07:06 Ruhuñ tupany / pýesanyñ dowamy | |
2. TUPANYŇ SOŇY
Teatr we kino sungaty
Ilbaşy belent kürside otyr. Gyzlar tans oýnaýarlar. Nälet sütünine daş zyňmak dowam edýär. BEÝEMÇIBAŞY. Ata-babalarymyzyň ruhlary beýik Ilbaşymyzyň halkyna peşgeş beren Altyn asyryny ýüz ýyllyk ýola ugratmaga gelipdir. Hoş geldiňiz, sapa geldiňiz, gadyrdan ruhlar! Siziň göze görnüp durmagyňyz Ilbaşynyň ruh baradaky beýik taglymatynyň ösýändiginiň we giňelýändiginiň degerli we döwrebap alamatydyr. Ruhlara tarap öwrülip, tagzym edilýär. Medeniýetbaşy ylgap gapydan girýär, awtomatly goragçylar ony kowalap gelýärler. MEDENIÝETBAŞY. Duruň, tagapyl ediň, saklanyň biraz!.. Ilbaşym, häzir, ed-diljek häzir meň sözüm diňlenmese, damakgana ot ýakylmadyk ýaly boljak. Şeýtana sümelge galmasyn, serdarym. Öňinçä arassalansak, tämizlensek, şondan soň ýagşy ruhlara hezzet-hormat etsek... Ilbaşym, ja-an serdarym, adyýitmiş Haramzadabaşyny ýene agzamaly boljak, başga alajym ýok. Özi aramyza sokulýa o nejisiň! Ol siziň keramatly ruhyýet köşgüňize ýagşy ruhlaryň gelmegini islänokdy. Bu ýagşyzadalary ssenara sokan meň özüm, maslahatlaşyp sokduk, hormatly Ýaşulybaşam hä diýer! ÝAŞULYBAŞY. Hä-äý, sypaty gurmuş-a!.. Ilbaşynyň kanunynda Ýaşulybaşa sen tetelliň sözüne hä diýmek buýrulanok. MEDENIÝETBAŞY. Adyýitmiş Haramzadabaşynyň ruhy şu taýda, biziň aramyzda. Oň göze görünmeýändigi siziň beýik ruhy taglymatyňyzyň dogrulygy bilen düşündirse bolar. Oň murtar ruhuny hiç kimiň göresi gelenok. Görnüp bilmeýänine içi ýanyp, etjegini edip ýör. Altyn asyryň aýagyna badak atanam şol! Agzymyzy alardýanam şol! Ruh ruhy görýändir, Görogly agamyzyň ruhundan haýyş edeliň, Haramzadabaşynyň ruhuny köşkden jyrraýdyp kowsun, eger ruhy öldürip bolýan bolsa, öldürsin! Enesinden başga aglajak ýok. BILERMENBAŞY. “Diri adamyň ruhy bolanok, jany bolýar.” Mukaddes “Parz kitaby”, 47-nji sahypa, ýokardan birinji jümle. RUHÇYBAŞY. Adam janynyň ruha öwrülmegi üçin jan ilki bedeni terk etmeli. MEDENIÝETBAŞY. Haramzadabaşynyň ruhunyň edil häzir şu ýerdedigini duýýan, şu gürrüňleri diňläp duranynam duýýan. Garaşylmadyk hokga çykarar. Men Ilbaşymyň şirin janyny gaýgy edýän. (Gygyrýar) E-eý, Haramzadabaşyň haram ruhy! Alsaňam meň janymy al, Ilbaşymdan el çek! ILBAŞY. Ýaşulybaşy, hany, sen, aýt, Haramzadabaşy bilen raýatlammyň bir howadan dem almagyna aksakallar çydarmydylar? ÝAŞULYBAŞY. Wah-eý, düýn ýoguna ýanan bolsadyk, bu gün howamyz hapalanmazdy. ILBAŞY. Diýmek, hormatly aksakallar Haramzadabaşynyň ýoguna ýanylmagyny düýn islän ekeniler-dä? ÝAŞULYBAŞY. Biziň göwün islegimize dogry düşünýäniň üçin Alla saňa uzak ömür bersin! BILERMENBAŞY. “Meniň etnodemokratiýamyň ýörelgesine görä, ýaşulylaryň islegi hemişe kanun bilen berkidilmäge mynasypdyr.” Beýik Ilbaşynyň mukaddes “Parz kitaby”, 248-nji sahypa, ýokardan üçünji jümle. MEJLISBAŞY. Hormatly ýaşulylar öz isleglerinden dörän teklibi düýn Mejlisiň deputatlaryna gowşurdylar. Deputatlar bada-bat jemlenip, teklibe garadylar, bir çukura tüýkürdiler, oňa kanuny güýç berdiler. ÝAŞULYBAŞY. Deputatlaryň çukuryna uly il tüýkürýär! BEÝEMÇIBAŞY. Şu duran halaýygam tüýkürýändir-le, ho-o-ow... SESLER. Tüýkürýäs!.. Tüýkürýäs!.. Tansçylar topary küştdepdiniň ritminde aýlanýar. TANSÇYLAR. Häh-häh, tüýkürýäs!.. Bir çukura tüýkürýäs!.. häh-häh, tüýkürýäs!.. Haramzadabaşa küşt! Haramzadabaşa küşt, küşt-küşt!.. Hemmeler ritme görä tüýkürýärler. Soňra şowhun. KAZYBAŞY. Ýokary Adyl Kazylyk wagt ýitirmän watan dönükleri hakynda Mejlisiň çykaran kanuny boýunça Haramzadabaşynyň jenaýat işine seretdi we adalatly höküm çykardy. ILBAŞY. Ýokary Adyl Kazylygyň hökümini ýerine ýetirmäge buýruk bermejegimi aýdandyryn. Adam janyny almaga siz meni mejbur etjek bolmaň, etmen! Etmen diýdim, etmen! Ölüm jezasyna garşydygymy bütin dünýä bilýär! Pygambere-de goşulmaga Alla ygtyýar berenok. Jan almak Allanyň işi, Allanyň işine goşulyp bilmen-ä men! Goşulsam, ata-babalarymyň ýagty ruhlary näme diýer?! Olar: adalatly patyşa Taňry saýasydyr diýdiler, şoň dogrudygyny men tejribämde görkezip ýörün-ä! Men Haramzadabaşynyň türmede çüýremegine razy bolsamam, janyny alyň diýmen, goý, ony beren Alla alsyn. Siz meniň goluma pygamber hasasyny berdiňiz-ä! KAZYBAŞY. Watan dönügi öten agşam oturan kamerasynda öz janyna kast edipdir, asylyp ölüpdir. ILBAŞY. Hiç kim oňa beýle ygtyýar bermändi. Polisbaşy, saňa berk käýinç berýän! Allanyň öňünde-de jenaýat etmäge Haramzadabaşa ýol bereniň üçin! Berk gözegçilik bolan ýagdaýynda özüni asyp bilmezdi, ýaşardy, geljekde agyr günäsini gan bilen, der bilen ýuwmaga mümkinçiligi bolardy. Seniň biperwaýlygyň meniň raýatymy şol mümkinçilikden mahrum etdi. Iki aýlyk hakyňdan mahrum edýän, döwletiň hasabyna geçiriň. PROKURORBAŞY. Bu işde psihiki faktory-da hasaba almak gerek. Zannyýaman jenaýatkäriň etmişi hemişe aýylganç tekepbirlikden ugur alýar. Onuň janyna kast etmeginde-de tekepbirligiň aýgytly täsiri bolandyr. ÝAŞULYBAŞY. Halkyň näletiniň agyrlygyna düşünendir diýeliň. MEDENIÝETBAŞY. Haramzada öz eli bilen iki dünýäsini-de dowzaha öwürdi. ILBAŞY. Agşam çykan jan ruha öwrülmäge ýetişenmidir? RUHÇYBAŞY. Bu sowala anyk jogap berlende, siziň ruh hakyndaky beýik taglymatyňyz käbir goşmaça belliklere salgylanmagy buýurýar. Eger özüni heläklän adamy Allanyň ýazyksyz bendeleri bilen bir gonamçylykda jaýlamak gadagan diýlen bolsa, diýmek, onuň ruhuna-da sagdyn ruh diýmek bolmaz. Haramzadabaşynyň jany ruha öwrülmäge ýetişenem bolsa, onuň ýakymsyz ruhdygyny belläp goýmaly. MEDENIÝETBAŞY. Men bilen ekenim! Burnum Haramzadabaşynyň porsy ysyny alyp dur. (Ysyrganýar) BILERMENBAŞY. “Matlaby, niýeti çüýrük adamlaryň jany entek bedendekä porsap başlaýar, soňra ol ruha öwrülende-de porsy ysdan halas bolup bilmeýär.” Beýik Ilbaşynyň “Parz kitaby”, 95-nji sahypa, aşakdan dördünji jümle. MEDENIÝETBAŞY. (Ysyrganyp durşuna) Porsan meýdiň ysy ýaly!.. Eger porsy ysdan mikrop ýaýraýan bolsa, adamlar, burnuňyza ýaglyk tutuň! (Burnuny tutýanlar tapylýar) PROKURORBAŞY. Beýik dabarany bozmak üçin Medeniýetbaşy ýene bir prowokasiýa baş urýar. ILBAŞY. Nälet sütünine saraň. (Medeniýetbaşyny saraýarlar) PROKURORBAŞY. Medeniýetbaşynyň bolşuna Ruhçybaşy näme diýerkä? Belki, ol ruha düşünmek üçin Ruhçybaşydan sapak alandyr? RUHÇYBAŞY. Heý-de, adyl hökümdaryň altyn köşgüne Haramzadabaşynyň porsan ruhy gelip bilermi! PROKURORBAŞY. Ýeser tapdyň! (Köpmanyly gülýär) RUHÇYBAŞY. Altyn köşge ata-babalarymyzyň arassa, sagdyn ruhy ýaraşýar. Ýene bir gezek hoş geldiňiz, sapa geldiňiz diýeliň! BEÝEMÇIBAŞY. Beýik Ilbaşymyzyň ata-babalarymyzyň ýagty ruhlaryny hormatlaýandyr-la, ho-o-ow... Dabaraly saz. Ýalan Görogly, Ýalan Gorkut, Ýalan Aýazhan, Ýalan Tumar saçak göterip, nyzam bilen gelýärler. Saçaklaryň üstünde “Parz kitaby”, pasport goýlan. Gelenleriň hersi özlerine degişli ruhlaryň öňünde saklanýar. MEJLISBAŞY. Garaşsyz, demokratik döwletiň ýeke-täk hökumdary beýik Ilbaşynyň antraktda çykaran taryhy permanyny okaýaryn: “Altyn asyry mähriban halkyma peşgeş berýän dabaraly günümde ak pata bermek islegi bilen altyn gümmezli köşgüme asyrlaryň jümmüşinden gelen Gorkut atanyň, Göroglynyň, Tumaryň, Aýazhanyň röwşen ruhlaryna türkmen pasportlaryny gowşurmaly, olary arzuw edilip ýetilen, men tarapdan bina edilen baky garaşsyz, demokratik döwletiň azat, erkin raýatlary diýip yglan etmeli. Beýik Ilbaşy.” Dabara, şowhun. Ýalanlar Çynlara pasport bilen “Parz kitabyny” gowşurýarlar, olary göwünsiz, gorka gujaklaýarlar. ÇYN GÖROGLY. (Gapdalyndakylara) Çaý-çilim, şerapdyr ýahna bermegiň deregine bu zaňňarlaň bizleri kagyz bilen oňduraýmak hyýallary bar şekilli. ÝALAN GÖROGLY. Hä-äýt, geplejek gepiňi bilip geple, bilmeseň bilýänden sora. Berlen zatlaryň bahasy altyndan gymmat. Şuňa pasport diýilýär. Saňa düşnükli bolar ýaly edip aýtsam, baş-bilet! “Türkmenleň Gyratly başbiletlerin, mysal üçin, hormat bilen alýarlar!” diýip, bir şahyryň şygrynda aýdylýar. Düşenok-da! “Geçiniň afişa garap durşy deý” aňalyp durma! Sen beýik Ilbaşynyň buýsançly raýaty bolduň, raýatlyk borjuňy düzle, mukaddes kitabyň manysyny seçýänçäň geplemän dur. ÇYN GÖROGLY. Azat diýdiň, erkin diýdiň, mundan soň dilime badak saljak bolmaň gelşiksiz, zaňňar. ÝALAN GÖROGLY. Ilbaşym, orta asyrlaryň tümlüginden gelen myhmana mazaly düşündirmesek boljak däl, rugsat ediň! (Çyn Görogla) E-eý, sadagaň bolaýyn ruhy halypam! Sen başbilet aldyň, eliň, aýagyň, diliň bilen şu ýurda baglandyň! ÇYN GÖROGLY. Bir ýurda baglap goýar ýaly men siziň bazardan satyn alan guluňyzmy diý! Häzirbegjan ýurduna näme diýjegiňe oýlandyňmy sen! Öňem-ä olar bilen dawaňyz az däl, ýer diýdiňiz, deňiz diýdiňiz, nebit-gaz diýdiňiz. Meň üstümden dawa turmasyn, turaýan ýerinde senmi gorajak! (Gülýär. Ýalan Göroglynyň bilindäki gylyja el ýetirýär) Gylyç diýip göteren zadyňda agram ýok, agaçdan ýasalan şekilli. ÝALAN GÖROGLY. Ilbaşym, bu adam syýasata goşulýar, Azerbaýjandan ýörite iberlen bozgak bolmasyn? Beýemçibaşy Ýalan Göroglyny gyssagly gyra çekýär. BEÝEMÇIBAŞY. Artistligiňi unutdyň, lal bol! (Çyn Görogla) Görogly beg, toý saçagyny seň göwnüňe görä ýazarys. ÇYN GÖROGLY. Äý, biziň saçak dawamyz bolmaz. Ikilän-üçlän ýassyk taşlansa, biz-de gyşaryp çaý içsek, çilim dartsak. (Haly düşegiň üstüne çökýär) Sapar Kösä-de geler wagt-a boldy, Bozdumanyň toýnagy gyzýan däldir. (Hyzmatkärler haly ýazyp, per ýassyklar oklaýarlar. Çyn Görogly ýassygy tirseginiň astyna alýar) Gorkut däde, kitapda ünsüň eglendi, many alara ýagşy söz tapdyň gerek. ÝAŞULYBAŞY. Heý, tapmazmy! Şol kitabyň sadagasy bolaýyn, bizi-hä kelle agyrdyp, pikir gözlemek aladasyndan dyndardy bolsa-da. Biakyla-da akyl paýlap dur. ÇYN GORKUT. (Kitaby okaýar) “Mukaddes “Parz kitabym” Altyn asyryň genji-hazynasyna öwrüldi, men şoňa buýsanýan. Men oňa bimöçber azaplara döz gelip ýetdim. Ilki akmaklygyň sapaklaryny oňatja özleşdirdim, şondan soň akmaklyk bilen danalygyň parhyny mazaly duýdum. Men muny ten duýgusynyň mysalynda düşündirip biljek. Meselem, akmaklyk-da adamyň otyrýerini gijedip bilýär, danalyk welin, edil burç basylan ýaly edäýýär!” BILERMENBAŞY. Bäşinji sahypa, aşakdan dördünji jümle. ÇYN GÖROGLY. Bizler akmaklygy, danalygy beýni bilen ölçäp bolýandyr öýderdik, bu zaňňar başga ýeri salgy beräýdi-le! ILBAŞY. Men özümde synag edip, onsaň ýazýan. Tejribeden geçirilmedik pikiri öli dogan çaga meňzetse bolar. ÝAŞULYBAŞY. Berekella! Neneň düşünmejek! ÇYN GÖROGLY. Äý, bu kitabyň täsinligi ertekiden pes bolmady. Aýazhan, sen ertekiden çykan adam, sen beletsiň, seň ýurduňda müşgil zat ýok, sen ýaly garyp çopan-da patyşaň tagtynda oturyberýä. Bu zaňňarlar altyn asyr diýip bir zat tapdylar, biz-de oňa ak pata bermeli. Horasan hanlarynyň başynda altyn jyga gördük, Hüňkäriň köşgünde altyn tagt gördük, altyn asyr diýlenini welin, eşitmändik. Beletçiligiň bolsa, bizi-de habardar edip otur. ÝALAN GÖROGLY. (Topulýar) Mundan soň dymyp oturyberjek däl! E-eý, Görogly begiň ruhy, ruh diýlen zadyň garagy gapyk bolmasa, saýgarmal-a sen! Sen ertekiň hakykata öwrülen ýurduna geldiň! ÇYN GÖROGLY. Şol ýurduň Göroglysy-da sen bolmalymy? ÝALAN GÖROGLY. Ruh diýlen zatda göriplik bolýanmydyr? BEÝEMÇIBAŞY. (Ýene Ýalan Göroglyny gyra çekýär) Bulaşdyrýaň, lal bolup dur! Saçak ýazylýar, çaý-çilim getirilýär. Çyn Görogly suwly çilimi dartyp, lezzet bilen tüsse goýberýär. ÝALAN GÖROGLY. Çilim tütediş-ä ruha meňzänok. ÇYN GÖROGLY. Peşşapbaşy haýsyňyz? POLISBAŞY. Bizde polisbaşy diýilýär, şolam men. ÇYN GÖROGLY. Sen bolsaň, peşşaplaryňa sargap goý, Sapar Köse göründigi habaryny ýetirsinler. POLISBAŞY. Siz dänim, görünmän gelýäňiz-ä! Sapar Köse diýeniň kim bolýar? ÇYN GÖROGLY. Sen zaňňar, Sapar Kösäni bilmän nähili türkmen bolýaň sen?! POLISBAŞY. Men beýik serkerdebaşymy bilýän! Sapar Köse diýdiň, indi sen şo adamyň sypatyny, doglan ýylyny, ýaşaýan, işleýän ýerini, ýedi arkasyny aýtmaly borsuň. ÇYN GÖROGLY. O zaňňaryň doglan wagtyny Hudaý biläýmese, adam ogly bilmez. Sypatyny aýdybiljek. Ömrüni heleý gözläp ötüreni gör – Sapar Kösäni gör. POLISBAŞY. Bu aýdanyň maşgala ýagdaýyna degişli bolubiler, sen daş sypatyny aýt. ÇYN GÖROGLY. Ömrüni heleý gözläp ötüreniň sypatyny bilmeýän bolsaň, haýsy akmak seni peşşapbaşy goýýar?! Duranlar sarsýar. Ilbaşy haýbat bilen towsup turýar, badyna iki basgançak düşýär. Goragçylar awtomatlaryny häzirläp, buýruga garaşýarlar. Bu dartgynlygy Çyn Görogly duýanok, çaý-çilime gümra. POLISBAŞY. (Gygyrýar) Men dänim, beýik Serkerdebaşyma dil ýetirilmegine ýol bermen! (Dabanyny ýere urup gygyrýar) Ýol bermen diýip saňa aýdýan! ÇYN GÖROGLY. Bu işigaýdan zaňňar bizleri kerdir öýtdi çaky. (Howlukman Polisbaşyny synlaýar) Garynjagazyň ýasy, ýüzüň-de bäbegiň göti ýaly terje. Sapar Kösäň ýüzüni görsediň sen! Eýlenmän guradylan derini görüpmidiň, üstesine-de köse. Boý diýeniň ikindiň kölegesi ýaly, garyn-gasyk diýeniň boşw meşik diýen ýaly. Zaňňaryň gara güýji süňk bilen damardadyr. Polisbaşynyň sotowoý telefonuna jaň gelýär, gyssagly gürleşmäge durýar. POLISBAŞY. Hawa!.. hawa... hawa-hawa!.. Serkerdebaşym, şübheli adam ele salyndy! Köşgüň öňünden til edýäler! Hiç hili dokumenti ýok, köşge girmäge hyýal edipdir, maňa Görogly beg garaşýar diýipdir. ÇYN GÖROGLY. Gelipdir-ow zaňňar! Sapar Kösä garaşýanymy bilip durkaň, dowul turuzma-da, çagyr bäri! Kyrk ýigidi bilen gelsin. POLISBAŞY. (Telefona) Ýanynda kim bar?.. ýeke özi... Adyny soradyňmy?.. Sapar Mährem... (Çyn Görogla) Sapar Köse diýmändir-ä? ÇYN GÖROGLY. Köse adam özüne köse diýjekmi! POLISBAŞY. (Telefona) Ýüz-gözüne seret, kösä meňzeýämi?.. Kösäni bileňokmy?! Tüýi barmy, gowuja seret... Niresinde tüý bolmaly? Ýüzünde!.. seňem bir!.. Ýok. Boýy nähili?.. ölçemän aýdaý, uzynmy, gysgamy?.. uzyn. ÇYN GÖROGLY. Sapar Kösedigine şübhe boljakmy! POLISBAŞY. (Telefona) Heleý gözlediňmi diýibem sorap gör... Dündük! Öýlenenmi diýen manyda... PROKURORBAŞY. Wagt ýitirýäs, köşgüň daşy gabalyp ýör! POLISBAŞY. (Telefona) Kameralar dänim, şol adamy fiksirledimi? Ä-ä?! Bolşy ýaly görkezýälermi?! Eli-aýagy, ýüzi-gözi ekrana düşýärmi diýýän?! (Howsalaly) Ele salnan adamyň keşbi ekrana düşüpdir! PROKURORBAŞY. Ýagdaý çylşyrymlaşýar. ÇYN GÖROGLY. Hä-äý, zaňňar, Sapar Kösäň ätlän ýeri gap-çanakdyr. POLISBAŞY. Sen oň ruhdugyny nädip düşündirerkäň! Diri adam ýaly ekrana düşdi. ÇYN GÖROGLY. Dowzaha düşende-de Sapar Köseliginden üýtgejek ýeri ýok. RUHÇYBAŞY. Üýtgemeli! Adamyň jany ruha öwrülende üýtgeýär. ÇYN GÖROGLY. Men Sapar Kösä-de, kyrk ýigidime-de ruh diýmen. Olar öň kakam Ady bege, soň maňa gulluk etdiler. Biziň ölenmiz bilen dünýäde han-beg gutardymy diý. Han-beg barka kyrk ýigit bolaýmaly. PROKURORBAŞY. Nähili maksada eýerip, kyrk ýigidi köşge çagyrdyň? ÇYN GÖROGLY. Olar-da Altyn asyryň hezilligini görsün diýdik. PROKURORBAŞY. Köşgüň gapysynda Sapar Köse diýeniň ýeke özi dur, beýlekileri haçan gelmeli? ÇYN GÖROGLY. Çaltrak göresiň gelýär-ä? PROKURORBAŞY. (Haýbatly) Sen berlen takyk soraga takyk jogap ber! ÇYN GÖROGLY. Zenan maşgala bisabyr bolsa, haly harapdyr. Tagapyl et, görersiň, göwnüňe ýaranyny saýlap tut. Sapar Köse ýaramasa, Taýmaz begi tut. Beg derkar däl diýseň, Bedrüstem bardyr, sypaýy, polady ýumşak ýigit. Ýok, suwjuk geplini halaýan diýseň, Hajy Sumsar bardyr. Aý-ýok, hyşy-wyşyny eşitmeýän ker gerek diýseň, Beki Saňsaryň ýakasyndan tut. PROKURORBAŞY. (Haýbatly) Tüket! Ýaragly topar häzir nirde duran bolmaly? ÇYN GÖROGLY. Ony size Sapar Köse aýdar. ILBAŞY. Getiriň! POLISBAŞY. (Telefona) Getiriň! Ýaragsyz getiriň! Köşgüň töweregindäki kwartallary ýaňadan barlap çykyň! Goragy üç esse artdyryň! PROKURORBAŞY. Terrorçylyga garşy göreş çäreleri bilen bagly ruhlary gaýtadan plýonkada barlap görmeli. Fotoapparatlar, kinokameralar dürli tarapdan ruhlara gönükdirilýär. Prokurorbaşynyň özi-de gatnaşýar. Ruhlar plýonka düşenoklar. POLISBAŞY. Beýik serkerdebaşym, üns beräýmeli täsin zat ýüze çykdy! Plýonka suraty düşmeýänler, üns berseňiz, medeniýetbaşynyň görkezen adamlarydyr. MEDENIÝETBAŞY. Meň ssenara salanlam rol oýnaýan artistler, soňky gelenlerden habarym ýok, ruha meň erkim ýetenok. POLISBAŞY. Pikirimi bölme!.. Sapar Köse diýýäniň suraty düşüpdir. Suraty düşen bolsa dänim, oňa ruh diýip bolmaz, bi diýenimi, ine, şü Görogly diýlen tassyklady. Diýmek, dänim, bu taýda aýdyň edilmeli zat bar. Ruhlar bilen dirileriň arasynda dildüwşük bolup bilermi? PROKURORBAŞY. Has beteri, bular aýry-aýry döwürlerde ýaşan adamlaryň ruhlary, ýöne olaryň gep-sözi, boluşlary bir netijä gelmäge esas berýär: Ruhlar biri-birinden habarly, dilleşip gelipdirler diýse bolar. POLISBAŞY. Anygyna ýetmeli zat köpelip barýar, beýik serkerdebaşym, bolmasa dänim, biraz arakesme yglan edilse?.. ILBAŞY. (Gygyrýar) Altyn asyrda arakesme bolmaly däldir! Harbylar Sapar Kösäni getirýärler. Ol Çyn Görogla tarap haýdaýar. SAPAR KÖSE. Häý, Görogly zaňňar, sen meni nirä çagyrdyň! Golumy baglap, zyndana taşlatmak netiň barmydy? (Görogla ýetmänkä ýoluny kesýärler, yza çekýärler) Eýranda, Owganystanda entäp ýörenimi az gördüňmi?! POLISBAŞY. O seni haçan çagyrdy? PROKURORBAŞY. “Çagyrdy” diýlen sözüň hukuk taýdan esasynyň ýokdugyny başda duýdurmak zerur. Diňe raýatlyk hukugy bolan adam çakylyk gönderip biler. Görogly diýilýän adamyň ruhuna pasport gowşurylmagy simwoliki mana eýedir. Pasportyňam edil ýaňy gowşurylandygyny göz öňünde tutsak, hiç bir çakylyk hakynda gürrüň bolup bilmez. POLISBAŞY. (Sapar Kösä gaharly gygyrýar) Görogly seni bir ýerde gördümi, ýa dänim, habar ýetirdimi? SAPAR KÖSE. Düýşüme girdi. Garaşsyz bir döwlet türkmene-de nesip edenmiş, kyrk ýigidi ýygna-da, ýola düş, han-begini, il-gününi mübärekläp gaýdaly diýdi. Altyn gümmezli köşklerini gördük, güler ýüzlerini görmedik, bu ne ahwalat boldy, Görogly?! Kyrk ýigit serhetde galdy, wiza diýip, bizlere düşnüksiz bir närse tapdylar. POLISBAŞY. Sen gelipsiň-ä, saňa kim wiza berdi? SAPAR KÖSE. Alyp-berip bolýan haryt bolsa, şony bizlere-de görkeziň, bahasyny aýdyp oturyň diýdim turuwbaşda. Ilki boluşlary bir nyrha gelinjekdendi, birdenkä-de tebil tapdy zaňňarlar. Bizler topar tutup barmaly däl ekenik, soň düşünip galýas. Soň düşünmek keseli türkmeniň bagryny ýakýar-da! PROKURORBAŞY. Serhedi bozupdyr! SAPAR KÖSE. Görmän bir zat diýme! Özüň-de zenan maşgala ogşaýaň, aýypdyr. POLISBAŞY. (Gygyrýar) Sen nädip dänim, serhetden geçdiň! SAPAR KÖSE. Bozan zadym ýok. Hudaý ugruna etjek bolsa, bir alaç tapylýar. Bizlere-de hyratly bir ildeşimiz sataşdy, ýük geçirýän ekeni, täjirdirin diýdi. Gylyjyň bitirmejegini täjir bitirýär. Aköýliň dilini tapana meňzedi, meni-de adamlaryň arasyna goşdy goýberdi. Başyňa iş düşse, habardar edersiň diýip, elime bir oýunjak tutdurdy, gudraty zor ekeni. Görogly zaňňar, alty aýlyk ýoly alty günde geçýär diýip, Gyratyňa baýrynyp ýörme, ol jadyly oýunjak ýeriň aňry ujuna habaryňy ýetirip dur. Arman, köşgüň öňünde gaňryp aldylar. Getirenleriň biri alnan sotowoý telefonyny Polisbaşa berýär. POLISBAŞY. Kimiň berenini anyklamak kyn däl. (Haramzadabaşynyň suratyny görkezýär) Şu adam tanyşmy saňa? SAPAR KÖSE. Halys bizar-petim çykdy, maňlaýymy dirän ýerimde şu surat, haw! POLISBAŞY. (Gygyrýar) Zerurdyr-edilýändir! Garaşsyz döwletimizi ýykmaga, hem-de dänim, ony guran beýik serdarym Ilbaşynyň janyna kast etmäge synandy şu adam! Biz dänim, tanalsyn diýip, watan dönüginiň suratyny hemme ýerden asýas! SAPAR KÖSE. (Ilbaşa çiňerlip garaýar) Şo depä münen zaňňaryň-da suraty ädim saýy bar, onuň-da dönüklik eden ýeri boldumy? ILBAŞY. Güm ediň! Nälet agajyna saraň! (Sapar Kösäni idirdedip alyp ugraýarlar, Görogly kömege topulýar, ýaragly adamlar ara düşýär) Medeniýetbaşyny bäri getiriň! (Medeniýetbaşy bilen Sapar Kösäniň ýerini çalyşýarlar. Ilbaşy aşak düşýär. Medeniýetbaşy onuň aýagyna ýykyljak bolýar, ýol berenoklar) Haramzadabaşydan sapak alanyň doly subut boldy. Türkmeniň asly Oguzhan diýdim, Oguzhanyň ruhy ýadyňa düşmändir, türkmeniň beýik imperiýasyny guran Alp Arslan, Alp Arslanyň ruhy ýadyňa düşmändir. MEDENIÝETBAŞY. (Dyzyna çökýär) Olar ýatsam-tursam ýadymda, beýik howandarym! Şu gezek o gerçekleriň ruhlaryna dynç bereli diýdik. Ýylyň dowamynda olary ýigrimi gezek çagyrdyk. ILBAŞY. Eýse, ruh ýadamany bilýänmidir? BILERMENBAŞY. Siziň mukaddes “Parz kitabyňyzdan”: “Öliniň aýatdan doýmaýandygyny tassyklaýaryn, merhumyň ruhunyň-da çakylykdan ýadamaýandygyny dirilere aýan edýärin”, 50-nji sahypa, ýokardan ikinji jümle. RUHÇYBAŞY. Öten gije düýşümde Ilbaşy maňa ýene bir üýtgeşik pähim aýtdy, gulak asyň! “Ruhuň belentligine ýetmek isleýãn bolsaňyz, akyl başarnygyny kämilleşdirýän endikleri ele almalysyňyz!” diýdi. ILBAŞY. Dogry diýipdirin! (Medeniýetbaşa) Şol endikleriň ýekesi-de sende ýok. Medeniýetbaşy bolaňda-da beýle akmak bolaýmaly däl-ä! Heleýçe-de bolmadyň. Ruhçybaşy meň ertirki aýtmaly sözlerimi şu gün düýşünde eşidýär, sebäbi, düýşünde-de meň bilen huşunda-da meň bilen. Ine, saňa ýetmeýän endik! ÝALAN AÝAZHAN. Şol endige men belet, serdarym, märekä göz edip görkezeýin, rugsat ediň, serdarym. Asyl bara, Ilbaşymyň pähimini öňdenem duýup ýörün, häzir hasam beter duýup başladym-da! Bäh, bi duýgyň ýakymlydygyny! (Aýdyma gygyrýar) “Ruhum täzelendi, jan-eý, jan-eý, jan-eý!..” (Beýemçibaşy ony gyra çekjek bolýar) ILBAŞY. Degme. ÝALAN AÝAZHAN. (Çyn Aýazhany görkezýär) Şu egni çarykly adamyň ruh däldigini subut edip bilmesem, goý, meň ömrüm kül bolsun! Eý, aýagy, egni çarykly han! Üç sowal berjek, Aýazhandygyň çyn bolsa, ber jogabyny! Birinji sowalym: ýazgyň çypdyrma ýalany haýsy? ÇYN AÝAZHAN. (Arkaýyn) Şygar. Size has düşnükli edip aýtsam – lozunga. ÝALAN AÝAZHAN. Bilmedi!.. Bilmedi! Ýazgynyň iň çypdyrmasy, sen hakda düzülen erteki! (Ilbaşy göwünsiz el çarpýar, beýlekiler alyp göterýär) Ikinji sowalym: adamyň iň süwümsizi kim bolýar? ÇYN AÝAZHAN. Her jaýyň maňlaýyndan suratyny asdyrýan hökumdar. (Hemmeler howsala bilen Ilbaşa garaýar) ÝALAN AÝAZHAN. (Has beter şowhun turuzýar) Bilmediň! Çypdyrdyň! Adamyň iň bir süwümsizi diýilse, seň ýakaňdan tutmaly! Aýagyň çarykly, ýeňiýoluk halyňa patyşaň tagtyna çykan bolduň. Köşk küje, sen küje! (Ümsümlik) Üçünji sowalym: köşgüň iň ygtybarsyzy haýsy? ÇYN AÝAZHAN. Çatmalaryň arasyndan saldyrlany. ILBAŞY. Bes et! Sowallaryňy agzyňa salyp beren kim? ÝALAN AÝAZHAN. Özüm tapdym, serdarym. Şü bara, şü... Aýazhany öňdenem ýigrenip ýören adam men, asyl bara, şol ertekini ýigrenýän. Wah, şo kilçik Aýazhan maňa sataşaýan bolsady diýer ýörerdim. Üçünji sowalyma-da ýalňyş jogap berdi, dogry jogap başga. Bular ýaly ýeňiýoluk çopana aňsatja ýetdirýän köşk iň bir ygtybarsyz köşkdür! Başga-da sowallam bar. ILBAŞY. Bes! Gaýdyp men Aýazhan diýen ady eşitmäýin! Meň halkyma oň özi-de, ruhy-da derkar däl. ÝALAN AÝAZHAN. Birinden-ä dyndyk! (Gapdalyndakylara) Sizem tijeniň! ILBAŞY. (Ýalan Aýazhana) Ýaňky sowallaryňy agzyňa salyp bereniň Haramzadabaşydygyny boýnuňa alarsyň. ÝALAN AÝAZHAN. (Ilbaşynyň aýagyna ýykylýar) Merhemetli serdarym, halasgärim, siziň mukaddes “Parz kitaňyzyň” pähimlerinden täsirlenip tapan sowallarym. Akyl-paýhas sizden ýetdi, il arasynda abraýymy göterenem siz, maňa “halk artist” diýen belent ady özüňiz berdiňiz-ä! ILBAŞY. Atdan mahrum edýän. ÝALAN AÝAZHAN. Rehim ediň, hossarym, dogry jogaplary men aýtdym-a, bu yşaratyň aýdanlary prowakasiýa. ILBAŞY. Prowakasiýa etmek üçinem ýörite sowallar tapylypdyr, seň beren sowallaň tapylypdyr! Bular bir adamyň işi, Haramzadabaşyň işi! Siz Haramzadabaşyň hyzmatynda duran näkesler! (Çyn Aýazhan arkaýyn ýöräp, basgançaklara galyp barýar) E-eý, sen nirä? Nirä barýaň? (Çyn Aýazhandan öňürti kürsä ýetýär) Dolan yzyňa, bu ýerde seň ertekiň ýok! Bu kürsä men der bilen, gan bilen ýetdim, dö-ön yzyňa! Gaýtaryň muny, tutuň!.. ÇYN AÝAZHAN. Seň tagtyňa çaryk ýetenok. ILBAŞY. Güm ediň bi basybalyjyny! (Iki goragçy Çyn Aýazhana topulýar, golaý baranlarynda basgançakdan togalanyp gaýdýarlar) Döwlet agdarylyşygy başlandy! Polisbaşy, atyň! Polisbaşy harbynyň elindäki awtomaty alyp, Çyn Aýazhana bir ok atýar, ol ýykylanok, iki-üç ok atýar, ýykylanok. PROKURORBAŞY. Pagtabent salnypdyr. (Gygyrýar) Dildüwşük! ILBAŞY. (Polisbaşa) Gapdalyňdaky durany atyp gör, ýykylmasa, trewoga galdyryň. (Polisbaşy Ýalan Aýazhany atýar, ol ýykylýar. Soňra Çyn Aýazhana hatar ok goýberýär, ol ýykylanok, arkaýyn kürsä ýetýär. Alaçsyzlygyna düşünen Ilbaşy kürsä bagryny berip ýatýar) Şümi seň ak pata berjek bolşuň?! Nätseňem patyşa bolaryn-a öýtme, ertekä ynanýan ýok, adamlar telewizora ynanýalar. ÇYN AÝAZHAN. Sen zor çykdyň, ertekiden derek goýmadyň, çammalygyny çaşyrdyň. ILBAŞY. Zordugymy bilen bolsaň, maňa hä diý, har etmerin, hor etmerin. Özüme maslahatçy bellesem bolarmy?.. Wezir belläýin. ÇYN AÝAZHAN. Seň oýnuňa gatnaşmaga çakym ýok. (Çarygy kürsüden asýar) ILBAŞY. Meni penaňda sakla, garamaýagyň eline berme. Menem sen ýaly garamaýakdan çykan, şoň üçin bizi halanoklar, göriplik edýärler. Ganymy gotura derman ederler, garamaýagyň ygtyýaryna berme meni! Gowusy, meni şu günüme goý, ertekä ynanar ýaly edeýin, heýkeliňi galdyraýyn. Hä diýerler, men olara Altyn asyry peşgeş berýän-ä! ÇYN AÝAZHAN. Garamaýak özüne meňzeşe ynanýandyr. ILBAŞY. Meňzemek üçin näm edeýin, maslahat ber. ÇYN AÝAZHAN. Çaryk geýip çyk. ILBAŞY. Sen ýene erteki otardyň! (Ýüzüni tutup gygyrýar) Ýo-ok!.. (Garaňkylyk. Ilbaşynyň sesi eşidilýär) Ýetişi-iň! Halas edi-iň!.. (Çyra ýanýar. Ilbaşy kürsüde otyr, Çyn Aýazhan ýok) Ýok-la?.. hawa, ýok-how!.. (Gülýär) Erteki diýäýmeli boldy. Hany, gözläň... gözläň, tapyň, getiriň... ýok, getirmäň, ugradyp goýberiň, güm bolsun! (Polisbaşy haýdap gidýär) Tagt berilmejegini akmagyň özem bilendir-le. Çarygynam alyp gidipdir. (Gülýär) Özünden ökde artiste duşdy gerek! Hakyky hökümdar zerur ýerinde artistlikdenem gaçmaly däldir, onuň roluny başga biri oýnap biljekmi?! “Hile-de bir batyrlykdyr ýerinde, Ony başarmaga serdar gerekdir” diýip, aýdyma öwrüljek goşgymda ýazjak!.. Ol, çäşerip ýatan artistiň öleni çynmy? (Prokurorbaşy artistiň pulsuny barlaýar) Gowuja barla, artistlere gorkaklygam bir dert, huşuny ýitirendir, ýa-da, özünden ökdä duşanyna namys eden bolýamyka, tur diý! Göriplikde hiç kim döredijilik işgärlerinden öňe geçmez. Sowetler döwründe bular meni halys bizar edendirler. Üýşüşip her gün ýygnak, galmagal. Biri beýlekisine ýagy, arza, töhmet, başga zat bilmediler. Soýuzlaryny dargadyp goýberdim! Ikisiniň başy jem bolmasyn! PROKURORBAŞY. Ölüpdir. ILBAŞY. Ölmegem itiň aňsady boldy. Ýene okdan öldi, gowy etdi, legenda ýasap boljak, geroin çekip ölen bolsa näderdiň! Ýalan Aýazhanyň jesedini alyp gidýärler. Polisbaşy gelýär. POLISBAŞY. Serkerdebaşym, ýaňky dänim, ertekiden geldim diýen Aýazhandan derek ýok. ILBAŞY. Gan-kokuň yzam ýokmy? Garaňkyda men ony mazalyja... POLISBAŞY. Hiç hili alamat ýok! Gören-eşdenem ýok! ILBAŞY. Gaýdyp meniň ýurdumda Aýazhanyň ady tutulmasyn, gadagan edýän! Obrazy-da gerek däl! MEDENIÝETBAŞY. O hakdaky ertekini näderis? ILBAŞY. Ertekisinem ýok ediň! Ähli ertekini ýok ediň! Erteki adam aňynyň ösmedik mahalynda tapylan toslamalar-a! Çagalara diýlip tapylan toslama, çaga oýny ýaly ýöntem. Patyşa bolmagam aňsat. Meň mukaddes kitabymy okasynlar, şo ýerde ertekide kellä gelmejek zatlar ýazylan. BILERMENBAŞY. “Hudaý meniň kalbymy nurdan ýasapdyr. Adamatany welin, toprakdan ýasapdyr. Toprakdan ýasalan Adamatadan döränleriň süňňi gara ýere, kir-kimire siňip gidýär. Nurdan ýasalanlaryň hemişelik mekany nurana asmandyr. Biziň asman atlaryna münýändigimiz-de şonuň üçindir”. Beýik Ilbaşynyň mukaddes “Parz kitaby”, 55-nji sahypa, birinji jümle. ILBAŞY. Meň kitabyma halkym mukaddes kitap diýdi, zor bilen diýdirýän ýok, özlerine mynasyp gördüler, men gadagan edip bilmen-ä! Gadagan diýsem, olaryň hukuklaryny kemsitdigim bolar. Beýik açyşlarym halkyma ýarady. Halkyma ýarasa-da, Harazmzadabaşa ýaramandyr. Görip! Haramzada! Bu ýerde oglanjygy ýykdyryp, Altyn asyra şikest ýetirendirin öýdendir. Akmak! Iblisden dörän nejis! Gep bu taýda Altyn asyrda däl-ä, şoňa-da düşünmändir. Şoň şu oturan ruhlaram oňly düşünýändirler öýdemok. Akylyň juda ýiti bolaýmasa, çuň mana ýetmek başartmaz. Özüm düşündireýin. Altynyň öwüşgini Adamatadan dörän nesilleriň gözlerini gamaşdyryp gelýär. Olar bir-ä şeýtanyň oýnuna, birem altyna aldanyp gelýärler. Altyn bilen şeýtanyň arasynda parh ýok. Nurdan ýasalanlar üçin bolsa, altynyň öwüşgini manysyz bir zat, altynyň özem hiç zat! Topraga garylyp ýatan metal! Meň asman nurundan ýasalan halkyma oň täsiri bolmaly däl, halkyma altynyň derkary ýok! Men nurdan ýasalan halkym üçin “Altyn asyr” diýmedim, toprakdan ýasalanlara düşnükli bolsun üçin diýdim. Olar üçin altynyň öwüşgini asmanyň nurundan arzyly, gymmat. Olar asman nuruna laýyk gelýän durmuşyň nähili bolýandygyna düşünjek däller, altyna deňeseň welin, düşünýäler. Olaryň paýhasynyň çäklidigini göz öňünde tutmaga mejbur boldum. Düşnükli boldy gerek? El çarpmalar. Çyn Tumar gülýär. ÝALAN TUMAR. Tekepbir heleýden oňly zada garaşmasa bolar, taryha ýazlan edermenligini püçege çykarmasa-da biridir. ILBAŞY. Altynyň lowurdysyna aldanandygyny soraman biläýmeli, dakynan şaý-sepi aýdyp dur. Galkanyň ýüzüne sugunyň şekilini goýaýypsyň-la, mende müňkürligem döremän duranok, ýa-da taryhçylar nädogry ýazdymykalar? Biz ýaly sizem asman atlaryna münen bolsaňyz, galkanyň ýüzünde bedewiň şekili bolardy. Sereden bolsaň, men döwlet baýdagymyň ýüzünde asman bedewi durandyr. ÇYN TUMAR. Meniň halkym keramatly Güne sejde etdi. Älemdäki ýaşaýyşyň çeşmesi bolan keramatly Güni ogurlap, ýerastyna äkidenlerinde ony halas edip, ýene asmana alyp çykýan altyn şahly sugundyr. ILBAŞY. Eşitdiňizmi, ýene altyny ara sokdy. TARYHÇYBAŞY. Beýik Ilbaşymyzyň taglymaty gelejegiň ornuny geçmiş bilen çalşyrmagy buýurýar. Adatça, isleg-arzuwy gelejege baglaýarlar, biz isleg-arzuwymyzy geçmişe gönükdirdik, şol esasda-da beýik taryhy döredýäris. ÇYN TUMAR. Taryh islege bagly bolup bilmez! Meniň atam öten günleriň taryhyna mazarlaryň mukaddesligi ýaly garaşmagy öwredýärdi. ILBAŞY. Mazarlar ýitmeli! Halkda şeýle ynanç bolupdyr. ÇYN TUMAR. Seniň halkyň mazarlaryň ýitmegini islän bolsa, bu ynanç çarwalaryň göçüp-gonup ýörmegi bilen bagly döräpdi. Bu gün seniň garaşsyz ýurduňda mazarlara daşardan howp abananok, olary sen ýok edýärsiň! ILBAŞY. Ha-ha! Düşünmänsiň! Gaýtalap aýdýan: biz nurdan ýasaldyk, nur topragyň astynda ýatmaz-a! Gelen ýerine, asmana göterler. (dowamy bar)... | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |