22:46 Ruhuñ tupany / pýesa | |
RUHUŇ TUPANY (Gijigen taryh)
Teatr we kino sungaty
Fars TUPANA UÇRANLAR ILBAŞY ÇYN GORKUT ÝALAN GORKUT ÇYN GÖROGLY ÝALAN GÖROGLY ÇYN AÝAZHAN ÝALAN AÝAZHAN ÇYN TUMAR ÝALAN TUMAR SAPAR KÖSE ALTYN ASYR MEJLISBAŞY ÝAŞULYBAŞY MEDENIÝETBAŞY BILERMENBAŞY RUHÇYBAŞY TARYHÇYBAŞY BEÝEMÇIBAŞY PROKURORBAŞY POLISBAŞY KAZYBAŞY Ýigitler, gyzlar, halk wekilleri, sazandalar, polisler, goragçylar, suratçylar. 1. TUPANYŇ BAŞY Altyn köşk. Onuň bezegi nakys hem gözilginç. Orta asyr bilen şu günüň häsiýetli alamatlarynyň garyşdyrylandygy göze basylýar. Şygarlar asylypdyr: “Altyn asyrda gaýşaryp ýaşaň!”. “Parz kitaby” adamzat pähiminiň çür depesidir”. “Bir Alla, bir Watan, bir Serdar!”... Gapylary bili gylyçly, eli awtomatly goragçylar saklaýar. Altyn çaýylan kürsi belentde goýlupdyr, oňa haly örtülen basgançaklar bilen galmaly. Kürsiniň depesinde çarwalardan nusga galan öýüň tüýnügi, oňa direg bolup duran uklara Ilbaşynyň portreti berkidilen. Köşge ýygnananlar bisabyr hem dartgynly garaşma ýagdaýynda. Gyzlaryň elinde bägül çemenleri bar, Ilbaşynyň aýagynyň astyna sepmeli. BEÝEMÇIBAŞY. Altyn köşgüň altyn gapysy açylsyn!.. (Gapy ýuwaş açylýar) Dünýäde iň arassa, asuda Demokratik partiýany düzmegi başaran beýik Ilbaşy Birleşen Milletler Guramasyna agza 190 ýurduň arasynda ilkinji bolup öz halkyna peşgeş berýär! Häzir dünýäni aňk etjek taryhy dabaranyň şaýady bolarys, ur-ra, towarişi, ur-ra, ýoldaşlar, ildeşler!.. (Hüňürdeýär) Ýene sypdy-da... Dabaraly saz. Ilbaşy girýär. Egninde altyn reňk kostýum, başynda altyn saçdan parik. Portretden tapawut edýän ýeri ýok. Onuň yzyndan Bilermenbaşy altyn jiltli kitaby belent tutup gelýär. Kitabyň ýüzünde Ilbaşynyň profili hem-de “Parz kitaby” diýen ýazgy bar. Gyzlar Ilbaşynyň ýoluna gül oklaýarlar. Ilbaşy bir gyzyň dulugyny sypaýar, başga birini gujagyna gysýar, ýakasyna dollar gysdyrýar. Şowhun... Soňra nälet sütünine öwrülýär, şowhun tapba ýatýar. Tagaşyksyz gara agajyň depesinde ýazgy bar: “Nälet sütüni”. Oňa ýüzi portrete, aşagy garantga meňzeş şekil berkidilipdir. Ýigit bilen gyz oňa yzygiderli daş zyňýar. ILBAŞY. (Nälet sütünine) Haramzada!.. Bu näkes Haramzadabaşy diýilmäge mynasyp! SESLER. Haramzadabaşy! Haramzadabaşy... ILBAŞY. Gaýdyp adynyň tutulanyny eşitmäýin! Saňa nälet bolsun, Haramzadabaşy! (Tüýkürýär) SESLER. Nälet! Haramzadabaşa nälet siňsin, nälet siňsin!.. (Haýdap garantga tüýkürip gaýdýarlar) ILBAŞY. Bu haramzada nähili adamdy? SESLER. Haramzadabaşydy! ILBAŞY. Bu haramzada nähili adamdy? SESLER. Haramzadabaşydy! ILBAŞY. Bu Haramzadabaşy nähili adamdy? SESLER. Haramzadady! Haramzadabaşa nälet! Nälet siňsin! BILERMENBAŞY. Ol öz ajalyna ölmeli adam däldi. Ite itiň ölümi buýrulandyr! ILBAŞY. Bu nähili gep boldy? Saňa Bilermenbaşy diýsegem sen häzir bilmän gürlediň. (Prokurorbaşy elindäki kinokamerany Bilermenbaşa gönükdirýär) Aňdyňyzmy? TARYHÇYBAŞY. (El galdyrýar) Beýik halypam, maňa rugsat ediň! ILBAŞY. Gysgarak. TARYHÇYBAŞY. Ýer togalagyndaky döwlet baştutanlarynyň arasynda siz, beýik serdarym, ilkinji bolup ölüm jezasyny gadagan edýän perman çykarmagy başardyňyz hem-de asyrlar boýy adamzat taryhynda häkimleriň rehimsizligi hakynda dowam edip gelen nädogry garaýşy köki bilen köwläp zyňdyňyz. Siziň beýik permanyňyzy gutlamaga howluganlaryň arasynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretarynyň, Ýewropa birleşiginiň, Ýewropa howpsyzlyk hem hyzmatdaşlyk guramasynyň başlyklarynyň bolmagy demokratik gymmatlyklara sarpa goýýan adamlar üçin geň däldir. ILBAŞY. Eziz adamlar, Taryhçybaşa awtograf beräýsem nähili görýäňiz? (El çarpmalar. Taryhçybaşy bada-bat “Parz kitaby” bilen ruçka uzadýar, Ilbaşa ýeňsesini öwrüp durýar. Ilbaşy onuň ýagyrnysyna kitaby goýup gol çekýär. Taryhçybaşy awtografy ogşaýar) BILERMENBAŞY. (Taryhçybaşa) Eliňdäki mukaddes kitabyň 81-nji sahypasyny aç! (Taryhçybaşy açýar) Ýokardan üçünji jümlede näme diýip ýazlan? Yzarla! (Heçjikläp ýatdan aýdýar) “Meniň dana halkymda ony ahlak belentligine galdyrýan ajaýyp däp bar: Hudaýyň bendesiniň jesedi topraga duwlananda üç öwre onuň nähili adam bolandygy soralýar”. Dogrumy? TARYHÇYBAŞY. Halypamyň ähli aýdýany dogry! Öte geçenini bu adam henizem duýanok! PROKURORBAŞY. Haramzadabaşa Hudaýyň bendesi diýmek, onuň watan öňündäki aýylganç jenaýatyny ýeňletjek bolmakdyr. Ol beýik Ilbaşynyň janyna kast edip, konstitusion gurluşy terror bilen üýtgetmegiň ýoluna düşdi. Ol Iblisiň döreden şeýtany, ony halk däbine dahylly edip bolmaz. TARYHÇYBAŞY. (Bilermenbaşa) Sen, hormatlym, bulaşdyrjak bolma, beýik halypamyň mukaddes kitaby pikir bulaşyklygyna ýol berenok! BILERMENBAŞY. (Aljyraýar. Prokurorbaşy ýene kamerany tutýar) Men bulaşdyrmak üçin aýtmadym, beýik serdarymyň ajaýyp halk däbine eýerip, üç gezek soramagyndan many çykaryp aýtdym. PROKURORBAŞY. Bu adamyň bulaşdyrjak bolýany çyn. BILERMENBAŞY. Men Haramzadabaşynyň biz bilen Altyn asyra geçmegini islämok! Ol ölmedigem bolsa, häzir şol haramzadanyň diridigine gynanýan! Altyn asyra geçmesin, maslygy bärde çüýresin! (Haýdap nälet sütünine daş zyňýar) Iblisden dogan Iblis! Adam sypatyna giren şeýtan! Eýesine toýnak salan eşek sen! (Prokurorbaşy surata alýar) Mukaddes “Parz kitaby” okalanda seniň bedroý ýüzüňde ýaňsydyjy ýylgyrma görýärdim, şony wagtynda duýdurmaly ekenim, meniň goýberen hatam şol! ILBAŞY. Soňuny düzetdi. (Gülýär) Prokurorbaşy, sen heleýem bolsaň, bulardan zor çykjak. Haramzadabaşydan alnan emlägi saňa berýän. Haram emlägi halal döwletimiziň hasabyna geçirip ýörmäli, sen al, nesip etsin. BEÝEMÇIBAŞY. Buşluk, adamlar! Altyn asyryň bosagasynda il-ýurt arassalandy. Dabara dowam edýär. Gyzlar Ilbaşynyň öňünde tans oýnaýarlar. Ol tansçy gyzlaryň syrtyna kakyp goýberýär. Kürsä galýan basgançaga ýetýär. Taryhçybaşy onuň öňünde arkan ýatýar. Ilbaşy onuň garnyna köwşüni goýýar. Taryhçybaşy ýatan ýerinden ak ýaglyk bilen köwşi süpürýär. TARYHÇYBAŞY. Taryhyň çaňynda zyýanly mikroplaryň bolýandygyny duýduranyňyz üçin, beýik halypam, garaşsyz ýurdumyň garaşsyz taryhçylary size baky minnetdar. Biz hatyrjemdiris, taryhyň hapasy altyn asyra geçenden, goý, meniň eşigime siňsin, oda ataryn, ýanar gider. (Soňra ýüzin ýatýar) Siziň serdarlyk energiýaňyz oňurgama kuwwat berer. Meni energiýa çeşmesinden aýyrma, Ilbaşym. Men siziň dabanyňyza ýelmeşen palçyga öwrüljek, siziň bina edýän ruhy ymaratyňyz bilen nesilleriň arasyny berkidýän sement boljak, beton boljak! ILBAŞY. (Taryhçybaşynyň böwrüne depýär) Tur, tekepbirlik keselinden saplan! (Harby eşikli adamlar Ilbaşyny göterip, belent kürside oturdýarlar. Ýeňsede, ýörite taýýarlanan ýerde “Parz kitabyny” goýýarlar) Nesilleriň ruhuny berkitjek gudraty size ed-dil mahalynda gowşurandyryn. Muny mekdebe gatnap ýören oglankam asmandan beýnime guýup başladylar, hemme aýdylýana düşünemokdymam, ýöne gudratly bir zatdygyna welin, düşünipdim. Duýdurmaga hakym ýokdy. Duýsalar näderdiler? Bilermenbaşy bilmeli. BILERMENBAŞY. Ýetimhanadan kowardylar. ILBAŞY. Düýşüňde sygyr mündüňmi sen! BILERMENBAŞY. (Hyjuw bilen) “Meniň on ýedi arkamyň han-beglerden gaýdýanyny bilen bolsadylar, bolşewikler ganymy gotura derman ederdiler. Maňa mukaddes kitabymy halkyma ýetirmek buýrulypdy, meniň ölmäge hakym ýokdy. Diňe ajaýyp döwrany golaý getirmek üçin göreşmelidim, şuny oglankam kalbyma salypdylar” Mukaddes “Parz kitaby”, 41-nji sahypa, ýokardan 2-nji jümle. ILBAŞY. Ine, bilermen bolduň! BEÝEMÇIBAŞY. Halkyň asyrlar boýy garaşan ajaýyp zamany geldi! Sarpasy dagdan belent Ilbaşynyň bagtyýar iline peşgeş beren Altyn asyryna altyn gapy açylsyn!.. Dabara, şowhun. Gapy açylýar. Altyn reňk köýnekli, altyn guşakly, başy tahýaly, kükregine, ýagyrnysana “Altyn asyr” diýlip ýazlan oglan girýär. Gyzlar gül zyňýarlar. Oglanyň elinde “Parz kitaby”, beýleki eli bilen egnine atylan uzyn ak hasany tutjak bolýar. Hasanyň ujunda goç şahynyň şekili, aşagyna ujy ýiteldilen altyn gurşaw geýdirilipdir. Oglana hasany tutmak kyn, entirekleýär. Medeniýetbaşy hasanyň bir ujuny galdyryp, tekge berýär. Oglan elindäki kitaby gaçyrýar, Medeniýetbaşy ony oglanyň goltugyna gysdyrýar. Soňra hasa gaçýar, köpçülik sarsýar. Medeniýetbaşy aljyraňňy, hasany galdyrýar, ogşaýar, ýene oglanyň egnine goýýar, ýöne elini aýyrmakdan gorkýar. Oglan basgançaga ýetip durýar, ysgynsyzlykdan ýykylaýmagy hem ähtimal. Medeniýetbaşy hereketi bilen oglany gaýratlanmaga çagyrýar. Oglan ykjamlanjak bolýar, belentde höwessiz garaýan Ilbaşa seredýär. ALTYN ASYR. Mähriban atam... atam jan... men Altyn asyr, seniň gudratyňdan, ruhuňdan dörän perzendiň. Men seniň garaşsyz, azat, erkana... demokratik ýurduňa geldim... (Bady barha peselýär) gujak açyp geldim. (Gujak gerjek bolýar, hasany gaçyrýar. Medeniýetbaşy hasany galdyryp, bir ujuny oglanyň egnine atýar) Seniň pygamber... neme... sen pygamber... MEDENIÝETBAŞY. (Çawuş bilen) Seniň pygamber hasasyny... ALTYN ASYR. ...seniň pygamber hasasyny tutmaga mynasyp eliňden... neme... çykan şu kitap... (Kitabyň ýüzüne seretjek bolýar, gaçyrýar. Medeniýetbaşy galdyryp, eline berýär, çawuş bilen herrelýär) ...mukaddes “Parz kitabyň” müň ýyllap ruhy ýörelge... MEDENIÝETBAŞY. (Çawuş bilen) halkyňa! ALTYN ASYR. ...halkyňa bolar. Men Altyn asyr... seniň beren... MEDENIÝETBAŞY. (Gyjynma bilen) halkyňa! ALTYN ASYR. ...halkyňa beren... neme... peşwişiň... MEDENIÝETBAŞY. Peş-ge-şiň... ALTYN ASYR. ...peşgeşiň... il-halkyn ýüregine ornan... neme... ynançdan... ynançdan... (Sesi ysgynsyz peselýär) MEDENIÝETBAŞY. ...ynançdan dörän... ALTYN ASYR. ...ynançdan dörän iki mukaddesligi... şu bilen şuny... saňa bermeli... (Entirekleýär. Medeniýetbaşy oglany goltugyna alyp, ýokary göterýär, hasa-da bir elinde. Basgançaga galjak bolýar) ILBAŞY. Goý ýerde! Altyn asyr öz aýagynda ýöresin. (Oglan kynlyk bilen birki basgançak galýar, entirekleýär, hasany gaçyrýar, ýene bir basgançak galýar, kitaby gaçyrýar, soň hem özi ýykylýar, togalanyp gaýdýar. Hiç kim kömege baranok, Ilbaşynyň reaksiýasyna garaşýarlar.) Äkidiň! (Harbylar oglany alyp gidýärler. Medeniýetbaşy hasany, kitaby garbap, emedekläp kürsä tarap ugraýar) MEDENIÝETBAŞY. Merhemetli, Ilbaşym, oglanjyk häliden tolgunyp durdy, men gözlüje şaýat. Sizi görende siziň ýüzüňiziň nury Altyn asyryň gözüni gamaşdyrdy. Siziň belent ruhuňyz oglany bihuş etdi!.. ILBAŞY. (Medeniýetbaşynyň gursagyna depýär) Sen çagany garaşdyryp-garaşdyryp, aç-suwsuz saklap, surnukdyryp getiripsiň. Ata-babalarymyz guluny ýençjek bolanlarynda-da öňürti naharlar ekeniler. Sen taryhy bileňok! MEDENIÝETBAŞY. Oglan aýňalandyr, rugsat ediň, ýaňadan getireýin. Repetisiýada bolşuny, hyjuwyny görsediňiz! ILBAŞY. Sen Altyn asyry sahna oýnudyr öýtdüňmi! Altyn asyr gaýtalanmaýar, yzyna-da almak bolanok, berdim – gutardy! Seň ýagdaýyňa Prokurorbaşy baha berer. PROKURORBAŞY. Ol siziň jaýdar getiren deliliňizi tassyklamady. Altyn asyryň açlykdan, ysgynsyzlykdan ýykylmandygyny subut etmek kyn bolar. POLISBAŞY. Altyn asyr ýykyldy diýmän dänim, oglan ýykyldy diýilse, has dogry bolaýjak ýaly... ILBAŞY. Meni görenlerinde raýatlammyň tolgunýandygyny aýdylmanda-da bilýän. PROKURORBAŞY. Muňa obýektiw reallyk hökmünde gararys. Häzirki ýüz beren wakada şol reallyga subýektiw çemeleşme bar. ILBAŞY. Şu aýdanyňy indi türmençe düşündir. PROKURORBAŞY. Sizi gören adamyň güýçli tolgunma duçar bolmagynyň özi, şol adamyň bedeninden ägirt köp energiýanyň bölünip çykmagyna sebäp bolýar. Uzak garaşdyrmadan soň dörän ýadawlyk, üssesine-de çaganyň aç-suwsuz saklanmagy, onuň gowşan bedenini energiýanyň güýçli zarbasyna çydamsyz edip goýdy. Nähili maksada eýerlip, beýle ýagdaýa ýetirilendigini anyklamak biziň işimiz. ILBAŞY. Derňäň. MEDENIÝETBAŞY. (Oda düşýär) Mende hiç hili maksadyň, pikiriň öňde-soňda bolmandygy, bolup-da bilmejekdigi üçin-ä, beýik howandarym, siz meni medeniýetbaşy bellediňiz. Men bir ýumuş oglany. ILBAŞY. Häzirlikçe nälet sütüniniň öňünde durarsyň. MEDENIÝETBAŞY. Duraryn! Kemsinemok, siz diýseňiz özümi dowzah oduna atmaga-da taýyn. Meň çydamym size wepalydygymy subut eder! (Nälet sütüniniň öňünde döşüni gaýşardyp durýar. Prokurorbaşy ony surata düşürýär) RUHÇYBAŞY. Oglany horladyk, ruhy lezzetden ýeterlik paýyny alýança çaga horlanar, horlana-ar!.. Ruhy sagdynlyk duz-tagamyň berýän sagdynlygyndan ýüz esse güýçlidir! BILERMENBAŞY. “Men öz halkyma ilki ruhy taýdan baýamagy buýurýaryn. Ruhy sagdyn halk maddy baýlygyň ýüzüne tüýkürer”. Ilbaşynyň mukaddes “Parz kitaby”, 103-nji sahypa, ýokardan bäşinji jümle. RUHÇYBAŞY. Berekella! Ilbaşymyzyň mukaddes kitabynda ýene: “Bir gezek giren derýaňa ikinji gezek girmersiň” diýip ýazlan. Bu ýönekeý pikiriň aňyrsynda nähili beýik many ýatyr! Dogrudanam, seniň ilkinji giren suwuň eýýäm akyp gitdi, indi başga suwlar akýar. Derýa suwunyň täzelenişi ýaly, adamyň bedeni – eti, süňki, gany täzelenip durýar. Ruhy täzelenýär! Täze ruh dilimizi, düşünjämizi täzeleýär! Serediň!.. (Hasany ýokary galdyrýar) Şu hasa – pygamber hasasy. Könelerden galan söz ýadyňyza düşendir: “Hudaý urany pygamber hasasy bilen dürter” diýlerdi. Ol söz Ilbaşymyzyň dünýä jar eden täze ruhuna gabat gelenok, ony: “Hudaý ýalkan halka pygamber hasasy düşer” diýip, düzetmeli bolar. ÝAŞULYBAŞY. Düýn garaşsyz ýurduň aksakallary bir çukura tüýkürip, Mejlise teklip ýolladylar. MEJLISBAŞY. Mejlisiň nobatdan daşary mejlisi hormatly ýaşulylarymyzyň teklibine seretdi we biragyzdan taryhy kanun kabul etdi. Kanuny jar etmäge rugsat ediň. (Şowhun) Kanun: “Pygamberlik paýhasyndan döräm mukaddes “Parz kitabyny” berip, azat, erkana halkyny ruhy belentlige göteren, oňa garaşsyz milli döwlet gurup beren, ony Altyn asyra ýetirmekde Musa pygamberiň geçen kyrk ýyllyk ýoluny bäş esse gysgaltmagy başaran beýik Ilbaşynyň pygamber hasasyna mynasypdygyny ykrar etmeli. Döwlet tuguny mukaddesleşdirmegiň çäresi hökmünde onuň ýüzüne mukaddes “Parz kitabynyň” ruhy atasy diýen at bermeli”. (Şowhun, dabara) MEDENIÝETBAŞY. Bir asyr az bolýar, möhleti müň ýyla uzaltmagy medeniýet işgärleriniň adyndan teklip edýärin. ILBAŞY. Medeniýetbaşy sahylygyny öz kisesiniň hasabyna-da görkezip bilermikä? Prokurorbaşy, şoň hususy emläginiň hasabyna köşge ýygnananlaryň hersine ýüz dollar paýlamagy buýurýaryn. (Şowhun) BEÝEMÇIBAŞY. Pygamber hasasyny hak eýesine gowşurmak dabarasy başlanýandyr-la, ho-ow... Saz ýaňlanýar. Mejlisbaşy, Ýaşulybaşy, Ruhçybaşy hasany depelerinde göterip gelişlerine Ilbaşa gowşurýarlar. Şowhun. ILBAŞY. (Hasany agramlaýar) Oglan götererden agyr eken-ä bi! (Gülýär) ÝAŞULYBAŞY. Danalyk hemişe agramy bilen ölçelipdir. BEÝEMÇIBAŞY. Geçmişde halkymyzyň ruhuny göteren ägirtler Altyn asyryň ruhy atasy, danalaryň danasy Ilbaşymyza ak pata bermäge gelipdirler, olaryň öňünde altyn gapy açylsyn! Hoş geldiňiz, sapa geldiňiz diýeliň!.. Saz. Köşge Ýalan Gorkut ata, Ýalan Görogly, Ýalan Aýazhan, Ýalan Tumar girýär. Olaryň oýna gatnaşýandyklary eşikleriniň gözilginç gabarasyndan, hereketleriniň meňzeşliginden bildirip dur. Gep uruş äheňleri-de bir meňzeş. Hatara düzülip, Ilbaşa baş egip, tagzym edýärler. ÝALAN GORKUT. Bedew ata namart münmesin, göwresi guma garylar. Bedew goç ýigidi saýlar. Tagtda namart oturmasyn, zulumy iline ýeter. Dana häkim müň serkerdäniň ornuny tutar. Sen gözel iliňi Altyn asyra mynasyp gördüň. Mukaddes “Parz kitabyňy” berip, halkyňy-da danalygyň çürbaşyna göterdiň. Öten-geçenleriň-de ruhy rahatlyk tapdy. Türkmenler: “Gorkuda gabyr gazma” diýendirler, şol sözüň jany bar. Gorkut ataňyz rahat ýer gözläp gezendir. Ençeme asyr entäp, ahyr pellede seň Altyn asyryňa sataşdym, mende arman galmady. ÝALAN AÝAZHAN. Dädem Gorkudyň danalygyna haýran galar ýörerdim. Dädem Gorkut danalykdan uly paý alan-da bolsa, göwnüne almaz, hä diýer. Seniň “Parz kitabyň” gudrat bolup indi. Gün doganda Aý şöhlesiniň ýitişi kysmy, aňyrdan gelýän biz ýaly danalaryň agramy ýeňledi duruberdi. Biziňki, hälki bir, çarwa iliň mydary ýaly çäklije, ýöwsel ekeni diýsem ýerlikli bolar. Özüm-ä: “Aýazhan, çarygyňa bakarak” diýenem bolsam, walla, Ilbaşyň altyn köşgüne çarykly gelmäge utanardym. ILBAŞY. Utanmagyn! (Gülýär) Dogry aýtdyň, mukaddes “Parz kitabymyň” üýtgeşik ýeri, ony çagakam Hudaý meniň kalbyma saldy. Oglan wagtymdaky pikirlerem bar şo ýerde. (Bilermenbaşa seredýär) BILERMENBAŞY. “Damakdan ötüreniň garna düşýär, beýniden ötüreniň ruha düşýär, ruhuň şöhlesi-de göze düşýär. Şol şöhläni garyndan çykýan ys bilen deňäp görüň, şonda ruhuň artykmaçlygyna düşünersiňiz.” Mukaddes “Parz kitaby”, 58-nji sahypa, aşakdan dördünji jümle. ILBAŞY. Eşitdiňizmi, men öz tejribämden geçirmän hiç zat aýdamok. ÝALAN GÖROGLY. Äý, sen är çykdyň, zor çykdyň. Bizleriň çadyr diken ýerimizden sen altyn gümmezli köşkler galdyrdyň, Hüňkäriň dogmalaryny haýrana goýduň. Altyn asyr diýdiň-de, bizleriň hyýalymyza gelmedik hezilligi tapdyň, ýyllara altyn çaýdyň oturyberdiň! ÝALAN TUMAR. Demi daşlary ereden, dünýäni dyza çökeren serdarlar diňe zenan gözelliginiň öňünde ejizläpdirler, dyza çökmegi-de namys bilmändirler. Men beýik saks ordasynyň patyşasy Tumar! Ady-owazasy äleme dolan serkerdeleriň gara kellesini ganly meşige atan Tumar men! Şeýle-de bolsam, bu gün beýik Ilbaşynyň öňünde zenan patyşa hökmünde dyza çökýändigime asla kemsinemok! Ýalan Tumar dyza çökmäge ýetişmänkä ýaý okunyň şuwwuldysy eşidilýär. Hemmeler depä garaýar. Ýalan Tumar dyza çökýär. ÇYN TUMARYŇ SESI. Tur, epilme, gyrnak! Sütüniň aňyrsyndan Tomiris çykýar. Elinde galkan, bilinde hanjar, egninde ýaý. Galkanyň ýüzünde sugun kellesiniň şekili. Gara geýimi bedenine syrlaşyp dur. Üstünden gök ýüpek parça atylan. Aýagynda ýumşak ädik. Maňlaýyndaky altyn gurşawdan saçlary seçelenip ýeňsä düşýär. ÇYN TUMAR. Zenanlar buýsanjyny ýitirende, onuň derdeseri çagalaryň başyna düşýär. ÝALAN TUMAR. Men näme diýmeli? (Töwerekdäkileriň ýüzüne aljyraňňy garaýar) Bu aýalyň çykjagyndan bihabar, maň-a aýdan ýok. BEÝEMÇIBAŞY. (Goltugyndan kagyz çykarýar) Beýik Ilbaşym, ssenaride bi görkezilmändir! Siziň unan wariantyňyz diýip berdiler. Soň goşulan bolsa, ondan menem bihabar, men bilemok!.. ÇYN TUMAR. Meniň adym Tomiris. Siz maňa özüňizçe at goýupsyňyz, Tumar diýdiňiz, taryhyňyza goşduňyz. Gyrnaga meniň adymy berip, özüňizi beýgeltjek bolşuňyz ýöntem hem gülkünç. Meniň mertebämi peseldýändigi bu gyrnagyň paýhasyna ýetenok, ýogsa, garga tawus diýeniň bilen onuň tawus bolmajagyna düşünerdi. Bu görgüliniň aladasy – eýesiniň göwnüni awlamak. Men patyşa gyzy! Men ruhumy goramaga geldim! ILBAŞY. (Hasanyň ujuny ýere urýar) Ssenarini kim üýtgetdi? PROKURORBAŞY. Altyn asyryň ýykylmasy ýöne ýere däl ekeni. ILBAŞY. Altyn asyr ýykylanok, oglany ýykdylar diý! PROKURORBAŞY. Haramzadabaşynyň düzen ssenarisiniň oýnalyp durlandygyna özüňizem hä diýseňiz gerek. ILBAŞY. Heleýligiňi etme! Gözüňe basylyp durlan zady maňa tassyklatjak bolýarmyň?! Polisbaşy! POLISBAŞY. Köşgüň dänim, içinde-daşynda her daban ýer goragly, beýik serkerdäm. Kameralar gyl gymyldasa görkezip dur. Töwerek dänim, asudalyk. Bu garaşylmadyk ýagdaý dänim, Medeniýetbaşyň pyrryldagy diýse bolar. Bu heleý bolsa, öňden oturdylan bolmaly, rugsat ediň, bäş minutda boýun aldyraýyn! (Tomirise) Ýaragyňy taşla-da, galdyr eliňi! Harbylar awtomatlaryny häzirleýärler. Tomiris gülýär. At toýnagynyň güpürdisi köşge dolýar. ILBAŞY. Ýeri, muňa-da asudalyk diýjekmi?! Medeniýetbaşy sypmasyn, nälet agajyna saraň! Medeniýetbaşyny saraýarlar. Şol pursat köşgüň gapydan sowaşyk tarapyndan eli hasaly Gorkut ata peýda bolýar. Başynda selle, egninde ýuka don. POLISBAŞY. Gizläp goýlannaň, ynha, ýene biri çykdy. Sen kim? ÇYN GORKUT. Öňinçä özüňden ula Taňry salamyny bererler. POLISBAŞY. Men saňa salamyň gowsuny bererin! Güpürdi turzan senmi? ÇYN GORKUT. Güpürdi Görogly kysmy beg ogluna ýaraşar. POLISBAŞY. Kimiň rugsady bilen köşge girdiň? ÇYN GORKUT. Ötenleriň ruhundan ak pata soradyňyz, mähetdel etmäýin diýdim. PROKURORBAŞY. Salamälik, ýaşuly. ÇYN GORKUT. Saglykmydyr, aman-esenlikmidir, keýgim. PROKURORBAŞY. Size kim diýerler? ÇYN GORKUT. Bize Gorkut ata diýerler. ÝALAN GORKUT. Kimiň ony Gorkut ata bellänini aýtsyn-la. ÇYN GORKUT. Biriniň belläni bilen Gorkut ata bolunýanmydyr? ÝALAN GORKUT. Onda men kimmişim?! Çyn Gorkut Ýalan Gorkudyň üst-başyny eserdeňlik bilen synlaýar. Ýalan Gorkut bezemen donly, eginleri ýassyk dykylan ýaly galyp dur. Sakgaly çogum-çogum, sellesi gazan ýaly. ÇYN GORKUT. Bagdatly süýthora-da meňzemän duraňok. ÝALAN GORKUT. Sen, goja, halk hudožnigimiziň çeken portretine at dakdyň! Atyň kişňeýän sesi, toýnagynyň güpürdisi ýene köşge dolýar. POLISBAŞY. (Telefona) Ekrana seret!.. Edil dänim, şu mahal uçan-gonan görünýärmi?.. Samolýot diýemok. Depedäki kameralar näme görkezýär?.. Hiç zat! Atly ýa eşekli görünýän barmy?.. Hawa, hawa, köşgüň depesinde diýýän!.. Men seň gülküňi syrtyňa... Ä-ä?.. Hiç zat görnenok? Ýene bir öwre seret!.. Ýok... Guş uçsa-da bara, habaryny ýetir! (Ilbaşa) Beýik serkerdäm, näme oýun gurulýan bolsa dänim, köşgüň içinde. Rugsat ediň... Polisbaşy haýdap gidýär. Ilbaşynyň kürsüsiniň ýeňsesinden Çyn Görogly haýdap çykýar. Egninde mawut çäkmen, şemle guşak, kellesinde gunduz sopbaş, aýagynda ädik, bilinde gylyç, arkasynda dutar. Köşgüň içini synlamaga durýar. ÇYN GÖROGLY. Aýdyň, how, halaýyk, sahylyk bizden galsyn. Ak pata diýeniň bizlerde weşeň-weşeň. Haýsysyndan gerek? Hudaýhon bolsaňyz aýatlysyndan berjek, meýlishon bolsaňyz sazlysyndan berjek. Golumda sazym. (Arkasyndan dutaryny alýar) PROKURORBAŞY. (Aýylganç gygyrýar) Terror! (Goragçylar Görogla topulýarlar) Golaýyna barmaň! El degirmäň! (Görogla) Gymyldaman dur! (Ilbaşy kürsä bukulýar, birnäçe adam ýer bagyrtlaýar) Görogly haýran. Elleri mina gözleýän apparatly adamlar ony gabaýarlar, boýdan-başyna, aýratyn hem dutara apparat tutýarlar. Soňra Prokurorbaşa hiç zat ýok diýen alamat berýärler. Şol wagt haýdap Polisbaşy gelýär. POLISBAŞY. Beýik Serkerdäm, kameralara şübhe eder ýaly gara düşmändir. ILBAŞY. Warak kameralaryňy äkit, jara zyň! POLISBAŞY. Ýaponiýadan ýaňyja aldyk, beýik serkerdäm. ILBAŞY. Gapdalyňa seret. POLISBAŞY. (Çyn Göroglyny görýär) Bu adamlaň önden dänim, häzirlenip goýlanna indi başbitin ynandym, beýik serkerdäm. Ählisini gabaň! (Awtomatly goragçylar olary gabaýarlar) ÇYN GÖROGLY. Janlarym, ýalňyşyp Hüňkäriň köşgüne geläýdim gerek. Sapar köse bilen şertimiz bardy, kyrk ýigidi ýygnap, derhal gaşyňdan çykaryn diýipdi, zaňňarlaň biri-de gözüme ilenok. PROKURORBAŞY. Dildüwşük! POLISBAŞY. Haramzadabaşy o dünýeden... ýok, o dünýä giden halatynda-da dänim, nökerleri, ynha şular ýaly çykarlar durarlar diýjek bolýan. PROKURORBAŞY. Senem özüňe Görogly beg diýersiň? ÇYN GÖROGLY. Şübhäň barmydy? Lybasyňy murdar gördük, Allajanlarym, meni Gyratdan jyda düşüren jadygöý kempiriň gyzy maňlaýymdan çykdy gerek. Bo-ow, bu altyn tagtda ýalpyldap oturan zaňňar siziň Ilbaşy diýeniňiz boldumy? POLISBAŞY. Ilbaşy ähli iliň beýik serdary, biziň serkerdebaşymyz. ÇYN GÖROGLY. Serdarlygy çyn bolsa, zaňňaryň alan galasyny aýdyň bize. TARYHÇYBAŞY. Seniň alan galalaň beýik serdarymyzyň alan galalarynyň ýanynda witjik! Dynnym ýalyja! Serdarym dünýäniň altydan birini eýelän SSSR diýen galany ýumurdy, içinden ýumurdy! ÇYN GÖROGLY. Içinde opurmak serdara gelişýän pişe däldir, jansyzlaň etjek işini aýdýaň sen. Bizler duşman bilen açyk meýdanda ýüzbe-ýüz söweş gurup geldik. ÝALAN GÖROGLY. Muň gepi-sözi, sypaty galtamanyňka meňzeýär. ÇYN GÖROGLY. Zerur ýerinde galtaman-da boluberýäs. ÝALAN GÖROGLY. Bu altyn köşk galtamançylyk etjek ýeriň däldir, hetdiňi tana! ÇYN GÖROGLY. Egniňdäki şaýly kürtäň-ä tasin ekeni, jäjek baryny dakypsyň. Bu gylyjyň-da täsin görünýär. (El degirjek bolýar) ÝALAN GÖROGLY. Çek eliňi!.. Bizler üçin ýaragyň güýji bir aşyk, biz beýik Ilbaşymyzyň beren ruhy güýjüne daýanýas! BILERMENBAŞY. “Ruh göze görünmeýän ruhy ýaragdyr, ol atom bombasyndan-da güýçlüdir.” Mukaddes “Parz kitaby”, 90-njy sahypa, ýokardan birinji jümle. Egnine bir jübt çaryk atan, çopan taýakly Aýazhan ýeňseden çykýar. Egninde çäkmen, başynda tüýi gytyk telpek, aýagynda çaryk. POLISBAŞY. Bylaň soňy gutarjak däl. (Aýazhana topulýar) Bärik kim goýberdi seni! Nirden gelen yşarat sen? ÇYN AÝAZHAN. Ertekiden geldim, maňa Aýazhan diýýäler. POLISBAŞY. Han bolaýşyňy! (Telefona gygyrýar) Edil ýaňy zala kimi goýberdiňiz? Hiç kimi?.. O nähili hiç kimi bolýarmyş, siziňem bir doganyňyzy... Edil dänim, ynha, maňlaýymda bir murtar dur-a!.. Çopan sypat, egninde çaryk, aýagynda çaryk, elinde taýagy bar... çopan taýak!.. Ä-ä?.. hawa, hawa... Serkerdebaşym, bulary gördüm-bildim diýýän ýok. Gapylar jebis ýapyk, signala sapylan, içinde-daşynda ýaragly sakçylar dur. Bylar dänim, köşgüň içinde gizlenip galanlar, şu wersiýany işlemäge rugsat ediň. ÝALAN AÝAZHAN. Wersiýalaşyp wagt ýitirip ýörmek gerekmi, rugsat ediň, men muň kimdigini şu minudyň özünde çöp döwen ýaly edeýin. (Ilbaşy baş atýar. Ýalan Aýazhan parawuz jähekli owadan possunynyň ýakasyny serpip haýbatlanýar) Ýeke sowal berjek, Aýazhanmyň, dälmiň, jogabyň belli eder. Her bir kuwwatly döwleti ýykyp biljek üç sany apat bar, aýt şolary! Birinjisi? ÇYN AÝAZHAN. Sen. ÝALAN AÝAZHAN. He-he... Ikinjisi? ÇYN AÝAZHAN. Saňa meňzeşler. ÝALAN AÝAZHAN. Ha-ha-ha... Üçünjisi? ÇYN AÝAZHAN. Saňa meňzeşlere meňzeşler. ÝALAN AÝAZHAN. (El çarpyp gülýär) Hä-äý-jän-ä! Aýazhan bolaýşyny! POLISBAŞY. Beýik serkerdebaşym, gymmatly wagty ýitirýäs. Umuman dänim, ruh diýilýän zat nähili bolanda-da, köşgüň ygtybarly goragyndan geçibiljegine ynanmak maňa kyn düşýä. RUHÇYBAŞY. Ruh ýedi gat ýerdenem çykyp biler, ýedi gat asmana-da göterlip biler. Daş diwarlar, demir gapylar ruha päsgelçilik döredenok. Men ruhuň başga bir aýratynlygyny size aýdaýyn: ruh göze görünmeli däl! Ol dem ýaly bir zatdyr. (Demini üfleýär) Görýän dälsiňiz. Ilbaşymyz mukaddes kitabynda adamyň janyny-da deme meňzedýär. Şeýdip ol ägirt uly açyş etdi, geçmişi dogry seljermäge adamzat nesline ygtybarly taglymat berdi. BILERMENBAŞY. Beýik Ilbaşynyň mukaddes “Parz kitabyndan”: “Meniň jan bilen demiň meňzeşligi hakyndaky ruhy taglymatym uzak geçmişe-de öz täsirini ýetiripdir. Muny bir mysalyň üsti bilen subut edeýin. Meniň beýik halkymda “dem” diýen düşünjäni aňladýan ýene bir söz bar, oňa “nepes” diýilýär. Ýewreýler biziň bu sözümizi öz fonetiki aýratynlyklaryna görä, “nefeş” diýip alypdyrlar. Biziň “Ruh” sözümiz olara “rauh” görnüşde geçirilipdir. Soňra janyň ruha öwrülýändigini gadymy halklaryň, şol sanda ýewreýleriň-de bizden bilendiklerini anyklamaga meniň beýik taglymatymyň ýardam edendigi halkymyň buýsanjyny has-da artdyrýar.” 91-nji sahypa, aşakdan 3-nji jümle. ILBAŞY. Şu taglymat student mahalym stolowoýda borş iýip otyrkam birden kelläme geläýdi. Beýik açyş edenimi şonda bildim, ýöne garaşsyzlygy gaňryp alýançam adam ogluna aýdan däldirin. Aýdan bolsam, men-ä bir ýok ederdiler, halkyma-da horluk baryny görkezerdiler. ÇYN GÖROGLY. Dädem Gorkut, bu gep-gürrüň biziň gulaklara ýakanok. Aw-şikaryň, meýlisiň, peri-peýkeriň gürrüňi edilse ýagşy. Meý tutýany bolmasa, bagşy-sazandasy bolmasa, mundan altyn köşk boljakmy diý. Gabalan gurda döndük, bir nama aýtmasak ýürekler darka ýarylara geljek. (Dutaryny çalyp gygyrýar) Galalarda han bolmasa, Ülkeler aman bolmasa, Kükrekde iman bolmasa, Iliň gadryn näbiljek, näbiljek-how, nä-äbiljek!.. RUHÇYBAŞY. Ruh bilermeni hökmünde aýtsam, entek bulara ruh diýmek kyn. MEDENIÝETBAŞY. Altyn asyry ýykanam şulardyr. PROKURORBAŞY. Suratlaryny alyň. POLISBAŞY. Surat alyp dänim, wagt ýitirip ýörmelimi? Haramzadabaşyny daşlaň diýsek, daş zyňyşlaryndan belli bolar, ýaranymy-dälmi. PROKURORBAŞY. Jenaýat derňewi suratdan başlanýar. (Suratçylar gelmişekleri surata düşürýärler) Öňden... gapdaldan... ýeňseden... Görkeziň. (Suratlara haýran galyp seredýär) Gaýtadan alyň!.. (Geňirgenmesi has-da artýar) Nälet sütünine saralgy adamy alyň... (Medeniýetbaşynyň suratyny berýärler) Düşüpdir!.. Bulary gaýtadan alyň. (Özi-de kamerasyny işledýär) Ýeke-ýekeden alyň, umumylykda-da alyň... (Öz kamerasyny Ruhçybaşa tarap hem aýlaýar) ÇYN GÖROGLY. Dädem Gorkut, bu zaňňarlaň ak pata aljak boluşlaryny geň gördük. ÇYN AÝAZHAN. Hudaýberdi gorkagyň döwe emel edişi ýadyma düşdi. PROKURORBAŞY. (Gaýtadan alnan suratlara seredýär) Ilbaşym, bular plýonka düşenok. Üç gezegiň üçüsinde-de düşmedi! Medeniýetbaşy düşüpdir, ine, nälet sütünine saralgy dur. POLISBAŞY. Bularam sütüne sarap göreliň-dä. PROKURBAŞY. (Öz kamerasynyň plýonkasyny geçirip dur) Kamera-da düşmändirler. Ähli zat düşüpdir, bulaň ýeri ap-ak. Ruhçybaşymyz düşüpdir, hernä, ol ruha öwrülmändir. (Ajy ýylgyrýar) Ruha öwrülip, biziň işimizi kynlaşdyraýmaweri! (Telekamerada ruhlara seredýär) Telekameralaram alanok! Men olary görýän, ynha, görüp durun, ekranda birem ýok. ÇYN GÖROGLY. Ruh-ruh diýip-de, bu zaňňarlaryň käkeläp duruşlaryny ýeser gördük, şularyň özleriniň bir diriligi çynmyka? Bizler ruhy aýatda ýatlanymyz bilen oňardyk. PROKURORBAŞY. (Ruhçybaşa) Hakyky ruhçy bolsaň, sen aýt-da bize, ruhy surata düşürip bolýanmydyr? RUHÇYBAŞY. Ilbaşynyň beýik taglymatyny düzüwli öwrenen adam bu sowaly berer öýdemok. Taglymatda bu sowala jedelsiz jogap bar: dem – jan, adamyň demi gutarsa, jany gutarýar diýýärler. Ilbaşymyz: jan gutaranok, jan ruha öwrülýär diýdi. Demiň görünmeşi ýaly, jan hem görünenok, olar görünmese, ruh hem görünmeli däl. Görünmeýän zadyň surata düşmejekdigi köre-de aýan. ILBAŞY. (Bilermenbaşa seredip) Aňsatja düşündirdi, ýewreýleri ara sokup ýötmegiň geregem ýok eken-ä? BILERMENBAŞY. Siz ýewreýleri mysal tutup, öz taglymatyňyzyň juda gadymýete aralaşýandygyny subut etdiňiz. ILBAŞY. Stolowoýda borş iýip oturanymyň yzyny aýtmandyryn. Borş guýup berýän heleý bardy, ýewreý heleý, adam ýadymda, Faina, ýewreýem bolsa görmegeýjedi. Şoňam täsiri ýetendir, sebäpsiz ýerden ýewreýler ýada düşenog-a. BILERMENBAŞY. Siziň her bir beýik pikiriňiziň aňyrsynda ägirt uly durmuş tejribäňiz ýatyr. POLISBAŞY. (Birden gygyrýar) Demi surata düşürip bolýar-a! Sowuk howada adamyň demi agzyndan buga öwrülip çykýar, bugy görýäs-ä, surata alyber! Mende şeýle teklip bar, serkerdebaşym, bulaň dördüsinem holodilniga dykalyň, şonda bellisi bolar. PROKURORBAŞY. Ilbaşynyň beýik taglymatynyň dogrulygyna şübhe döremezmi? RUHÇYBAŞY. Haýsydyr bir jenaýat derňewini bahanalap, beýik taglymata şübhe döretjek bolunmagyna men garşy! PROKURORBAŞY. (Köpmanyly gülýär) Her kimiň öz aladasy. POLISBAŞY. (Aljyraýar) Meniň teklibim dänim, diňe şu gelmişeklere degişli. RUHÇYBAŞY. Beýik taglymatyň güýji onuň bitewiligindedir! ILBAŞY. Polisbaşy, sen teoriýadan birazajyk agsajak bolýaň. POLISBAŞY. Mundan bu ýana dänim, agsamajagyma kasam edýärin, beýik serkerdebaşym! ILBAŞY. Apparatlary täzeläň-de, gaýtadan surata düşüriň. Ýene ruhlary surata alýarlar. Ilki Prokurorbaşy seredýär. PROKURORBAŞY. Ýene düşmändirler, ähli zat düşüpdir, bular ýok. ILBAŞY. Göreýin. (Fotolara seredýär) Indi kemi galmady! Beýik ruhy taglymatym ýene bir synagdan geçdi. Ruhlar plýonka düşmeselerem siziň gözüňize görnüp durlar, täsin diýýänsiňiz. Bu ýerde tötänlik ýok, meniň ruhy taglymatyma giňden düşünýänler bilip durandyrlar. Bilmeýänleriň entek kelle döwmekleri gerek. Polisbaşy entek kelle döwmäge ýetişmändir, Ruhçybaşy heleýem bolsa, düşünendir. RUHÇYBAŞY. Mähriban ata-babalarymyzyň ruhlarynyň siziň raýatlaryňyzyň gözüne görünmekleri siziň erkiňize bagly täsinlik. Ol täsinlik şular ýaly taryhy pursatdy, siziň ölmez-ýitmez taglymatyňyza wepaly adamlara elýeterlidir! ILBAŞY. Berekella! Hakyky taglymat öz manysynyň çäginde pikir giňişligini talap edýär. Men ata-babalarymyň ýagty ruhlarynyň gelendigini bilip otyryn, raýatlarymam olary görsün diýdim, şübhäniň ýok bolmagyna garaşdym. Hoş geldiňiz!.. (Şowhun) Eýle-beýle gelşiksiz zat bolan bolsa, göwnüňize almaň. Dünýäde terrorçylyk belasy möwç alýar, gara ýel ýaly, bir çeti bize-de ýetdi. Ägä bolmasak başga alaç ýok. Ata-babalarymyzyň ruhlaryna biziň sarpamyz aýdyp-diýerden uly. Ony siz antraktdan görersiňiz. Medeniýetbaşyny alyp gidýärler. Nälet sütünine daş zyňmak dowam edýär. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |