ROWAÝATYM – TARYHYM
Rowaýatlar halk döredijilik eserleriniň has gadymy žanrlaryndan biridir. Ýöne gadymy diýenimizde-de, adamzadyň diliniň has kämilleşen, çeperleşen, aňynyň has ösen wagtlarynyň önümidini bellemeklik ýerlikli bolsa gerek. Diýmek, “Folkloryň yrym-ynanç, alkyş-dileg ýaly irki görnüşlerinden soňrak dörän bolmagy ähtimal”diýen çaklama öz-özünden döreýär duruberýär.Agyr zähmetden soň ýadaw bedenlerine melhem gözlän halk köpçüligi özleriniň ruhy isleglerini kanagatlandyrmak niýeti bilen hem folklor eserlerini döredipdirler, dynç alan wagtlarynda söz ýaryşyny gurapdyrlar, her kim gowudan gowusyny tapjak bolup çalşypdyrlar. Şorta sözler, ýomaklar, rowaýatlar, hekaýatlar,dürli kyssalar aýdyşypdyrlar.
Rowaýat bir wagtky bolup geçen wakalary çeper sözüň üsti bilen halka aňyna siňdirýän, nesilleri geçmişimiz bilen tanyşdyrýan, has dopgrusy, geçmişiň ýaňyny häzirki günlere ýetirýän çeper gymmatlykdyr. Gadym zamanlarda bolan wakalar wagt geçmegi bilen rowaýata öwrülýär, “Pylan wagtda şeýle bolupdy” diýlip rowaýat aýdylyp başlanylýar. Rowaýatlar ýatda galyjy bolýar, adamlar biri-birinden eşidip, dilden-dile geçirip, bu çugdamja, taryhy ähmiýete eýe bolanfolklor eserlerinişu günki Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüne ýetiripdirler.
Halk rowaýatlarynyň köpüsi halkyň söýgüli gahrymanlary, belli-belli şahsyýet hökmünde halkyň aňynda müdimilik ornaşyp galan gahrymanlar, tanymal, ýiti zehinli adamlar hakynda, şeýle hem, haýsydyr bir aýdymyň döreýşi, bagşylaryň, şahyrlaryň durmuşy barada, olaryň durmuşynyň nähili-de bolsa bir gyzykly pursatlary we başga-da köp-köp durmuş meseleleri babatda dile çeper, paýhasly adamlar tarapyndan döredilen çeper kyssalardyr, gysgajyk hekaýatlardyr.Zehinli, dilewar adamlar öz dini şahslaryny, halk gahrymanlaryny, dana alymlaryny, akyldarlaryny, söz ussatlaryny tüýs ýürekden hormatlap, olara goýýan sylag-sarpasyny çeper söz üsti bilen beýan etmek niýeti bilen hem rowaýatdyr hekaýatlary döredipdir.
Rowaýatdyr hekaýatlary döretmek bilen maksat durmuşda gabat gelýän wakalary, şahsyýetleriň ýaşaýşynda bolup geçen ýagşy hem ýaman pursatlary, olaryň çeper keşpleri, gylyk-häsiýetleri baradakypikirleri, garaýyşlary geljekki nesillere ýetirmek bolan bolsa gerek. Haýsydyr bir galalaryň, taryhy ýadygärlikleriň döreýşi hakdaky gyzykly maglumatlary hem zehinli halkymyz rowaýata öwrüp, geljekki nesillerine miras goýupdyr. Şu ýerden gelip çykýan netije, diýmek, rowaýatlaryň aňyrsynda haýsydyr bir taryhy döwürlerde bolan wakalar bolmaly.Olary ilkinji döredijileriň atlary ýitip gidip, ol gysgajyk kyssalar tizlik bilen agydan-agza, dilden-dile geçip, ilatyň arasyna ýaýrap, çugdamja folklor eserlerine öwrülipdir-de, halkyň çeper hakydasynda orun tapypdyr. Hakyda köprüsi arkaly hem türkmen halkynyň nesil dowamatlaryna ýetipdir. Şorta sözlerden tapawutlylykda rowaýatlarda degişme, gülüşme ýok. Ol haýsydyr bir wagtlar bolan wakany çeper sözleriň üsti bilen beýan edýär.
Şu günki gün ol ruhy gymmatlyklary öwrenmäge hormatly Prezidentimiz ak ýollar açdy, baý milli mirasymyz giňişleýin öwrenilýär, dünýä ýüzüne ýaýylýar. Alymlar taryhy maglumatlara hem-de taryhyň ýokundylary çaýylan rowaýatdyr hekaýatlara esaslanyp, beýik şahsyýetlerimiziň terjimehallaryny dikeldýärler. Şonuň üçin-de, rowaýatdyr hekaýatlaryň geçmişde näler bolup geçendigine göz ýetirmekde, beýik şahsyýetleriň terjemehallaryny dikeltmekde, halkymyza häsiýetli bolan gylyk-häsiýetleri öwrenmekde ähmiýeti örün uludyr.
Kynçylykly şertlerde göçüp-gonup ýaşamaly bolan, uzak asyrlaryň dowamynda watansyzlyk dagyny çekip, gün-güzeranyny dolandyrmak üçin tutanýerli zähmet çekmegiň hötdesinden gelen türkmen halkynyň aň-paýhasy bilen dörän halk döredijilik eserlerini, şol sanda rowaýatlary diňläniňde, halkymyzyň guýmagursak zehinine, ýatkeşligine haýran galýarsyň. Halk bu ajaýyp nusgalary öz „söz ussahanasynda” kebşirläp zikgeläpdir, sünnäläpdir, gitdigiçe kämilleşdiripdir.„Eger-de, uçdantutma sowatly bolan bolsa-ha, gör, bu halk nähili ajaýyp zatlary dörederdi” diýip, pikirleneniňi duýman galýarsyň.
Her bir rowaýatyň aňyrsynda taryhy hakykatyň, ýa-da halkyň göwün islegleriniň, ýagşy umytlarynyň ýatandygyna rowaýatyň manysy bilen tanşanyňda,göz ýetirmek bolýar. Halkyň gahryman ogullary daş-töwerekden dökülip duran duşmanlaryň talaňçylykly ýörişleriniň garşysyna yzygiderli söweş alyp baryp, gaýduwsyzlyk bilen döş gerip öz ilini gorapdyrlar. Onsoň neneň şeýle gahryman ogullar, mert ýigitler, olaryň bitiren işleri, görkezen batyrlyklary hakda rowaýat döretmejek. Halkyň sünnäläp döreden rowaýatlarynyň üsti bilen hem olaryň atlary biziň döwrümize aralaşyp, halk gahrymanlary hökmünde dilden düşmän gelýär.
Rowaýatlaryň köpüsi Görogly beg, Keýmir kör ýaly halk gahrymanlaryny wasp edip, olaryň durmuşy bilen bagly bolan parçalary edil ýyl ýazgylary ýaly bolup halkyň aňyna ornaşypdyr. Keýmir kör hakda dörän köp sanly rowaýatlar halkyň ýüreginde ornaşan gahrymanyň durmuşyny, ýaşaýşyny, gylyk-häsiýetini doly açyp görkezýär. Keýmir pähim-paýhasly, dilewar, örän namysjaň adam, ol hakdaky rowaýatlary yzarlasaň, onuň türkmen halkynyň özbaşdaklygy ugrunda batyrgaýlyk bilen söweş alyp baran, halkyň tugunyň abraýyny örän belentde goýan bir taryhy şahsyýetdigine göz ýetirýärsiň. Ol rowaýatlaryň köpüsi onuň Nedir şa bilen bolan söweşlerine, söz ýaryşlaryna bagyşlanypdyr. Halk öz gahrymanyny örän belende galdyryp, onuň öçmejek keşbini döredipdir. Hatda hüwdilerde hem gelinler öz çagalarynyň Keýmir serdara meňzemegini arzuwlapdyrlar, öz balasynyň Keýmiriň yzyny mynasyp dowam etdiriji boljakdygyna ynanypdyrlar.
Alleý, alleý allançak,
Akar suwlar bulançak,
Keýmir serdar balasy
Her dulunda sallançak.
Bu bentde ýaş nesliň Keýmir ýaly ugurtapyjy, şir ýürekli, arslan sypatly bolmagyarzuw edilýär.
Türkmeniň ägirt uly söz ussady Magtymguly „Hile hem bir batyrlykdyr ýerinde” diýip örän jaýdar pikir aýdypdyr. Keýmir hiläni dilewarlyk bilen öz ýerinde ulanmagy başaran adam, dürli söz oýnatmalary bilen Nedir şany sözde ýeňip otyr. „Hatap galasy” diýen rowaýat halk arasynda giňden ýaýran. Nedir şa Keýmir körden „Iliň nirede?” diýip soranda, „Hatap galasynda” diýip jogap berýär. Ol Nedir şanyň bu obany yzarlap geljekdigini duýýar-da, obasyna gelip gotur itleri, gotur düýeleri daňyp, özi obasynyň adamlaryny yzyna tirkäp, başga ýerlere göçüp gidýär, duşman çyňsaşýan itleriň, bozlaşýan gotur düýeleriň sesine oba gelse, oba boş duran ekeni. Şeýle söz oýnatmalary, dürli hileler bilen elmydama Nedir şadan üstün çykýan ekeni.
Birnäçe rowaýatlar Keýmiriň maşgalasy daş-töwereginde bolup geçýän wakalar bilen, baglanyşykly ýüze çykypdyr. Halk öz gahrymanynyň obrazyny ebedileşdirmek, halkyň kalbyna ornaşdyrmak islän bolara çemeli. Keýmir körüň akyly gelip-gitmeliräk ogly bolupdyr. Keýmir ogluny edepli, akyl-paýhasly bir maşgala öýlendirmek isläpdir. Ol şeýle maşgalanyň gözlegine çykýar. Bir gezek meýdanda bir topar gyz odun ýygyp, gaýtjak bolup duran wagtlary ýagyş ýagmaga başlapdyr. Şol wagt Keýmir gyzlary synlap duran ekeni. Görse, ähli gyzlar ezilmejek bolup, odunlarynyň yk tarapynda durlar, emma bir gyz weli, ýygan odunyna ýagyş damdyrmajak bolup, penalap dur. Keýmir gyzdan: „Ýeri keýgim, sen näme üçin odunyňy penalap dursuň, näme üçin onuň ygynda durmaýarsyň?” diýip sorapdyr. Gyz: „Aý, agam, meniň bir garryja, gözi şummurak enem bar, öl odun birbada tutaşmaýar, tüssesi köp bolýar. Enemiň gözüne tüsse gapsa, has hem erbet boljak, eşigim öl bolsa zyýany ýok. Eşiklerimi oduň ýanynda sersem, bahym gurar” diýen. Keýmir „Megerem, bir zat çyksa, şu gyzdan çykar” diýen umyt bilen gyzdan öýlerini soraýar. Gyz öýlerini salgy berýär, Keýmir olara barýar-da, synlap otyr. Gyz çaý gaýnatjak bolup, ojaga ot ýakanda Keýmir ony mazaly synlaýar-da. onuň bir gözüniň çalaja gyşygrakdygyny aňşyryp: „Öý-ä oňat öý ekeni weli, azajyk çagarrygy gyşygrak ekeni” diýip, kakdyrybrak aýdanda, gyz derrew düşünip, „Çagarrygy gyşyk hem bolsa, tüssesi dogry çykýandyr” diýip jogap beripdir.
Keýmiriň gyza göwni ýetip, ony gelin edinipdir. Gelin Keýmiriň oglunyň daşyny gallap, onuň maşgalasyna biabraýlyk getirmeýär. Keýmir gelnine guwanar ekeni. Bir gezek Keýmir ýesir düşüpdir. Şonda ol hana garap, şeýle diýýär: „Han, men saňa ýüz ak goýun, ýüz ala goýun, ýüz gyzyl goýun bereýin, sen iki sany adam iber! Olar baryp meniň gelnime: „Seniň gaýyn ataň şunça zat bersin we gapyda iki sany bag goýun bardyr, olaryň birini söwüş etsin, birini ýol hurşy” diýip aýtsalar, ol düşüner, olaryň işlerini düzedip, derrew ýola salar” diýipdir.
Han türkmenleriň üstüne iki sany adam iberýär. Oba adamlary birbada „Dogrudanam, dört ýüz goýun diýendir” diýip düşünýärler. Keýmiriň gelni gaýyn atasynyň göçme manydaky pikirini derrew aňşyrýär, emma birbada daşyna çykaryp bilmän, „Ili biliksiz (blimsiz), iti gylyksyz” diýip, ýatan itiň böwrüne depip göýberýär. Adamlar bu gepiň aňyrsynda uly bir syryň bardygyny aňýarlar-da, onuň manysyny gelinden soraýarlar. Gelin: „Keýmir agaňyz ýesir düşüpdir, ol „Meniň daşym gaty berk, eger ýüz sany men diýen aksakgal, ýüz gyrçuw, ýüz gara sakgal, ýüz ýaş ýigit atly bolup gelmeseler, aldyr ýaly däl” diýipdir. Iki baggoýun diýeni „Bu gelen adamlaryň birini şol ýerde güm edip, birini ýol salgy üçin alyp gaýdyň, galany görkezenden soň, onam ýoklaň!” diýipdir” diýýär. Oba adamlary gelniň paýhasy bilen Keýmiri ýesirlikden halas edipdirler.
Halk öz içinde gahryman Keýmir barada örän kän rowaýat döräpdir. Çünki ol hakyky halkyň taryhy bilen baglanyşykly şahsyýet. Şonuň üçin-de, bu hili rowaýatlaryň aňyrsynda taryhy hakykat ýatyr, Diňe sözler çeperleşdirilip, syntgylanyp, kämil görnüşe getirilipdir. Diýmek, bulary gysgaça, çuň manyly hekaýatlar hasaplamak bolar.
Rowaýatlaryň arasynda hakyky durmuşda ýaşap geçen, halk üçin eziz bolan belli şahslara – edebiýat we sungat adamlaryna bagyşlanan rowaýatlar hem köp gabat gelýär. Olaryňköpüsi türkmeniň uly akyldary Magtymguly Pyragy, Nowaýy bilen Soltansöýün patyşa, halk şahyrlary Kemine, Mollanepes, Seýdi, Zelili, Mätäji ýaly şahyrlara, olaryň döreden şygyrlarynyň döreýşine bagyşlanandyr. Haýsydyr bir aýdym haçan döräpdir, ady nähili, şeýle hem köp durmuşy rowaýatlar gabat gelýär.
Rowaýatlar halkyň taryhyny, sungatyny, medeniýetini, edebi mirasyny öwrenmekde, ýaş nesli edepli-ekramly terbiýeläp ýetişdirmekde uly ähmiýete eýedir.Çünki halk öz gahrymanlaryny hemme taraplaýyn göz öňüne getirjek bolup, onuň hereketlerini, ýaşaýşyny giňişleýin, ählitaraplaýyn durmuş ummanynda görkezmäge çalşypdyr. Elbetde, şol şahsyýetlerden öwrenmäge zat köp, olar biziň ýaşlarymyz üçin görelde mekdebi.
Soltansöýün patyşa gara aty bilen Gül atly aýalyny dünýä baýlygyna deňeýän ekeni. Ol: „Kim gara atym bilen Gülümiň ölen habaryny maňa ýetirse, şol adamynyň jany höwp astynda” diýer ekeni. Bir gün Gül aradan çykýar. Bu habary aýtmagy dilewar şahyr Myrala (Nowaýa) tabşyrypdyrlar. Ussat Nowaýy Soltansöýüniň ýanyna baryp: „Serwi agaçnyň saýasynda solsa Gül, nätmek gerek?” diýen mazmundaky şygry okapdyr weli, Soltansöýün ýagdaýy duýup, „Serwiden tabyt kylyp, gülden kepen etmek gerek” diýip, jogap beripdir-de, „Dady heý” diýen şygryny okapdyr.
Çarhy bet mähriň elinden eýlerem men, dady heý,
Çünki kyldy bizni gamgyn, özgelerni şady heý,
Nije ýyllyk aşnamyz, boldy bizden ýady heý,
Sernigun olmuş, ol kamaty şemşady heý,
Jennetiň burçundaky tugumny ýykdyň, bady heý.
Halk arasynda Soltansöýün patyşa bilen onuň weziri bolan Mir Alyşir Nowaýy barada, Soltansöýüniň hem şahyrlygy, elmydama Nowaýydan sözde basylyp ýörşi barada rowaýat kän. Olar çapa taýýarlanylyp, halka hödürlenildi, emma Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe täzeden taýýarlanylsa, uly terbiýeçilik ähmiýetiniň boljakdygy ikuçly däldir.
Adatça, halk özüniň wepaly ogullary hakda, olara guwanç duýgusy bilen rowaýatlary döredýär. Olaryň her bir hereketi halkyň nazarynda, kalbynda ýer edýär. Türkmen şygryýetiniň ussady Magtymguly hakda döredilen rowaýatlar sanardan köp. Elbetde, biz şahyr hakdaky maglumatlaryň esasy bölegini rowaýatlardan bilýäris, „Onuň terjimehaly hem rowaýatlara, öz goşgularyna, halk gürrüňlerine esaslanylyp düzülendir” diýsek ýalňyş bolmasa gerek. Rowaýatlaryň, agyzdan-agza geçip gelen halk gürrüňleriniň beýik şahyryň terjimehalyny düzmäge alymlara ýardam berendigi ikuçly däldir. Rowaýatlaryň köpüsi Magtymgulynyň nebereleri. maşgalasy, şahyryň Meňlä bolan söýgüsi, şahyryň ýesir düşüşi, Hywada, Şirgazy medresesinde okaýşy barada söhbet açýar. Galyberse-de, beýik şahyryň her bir goşgysynyň, her bir setiriniň aňyrsynda diýen ýaly rowaýatyň manysy düýulýandyr.
Atasy kyrkynda ogly ýüz ýaşly
Ýasdadygy, toýdadygy bilinmez.
Ýa-da:
Şibli kimin bir dagy ýandyrdygym bilmezmiň?
Elbetde, şahyryň göbek ganynyň daman ýerlerinde ýerleşýän Şibli baba (halk arasynda Şywlan baba) öwlüýäsine baryp görenler şol ýerdäki ýazgydaky rowaýaty okan bolsalar gerek. Onda Allatagalanyň jemalyny görüp, aşyk bolup, şonuň didaryna gowuşmak üçin sergezdan bolan Şibli babanyň ah uranda, agzyndan çykan oduň dagy ýandyryşy hakda gürrüň edilýär.
Ýokarky iki setirde hem pygamberleriň- nebileriň durmuşy baradaky gürrüňler rowaýata öwrülip, halkyň aňynda ornaşypdyr. Atasy – nebi kyrk ýaşynda uka gidip, yzynda galan çaga ýüz ýaşa baran wagtynda uka giden atasy Allatagalanyň gudraty bilen ukudan oýanýar (lukmançylykda hem uka gitmek, belli bir pursatda ukudan açylmak bardygyny bolýäris. G.Y.).Ukudan oýananyndan soňra obasyny sorap-idäp ahyry tapýar, ogly ýüz ýaş toýuny belläp oturan wagty barypdyr, “men kakaň” diýende, geň galmakdan, begenmekden ýüregi ýarylyp, ýüz ýaşly goja – ogly aradan çykýar. Ýokarky iki setirde Beýik Pyragy şony aýdýär, ol toýuň ýasdygy, ýa-da toýdugy bilinmändir.
Umuman, dana-akyldar Pyragynyň köp setirleriniň aňyrsynda halk rowaýatlarydyr hekaýatlary, atalar sözüdir nakyllarynyň manylary bardyr. Halk döredijiligi (folklor) atlandyrylýan gymmatly ruhy miras beýik akyldaryň hem döredijiliginiň gözbaşydyr.
Gurbanjemal Ylýasowa,
filologiýa ylymlarynyñ kandidaty.
Halk döredijiligi we rowaýatlar