07:27 Reñkiñiz gutarmawersin! / satiriki hekaýa | |
REÑKIÑIZ GUTARMAWERSIN!
Satiriki hekaýalar
Gelnim bir hepdelik atasy öýüne gidensoñ, sallahlyk derdi başlandy. Yssy-ýylydan-a geçdim welin, soñky günler goýanymy-göterenimi bilemok. Bu günem ziñkildäp ýerimden galdym. Ýellenen gözlerimi owkalap, budilnige bäbenegimi dikdim. Bä, eýýam dokuzyñ ýary! Yzymdan ýagy kowalaýan dek hasanaklap geýindim-de, öýden atylyp çykdym. Geñ zat, bu gün awtobusyñ içi çolady. Hemişeki sallanjyrap ýören gormegeý gyzlaram ýeriñ teýine giden ýaly. Kileñ görmeksiz, bedroý zenanlar. Özlerem öýkeleşip ayrylyşan dek terslerini bakyşyp otyrlar. "Bä, bu nämäniñ alamatyka?" diýip, gitdim iñkise. Alasarmyk halda kabinetime kürsäp girdim. Görsem, bile işleşýän perimiziñ ornunda bir aýal ýüzüni sortduryp otyr. - Salowmaleýkim, daýza! - diýip, sakyna-sakyna gep atdym. - Sen bir başymy agyrtma-da, otur... Muña serediñ-ä! Sesi-hä, hut şol öñki perimiziñ sesi. Geñ zat. Onuñ öñki owadanlygy nirä ýitirim bolduka? Üç çaganyñ enesine meñzemeýän gelin, bu gün oral aýala çalym edip dur. "Allajanlarym, ýa meniñ añkam aşyp ýör, ýa-da..." Şeýle pikir bilen edaramyzyñ perisi saýylýan gelni has içgin synlamaga durdum. Görgülijigiñ gözi aglamakdan ýaña gurbaganyñky ýaly pökgerip gidipdir. Äm-säm halda otagdan çykyp, sekretar gyzymyzyñ kabinetini açdym. Olam öýkeledilen çaga ýaly bolup, gözlerinden buýur-buýur ýaşa dökýär. Onuñ gyýma gara gaşlaryndan, naýza ýaly kirpiklerinden nam-nyşan ýokdy. Gaşynyñ orny ütülipdir. Kirpikleriniñ bar-ýokdugam bildirenok. Düýn-öññinki alma ýañaklary bolsa, ilerimizdäki togsan ýaşly Toty mamanyñky ýaly myssaryp dur. Saçam müñ hili öwüsýär. Boýala-boýala belli bir reñkem galmandyr. Elewräp duran diñe men däl ekenim. Koridora çykanymdan işdeş ýoldaşlarym üstüme döküldi. Sorag baryny ýagdyrdylar: - Ah-ow, bi aýal-gyzlara ne döw çaldy? Menem kibtimi gysdym-da, "Düşünýän däldirin" diýen terzde başymy ýaýkadym. Birdenem "Kadrlar bölümi' diýleb ýazga gözüm kaklyşdy. "Munça bolanyna görä Owadan janyñam halyndan habar alaýyn" diýip, çekine-çekine gapyny öz-özüme çekdim. Ynanar ýaly däl. Bütinleý tersine. Gyz bahar paslynda açylan eýjejik bägül ýaly al-elwan öwsüp otyr. Hakykatdanam, oña ýöne ýere Owadan ady dakylma dakylman eken. Durul bilmän ýaryldym: - Owadan, maña bar zady aýyl-saýyl edip bersene! Ýogsa, ýüregim agzymdan çykyp barýar. Öñümden çykan gelin-gyz ýasdan gelen ýaly, gözi ýaşly... Sen welin, azaryña-da däl! - diýip, yzyny aýdyp bilmän, gurak-gurak ýuwdundym. - Bu ýerde geñ galyp oturasy zat ýok. Dükanlarda reñk gutarypdyr, reñk. Bar belanyñ körügi şonda! - O nähili reñk? - Aýal-gyzlaryñ dodakdyr, dyrnaklaryna, kirpik-gaşdyr saçlaryna çalýan reñkleri gutarypdyr. Indiden beýläk şol reñkler çykaryljak dälmiş. Çünki şol reñkler köp maşgalalaryñ agzybir ýaşamagyna zelel berýämiş. Ynha, Ogulreñk diýen joram bar. Dört çagasynyñ bardygyna garamazdan, reñkleriñ "kömegi" bilen ýaşajyk gyz ýaly bolup ýör. Ana, hol günem gyzdyr öýdüp, oña bir ýigit lak atypdyr. Onam äri eşidip, bolupdyr bir goh-galmagal. Tasdanam goşlaryny paýlaşan ekenler. Iñ gowusy-ha, meñki ýaly reñk ulanmazlyk. Aslynda zor edip ýaş boljak bolmak, owadan görünjek bolmak nämä gerek? "Bä, bu bolýan zatlara seretsene! Erkekleriñ gözli kördügini! Ýogsa-da bu babatda aýalym nähilikä? Şu gün atasy öýünden gelmelidir" diýip, oda-köze düşüp, öýe eñdim. Çagalarym howluda oýnaşyp ýören eken. Içeri girenimden öñümden ebtini agdyryp, bir eleşan aýal çykdy. Ony görüp, ör-gökden gelipdirin. - Size kim gerekdi, daýza? - Men indi saña daýza boldummy? Toba, toba! Bir hepde öýde bolmasam, şüý-ä maña eje-de diýjek! - Ýo... ýok, ýok! Git, görünme, meñ señ ýaly aýalym ýok! - diýip, üzlem-saplam mydyrdadym. ...Samrap durkamam ukudan oýanypdyryn. Aýalym aýnanyñ öñünde ýüzüne krem çalyp durdy. - Näme, beýle hopugyp oýandyñ, kakasy? Ýa myrtar düýş gördüñmi? Aýalymyñ reñklenen dodajygy gyrmyzy öwüsýärdi. Gyýma gaşlary, neşter kirpikleri, gyzyl-gara öwşün atýan saçlary, jan algyç uzyn, gyzyl dyrnaklary ony perizat ýaly görkezýärdi. "Çalnyber, ezizim, çalnyber. Reñkiñiz beri gutarmasyn!" Çaý-çöregimi iýip, ýola çykdym. Aýal-gyzlaryñ derdinden ýañ awtobusda ýer ýok. Özem tükel hudožnigiñ ussahanasyndan çykan ýaly. Hyýalymda al-elwan gülli sährada gezip ýören ýaly boldum. Birdenem keýpim göterilip gitdi: - Äl, bulañ owadandygyny!!! Jorageldi SAPARGELDIÝEW. | |
|
Teswirleriň ählisi: 1 | |
| |