07:44 Rim ýykylandan soñky paganist Ýewropa | |
RIM ÝYKYLANDAN SOÑKY PAGANIST ÝEWROPA
Taryhy makalalar
Günbatar Rim imperiýasynyñ ýykylmagyndan soñ buthana Günbatar Ýewropany birleşdirýärdi we bir bitewi ýewropa kimligi duýgusyny saklaýardy. Bu dini ýörelge Rimiñ dargamagynyñ yzysüre bolup geçen syýasy böleklenmelere garamazdan sözde "butparaz" dinleri aradan aýryp dowam edipdi we ýaýrapdy. Tutuş ýewropalylaryñ ahyrsoñunda paýlaşmaga başlan ýeke-täk zady Latyn buthanasyna agzalykdy. Buthananyñ bir özi antik Rimiñ mirasynyñ azyndan bir bölegini gorap bilýärdi. Bu miras buthana tarapyndan goralýan taglyma-da aralaşdy. Mysal üçin, latynça gürlenýän dil hökmünde ýitip gidenem, Italiýanyñ özünde-de eýýäm VIII asyra çenli ýok bolanam bolsa "Injiliñ" dili we sowatly elitalaryñ arasyndaky ýazuw aragatnaşygy latyn dilindedi. Latyn dili Rim imperiýasynyñ ýerli dili bolmakdan galyp, munuñ ýerine tutuş Ýewropadaky ýokary bilimli elitalaryñ diline öwrüldi. Angliýadan bilimli biri (şol döwrüñ buthanasynyñ agzasy) şindizem Ispaniýadaky ýa-da Italiýadaky bilimli birine deñdi, emma bu ýazyşmalar latyn dilinde bolýardy. Materigiñ aşagynyñ beýleki tarapyndaky kärdeşleri bilen gepleşmeselerem, olaryñ ýazuw dili birdi. Hristianlyk has öñ harby taýdan hristian garşydaşlardan güýçlüdigini subut eden halklary-da, günbatar imperiýasyny ýykan german basybalyjylaryndan Wizantiýa bilen söweşen slawýan halklaryna öwürmek üçin adatdan daşary güýç görkezdi. Dinden dine geçmeler esasanam hristian missionerleriñ geñ galdyryjy tagallasy we hristian dälleriñ hristianlar bilen has gowy syýasy gatnaşyklary etmek isländigi sebäpli amala aşdy. Munuñ bilen birlikde güýç ulanmak arkaly zorlukly dinden dine geçme wakalary-da bolup geçipdir. Fransuz koroly Beýik Karl muny goldapdyr. Dinden dine geçmeler zorluk bilenem bolsa XI asyrda Ýewropadaky adamlaryñ hemmesi hristiana, Günbatarda latyn hristianyna, Gündogarda prawoslaw hristianyna öwrülipdi. Latyn buthanasy Rim merkezli papalygyñ iñ azyndan nominal ýolbaşçylygy aýyl-saýyl edildi - aslynda wizantiýa imperatorlary buthana bilen birlikde döwletiñem üstünde agalyk sürmäge döwtalap bolanlygyndan, günbatar we gündogar buthanalarynyñ arasynda hemişelik gama döreden, bir bitewlikde hristian buthanasynyñ ýolbaşçylygyna gönükdirilen papalyk ideýasydy. Papalar diñe Günbatar buthanasynyñ başynda durman, eýsem özbaşyna hökümdar bolup höküm sürerdiler we beýleki ýolbaşçylar bilen elmydama buýr-bulaşyk gatnaşyklary bardy. Irki Orta asyrlaryñ ähli döwründe (Günbatar Rim imperiýasynyñ soñundan XI asyra çenli) papalar seýrek ýagdaýda Italiýanyñ daşyndaky buthanalaryñ hökümdary hasaplandy). Munuñ ýerine bu döwür guramaçylykly hristianlygyñ has uzyn taryhynda möhüm orna eýedi, çünki birnäçe papa azyndan doktrinanyñ we toparlanmanyñ üstünde agalyk sürmäge hukugynyñ bardygyny öñe sürdi - ýüzlerçe ýyldan soñ papalar özlerinden öñküleriniñ öñe süren pikirlerine hemişe jogapkärçiligiñ özlerine degişlidiginiñ "subutnamasy" hökmünde seretdiler. Muña mysal bolup bilek irki papalaryñ biri-de, VII asyryñ başynda papa bolan Beýik Grigoridir. Grigoriý henizem Rimi Wizantiýa imperiyasynyñ bir bölegi hasaplaýardy, emma şol wagta çenli Wizantiýa Rim şäheriniñ goragyna kömek edip biljek goşun birliklerini ugradyp bilenokdy we papalyk garaşsyzlygyny almaga höwesek garaýardy. Netijede Grigoriý mekirlik bilen agzala german korollaryny biri-birlerine garşy küşgürip oýnady, olaryñ ynamyny we goldawyny gazanmak üçin magnawy agalygyndan peýdalandy. Hem-ä ruhlary halas etmek üçin hakyky isleg-arzuwdan, hemem buthana üçin has çuñ täsir görmek ýaly pragmatiki arzuwdan hristianlygy ýaýmak üçin korollygyñ daşyndaky ýurtlara missionerleri ugradypdyr. Grigoriniñ agalygy harby güýje goldanmandyr we şol wagtlar hristianlaryñ köpüsi Rim papasynyñ (şol wagtlar ähli ýepiskoplara "kaka" manysyny berýän "papa" diýlipdir) ähli buthanalaryñ baş ruhanysydygyny çaklamandyr. Munuñ ýerine Grigoriý ýaly papalar korollar bilen garşylyklaýyn peýda berýän gatnaşyklary ýola goýup we hristian missionerlik işleriniñ giñelmesini sazlap, agalyklaryny kem-kemden, emma ynamly ädimler bilen berkitdiler. VIII asyrda papalyk Rim imperatory Konstantiniñ Günbatar Rim imperiýasynyñ üstünde Rim papasyna ygtyýar berendigi aýdylýan Konstantiniñ keremi hasaplanýan (ýüze çykyşy ýaly galp) resminama taýýarlatdy. Bu resminama öñümizdäki birnäçe asyrlap papalar tarapyndan köplenç "subutnama" hökmünde görkezildi. Munuñ bilen birlikde güýçli we tutanýerli papalaram güýçleriniñ çäkleri babatda realist bolmaga mejburdy, birnäçe papa syýasy oñşuksyzlygyñ ortasynda tagtdan agdaryldy we hatda öldürildi. Şeýdibem, hristianlyk örän güýçli, merkezi gurama sebäpli däl-de, missionerleriñ tagallasy, pragmatizmi we dünýewi dolandyryjylaryñ goldawy sebäpli ýaýrady. Bütin Ýewropada missionerleriñ pagan dininiñ galyndylary bilen söweşmek üçin däl-de, ony ussatlyk bilen täzeden şekillendirmek üçin resmi görkezmeleri bolupdyr. Butparazlaryñ hristianlygyñ nýuanslaryna düşünmeginden has beter onuñ hakykatyny kabul etmegi has möhüm bolupdyr. Hepdäniñ günleriniñ iñlisçe atlary bilen bir hatarda hristianlyk bilen köne butparaz däp-dessurlaryñ arasyndaky geçiş arkaly her dürli "butparaz" däp, söz, urp-adat biziñ günlerimize çenli dowam edip gelýär. (Çarşenbe Odiniñ ýa-da Wotanyñ güni, Penşenbe Toryñ güni we ş.m.) we Eostre atly skandinaw ýaz we bereket aýal hudaýyndan "Pasha" sözüniñ özi. Mysal hökmünde, irki döwür iñlis hristian liderlerinden (has soñra apostol) Bedä ýazan hatynda Papa Grigoriý Bedä we onuñ yzyna eýerijilere pagan ybadathanalaryny ýykmazlygy, olary mukaddesleşdirmegi we täzeden ulanmagy ündäpdir. Edil şolar ýaly butparazlaryñ gurbanlyk edilýän günleri-de Hudaýa we apostollara täzeden baglanyşdyrylypdyr. Dogrusyny aýdanda, pagan medeniýetinden saplanmagyñ ýerine hristianlygyñ hakykatdanam has añsat ornaşyp biljek şekilde wagyz edilmegidi. Ruhanylar käte ybadatyñ nýuanslary hakda jedel edipdir, emma esasy üýtgeşme diñe hristianlygyñ ýaýramagy we buthananyñ artan täsiridi. Umut ATASEWEN, gadymydünýä taryhçysy / @atasevenoffica Ýekşenbe, 28.01.2024 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |