bereýin. Öňräkler Waşingtonda şeýle bir täsin ýagdaý bolupdyr. Reklamanyň ussady hudožnik Jerald Reşfun diýen adam, ine, bir görseň, Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň prezidentiniň kömekçisi bolup joňkaryp otyr. Özem kommunikasiýa meselesi boýunça kömekçi. Agyzda aňsat. Millet geň galdy. Geň galar ýaly zat ýogam ekeni, görüp oturylsa, J.Reşfun özüniň geň galdyryjy reklamalary bilen prezident J.Kartere saýlawda önjeýli kömek eden bolsa nätjek. Ine, saňa gerek bolsa reklamanyň gudraty! 23.12.1992 ý. «Syýasy söhbetdeş» gazeti. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |