Birinji perde:
1821-nji ýylyñ 17-nji marty. Grekler garaşsyzlyk üçin Mora ýarymadasynda gozgalañ turuzdy.
Uzaga çeken içerki gapma-garşylygyñ soñunda osmanly häkimiýetiniñ astynda garaşsyzlygyny alan birinji halk boldy. Wagt sagadynyñ dili 1832-nji ýylyñ 7-nji maýyny görkezýärdi.
Ýöne ortada urşuñ ýetiren zeperi bardy:
Grekler osmanla kontribusiýa tölemelidi. Diñe öweztölegini geçirenden soñ grek araçägi kesgitlenmelidi.
Grek howandarlary iñlis, rus, fransuz delegasiýalary bilen osmanly delegasiýasy Reýsulküttap (Daşary işler ministri) Ýozgatly Mehmet Akif ependiniñ kasrynda (rezidensiýasynda) duşuşdy.
Gresiýanyñ Osmanly döwletine puly göterimine (5%) Ýewropanyñ iñ uly bankiri jöhit Rotşildler maşgalasyndan aldy.
Maşgalanyñ bu iş ynanan Londondaky ofisiñ başlygy Nataniel Rotşild kontribusiýa polislerini (страховой полис) alyp, 1834-nji ýylda Stambula geldi. Bu Osmanlynyñ Rotşildler bilen açan birinji gatnaşygydy, emma iñ soñkusy däldi...
Töleglerde ýetirilen zyýanlar, edilen çykdajylar hasaplandy:
- Nataniel Rotşild ýol üçin çykaran 150 müñ teññesini Osmanlydan aljakdygyny aýtdy.
- Osmanly rus urşunda Dunaý galalary üçin gerekli serişdeleriñ puluny wenaly walýutçik Stametsden alanam bolsa, alan karzynyñ 225 müñ guldenini entek tölemändi. Aslynda pul wenaly Stametse kömek eden Rotşildleriñ puludy. Şoñ üçinem osmanly bergisini Rotşildler maşgalasyna tölemelidi.
Jikme-jik maglumatlara bogup oturmaýyn sizi... Ogul Rotşild Soltan Mahmyt II-niñ huzuryna çykdy, ylalaşyga gelindi.
Mahmyt II Rotşildi döşe dakylýan nyşanlara we ýörite atlara gark etdi.
Birinji perde ýapyldy...
• TOÝ PULY
Ikinji perde:
1834-nji ýylyñ 24-nji maýy.
Mahmyt II gyzy Saliha soltany dabaraly toý tutup Gürji Halyl Ryfat paşa durmuşa çykardy.
On üç günläp dowam eden şady-horramlykda hemme zat göz öñüne tutuldy. Toý Beşiktaş kenarýaka köşgünde boldy. Gelini "Fyndykly" köşgüne äkitmek üçin gelen gelnaljynyñ aýal-gyzlary we arabalary aşa bezemendi we ş.m.
Şol döwür... Angliýaly maýor kakasy Tomas Pardoe bilen Stambulda bolan Ýuliýa Pardoe 1836-njy ýylda çap edilen “The City of the Sultan” kitabynda toýuñ tutumyny şeýle suratlandyrdy: "Terrasanyñ öñünde biri-birine ýanaşyk goýlan ýüzlerçe gaýyk bar we bularyñ ellisinde sazandalar otyr."
Dr. Hatyja Aýnur "Soltan Mahmydyñ gyzy Saliha soltan bilen Tophana müşiri Halil Ryfat paşanyñ durmuş toýuny gürrüñ berýän surnamalar" kitabynyñ "galyñ depderine" görä, toýuñ çykdajysy 1 million guruşdan (teññe) geçipdir.
Osmanly taryhynda zikgeleriñ, ýagny, çekdäki pullaryñ hümmeti bilen iñ köp oýnalan-falsifikat edilen döwrüdi şu! 1808-nji ýyldan başlap altyn zikge 35 we kümüş zikge 37 gezek falsifikasiýa edildi. Mahmyt II tagta çykanda osmanly teññesiniñ düzüminde 5.9 gram kümüş bardy, onuñ otuz ýyllyk soltanlyk süren döwründe kümüşiñ mukdary 0.5 grama düşdi!
Ykdysadyýet çat açýardy.
Osmanly bazaryny ýerli önümçiligi ýok edip biljek daşary ýurt harytlaryna hemmetaraplaýyn açmaga mejbur boldy.
Krizisdäki Osmanly satan grek topragynyñ puly bilen patyşanyñ gyzyna toý tutdy.
Ilkinji gezek bir durmuş toýy barada osmanlynyñ "Takvim-i Vekayi" resmi gazetinde habar berildi.
Ikinji perde ýapyldy.
• KIPRI SATDYK
Üçünji perde:
Diñe bir döwür däl: Abdylhamyt II hem Rotşildlerden 6 million 326 müñ 920 sterling we 8 million 212 müñ 340 sterling karz aldy. Alnan karz göterimi bilen bile 20 million 84 müñ 189 sterling boldy.
Ýarag almak üçin bergi edildi.
Stambul bogazyna guruljak maýaklar üçin bergi edildi.
Pariž ilçihanasyny maliýeleşdirmek üçin bergi edildi.
Sanaw uzyn... Bergileri üzmek üçin näme edildi? Rotşildlere döwlet nyşanlary paýlanybilşine paýlandy! Rotşildleriñ atasy Maýer Rotşild we ogullary beýlede dursun, gyzlary Bettinadyr Karolina çenli nyşan berildi.
Diñe şunuñ bilen oñulsa ýene ýagşy:
Şol bergi Kipriñ iñlislere satylmagyna sebäp boldy.
Şol bergi Palestinda jöhit posýoloklarynyñ gurulmagyna sebäp boldy.
Şol bergi Müsürden, Izmir we Beriýýetüşşam (Şam) gümrük nokatlaryndan gelen girdejilere el urulmagyna sebäp boldy we ş.m.
Ahyrynda Osmanly "Remezan kararnamasy" bilen batandygyny mälim etdi.
Üçünji perde ýapyldy.
Dördünji perde açyldy.
Dördünji perde ýapyldy.
Bäşinji perde açyldy.
Bäşinji perde ýapyldy.
Perdeler açyldy...
Perdeler ýapyldy...
Ykdysadyýetiñ taryhy etaplarynyñ kesgitlenmegi biziñ taryhçylarymyzda hiç ýer almady. Taryhyñ ykdysady-syýasy tarapy hemişe görmezlige salyndy.
Şonuñ üçinem... käbir köpbilmişlik satýanlar şu günlere baha kesýär.
Bu barada ertir ýazaryn.