Kadyr şumçynyň garasyny görenden Rejebem tirsekläp ýatan ýerinden bir dikeldi-de, gapdalynda oturan aýalyna-da eşidiler-eşidilmez mydyrdady:
— Hä, içigargalmyş, indi kim ýogaldyka?!
Onýança, näme diýenini eşitmese-de, Kadyr şumçy Rejebiň jogabyny nagt etdi. Ol eýwana-da girmän, açyk işikden ýüzüni görkezip:
— Baky aga kaza gidipdir, şony eşidişiň — diýdi-de, yzyna öwrüldi.
Rejep gabat garşysyndaky goňşularynyň howlusyna girip barýan Kadyr şumçynyň yzyndan seredip durşuna:
— Hä, sypatyň gursun-eý. Göründigi bir şumluk getiräýýär-ow, ýumruk ýaly bolup — diýdi.
Habar berleli: «Wah, bolmandyr ol-a» diýip, çyny bilen gynanyp oturan Bibi adamsynyň sözlerini birhili gördi-de:
— Beý, diýme, Rejep. Ol gelmese ýene biri gelerdi-dä — diýdi. Soňam Kadyr şumça nebsi agyryp sözüniň üstüni ýetirdi: — Asyl men-ä şonuň gün-günden ýere siňip barşynam soňky döwürde ölüm-ýitimiň artanyndan görýän. Il ýüzüne hernäçe bildirmejegem bolsa, o görgülä-de ýeňil däldir şeýdip ýörmek.
Rejep perwaýsyzlyk bilen gerinjiredi:
— Aý, näbileýin, göwnüme bolmasa, şo tapýan ýaly bolup dur ähli şumlugy.
Bibi adamsynyň soňky sözlerine kän bir ähmiýetem bermän dillendi:
— Senem-ä irräkden görünmeseň bolmaz, Rejep. Ömür etmedigiňi edip içäýdiňem-de, artyp.
— Habar gelen badyna eňibir ýaly, iki dogup bir galdyranym däl-ä o meniň. — Rejep ýerinden turdy-da, ädigini geýdi: — Işe bir görneýin ilki, soň görübiris galanyny.
— Wiý, beý diýme, Rejep. Sen bir birgat adam, derrew ýoklugyňy bilerler.
— Şeýle eken-ow diýip eňibereýinmi içgili halyma?..
* * *
Baky aganyň ölüminiň goja tuduň ýykylan gijesine gabat gelmegine köpler ähmiýet bermedigem bolsa, Annagül anteniň ünsünden sypmady. Şonuň üçinem merhumyň üçi berilýän güni her hili hyşy-wuşular köpelip ugrady. Her kim bir gyrada başyny aşak salyp oturan Rejebiň ýüzüne şübheli seredip, gapdalyndakynyň gulagyna pyşyrdady:
— Rejebiň tudy ýykanyny eşidip, ýüreginden tutaýypdyr pahyryň.
— Asyl merhumy jaýlanymyzda görünmedi diýdim-le.
— Görünmäge ýüz barmy onda.
— Agşam, mazaly garaňkyny düşürib-ä bir görnüp gitdi.
— Aý, şonda-da garasyny görkezmedik bolsa gowy bordy, agzyndan aragyň ysyny aňkadyp. Häý, adamyň päli azyp ugrasa, ýaman bor eken-ow...
Hiç kim Rejebiň ýüzüne gelip bilmese-de, bu gürrüňleri Merediň gulagyna ýetirdiler. Şonuň üçin üç-dört adamyň yzragynda, yz çalýan ýaly bolup sadakadan gaýdyp gelýän Meret aldygyna içinden inisine käýindi. Ol öýüne gelende-de keýpsizlik bilen el-ýüzüni ýuwuşdyryp, tapçana özüni goýberdi.
Onuň yzysüre gelen Gymmatam adamsynyň derdine dert goşup, peltesine ýag damdyrdy. Ol garasy görnenden ylgap gelip: «Maňa näme getirdiň, eje?» diýip jedirdeýän körpejesinem südenekledip goýberdi-de, Merediň gapdalyna çökdi:
— Toba, toba, hakyt bi Baky aga pahyryň ölümine Rejep ýerçeken sebäp bolaýan oguşýan?!
Meret aýalynyň ýüzüne gussadan doly gözlerini aýlap goýberdi:
— Ony sen nireden eşitdiň?
— Wa-ýeý, häli sadakada ähli heleýleriň gürrüňi şo bolsa nätjek. — Ol möhüm bir habar aýtjak ýaly, gobsunjyrap donunyň syýlaryny çekişdirip goýberdi: — Rejebiň heleýem-ä o gürrüňleri eşidip, ýere girip bilmedi.
Meret hemişeki endigine görä, alaçsyz adamyň edişi ýaly, iki egninden dem aldy:
— Hany, bi Baky aga pahyr gündiz ýykylanmyşam-a diýdiler, dawleniýesi galyp.
— Ah-heý, ony uly gelnem aýdyp otyr ýaňy: «Tutdan-a habaram ýok, gaýynatamyň» diýip. Wa-ah, ýöne oňa gulak gabardýan bamy şo wagt. Her kim del gürrüň eşitjek, «toba-da, toba» bolşup.
— He-eý, masgara etdi öz-ä. — Meret ýerinden turup özbaşyna gürledi: — Äý, birgatlygam gursun şonuň, beýlekisem.
Gymmat bu gezegem ärine kömege ýetişmeli boljagyny duýdy-da, oňa nobatdaky maslahatyny bermäge başlady:
— Her näme diýseňem, doganyňdyr, «Sygryň şahyna ursaň, endamy syzlar» diýleni, taýagyň bir ujy saňa-da deger.
Ömür gahary gelmeýän Meret telpegini eline alyp mäjumlamaga başlady:
— Ýeri, degende men näme edeýin?
— Wiý, onuňam «näme edeýini» bomy? Iniňdir, git-de käýe biraz, indikisine sapak bolar ýaly.
— Birgat kişidir öz-ä...
— Ah-heý, öňem sen dälmi şony «birgat, birgat» diýip nemesinden aşyran. Ol-a birgatmyş, raýkom bolanda-da iniň-ä Rejep seniň. Onda-da iň kiçiňiz.
Meret aljyraňňy ýagdaýda iki ýanyna garanjaklady-da, aýalynda nazaryny egledi:
— Onda baryp gaýdaýsammykam?
— Gümansyratmaň näme? Agasynyň barynam ýatladyp gaýtgyn.
— Aý, men-ä ýaşkiçem bolsa birgiden adama ýolbaşçylyk edip ýörensoň, özümden akylly görýädim ony.
Adamsynyň sözleri Gymmatyň jyzyrrygyna ot bolup basyldy. Ol jany ýangynlyk bilen bir zatlar-a diýdem, ellerini kelemenledip. Ýöne onuň bu sözleri eýýäm köçä çykyp gaýralygyna gönülenen adamsynyň ýa-ha gulagyna ýetmedi, ýa Meret ony gulagynyň duşundan geçirip goýberdi. Şonuň üçinem Gymmat hüňürdeý-hüňürdeý jaýyna girip gitdi.
Tapçandan aýagyny sallap, aldygyna çilimini burugsadyp oturan Rejep agasyna gözi düşenden onuň näme üçin gelýänini duýdy. Şonuň üçinem oturşyny bozman, indiki iňirdä garaşdy.
Meret «ähem-ühemläp» eýwana girdi, inisiniň gapdalyna çökdi. Geldiňmi-gitdiňmi diýmän, şol aşak bakyp tüssä boglup oturan Rejebe az salym haýpygelijilik bilen seredip durdy:
— Ýeri, eýgilikmi, ýüz-gözüň gaty gamaşyk görünýä-le?
Rejep oturşyny bozman:
— Eýgilik bolsa sen geljekmi häzir — diýdi-de, başyny galdyryp agasyna seretdi: — Başlaber, men taýyn.
Beýle zada garaşmadyk Meret birbada aňk-taňk boldy:
— Nämä başlaýyn?
Rejep ýerinden turdy-da, ýumruklaryny düwüp gygyrdy:
— Ganhor diý, jellat diý, tap-da bir zatlar. Ýöriteläp gelen bolsaň, bardyr-da aýtjak zatlaryň.
Meret şu ýerde onuň eýýäm içip ýetişendigini aňdy. Şonda-da gyzybermän, başardygyndan arkaýyn gürlemäge çalyşdy:
— Aý, inim, men-ä saňa o sözleriň hiçisinem aýtmaga gelmändim.
— Onda sag bol aýtmaga geldiňmi?
— Onam aýtjak däl. Ýöne şu tudy ýykyp nähak iş edendigiňi welin, aýtmasam içime syganok.
— Şeýdibem Baky aganyň başyna ýetipsiňem diý-dä indi.
Inisiniň harçaňlaşasy gelip sesine bat berip durşy, hernäçe ýeňsedamaryny gatyrsa-da, Meret göwrümini giň tutmaga çalyşdy:
— Bokurdagyňa zor salyp durma-da, diňle meni.
— Merhumyň sadakasyndan gelelim bäri gulagym kamata geldi şo gürrüňlerden. — Ol çalarak gyzaran gözlerini gapa tarap aýlady: — Ahyram paýyny aldy menden.
Gazap bilen inisiniň ýüzüne sereden Merediň sesi sandyrap gitdi:
— Kim ol, paýyny alan?
— Heleýdir-dä?..
— Onda näme günä bar?
— Şu tut ýykylaly bäri halys degnama degd-ä meniň, atasy ölen ýaly.
— Dogry degipdir degnaňa. Il seniň ýüzüňe aýtmasa-da, onuň ýüzüne basyp ýör jyzyrdadyp. Asyl menem nirä barsam şo gürrüň: «Ini ýetişdirip bilmänsiň» diýşip.
— Şoňa-da ynanýamyň onsoň?
— Wah, jan inim, gep oňa ynanyp-ynanmazlykda dä-äl. Şeýle gürrüňiň ýaýramagyna mümkinçilik bereniň erbet seniň. Ilçilikdir, ynanýanam bardyr oňa.
Rejep gahar bilen ýerinden turdy-da, çekip gutaran çilimini ýere taşlap, ädiginiň burny bilen mazaly mynjyratdy:
— Äý, ynanyplar geçsinler-le. — Ol penjeginiň jübüsinden täze çilim çykaryp, ernine gysdyrdy: — Hany göreli, bir düýp tut üçin asman inip, ýer çöwrüläýermikä?
— A-how, jan inim, o tut ýöne-möne agaç däldi-dä. Öwlüýä ýaly seredýärdiler-ä oňa. — Meret janyýangynlyk bilen elini silkip goýberdi: — Ahyr öz ýüzüňe aýtjagam-a tapylar welin...
— Eýýäm aýtdylaram, käýedilerem-how, şony.
Meredi brigadire käýýäp bilýän ýürekli adamyň kimdigi gyzyklandyrdy. Şonuň üçinem inisi sözüni gutaryp-gutarmanka geň galyjylyk bilen oňa ýüzlendi:
— Kim ol, oblastyň wekilimi?
— Ýok-laý, kim bor öýdýäň başlyk barka. Galyberse-de, şo wagt kabineti dolduryp oturan Gurban göni diýen ýaly bir topar işsiz ýaşulular.
— Bä-ä, ýaşulular diýsene. Sen nädip sypyp bildiň onsoň?
— Sypjagam bolmadym. Işden boşadyň diýip arzamy ýazdym-da goýdum başlygyň öňünde gütüledip.
— Hä, ana muny oňarmansyň-ow, inim. — Hijisine işi düşüp görmese-de, öz ýanyndan ot ýaly doganlarynyň bardygyna guwanyp ýören Meret birbada näme üçin gelendiginem unudyp, Rejebiň soňky sözlerine çyny bilen gynandy: — Ýeri, onsoň başlyk näme diýdi?
— «Arza ýazmaňda-da şo goja tudy birugsat ýykmaga milt eden adamy saklap bilmeris» diýdi.
— Haý, bolmandyr-ow, bolmandyr. — Meret hyrçyny dişläp birsalym başyny ýaýkap oturdy-da, Rejebiň ýüzüne çiňerildi: — Wah, owalynda beýle zerurlyga düşen bolsaň, baraýmazlarmy öýe birki halta kömür diýip.
Rejep agasynyň sözlerine ajy ýylgyryp goýberdi-de:
— Sen iki haltanyň gürrüňini edýäň. Arada biraz çigrek bolanda iki bedre göterip baramda bermän goýberd-ä gelnejem — diýdi.
Bu zatlardan bihabar Meret birbada aljyrap, näme diýjegini bilmedi:
— Aý, nämedir-le, o bir şo-ol öňki gelnejeňdir-le. — Derrewem gürrüňi öňki ugruna sowanyny kem görmedi: — Hany, ownuk gürrüňi goýaly-la. Ýogsa-da jerime tölemeli dagy-ha eden däldirler?
Agasynyň bolşuna Rejebiň çyny bilen gülküsi tutsa-da, syr bildirmän onuň sowalyna jogap berdi:
— Heniz-ä jerime-beýleki diýmediler. Ýöne tudy alyp gitjekler.
— Nirä, başlygyňkamy?
— Ýok, kolhozda täze açyljak dutar ussahanasyna material üçin.
— Be-eý, ol-a bolmandyr. — Hem-ä tuduň gitjegine, hemem inisiniň brigadirlikden pyzylanyna çyny bilen gynanan Meret, Gymmatyň aýdyşy ýaly, Rejebe agasynyň bardygyny duýdurmakdan-a geçen, hiç zatdan baş alyp çykyp bilmän, ýöne aşak bakaýdy.
III
Uzak gije çirim etmän, Rejebe garaşa-garaşa daňyny atyran Bibiniň göwnüne her hili zatlar gelip geçdi. Soňky wagtlar şäherde bozgakçylygyň köpelip ugrandygy hakynda gulagyna degýän gürrüňler ýadyna düşende-hä depe saçy üýşüp, ini tikenekläp gitdi: «Ýa jüwlükleriň eline düşäýdimikä?». Ol öz pikirinden özi gorkdy. Dünýäni unudyp, süýji ukuda ýatan çagalarynyň ýüzüne bakyp: «Içse-de, çekse-de, şujagazlaryň maňlaýyna başy dik bolsun-da, Hudaýjan!» diýip, dileg etdi. Barybir, munuň bilen Bibiniň ýüregine giňlik aralaşaýmady. Gaýtam, göz öňünde her hili aýylgançlyklar janlandy. Şonuň üçin-de, az salym hem bolsa, şeýle gorkunç zatlary unutmak isläp, ýatlamalara gark bolanyny kem görmedi.
...Rejebiň brigadirligi goýup mekdebe işe geçmegine agasy Meretdir gelnejesi Gymmat hernäçe gynanan-da bolsa, Bibi az begenmedi. Öýde ýeke galan pursatlary dagy, baý göwün ýüwürdip-ä: «Asyl indi içgisinem azaldar, okuwçylaryň öňüne çykjak bolsa» diýip. Bir gezek nobatdaky sessiýasy üçin Aşgabada gitmäge şaýlanyp duran adamsy maşgalanyň iň soňkuja pullaryny eline alyp: «Okuwy tamamlaýançam brigadirligi goýmalam däl eken, içigargalmyş» diýende-de, onuň bilen deň gopmandy. Gaýtam, «Rejep sen bizi alada etme-de, alyp git barjasyny, nesip bolsa, hä diýmän aýlygymy alsam ýene-de ibärin yzyňdan» diýip, onuň göwnüni göteripdi. Aýdyşy ýaly-da etdi. Gijelerine dagy, tä horazlar gygyryşyp uly ili örüzýänçä gaýma gaýap, keşde eden gezekleri az bolmady. Kolhozyň işi, öýüň tükeniksiz hysyrdylary bir wagtky gül meňzini soldursa-da, hiç kime syr bildirmedi. Käte-käteler halys ýadap, sütüni süýnen halatlary-da, öz-özüne göwünlik berdi: «Bu zatlar ömürlik däldir, hä diýmän Rejep okuwyny gutarsa, biziňem ýagyrnymyza ýel çalar, enşalla».
Ondan bäri işiklerindäki ýeke düýp erik agajy iki gezek gülledi. Allanäme, Rejep diplom edindi. Ýöne Bibiniň şol garaşýan ýeli welin öwüsibermedi. Günde säher bilen öýden çykýan Rejep garaňkyny gatlyşdyryp yzyna köwlendi. Nämemiş, şäheriň mekdebinde obanyňky ýaly ediberere bolanokmyş. Okuwdan soň galyp kružok diýdi, beýleki diýdi, garaz, bir zada güýmemelimiş-dä okuwçylary.
Bibi adamsynyň bu gürrüňlerine ilki-ilkiler kän bir pitiwa etmedigem bolsa, ala-böle öz mellekleriniň hapa-haşal otlaryň mekanyna öwrülip barýanyny görüp, ahyr dil ýarmaly bolupdy:
— Her näme-de bolsa ertir-agşam wagt tapyp, mellege göz aýlasaň gowy bordy öz-ä. Men-ä utanýanam goňşy-golamdan.
Şonda Bibiniň yhlas edip ütüklän gara balakdyr akja köýnegini geýip, işe ugramakçy bolup duran Rejep onuň bu sözlerine gaharlanmasa-da, sesine biraz bat beripdi:
— Nähili wagt tapaýyn? Ýa mellek diýip, işi taşlaýynmy indi?
— Işi taşlamaňda-da her gün okuwdan soň bir zat tapylyp duran däldir-ä?!
— Dagy näme, meni keýpine galýandyr öýdýäňmi?
Bibiniň ýadyna Annagül anteniň ýolda gabat gelip aýdan araky gürrüňleri düşdi. Şol sapar ol özüniň diňe obanyň däl, şäheriňem täzeliklerinden habarlydygyny mazamlajak bolýan ýaly, köpmanyly ýylgyrypdy: «A gyz, ärsumagyňa biraz haý-küş edäýseň bolanokmy? Her gün bir hili geýnip, üst-başynyň çaňyny pitiklän bolup ýörmesi ýöne ýere däl onuň. Hut gözi bilen görenler barmyş, şäheriň kelte köýneklisi bilen patruşka alyp ýörenini. Ana, onsoň seniň bilen telim ýyllap bir birgatda işlämsoň, duýduraýaýyn diýdim men-ä. Ýogsam, oň ýaly mollum kän-ä şu obada-da. Heý, seniňki ýaly titilik satyp ýöreni barmy şolaň? Halys sadanyňam gözüni çykaran bolmasaň, biläýmel-ä şu zatlary».
Annagül janygyp aýdýan gürrüňlerini Bibiniň perwaýsyz, çalaja ýylgyryp diňläp durşuny gaty görüpdi. Şonuň üçin-de, «Seret-dä ýagdaýyňa, meniňkä aýtmak. Ertirki gün jora bolubam ýaňzydaýmansyň diýmeseň bor» diýip, garasyny saýlamak bilen bolupdy.
Şol gezek Bibi Annagülüň ýanynda syr bildirmejek bolup, her näçe giňlige salan bolsa-da, uzak günläp ýüregine köz basylan ýaly bolup gezdi. Ahyram: «Beýle göze-başa düşýän bolsa, zawuç goýmazdylar-la» diýip, Rejebiň ýakynda direktoryň okuw-terbiýeçilik işleri baradaky orunbasarlygyna bellenenini ýatlap, köşeşipdi. Ýöne köşeşdim hasap etse-de, şol gürrüňdeşlikden soň onuň gabanjaňlyk damary özüniň bardygyny duýduryp ugrady. Aýratynam, Rejebiň garaňkyny düşürip gelen günleri şol damaryň tirpildisi güýçlenýärdi.
Annagülüň aýdanlaryny aňynda aýlap, tasdanam Rejebiň sowalyna: «Hawa, sen keýp çekmek üçin galýaň» diýipdi. Bolsa-da: «Annagülüňem gepi bormy?» diýen içgepletme bilen, dilini dişläp ýetişäýdi. Barybir, gönüläp bir zat pyşgyrmasa-da özüniň nägileligini duýduryb-a galypdy şonda:
— Keýpine galmaýanyňy-ha her gezek aragyň ysyny aňkadyp gelşiňdenem aňýan.
Ana, şu diýeni-de onuň gulagynyň düýbüni gyzdyryp, ýene bir gezek gözünden ot çykarypdy...
Ýatlamalaryň ýumagyny çöşläp oturan Bibi, ylla diýersiň, şol gezekki şarpyk häzirem gaýtalanan ýaly, elini ýaňagyna ýetirenini duýman galdy. Göwnüne bolmasa, gulagynyň düýbi-de gyzyp giden ýaly boldy.
Ol bu zatlara ähmiýet bermezlige çalşyp, aýnadan süýt reňki çaýylyp barýan asmana äňetdi-de, daş çykdy. Onuň bilenem göwni karar tapman, köçä baryp Rejebiň ýoluna garady. Ýöne hol garagörnümde selkildeşip ýören birki sany itden gaýry gözüne ilen zat bolmady. Bibi öwrülip geldi-de, tapçana özüni goýberdi: «Gije ýaban ýatmak häsiýet-ä ýokdy munuň. Ýa gidip agasyna duýduraýsammykam?». Ol şeýle pikirler bilen birbada ýerinden galsa-da, birki ädim ýöräp saklandy: «Heniz gaýa-gopuz ýok ýerden ukuda ýatan adamlary örüzip ýörmän, ýene-de biraz garaşyp göreýin. Belki, geläýedi-dä». Şeýle karara gelen Bibi çaý oturtmak üçin aşhana girip gitdi.
Güllüje çäýnegini demläp öňüne alsa-da, Bibiniň çaý bilen seri bolmady. Oturdygyça kalbynda gopýan howsalasy möwjedi. Beterden beter pikirler kellesine gelip, her hili zat ýadyna düşdi. Ahyram, mundan artyk çydap oturyp bilmejegini aňyp, gyzaryp ugran gündogara seretdi-de, ýerinden galdy: «Goňşularam örüşipdir, olaram turandyrlar indi». Ol şeýle pikir bilen galoşyny aýagyna ildirdi-de, sesýetim beýleräginde ýaşaýan gaýynagalarynyňka tarap ýola düşdi.
Säheriň ümüş-tamşynda Bibiniň bolup gelşi, ýaňy çaýlaryny öňlerine alan Meretdir Gymmatda uly howsala döretdi. Gymmat-a agzyna ýetiren käsesinem ýerde goýup, laňňa ýerinden galdy. Salam-heligi-de unudyp:
— Ýeri, eýgilikmi, Bibi? — diýeninem duýman galdy. Eltisiniň şujagaz sözlerem Bibini hossar tapynana dönderdi. Şonuň üçinem onuň häliden dyňzap duran gözýaşynyň böwedi böwsüldi. Hasyr-husur ýaglygynyň çowuna ýapyşdy-da, aşak bakdy:
— Wah, men nä bileýin eýgilikdigini ýa däldigini. Uzak gije garaşyplar çykdym, häli geler, şindi geler bilen.
Bibiniň suw-sil bolup oturşy Merediňem bar keýpine sogan dogrady. Ol laňňa ýerinden galyp, gözlerini gorky bilen tegeledi:
— Rejep gelmedimi?
— Gelmedi... — Bibi içi-içine sygman, möňňürip goýberdi: — Işe diýip düýn öýden çykyşy. Başy dik bolsa köwlener-dä.
Gymmat eltisiniň soňky sözlerini eşidip, ýakasyna elini ýetirdi.
— Toba diý, toba diý, Bibi. Oň ýaly zatlary-ha asylam göwnüňe getirme. Başam dikdir, janam sagdyr enşalla. Bu gün otduh bolansoň, arkaýynlaşyp ýatyp gaýdybereýin diýendir Rahman ýalyňkyda.
— Äý, Rahmanyň towuk ketek ýaly ýeke otagynyň niresinde ýatsyn ol? — Kalbyna aralaşan howsaladanmy ýa inisine bolan gahardanmy, Merediň tutuş göwresi elenip gitdi: — Wah, ulalansoňam aladasyndan dynma ýok-da bulaň.
Adamsydyr eltisini köşeşdirmek Gymmata iş boldy. Her näme-de bolsa, bir näçe zatlardan misil tutup, sakyrdaý-sakyrdaý, ahyr olaryň ýüregine giňlik saldy. Soňra bir käse çaý guýup, aýak üstünde duran eltisine uzatdy:
— Hä diýmän çykar bir ýerden. Agasy ketde purkuror bolup ýörkä, barmagyny batyrjak bolmaz oňa şäherde.
Bu gürrüňler özüne ýüzlenilip aýdylmasa-da, Meredem aýalynyň soňky sözlerini makullaman oturyp bilmedi:
— Şeýledir öz-ä...
— Şeýle bolsa, otur-da çaýyňy iç, arkaýyn. — Soňra Gymmat eltisiniň ýüzüne bakdy: — Senem käsäňdäkini owurtla-da, ýet öýüňe. Çagajyklaryň zähresi ýarylar, ýoguňy bilseler.
Bibi käsäniň düýbündäki çaýyny bir gapdala serpip goýberdi-de, öýüne ýetmäge howlukdy.
Ylgaşlap eýwana giren Bibini, eşiklerini-zadyny-da çykarman, tapçanda tirsekläp ýatan Rejebiň sowuk nazary garşylady:
— Ertiriň iri bilen nireden gelýäň, ygyp?
Adamsynyň urup aglajak bolýanyny bilse-de, gaharly çykan ses birbada Bibini aljyratdy. Ol näme diýjegini-de bilmän, bosagadan ätlän ýerinde sakga durdy:
— Wiý, geläýdiňmi?..
Rejep gözleriniň agyny köpeldip, barha gazaplandy:
— Gelmän näme, ölüme gidendir öýtdüňmi? Şonuň üçinem çagalaryňy ýeke taşlap, oýnaşyň ýanyna gidişiňmi, hä?
«Ogurlyk eden utanmaz, üstüne gelen utanar» boldy bi. Bibiniň depesinden gaýnag suw guýlana dönüp, şagga der basdy:
— Agzyňdan haýyr aç, Rejep. Toba et...
— Nä-me?!. — Rejep aýalynyň sözüni böldi-de, tirsekläp ýatan ýerinden dikelip, onuň ýüzüne çiňerildi: — Öýüni ýeke taşlap gidýän heleý utanmaly däl-de, gel-gel, indi men utanmalymy?
Bibiniň burnuna aragyň ysy haplap urdy. Ol adamsynyň awulykdan mazaly ýetirendigini duýup, agyz deňemezlige çalyşdy:
— Rejep, goýsana biderek dawaňy. Sag-aman geleniň bolýa bize.
— Meniň nähili gelenim bilen işiň bolmasyn. Nirde bolanyňy aýt sen maňa.
— Uzak gije gelmäňsoň, hiç ynjalyp bilmedim-de, agaňka baryp gaýtdym ýaňy.
— Satdym diýsene, ganjyk.
Rejebiň öwzaýynyň bozukdygyny aňan Bibiniň köýneginiň içine garynja girene döndi. Näme-de bolsa, özi hakda alada edenimi duýsa biraz köşeşer diýen umyt bilen adamsynyň ýüzüne seretdi:
— Nämäňi sataýyn, Rejep? Men-ä hiç gelmäbereňsoň gaýgyryp...
— Ýalan! — Rejep gazap bilen gygyryp, tapçany ýumruklady: — Asyl meniň abraýyma çapjak ganjyk däl-ä sen. Anna pilpiliň heleýi ýaly bolup, uly ile buşlap çykansyň gelmedigimi.
— Wa-ýeý, daş edewersin hernä. Seniň abraýyň meniň abraýym dälmi?!
— Şony bilýän bolsaň, jar çekip ýörmäň näme?
— Men-ä agaň dagydan başga ýeke adamyň ýanynda-da dilimi ýaramok.
— Gelnejem barka başgalaryň ýanynda dil ýarmak nämä gerek? Ertir uly ile gürrüň bor ýeke gije gelmänim.
— Gürrüň bolup durasy ýok. — Bibi adamsynyň ýüzüne naýynjar äňetdi: — Senem gije geläýmeli ekeniň-dä.
Rejep aýalynyň boýnuny burup aýdan bu gürrüňlerine özüne edilýän höküm diýip düşündi. Gürlände agzyndan tüýküligi syçrap gitdi:
— Geljek däl, eşitdiňmi, geljek däl. Ed-dil zähräň ýarylýanam bolsa, geljek däl.
Bibi özüne zor salyp ýylgyran boldy:
— Wiý, o nämüçin? Öz öýünden gaçanam adam bormy?
— Men öýden däl, senden gaçýan, senden.
— Ýokary bilimli, wezipeli bolup, şu zatlary aýtmaga utanaňokmy?
Rejep ýumruklaryny düwüp, bogazyna bat berdi:
— Utanýan, şol zatlarym bolup, seň bilen — haýsydyr bir guma bulaşyp ýören kolhozçy aýal bilen ýaşaýanlygyma utanýan.
Kimdir biri mähnet ýumrugy bilen kellesine jaýdar suňşuran ýaly, Bibiniň başy aýlanyp, gözüniň alny garaňkyrady. Özüni lampa aşak goýberdi...
* * *
Obada iki aýalyň başy çatylsa, gürrüňiň bir ujy nähilidir bir öwrüm bilen Rejebe diredi:
— Tanyş-bilşinden dagy utanyp-beýlekem edenokmyş-da. Kelte köýneklisiniň elinden tutup, majorna iýen bolup ýörmüşler uly ýoluň gyrasynda.
— Wa-ýeý, nämesine utansyn ol. Halys pälini azdyrypdyr-a: «Aýalymy kowup, saňa öýlenjek» diýip.
— Çynydyr, düzüwli bolsa soňky gyzjagazynyň bolanyny ertesi eşitmezdi.
— Wah-wah-eý, boldy, boldy Bibä boldy. Indi näçe ýyldyr hossarlarynyň ýekejesi gapysyndan garatdyranok görgülini. Goçsumagam «Senden bizar» diýýän bolsa, bagty ýatypdyr onuň.
— Hany, Rejebiň şäherde jaýy barmyş-a?
— Ah-heý, jaý nämişlesin. Tirkeşýän tulasynyň bile işleşýän jorasy barmyş şäherde. Ana, şonuň bir otagynda ýatyp-turýamyşlar.
— Hany, o ýaşy kesilenleriň ikisem-ä mollum ýaly-la, Rejebiň mekdebinde?
— Mollum bolanda näme? Rejebiň oýnaşy-ha öňem başyny iýipdir bir keçe telpekliniň. Beýlekisem hakyt ärini kowaýanmyş öýünden.
— Toba, toba, asyl deň bolman duş bolaýan eken, haram tulalar.
— Gulak eşidenini göz görmesin hernä. Aýalyny kowan diýip eşitsegem, «ärini kowan» diýip eşitmändik heniz.
— Şäheriňkiler şeýdýämiş-dä...
— Onsoň bu zatlardan Bibem-ä bihabar däldir?
— Habarly bolanda dadyny ýetirjegi barmy oň? Alaçsyz, hiç zat bilmedikden bolup ýör görgüli.
Her kim näme diýse-de, bu gürrüňleriň jany ýok däldi. Aýallaryň çak edişi ýaly, ony Bibi-de bilýär. Ýöne nätsin, kimden haraý gözlesin?! Ejesiniň-ä aýtjak sözüni aýnada gören ýaly bilip dur: «Hä-ä, bal kölüne batdyňmy? Bir wagt-a şondan başga erkek eşiklem, ene-ata-da gözüňe ilenokdy. Bu gün ýene biz gerek bolaýdykmy? Bar, bar, bir är üçin ata-enesinden ýüz öwren janahtyň ýüzüni babaly görsün. Gözüň ýaşyny ýandak bilen süpür». Ejesiniň şeý diýjegi ikuçsuz. Bolmasa, ýedi ýylyň içinde näçe gezekler adam ibertdi. Eger-eger, doňy çözülmed-ä onuň. Bibiniň özem-ä ogryn-dogryn gelnejesidir daýzasynyň ýanyna maýda gatnaw edipdi. Emma bary netijesiz bolupdy. Daýzasynyň-da, gelnejesiniň-de ejesinden getiren jogaplary ekiztaýy ýaly boldy: «Meni ýere duwlaýançaňyz şü gapydan seredäýmesin».
Ana, onsoň her näçe agyr degse-de, Bibi ejesi öýünden tamasyny tala daňmaly bolupdy. Käte-käte toýda-ýasda özleriniňkiden birine gözi kaklyşyp, derdi gozgalaýsa-da, ony iş bilen basmarlamaga dyrjaşardy.
Ýöne kalbyňy gaplap alan tükeniksiz gussalaryňy hemişe maşgalanyň hysyrdysy bilen ýeňip bolanog-a. Aslynda-ha endam-janyň soka salnan ýaly awuşap durka, ol-a işmiş, ýeriňdenem galmak hyllalla ahyryn!
Her näme-de bolsa, agşamky ýumrugyň zarbyna döwlen dişlerini jemläp, gözünden boýur-boýur ýaş döküp oturan Bibi, uluja ogly Didarjygyň: «Eje, ajykdym» diýýän naýynjar sesini eşidende, adatdan daşary bir güýç tapyp ýerinden galdy. Gözüniň ýaşyny sylyp, ogluna ýüzlendi:
— Ynha, häzirjek çaý demläp bererin, oglum. — Ol diwary söýget edinip aşhana ugrady. Çagalarynyň ertirligini taýýar edibem, bir gapdala gyşardy.
Ejesiniň bolup ýörşüne, mazaly aga-gara düşünip ugran uluja oglunyň haýpy geldi. Ol häliden ajykdym diýip özelense-de, saçakdaky çörege seretmedem. Haly perişan bolup ýatan ejesine birdem aňalyp durdy-da, birdenem gelip mejalsyz göwräni gujaklady:
— Eje, kakam erbet gerek?
Didaryň bu sowalyna Bibiniň damagy doldy. Ýöne syr bildirmediksiräp, çalaja ýylgyran boldy:
— Wiý, aýdýanyň näme? Kaka-da bir erbet bormy?
Oguljygy onuň ýüzüni sypady:
— Onda agşam urd-a ol seni. Ynha seret, ýüzüňem gögeripdir.
Bibi birbada näme diýjegini bilmedi-de, ysgynsyz elleri bilen oguljygyny bagryna basdy:
— Wah, jan balam, bilmän urdy ol meni.
Juda ýöntem ýalan sözlenende çaga-da ynanjak däl eken. Didarjyk ejesiniň gujagyndan sogrulyp çykdy-da:
— Allaýaň, ol-a her günem urýa — diýdi. Soňam naşyja ýumrujaklaryny düwdi: — Ýene-de kakam saňa barmagyny batyryp görsün!..
Bibiniň gözlerinden biygtyýar iki damja togalanyp gaýtdy. Ol ogluna duýdurman ýaglygynyň çowy bilen gözýaşyny süpürdi-de, Didarjygyň başyny sypalady:
— Öz kakasyny urýan çaga samsyk bor, oglum.
Ejesiniň sözlerine ýüzi gyzaran Didarjyk samsyk bolmajak bolup ýumrujaklaryny aşak goýberdi:
— Kakama aýt onda, indi seni urmasyn.
— Bor, oglum aýdaryn. Gaýdyp urmaz. — Bibi saçakdaky süýjüdany oglunyň öňüne süýşürdi: — Al balam, süýjüläp çaýyňy iç.
— Sen näme?
— Men soň içerin, oglum.
Didarjyk çaga hereketi bilen siltenjiredi:
— Ýok, bile içeli.
Bibi hyk-çoklap dikeldi-de:
— Bor, oglum, bor, bileje içäýeris — diýip, güllüje çäýnege elini ýetirdi...
Bibi oguljygyna «Kakaň indi urmaz» diýip söz berende bolsa, yzynda tapylyp bilmedi. «Oýnaş otdan yssy» diýleni, soňky günler Rejebiň halys gyýgy ajady. Ozallar gezýäniniň bardygyny ýaşyrjak bolup, her hili pyssy-pyjurlyklara ýüz uran bolsa, indi ony gizlejegem bolup duranok. Adyny-da aýdaýýa göni. Bibi görgülem nätsin?! Ilki-hä Annagül ýalyň tapan gürrüňidir diýip kän bir ähmiýet bermän gezipdi. Rejep öz dili bilen aýdansoňam, bar eden zady ýer ýumruklap Gülnäz diýilýäne gargady. Onuň üçinem paýyny aldy Rejepden.
Adamsyndan taýak iýen günleri aglap-aglap içini sowatsa, Bibiniň ýüregi giňän ýaly bolaýýardy. Bu gezek welin, o garaşany çykmady: barha kemligi tutup, ýüreginiň urmasy güýçlendi. Ahyram, her näçe ilden gizlese-de, bu gürrüňleri Meretdir Rahmana ýaňzytmaly boldy. Ýeri, aýtdam-da, uly gaýynagasy gelip bir abyr-zabyr edip gitdi diýäýmeseň, näme netije boldy. Rahmandan-a o-da çykmady. It ýylgyryşyny edip, Bibiniň gürrüňlerini diňledi-diňledi-de: «Bu zatlary ile paş edip ýörme, gelin. Özüm gürleşerin oň bilen» diýdi. Soňam ellerini arkasyna tutup, darajyk kabinetiniň içinde eýläk-beýläk gezmeläp ýörşüne sözüniň üstüni ýetirdi: «Ýene-de Oba sowet diýdi, organ diýdi, bir topar kişini azara goýup ýörmegin. Abraýymyza gowy däl. Onsoňam, organ diýilýänem, bolup bilse özümizdiris. Sen arkaýyn gaýdyber, her gün ojagyň başyndan örlär ýaly ederin».
Ondan bäri ýarym aý çemesi wagt geçip, Bibiniň sadap dişleriniň ýene-de ikisi döwüldi. Rahmandan welin, eger-eger gara beren bolmady. Bu zatlardan gylaw alan Rejebiň barha bujurygy artdy.
Adam pahyr, onda-da aýal maşgala başyna düşse hemme zada kaýyl bolubir eken. Bibi-de maşgala sütünini dagatmajak bolup, ahyr takdyra ten bermeli boldy. Ýogsam näler ýalbarypda ol Rejebe: «Maşgalany tozdurmaly, düşünişeli» diýip. Ýöne onuň ýaňaklaryndan syrygýan monjuk-monjuk gözýaşy-da, kalbyňy elendiriji sözleri-de adamsynyň daşa dönen ýüregini eredip bilmedi. Rejebiň gözüne diňe Gülnäziň uzyn boýly, syrdam keşbi görnüp, gulagynda onuň näz-kereşme bilen towlanjyrap aýdan sözleri ýaňlandy: «Saňa mynsyp däl şo gelniň. Her kim öz deňini gaşasa ýagşy, Rejep. Üst-başyndan turşy deriň ysyny kükedip, nämesine guwanýaň, üwf-ff...». Şonuň üçin-de ol aýalynyň «düşünişeli» diýmegine ör-gökden geldi:
— O-ho, gel-gel, seniň bilen düşünişmelimi indi? Endam-janyndan mal ýatagyň porsy ysy aňkap duran heleýiň gepine «hä» diýmelimi?
— Çagalaryň hatyrasyna düşünişeli, Rejep. Şolara berin haýpyň gelsin-ä. Ataly halyna atasyz goýma gözmonjuk ýaly neresseleri!
— Ýene-de başladyň-ow şerraýlygyňa. Atasyz galasy ýok şolar. Isleseň, goýup git baryny.
— Şeýle zatlary aýtmaga neneň diliň öwrülýä, Rejep? Heý, olarsyz ýaşap bilerinmi men?!
Rejep aýaklaryny gujaklap, zar-zar aglaýan aýalyna parhsyzlyk bilen seretdi-de, bir gysym bolup bükülip ýatan göwräni depip goýberdi:
— Ýaşap bilmeseň, alyp gidäý güjükleriňem. Ýöne meniň ýoluma böwet bolma. Gülnäzsiz maňa-da ýaşaýyş ýok.
Bibi adamsy depen wagty diwara degen kellesiniň yzasyny-da unudyp, nury solan gözlerini Rejebe öwürdi:
— Sen meni söýýäň-ä, Rejep. Ýadyňa düşýämi bir wagtlarky aýdan sözleriň, hä?
— Ýaşlygyň ýelginine kowalaşypdyryn o wagtlar.
— Ýalňyşýaň, Rejep. Häzir sen oýnaşyň alyna aldanýaň, gaýtyp. Öňem biriniň başyna ýeten-ä o tula.
— Gapyl!.. — Rejebiň gözleri hanasyndan çykarly göründi: — O zatlary kim aýtdy saňa?
— Il aýdýa...
— Il nämäni bilýä?! — Rejep gahar bilen özbaşyna hüňürdedi: — Guma bulaşyp, ezenegini agdaryşyp ýörendirlerem welin, dek gezmezler. Bolsa-bolmasa burnuny sokup galarlar bar zada. Ýeri, meniň bilen nä körüňiz bar?
— Beý diýme Rejep, il-günüň ýamanlygy ýokdur saňa.
— Ýagşylygam göremok şolardan. Haçan görseň gybatdyr ýeňsäňden, mydyr-mydyr. Asyl aýagyň astyny köwüp bilseler armanlary ýok.
— Seniň ýoldan çykyp barşyňa haýpy gelýä olaryň.
— Iki harpyň başyny çatyp bilýäni ýog-a olaryň, ýol-ýoda düşüner ýaly. Hana, Rahman bilýä haýsy ýoluň dogrudygyny.
Rejebiň gaharyna özi duýmazdan aýdan soňky gürrüňleri bar zady aýyl-saýyl etdi oturyberdi. Bibi Rahmanyň inisine agyr-ýeňil hiç zat diýmeýşiniňem, it ýylgyryşynyňam sebäbine indi düşünip galdy. Şeýdip, onuň umyt daragtynyň ýene bir köküne palta uruldy. Gürlände agzyndan çykýan sözlerini özi zordan eşitdi:
— Diýmek, Rahman-da saňa şol aýdýan «dogry» ýoluňy salgy berýän?
Bibiniň şu sözlerinden soň Rejep kellesi göçüp, aýtmasyz gürrüňleri-de dilinden sypdyrandygyna düşünip galdy. Derrewem üstüni gapyl basdyranyň sesine bat berşi ýaly, bokurdagyna zor saldy:
— Rahman bilen işiň bolmasyn. Indi oňa-da gara sürtjek bolýamyň?
— Wa-ýeý, daş etsin. Men-ä özüň aýdaňsoň...
Rejep aýalynyň sözüni böldi:
— Meniň Rahmana gözüm gidýä, gözüm. Aýaly-da, özi-de ýokary bilimli. Ana, onsoň bu dünýäň müşgili ýok olara. Ynha görersiň, basym ony oblasta, soňam paýtagta işe çekerler.
— Wiý, gaty gowy-da. Hernä şeýle bolawersin. Agaň ulalsa begen gaýtyp.
— Begenýän. Ýöne men ömrüm ötinçä direktoryň orunbasary bolup geçeýinmi?
— Senem ösersiň enşalla, ömür diýip näme ýaşadyň häzir. Tüweleme, zawuç bolduň-a eýýäm.
— Aýalym sen bolsaň ösmänjik geçerin.
— O nämüçin, Rejep?
— Wah, seniň o zatlara kelläň işleýän bolsa hem-ä özüňi, hem meni horlap ýörmezdiň beýdip.
— Men-ä seni nähili horlaýanyma düşünemok. «Etek alty, ýeň ýedi» ugruňda ylgap ýörkämem beý diýseň, bilmedim men-ä.
— Bilmeseň bilip goý, maňa diňe maşgalanyň aladasy bilen ylgaşlap ýören tupoý aýal däl, bilimlisi gerek. Paýtagtda ýaşap, işläp biljek sowatlysy, medeniýetlisi gerek. Indem düşünmediňmi?
Bibi uludan dem aldy:
— Düşündim. Düşünemde nädeýin?
— Git, çagalaryňam alyp.
Bibiniň aglamakdan ýaňa ýaşy gutarandyr diýdirýän gyp-gyzyl gözleriniň owasy ýene doldy. Dodaklary dagy ýaş çaganyňky ýaly kemiş-kemiş etdi:
— Nirä gideýin, Rejep? Barara gapym barmy meniň? Sen diýip hemmesini terk etdim-ä olaryň.
Endam-janyny persala edip, dişlerini döwse-de, kysmatyna kaýyl bolup oturan aýalynyň bu sowaly Rejebi-de iňkse goýdy: «Dogrudanam, nirä gitsin bi?». Şol wagtam onuň göz öňünde Gülnäziň keşbi janlandy: «Hä-ä, dözmezçilik edýämiň? Eger ol seniň şu pikiriňi aňaýsa, ömürem gitmez. Hany, erkek bol. Juda bolmasa başga ýol gözle. Kelläň işleýär-ä seniň».
Urup-sögüp dynyp bilmänsoň, birmeýdan ugur-utgasyny ýitiren Rejep, Gülnäziň: «Juda bolmasa başga ýol gözle» diýşini çykalga bildi. Derrewem şol diýilýän ýoly tapdy. Boldugyndan sözüne mylaýymlyk äheňini çaýyp, aýalyna ýüzlendi:
— Häzirem şeýle söýýämiň, Bibi?
Alla rehim edip, ahyr adamsynyň kalbyna yssylyk salandyr diýip pikir eden Bibi çyny bilen gürledi:
— Häzirem, ertirem söýerin. Urup tenime gök salmag-a däl, ed-dil hol ak gezligi göwsümden geçirseňem, diňe sen diýip ölerin, Rejep!
Rejep aýalynyň gürrüňlerini diňläp, biygtyýar ýylgyrdy: «Şindizem şo-ol samsyklygy-da munuň. Üç çagasy bolansoňam aýdýan gürrüňlerini, «söýerin», «ölerin» diýip».
Şeýle içgepletmeler bilen ol Bibiniň daşyna möýüň kerebini dolap başlady:
— Eger beýle bolsa, garşy bolmaly däl-ä meniň ösmegime.
Adamsynyň pirimine birbada akyl ýetirip bilmedik Bibi ör-gökden geldi:
— Aýdýanyň näme, heýem men oňa garşy bolarynmy? Elimden gelen zady gaýgyrman gaýtyp.
— Çynyňmy, Bibi?
— Gara çynym.
Rejep köpmanyly ýyljyraklady:
— Meniň bagtymyň açylmagy üçin hemme zada taýynmy?
— Ölüme gitmelem bolsa taýyn, Rejep.
Rejep az salym içini hümledip oturdy-da, wagty geldi hasaplap, morta söz oklady.
— Ölüme däl, öýüňe gidäý onda, Bibi.
Ýaňy bir goja tuduň ýykylandaky güpürdisine ürken maşgalanyň depesindäki bagt guşy ýene-de aýlanyp geläýjeg-ow diýip göwün ýüwürdip ugran Bibiniň gulagy şaňlap, başy aýlanyp gitdi. Täzeden pyntyk ýaryp ugran ähli arzuwlary düýrlenip gelip bokurdagyna tegek bolan ýaly, az salym gürläp bilmän durdy-da, ahyram ýuwduna-ýuwduna pessaý dillendi:
— Maksadyň meniň bilen aýrylyşmakmy?..
Rejep her näçe sesine bat beresi gelse-de, gaharyny basyp gürledi:
— Eger meni gowy görýäniň çynyň bolsa, ýoluma böwet bolma, Bibi. Barybir, meniň erkim özümde däl häzir.
— Soň-a ökünersiň, ýöne giç bor, Rejep.
Rejep tasdanam: «Ol seniň işiň däl, ganjyk» diýip gygyrypdy. Herhal, dilini dişläp ýetişdi:
— Ökünsem özüm çekerin jebrimi. Çagalara-da kömek ederin gapdaldan.
Bibi tisginip gitdi:
— Ýok, ýok. Bir aýrylyşamyzsoň, çagalaryň azaryny ýetirmerin saňa. Äri ýogalyp dört-bäş çagasy bilen dul galýanlaram görüp ýörüs. Aç öläýenoklar. — Bibi özüni rahatlandyrjak bolsa-da, gitdigiçe sesi sandyrap çykdy. Gözerinden syrygýan ajy gözýaşy ýaňaklaryny ýuwup, ýaglygynyň çowuny öl-myžžyk etdi. Ol gapdalynda dünýäni unudyp ýatan körpeje gyzjagazyny bagryna basdy-da, ses edip aglamaga başlady: — Diňe şular saklaýa, bolmasa dünýäden doýdum men, doýdum. Seniňem ýoluň açyk, nirede bagt bilen ulurak wezipe garaşýan bolsa, ötägit...
Rejep az salym aşak bakyp, ses-üýnüni çykarman oturdy-da, ahyram otlukly nazaryny aýalyna gönükdirdi:
— Sen gidäýseň nädýä?
— Men nirä gideýin üç çagamy yzyma tirkäp? Ýüz sapar aýtdym-a, barara gapym ýok diýip. — Bibi barha joşdy: — Hanha, sud bar, milise bar, bolmanda Oba sowet bar, git-de böldür jaýy ikä. Şoňa-da razy men. Başybitin çagalaryňam alyp göteril diýseň welin, ylalaşman. Menem az çekmedim şu jaýyň keşigini. Onsoň, arkaýyn bolaý, maslygym çykaýmasa, demim gelip-gidip durka öz aýagym bilen-ä gitmen hiç ýerik.
Rejep dünýäniň bar aladasy üstüne çöken ýaly, «öwf-ff...» edip uludan bir demini goýberdi-de, ýene-de pikire çümdi: «Nätsemkäm? Ýa mellegi, jaýy, öý-goşlaryňam ählisini deňje bölüşäýsemmikäm?». Şol demde onuň göz alnynda ýene Gülnäziň nägile keşbi janlandy: «Wa-ýeý, edýän pikiriň dagy näteňet? Rast, Aşgabada baryp howly satyn aljak bolsak, ýarym mellegiň bahasy näm bolar? Onsoňam şo gyrnak jaýyň ýarsyny eýeläp otursa, hemişe dawaly bor. Dawaly ýere bolsa, mugtuň bäri ýany edip sataňda-da hyrydar tapmak kyndyr». Rejep näme etjegini bilmän, maňlaýyna elini ýetirdi:
— Öldürip dynaýmasam, senden gutulma ýog-ow onda?!
Üç sanyjak garagözelejik çagasy diýäýmeseň, Bibiniň özem şeýdip ýaşanyndan ölenini müň kerem gowy görjek. Goja tut ýykylyp, Rejep mekdebe işe geçeli bäri nämeleriň pikirini etmedi ol. Ozallar özüni otlap ýa sirke içip janlaryna kast eden gelin-gyzlar barada eşidende, olary kellesi üýtgän hasap ederdi. Indi welin, mahal-mahal özi-de şol hyýala atlanýar. Hälem säheriň saba ýeli ýaly, çagajyklary ony pälinden gaýtaraýýar. Her gezegem şondan soň ol toba edip, ertirki günüň gowy bolmagyny Hudaýdan dileg edýär.
Bibi adamsynyň soňky sözlerini eşidende, indi bir ýyldyr ölüme boýunam bolsa, janyny barlap görmek isledi:
— Çynyňmy?..
Rejep şol oturşyny üýtgetmän:
— Eger öýden gitmejegiň çynyň bolsa, meniňem oýnum däl — diýdi.
Bibi kysmatyna kaýyl naçaryň äheňinde ýuwaşja, ýöne welin, aýgytly dillendi:
— Onda öldüräý, men razy...
Rejep ýene-de az salym şol durkuny üýtgetmän içini hümledip oturdy-da, birdenkä silkinip ýerinden galdy. Ýalt-ýult daş-töweregine garanjaklabam, sütüne kakylan çüýden külterlenip asylyp goýlan ýüpe elini uzatdy:
— Bar, getir şony.
Bibi ýüpi adamsynyň gapdalyna oklady. Rejep ony alyp howlukman bir ujuny halka etdi-de, aýalynyň ýüzüne alaryldy:
— Ýör!..
Adamsynyň tüýsüniň üýtgänini gören Bibiniň endamyna ýuwaşja galpyldy aralaşdy. Ol bir-ä henizem hiç zatdan habarsyz ýatan çagajygyna, birem ýüpe seretdi-de: «Wah, oguljyklarymyň ýokdugyny...» diýip, ahmyr bilen hyrçyny dişledi.
Aýalynyň içki ahwalatyndan bihabar Rejep onuň ýaýdanyp durşuna özüçe düşündi:
— Hä-ä, gorkýaňmy? Ýaňyja özüň aýtdyň-a: «Men razy, öldüräý» diýip.
Bibi birdenkä çagajygyny bagryna basdy-da, ýaňaklaryndan taýly gezek öpdi. Bimaza edilen çagajyk kemiş-kemiş edenem bolsa, düşeginde ýatyrylansoň ýene derrew ymyzgandy. Bibi onuň rahat dem alyp, süýji uka gidenini gördi-de, gazapmy, ahmyrmy, bir hili duýgy bilen Rejebe tarap öwrüldi:
— Nirä barmaly?
Rejep elindäki halkaly ýüpi pyrlan bolup durşuna, göwnübir dillendi:
— Jaýa söýelgi merduwanyň ýanyna baraý.
Bibi sesini çykarman, boýun egijilik bilen aýdylan ýere bardy. Rejep merduwanyň ýokarrakdaky basgançaklarynyň birinden ýüpi aýlap aldy-da, halkaly tarapyny aýalyna uzatdy:
— Me, ildir boýnuňdan.
Alyslara nazaryny dikip duran Bibi:
— Pälini ýamana düwen jelladyň özi ildirer gerek bolsa — diýdi.
— Juda gowy däl eken-ä, ölmek? — Rejep nakys ýylgyrdy-da, ýüpüň halkasyny onuň boýnundan ildirdi: — Pikiriňi üýtgetseň-ä birki sekunt wagtyň bar, aýdyp gal häzir.
Bibi henizem gözlerini alys bir ýere dikip durşuna:
— Başlaber, seni çagalarymyň gözýaşy tutar hernä — diýdi.
— Onda menden gaty görme. — Rejep şeý diýdi-de, ýüpüň elindäki ujuny çekip ugrady. Halka bokurdagyny gowuja gysyp ugranda, Bibiden «hyýk» edip, täsin bir ses çykdy.
Şol mahal ýanaşyk jaýdan mallaryna ot ýygmak üçin eli orakly daş çykan Maral ejäniň bulary görüp haýýaty göçdi. Ol elindäki oragynyň ýere gaçanynam duýman galdy:
— A-ýu, näm edýäň, pälazan?
Duýdansyz çykan çirkin sese Rejebiň ýüpli eli gowşady. Ol ýorunjalygyň içinden özlerine tarap okdurylyp gelýän goňşusy Maral ejäni görüp, ýüpi goýberdi-de, gülen boldy:
— Oýun edişýäs, Maral eje. — Rejep hasyr-husur ýüpüň halkasyny aýalynyň boýnundan aýyrdy: — Bibiniň batyrlygyny synap görýän, şeýle dälmi?
Bibi bu gezegem syr bildirmezlige çalyşdy. Elini awuşap duran boýnuna ýetirdi-de, çalaja ýylgyrdy:
— Hawa...
Maral ejäniň şondan soň jany aram tapyp, käýine-käýine yzyna dolandy:
— Heý beýle-de oýun bormy, oýny guranlar? Iş tapmaýan bolsaňyz-a giriň mellegiňize, jeňňellige öwrülýänçä garaşyp ýörmän...
* * *
(dowamy bar)...
Powestler