SABYR KÄSESI
Haramylyk goç ýigidi har eder.
«Görogly» eposyndan.
— Sud edilýän, iň soňky sözüňizi aýdyň.
Günäkäriň oturgyjynda oturan ýaş gelin göwünli-göwünsiz ýerinden galdy. Bir zat bokurdagyna tegek bolan ýaly, az salym gürläp bilmän, ýuwduna-ýuwduna aşak bakdy. «Hiç bolmanda ýekeje gezek balalarymy görkeziň, didarlaryndan bir ganaýyn» diýesi geldi. Ýöne üç güne çeken sud diňlenişiginde öňem telim ýola özelenipler aýdan bu sözleri ýene-de ýeliň ugruna gider öýtdi.
— Sud edilýän, aýtjak zadyňyz ýokmy?
Ol üstüne suw guýlup ukudan oýarylan ýaly, tisginip gitdi:
— Bar. Üç çagama rehim ediň! Şolar berin hor bolmasyn. Iň bolmanda, Çagalar öýüne ýerleşdirmäge kömek ediň...
Gelin aňyrdan dyňzap gelen gözýaşyny saklap bilmedi. Näçe gündür soky daşy ýaly bolup ýegşerdip, ýere sokup gelýän aladalardan, gutarnyksyz oý-pikirlerden ýaňa güýz ýapragy deýin solup ugran ýaňaklaryndan ajy gözýaşy üzülen monjuk kimin paýraşyp gaýtdy.
— Sud edilýän, başga etjek haýyşyňyz, aýtjak zadyňyz barmy?
Gelin aýasy gabarçak-gabarçak, gataňsy elleri bilen gözleriniň ýaşyny syldy:
— Çagalarym enesiz-atasyz, göreniň gapysynda syňsyraşyp ýörmese bolany. Meniň başga haýyşymam ýok, aýtjak zadymam.
Şondan soň, suduň haýbatly kürsüsinde oturan adam gözünden äýnegini aýryp, ýerinden galdy-da:
— Eger, başga aýtjak zadyňyz bolmasa, sud maslahata gidýär — diýip, öňündäki kagyz-galamlaryny ýygnaşdyrmaga durdy...
* * *
Goja tut. Obanyň gaýra çetindäki gowaçaly kartanyň bir gyraragynda at gaýtarym ala meýdana saýa salyp oturan äpet tudy oba adamlary şeýle atlandyrýarlar. Bilinden gujaklanlarynda üç adamyň eli zordan biri-birine ýetýän bu tuduň ýaşy, gör, näçekä? Şony welin, bilýän ýok obada. Adamlaryň aýdyşy ýaly, dünýä döräli ýaşap ýören Kasym aga-da: «Alla bilsin oň ýaşyny. Bizem-ä oglankak kän iýipdik tutanasyndan» diýäýerdi. Ýöne goja tuduň köp-köp gowgalary başyndan geçirendigi-hä ýedi ýaşaryndan ýetmiş ýaşlysyna çenli belli bu obanyň.
Käteler ak sakgally ýaşulularyň güneşräk bir ýere ýygnanyşyp, ýaşlyk ýyllaryny ýatlamalary bar. Ana, şeýle gürrüňçiliklerem aýlanyp-öwrülip, hökman goja tuda syrygar. Şonda maňlaýy gasynly ýaşulular, başlaryny ýaýkaý-ýaýkaý, baý gürrüň bererdiler-ä onuň gören gowgalaryny.
Segseniň onundan gädip ugran Baky aga-ha gürrüňiň bir ujy tuda ýetende, çep gaşynyň ýokarsyndaky çapygyň yzyna elini ýetirenini duýman galýar. Her gezegem şeýle ýagdaýda Berdi şyhyň gyzy bilen soňky duşuşygyny ýatlaýar. Garaňky gatlyşaýan uçurlary tudy il gözüne pena edinip, Selbi bilen süýji-süýji arzuwlaryň kölünde ýüzüşleri, birdenem ýerden çykan ýaly bolup Berdi şyhyň uly oglunyň iki «nökeri» bilen öz üstüne topulyşlary çakylyksyz göz öňüne gelýär. Şol wakanyň soňuny ýatlamak Berdi aga diýseň agyr degýär. Barybir, ony ýatlamanam bilenok. Özüniň şuwlap inýän üç gamçynyň aşagyna düşüşi, her gezek gamçylaryň degen ýerini pyçak ýaly kesişi, gyrmyzy ganynyň joralanyp akyşy aňynda galypdyr. Soňam... soňam, gijäniň bir wagty tuda mäkäm saralgy halda özüne gelşi düşerdi ýadyna. Edil şol gije Bakynyň halyna gyýlypmy, nämemi, gögem, baý, dökebilip-dä gözýaşyny. «Asmanyň düýbi deşiläýdimikä?» diýdirýärdi. Tuduň gür ýaprakly şahalary dagy bolmadyk bolsa, Baky näler buýup galaýmalydy şol ýagşa.
Ana, onsoň Baky aga-ha özüniň halasgäri hökmünde garaýardy bu tuda. Diňe olam däl, başga-da nijeme adamyň gussaly günlerine gynanç bilen başyny yrap, şatlygyna şaýat bolan, ençe-ençe aşyk-magşuklary del gözden ýaşyran tut ol. Şeýle bolansoň, köklerini geçen asyrdan alyp gaýdýan agajy obanyň uludan kiçisi gözleriniň göreji ýaly görýär. Oňa ýönekeý bir agaç däl-de, mukaddeslik hökmünde seredýärler.
Ýöne hemmeleriň apalap ýören agajy soňky döwürde Muhy brigadiriň-ä gözüne gelmän ugrady. Bassyr iki ýyl bäri pagta planyny dolup bilmezliginem şondan görüp, asyl jyny düşäýdi. Oturan-turan ýerinde-de gürrüň etdi: «Häk, şol bipeýda agaçdan dynmasam boljak däl-ow, ep-esli meýdany tutup dur gowaçalary eýikdirmän, sluşiý» diýip.
Onuň bu gürrüňlerini eşidenlerinde obanyň ýaşulularam galdylar uly basga, «Gel-gel, Muhy birgat ýykjak bolsa, tapan däldir-ow indi şondan başga dal-daragt» diýşip. Brigadiriň gürrüňini çynyrgadyp ugrandygyny bilibem, üç-dört bolup ýörite töwella bardylar. Il arasynda Gurban göni lakamy bilen tanalýan aksakgal-a bara-barmaşa «mus-nuslabam» durman, «Mustapasyny» oklaýdy Muhy brigadire:
— Inim, senden ozalky birgatlar-a her ýylam dolardylar planyny. Senem il arasynda nokgy-nokgy edip, bar günäni şu tuduň şahalaryndan asyşdyryp durma-da, birazajyk işiňi oňarjak bol.
Häzirki zamanyň ýaşlarymy beýle-beýle gürrüňleri çekip-çydajak?! Özüni oba emeldary saýyp, hondan bäri bolup ýören Muhy girrig-ä asylam çekmez. Ol elindäki çybyjagy bilen brigadir bolan gününiň ertesi geýip ugran «aktiw ädigine» ýuwaşja şyrpyldadyp oturşyna, şlýapasyny buýnuzagyna süýşürdi-de, Gurban göniniň göreçlerine çiňerildi:
— Sluşiý, ýaşuly, «Akyl ýaşda bolmaz, başda bolar» diýip aýdanlaram bihal adamlar däldir. Senem, gaýrat et-de, maňa akyl öwretme, onsuzam ýer tapamok akylyma şu gara kellede. Soňam, bilip goý, paýtagtyň kaşaň tehnikumynyň gaty kagyzam berläýenok her ýetene. Şony almak üçinem telpek sokaryňda birazajyk şygyrdy bolmaly, şygyrdy...
Umyt bilen gelen ýaşulularyň ýüzlerine kül urlan ýaly boldy. Olar bir-ä agzynyň sarysy gitmedik brigadire, birem Gurban gönä seredişdiler. Häliden oturmagyňam känbir ebeteýini tapman, hasasyna agramyny atyp duran Baky aga-ha sakgalynyň uçlaryny agzyna salyp, ýöne başyny ýaýkaberdi. Agtygy ýaly oglanyň özi bilen harçaňlaşyp durşy Gurban göniniňem biraz çetini gyzdyrman durmady:
— Inim, biz saňa däl, seniň kakaňa-da öwrede-öwrede gelendiris akyly. Senem beýdip keçjallyk edip durma, özüňden uly bir zat diýeninde. Onsoňam, tut ýykanyň bilen planyň bitýän bolsa, iki dolardyň geçen ýyl. Öý ýaly bolup oturan negözel peýwendileri gyran-jyran etdiňiz-ä, ekişiň öň ýany.
Beýdip Muhy brigadir bilen ylalaşyga gelip bolmajagyna göz ýetiren Baky aga agzyndaky uýap ýetişmedik nasyny bir gapdala tüýkürdi-de, ýuwaşlyk bilen Gurban göniniň çäkmeniniň syýyndan çekdi. «Ähem-ühem» ardynjyrabam:
— Äl-aýt, sakgaldaş, beýle dyzaberme ýaş oglanyň üstüne. Elbet, Muhy hanam il üçin etjek bolýandyr gowusyny — diýdi. Yzyndanam: «Bi zamanyň ýaşlaryny gyr-gyrlap alyp bilmersiň, myr-myrlap alaýmasaň» diýen röwüşde Gurban gönä gözüniň gyýtagyny aýlap goýberdi-de, sözüniň üstüni ýetirdi: — Muhy han bir ýaş oglandyr, düşündirsek, elbet, diňlär sözümizi. Keýpimizem uçurmaz bir agaç üçin. Dogrumy, Muhy birgat?
— Häk, Baky aga, sizem soňuny bulaşdyrdyňyz-ow. Sluşiý, düşüniň-ä, bize bir tutdan näme peýda bar? Şol ýerden aljak pagtamyzdan welin, näçe zatlar edip boljak. Iň bärkisi, egniňizdäki köýnegiňize çenlem-ä pagtadan siziň. Wah, arman sowadyňyz ýetenok-da bi zatlara.
— Äl-aýt, inim, juda kejeňek ekeniň-ow sen. Bir depen ýeriňi depip dursuň. Iki daban ýerden dünýäň maly önýän bolsa, mellegimize ekip beräýeli şo ýere ekjek gowaçaňy.
Muhy brigadir ýerinden galyp bir gerinjiredi-de, balagynyň çaňyny kakyşdyrdy:
— Beýdip azara galmaň, bize-de azar bermäň. Onsuzam ekişiň öňýany aladamyz ýetik-how, sluşiý.
Ol gürrüňini gutardym edip, elini arkasyna tutdy-da, birki ädim beýleräkdäki kiçiräk tümmege çykyp, ýaplary arçaşdyryp ýören daýhanlara syn salmaga başlady.
Onuň beýdip gidişini halamadyk Gurban göniniň-ä gahardan ýaňa sakgaly titir-titir edip, süňkleri çykyşyp duran ýüzüniňdir almanyň sapagy ýaly boýnunyň damarlary tar-tar boldy. Ol başyny ýaýkap, naskädisiniň düýbüni taýagyna tyrkyldadyp urup duran Baky aga seretdi:
— He-eý, sakgaldaş, sakgaldaş, öz abraýyny bar zatdan ileri tutan birgatdyr bi. Muňa seniň, otüki, ýylany hininden çykaraýjak ýagşy sözleriňem kär etmez. Asyl, atan okuň nyşananyň ho-ol beýlesini tozadaýandyr, görseň.
Baky aga alaçsyz halda dillendi:
— Ýeri, indi nätsek diýýäň, Göni?
— Nätsegi bolmaz oň. «Düýeden uly pil bar» diýleni. Atan okumyzy ýele goýberip, baş ýaýkaşyp oturandan, gideliň kantura. Mergen başlyk bir akyly goýalyşan adamdyr, düşüner bize.
Brigadirden göwni galan ýaşulular wagt ýitirmän ýola düşdüler.
Muhy olaryň yzyndan seredip durşuna: «Halys pişelerini tükedipdirler-ow, aňkasy aşan garrylar» diýip içini gepletdi-de, şlýapasyny bulaýlap, gyzlaryň işini gözden geçirip ýören kömekçisini çagyrdy. Orta boýly hortap ýigit az salymdan onuň gaşynda häzir boldy.
— Sluşiý, Rejep, men häzir garaža baryp, zynjyrly traktor ýollaryn bäri. Özüň ýanynda bolup, şol bipeýda tudy sogurt köki-damary bilen. Menem geljek borun basym.
Öňem Muhy käwagt: «Ýok etmeli-ow, şo garry läheňem» diýende bokurdakdan bärde aýdýandyr diýip ýören ýaş ýigit birbada gulaklaryna ynanmady. Brigadiriň bu aýgytly sözleri onuň üçin tomsuň güni ýyldyrym çakandan enaýy bolmady. Gürlände dagy sesem birhili sandyrap eşidildi:
— Nä-me, şol goja tudumy?
— O nä birden ýüz-gözüň dagy üýtgäýdi? Ataň ekäýen-ä däldir-dä ony?
— Aý, ýok, ýöne tutuş obaň adamlary...
— Ýeri, bes etsene, senem hälki garrylaryň gumuny tozadyp başladyň. — Birdenem ol zat ýok ýerden gyzarylyp ugrady: — Sluşiý, maňa adamlar däl-de, pagta gerek, düşünýäňmi, pagta. Şu ýylam planymyzy doldurmasak, bilýäňmi näm boljagyny? Seniňem başyňdan sypamazlar...
Ol birsalym diliniň keýpini görensoň, «Äý, bulara gep düşündirip bolasy ýok-la» diýip, gahar bilen elini silkdi-de, ulagyna tarap ugrady. Bäş-on ädim ýöränsoňam yzyna gaňrylyp:
— Sluşiý, traktor geldigi egleme. Goparansoň düşelgäniň ýanyna eltdiräý, süýredip — diýdi.
Rejep yzynda çal tozan galdyryp, barha uzaklaşyp barýan ulaga seredip durşuna: «Muhy keçjal-a tudy ýykmagyň kül-külüne düşüpdir welin, soňy düz bolsun-da» diýip, içini gepletdi. Şondan soň onuň iş bilenem kän bir weji bolman, hol beýleräkde howalanyp görünýän goja tuda garşy mytdyldap ugrady.
Mart aýynyň başy bolansoň, çyplaň çybyklaryny ýaz şemalyna çalaja yrap oturan agaç, göwnüňe bolmasa, özüni juda sowuk garşylana meňzedi. Mili ol häzir: «Men seniň ýeke-täk syrdaşyňdym ahyry. Hiç kime aýtmadyk syrlaryňy maňa aýdardyň-a gelip. Menem saňa ikilik eden däldirin. Bibi bilen her gezekki ikiçäk gürrüňleriňizi-de pynhan saklap, özüňizem il gözünden ýaşyrdym. Emma bu günki gün bir gyňyr brigadiriň göwnüni tapyp bilmediň. Ýa-da ynsanyň dostluga bar sarpa goýup bilşimi şü?» diýip, başyny ýaýkap oturana çalym edýärdi.
Rejep nebsagyryjylykmy, haýpygelijilikmi, garaz, alasarmyk bir duýgy bilen tuduň emer-damar bolup ýaýran şahalaryny synlady. Soňam bir zadyny ýitiren ýaly, onuň daş-töweregini nazar eleginden geçirip başlady. Gözleýän zadyny tapdy öýdýän, birdenkä aşak çökdi. Az-kem çaýyr basan gumak ýerde mese-mälim saýgardyp duran köwşüň yzyna tiňkesini dikdi: «Bibimiň aýak yzlary, iki gün geçse-de ýitäýmändir. Wah, özüm bulary ýok etmeli boldum-ow bu gün». Ol emaý bilen aýagyza elini ýetirip, ony üç mertebe maňlaýyna togap etdi: «Basan yzyňa gurban seniň, Bibim!». Şol oturşyna-da, alaçsyz halda «owf-f» edip, uludan demini goýberdi.
* * *
Rejep üç erkek doganyň iň kiçisi bolsa-da, durmuş ony läliksiretmändi. Ykbalyň ajy şarpygynam, ýumrugynam ol juda ir datdy. Heniz ýaşyna-da ýetmedik çaga, bir gün sygyr süýtli çüýşäniň emzigini agzyna gyssyranlarynda, ilk-ä kemiş-kemiş edip, baý çyrlamak çyrlap-da. Çaga-da bolsa, süýdüň tagamynyň öňküliginiň ýokdugyny, çüýşäniň ýumşajyk, mylaýym ene göwsi däldigini bilendir-dä, elbetde. Ýeri, bilende näme diýsene, gelnejesi Gymmatyň aýdyşy ýaly, «Bu gün bolmasa, ertir garagy akan ýaly öwrenişer gider-dä». Aslynda, diňe Rejep bolsady şeýle ýagdaýda galan. Käbir agzy ýelli heleýleriň aýdyşy ýaly, mesligine çydaman kesel bolýan, soňundanam suw ýaly çagalaryny taşlap has dynç ýere gaçan heleýler azmy näme? Bu-da şol çagalaryň biri bolar-da. Oba-garadyr goňşy-golamam zor etse birki gün gyýlan bor. Soňam iş-alada bilen unudyp goýbärler baryny. Ýene-de ýeke-täk jebir çekjek Gymmatdyr. Olam nätsin?! Betbagt gaýynymyň çagasy eken diýib-ä eger-eger ýeke gijäniň ukusynam dözjek däl. Arman, alaçsyz, il-günüň gepinden çekinýär. Diňe gepem bolsa hiç-le, çagany eltip tabşyraýsa-da bordy tabşyrmaly ýerine welin, has beteri bolar diýibem ýaýdanaýýar. Gymmat indi tanamaly däl-ä bu heleýleri, nädersiň ertesi bir ýetime eýelik edip bilmedi diýşip, ýüzlerini kese-kese sowuberseler. Galyberse-de ol, dünýäniň iş-aladasy bilen halys bili bükülen gaýynatasyndanam birneme heder etmän duranok. Goýun ýaly ýuwaş diýilýänlerden bolsa-da, bilýämiň birden: «Çagamyň sygmadyk tünegine sizem sygdyrmaryn. Hany, saýlaň basym paty-putyňyzy» diýäýse.
Gaýyny görgüliniň ýogalan günem ol il gözüne dady-perýat edip, ýalandan hernäçe gözýaş dökenem bolsa, indiden beýläk şaraňlap duran dört otagly jaýyň, bagly-bakjaly at gaýtarym mellegiň bikesi boljagyna az begenmändi. Aslynda-ha, şu öýe gelin bolup düşeli gününden bäri ýetibilmän ýören arzuwydy bu onuň. Ýöne, häli-bu güne çenli şol begenji ýüreginiň töründe busupjyk ýatyr, Heýem ony gaýynynyň kyrky-pyrky geçýänçä ile duýduryp bolarmy? Ony diňe Gymmatyň ejesi bilýär. Arada — merhumyň ýedisi berlen güni mähelle mazaly sabansoň, az salym öýde ikiçäk galanlarynda ejesiniň özi aýdypd-a muny. Ýöne ol çalaja ýylgyranam bolsa, basym agras keşbe girip, gyzyna nesihat hökmünde gürläpdi: «Indi şü içeriniň hanam özüň, soltanam. Ýaşlyk edip gyzyberseň, elden gidirersiň mülküňi. Biraz giň borlar. «Iki aýakly iki günde» diýleni, bi ýetimçäniňem aladasy hä diýmän geçer gider. Ulalansoň özüňe el-aýak hyzmatkär bor». Ýene-de bir zad-a aýdypdy. Hä, o-da ýadyna düşdi: «Gaýynataňam müdimilik gelen däldir. Ülhidi çykan garry bolmasa-da, özüni bi gussa basdyryp ýörşi bilen uzak ýaşar öýdemok. Soň-a günüň geldigi gyz seniň».
Her gezek Rejebiň aladalary basmarlaberende ol ejesiniň şu sözlerini ýatlardy. Şonda oňa täzeden güýç gelen ýaly bolardy, öýde ýeke özi mahal-a çalaja ýylgyrybam goýberäýýärdi. Meseläniň ikinji tarapy ýadyna düşende welin, şol ýylgyryş ürküzilen serçe sürüsine dönäýýär. «Meseläniň ikinji tarapy» diýip ol iki ýüwürjisini, olary öýli-işikli etmeli boljakdygyny göz öňünde tutýar. Şeýle bolanda ähli gaharyny bigünä çagajykdan çykarjak bolýan ýaly, dünýäden bihabar ýatan Rejepjigiň maňlaýyna ýumrugy bilen urup-urup içini sowadýardy. Çaga-da duýgur bolar eken, bu zatlaryň asyl manysyna düşünmese-de, sojap-sojap aglardy. Gymmat onuň aňsat köşeşmejegini bilensoň: «Häý, dogulman geçen, meniň içimi ýakmak üçin dünýä inen diýrler saňa. Wah, urkaçam bolaýmandyr bagtyma» diýip, gargaý-gargaý buza dönen emzikli çüýşäni sokardy çaganyň agzyna.
Ana, onsoň ahyrzaman gopardy bu öýde. Garaňkyny gatlyşdyryp öýüne dolanýan gaýynatasyna-da, okuwdan gelip öýlän salkyn işe gidýän ýüwürjisi Rahmana-da gün ýokdur Gymmatyň derdinden. Saçagyň başyna üýşenlerinde dagy, çorbaly jamlar gütüläp-gütüläp, ýarsy dökülip düşerdi öňlerine. Çemçeler-ä asmandan ýagýan ýaly, ala şakyrdy bolar. Aýalynyň yrsarap ýörşüne, ömür saçak başynda sesini gataltmagy halamaýan kakasy bir zat diýmänsoň, Gymmatyň adamsy Meredem pylan zat diýip ýarylmaga milt etmezdi. Diňe gözüniň agyny köpeldip, aýalynyň yzyndan garap galaýýardy.
Hernäçe çydajagam bolsa bolmady, ahyr Merediň pökgi deý çişen çybany ýaryldy. Ol ýatmak üçin öz jaýyna geçende, ýorgan-düşekleri ýazyşdyryp ýören aýalyna:
— Gymmat, soňky wagtlar seniň bolşuň üýtgäp ýören-ä däldir-dä? — diýdi.
Güzeranyň ähli keşigini täk özüm çekýän diýip pikir edip ýören Gymmat adamsynyň sözlerine ör-gökden geldi. Ol sandygyň üstündäki ýorgany gahar bilen çekip goýberdi-de, joşup ugrady:
— Taňryýalkasynyňmy şü seniň? Ýa naharyňyzam agzyňyza tutup bermelimişimmi indi? On-a etmen, besdir biriniň agzyna tutup berýänim. — Onuň gürledigiçe şumjarmasy artdy: — Ýeke sapar halymdan habar-a alaýaňok, ýadaýaňmy dagy diýip. Gaýtyp, torsaryşan bolýaňyz. Sallançakdakyňyzyň aladasam ýetik, ulyňyz bir günüňizi görüň-dä.
— Näme-de bolsa, gaýynataň bilen ýüwürjiňdir. Azajyk mylaýymrak bolaýarlar. Gördüň-ä, hälki bolşuňy sesini çykarmasa-da, kakamam halamady.
— Nämäni halamandyr? Nahar bişirip öňünde goýanymymy? Ýa-da kirlerini ýuwup, çäklerini çatýanym göwünlerine ýaramandyrmy? — Gymmat sesine bat berdi: — Aslynda-ha meniň maňlaýym gara eken. Bolmasa, gel-gel saňa ykbalymy ynanyp, men çekmelimi diýsene şeýle hupbatlary. Käşgä bi aladalaryň soňy görünse. Hä diýmänem, hol ýeňsesini küňre ýaly edip ýören iniňe heleý gerekdir. Sallançakdakam-a şü çüýşesini gujaklap ötäýmez dünýeden. Bergileriňi üzüp-üzmänkäň, ýeter onuňam nobaty. Ana, onsoň nädersiň eşigiň iki bolaýsa. Wah-wah-heý, artyp, ýandym öz-ä ýaş başyma.
— Äý, Gymmat, biraz merdiräk bolsana, nesip bolsa, biziňem özümizi tutjak günümiz bardyr. Bary geçer-le, basym...
— Hä-ä, geçer garra-ap bilim ýaýa dönen mahaly. Iýjek wagtym, geýjek wagtym dünýäniň hözirini görmejek bolsam, soň başyma ýapaýynmy geçenini.
Gymmatyň şaňňy sesi, öňem ukusy gaçan Aman aganyň gözüne çiş kakylana dönderdi. Ol ahyr uklap bilmejegini duýup, içde-daşda ýelbegeý atynýan köneje ýektaýyny aldy-da, eýwana çykdy. Birsalym ýaýdanjyrap duransoň, assa ýöräp Meret dagynyň bolýan otagynyň gapysynyň öňüne bardy. Az-kem köşeşerler diýen tama bilen, birki sapar batly ardynjyrap gördi. Eşitmediler öýdýän, içeriniň galmagaly peselmedi. Gaýtam, ukusy bimaza edilen Rejepjigiň sesi-de olaryň gykylygyna goşulyşdy. Aman aga «Häk» edip, başyny ýaýkady-da:
— Meret, aý Meret, çyk hany daşary — diýip gygyrdy.
Meret irikge etmän gapyny açdy:
— Näme, kaka?
— Gijäň ýarynda bi gohuňyz näme? Goňşular eşitseler nähili pikir ederler?
— Äý, kaka, biraz...
— Hany-hany, gümmi-sümmiňizi goýuň. Häý, sizem-ä... — Şol wagt işikden boýnuny süýndürip Gymmat göründi: — Gelin, birden gaty-gaýrym söz diýen bolsa, Meretden göwün-kine etmäweri. Özüm ertir mazalyja suwuna degerin munuň.
Şondan soň Gymmat dagynyň gykylygy galsa-da, başyny aşak salyp barýan Aman aganyň kalbynda gopýan harasat köşeşmedi. Onuň şu mahal nirädir adam aýagy sekmedik bir ýerlere başyny alyp gidesi geldi. Baryp saklanan ýeri welin, melleginiň aýagujy boldy. Ol, hernäçe bir ýerde durasy gelmese-de, mundan aňry gidip biljek däldi. Birdenkä zeruryýeti bilen daş çykan goňşularynyň biri göräýse nähili pikir eder?! «Aman ýeldirgäpdir» diýmezmi?
Ol hiç kimiň gözüne ilmezlik niýeti bilen malýataga tarap ýöredi. Baryp agylyň laýdan galdyrylan diwaryna arkasyny berdi-de, dyzyny epdi:
— He-eý, dünýe-dünýe... Owalynda «Orta ýolda atyň ölmesin, orta ýaşda aýalyň» diýibem juda rast aýdan ekenler. Bu sözleriň manysyna magat düşünendirin indi. — Aman aga pyşyrdap gürledi. Onuň bolup oturşy ähli derdini gara ýere aýdyp, içini egsesi gelýäne çalym edýärdi...
Uzak gijäni çirim etmän geçiren Aman aga obanyň horazlary ala-gykylyk edip, daňyň etegini çyzaýan uçurlary: «Ýa, Perwerdigär, özüň edeweri gowusyny» diýip, hyk-çoklap ýerinden galdy-da, öz jaýyna dolandy.
* * *
Hemmeden öň örläp, çaý demlenýänçä mal-garalara esewan edýän Aman aganyň bolýan jaýynyň gapysy bu gün wagty bilen açylybermedi. Muny diňe gaýynatasynyň gapysynyň açylyp-ýapylaryna, edähetine görä ardynjyraryna garaşyp, diňşirgenip ýatan Gymmat duýdy. Olam erbet zady küýüne-de getirmän: «Düýn işde mazaly arandyr-da, ýatyp galaýandyr» diýip oýlandy. Ýöne diwardaky sagadyň kiçi diliniň ýedä golaýlamagy, agyldaky mallaryň molaşyp ugramagy ony ynjalykdan gaçyrdy. Ol dünýäden bihabar, çalaja hor çekip ýatan adamsyny yralady:
— Meret, a-ýu Meret, hany tursana, oglan.
— Meret gözlerini açalak-ýumalak edip, kellesini galdyrdy:
— Hä, näm bolupdyr beýle?
— Kakaň ýatyp galaýdy öýdýän. Mallaryň bokurdagy gyryldy-la gygyra-gygyra. Bar, turuzyp gaýt kakaňy, ýogsa-da özüň sesi çykmaz ýaly et şo gyrylmyşlary.
Meret ätmer-sätmer ýöräp, gözlerini owkalaý-owkalaý gapydan çykyp gitdi. Birsalymda onuň «Kakaa-a» diýen jynssyz sesi Gymmaty zöwwe ýerinden galdyrdy...
Obaçylyk bir gowy zat. Illäp-günläp Aman aga pahyry düýşe girip durmaz ýaly etdiler. Bendäniň kyrkyny berensoňlar, başa düşen bela hernäçe ýowuzam bolsa, Meretdir Rahmanyňam ýürekleri düşüşip ugrady. Gymmatyň-a asyl gurdy gündiz uwlap, geçisi daga ýaýrady. Indi ol özüni bu öýüň doly ygtyýarly hojaýyny hasaplady. «Mered-ä burny büýli mal ýalydyr. Owsary öz elimde, haýsy tarapa iýtsem, şo tarapa-da gider». Ol özi duýmazdan çalaja ýylgyryp goýberdi. Nämüçindir bu gezek ýüwürjileri ýadyna düşende-de öňküleri ýaly gaşlaryny bürüşdirip, ýüzünden gar-boran ýagdyryp durmady. Diňe çalaja pyşyrdap oňaýdy:
— Heleý gerek bolsa, baý, özleri ýüwürerler-ä...
* * *
Gün kerweni kä ýükli, kä ýüksüz geçip dur. Olar geçe-geçe Rejebem hyzmata ýarady. Rahman-a orta mekdebi tamamlap, uniwersitetiň hukuk fakultetine synanyşyp görmek üçin resminamalaryny jemläp ýör. Gelnejesi Gymmatam onuň bu pikirini unady: «Käşgä, iniňem alyp gidäýseň ýanyň bilen». Ol göwnüne getiren pikirini diline alaýmanka saklandy. Birdenkä şeý diýse, Rahmanam jigisini alyp ötägitse nätjek diýsene?! Ýo-ok, Gymmat Rejebiň azabyny az çekdimi näme, nepiniň degäýjek wagty agasynyň yzyna tirkäp goýberibiýr ýaly? Aýallar aýtmyşlaýyn, Gymmatyň ýedi ýylky çileden soň bolan çagasyna göz-gulak bolýan Rejeb-ä. Ýeri, onsoň Rejebi goýberäýse, eli kesilen ýaly bolmazmy onuň?
Agasy barka ýene-de toýlaýmaly eken. Rahman okuwa girensoň Rejebiň ýüki hasam agraldy. Indi mallara ot getirmelem bolsa, ýapdan suw daşamalam bolsa: «Ýet, Rejep» diýläýýär. Her gezek onuň almanyň sapagy ýaly boýunjygyny gyşardyp gelşini görende Gymmat: «Ýüwürjim — ýükçi eşegim» diýip, saralyşyp giden dişlerini görkezip, göwnühoş ýylgyrýar. Käwagt goňşy aýallaryň birden-biri oglanyň halyna gyýlyp: «A-ýu, gyz, Gymmat, ýaş başyna ösmezek edersiň sen, bi ýetimçäni. Beýle jebir etme ahyry o çaga» diýäýse dagy, Gymmatyň jogaby nagtdy: — Menem az çeken däldirin oň azabyny. Işläbersin, iş bilen ölmez.
Onuň diýeni dogry çykdy. Ölmeg-ä beýlede dursun, Rejep känbir nähoşlamazdam. Setanda-seýranda ýeňil-ýelpaý ýoňlaýanda-da oňa hamraklyk bilen: «Niräň agyrýar, balam?» diýip duran ejesi ýok. Gymmat-a şeýle halatlarda ýat tutan ýaly, şol bir sözlerini gaýtalaýardy: — «Der astynda dert galmaz», köpräk işläp ajy deriňi çykarsaň, açylyşar gidersiň.
Rejep şeýde-şeýde mekdebi tamamlady. Bir ýyla ýakyn kolhozda işlänsoň, goşun gullugyna çagyryldy. Gitdi. Göwnüne bolmasa, iki ýyl örän çalt geçen dek duýuldy. Şonuň üçinem, haçan-da öýüne gaýtmaly bolanda, beýlekiler ýaly begenibem durmady. Gelnejesiniň sowuk nazary, soňy gelmez ýumuşlary ýadyna düşdi. Ýöne gulluga gaýtmazynyň öňinçäsi Bibi bilen bolan duşuşygy göz öňüne gelip, onuň: «Gözlerim ýoluňda bolar» diýen sözleri gulagynda ýaňlanyp durka, oba dolanmanam biljek däldi. Ýogsam ol göni şähere — Rahmanyň ýanyna barmagy, şol ýerde gurluşyklaryň birine işe ýerleşip, soňlugy bilenem okuwa synanyp görmegi az hyýal etmändi.
Rejep gullukdan gelensoňam, käbir deň-duş oglanlary ýaly bir aý-ýarym aý döşüni açyp, gaýşarylyp motor tarladyp ýörmedi. Birki gün geçip-geçmänkä işiň ugruna çykdy. Basym ony ozalky kömekçisi bilen oňuşmadyk Muhy brigadir öz ýanyna işe aldy...
* * *
Günüň biraz ýylysyna gürre ören garynjalaryň hereketine parhsyzlyk bilen syn salyp oturan Rejep Bibiniň gelenini-de duýman galdy:
— Gyýw, oglan, süýr günortan bolup oturşyň nähili seniň? — Bibi jak-jaklap gülüp goýberdi-de, soňam pessaý ses bilen: — Ýa-da agşama galsam tuduň aşagyny aşyk-magşuklaryň biri eýeläýermikä diýip, garawulçylyk çekip oturşyňmy? — diýdi.
Rejep keýpsiz halda başyny galdyrdy:
— Seniň ýadyňa oýun düşýär, Bibi. Bu gün biz başga ýer gözlemeli bolaýmasak, duşuşmaga.
Onuň çalaja endiräp çykýan sesinden bir zadyň bolandygyny aňan Bibiniňem şadyýan keşbinden nam-nyşan galmady. Ol pilini egninden düşürdi-de, geň galyjylyk bilen:
— O nä beýle, ýa-da aňypdyrlarmy? — diýdi.
— Ýok-la, ýöne... — Rejep birbada bogazy dolup dymdy-da, goja tuda seretdi: — Aý, häli Muhy birgat: «Traktor ibärin, sogurdyp taşla şu tudy köki-damary bilen» diýip gitdi.
— Diýmek, traktora garaşyp oturşyň-da seniň?
— Hawa...
Bibi nebsagyryjylyk bilen:
— Rejep, heý-de ony pälinden gaýtaryp bilmediňmi? — diýdi.
— Sen nä belet däl-maý Muhy girrige? «Sluşiý, sluşiý» diýen bolup, gepe gulak gabardýan adammy ol. — Rejep ýerinden galdy: — Gelsene, biraz gürleşip oturaly-la şu ýerde!
Bibi ör-gökden geldi:
— Goýaweri, oglan, gyzlar näme pikir ederler? — Ol kartanyň aňry çetinden özlerine garşy gelýän gyzlary görüp: — Men gideýin, gyzlar gelýä. Biraz öňräk baryp çaý-paý demleşdireýin diýip gaýdypdym-a — diýdi-de, pilini egnine atdy: — Olaryň göwünlerine güman gitmesin, Rejep. Onsuzam Annagül anten-ä bir zatlar aňjak bolýar öýdýän, birhili-birhili seredişi maňzyma batanok-da şonuň.
Rejep elini silkip goýberdi:
— Aňyp geçsin-le. Goýsana şonuň gürrüňini.
— Beý diýme, oglan. Oba gep bolmakdan erbet zat ýokdur.
— Ýeri bolýa-la, hany, agşam nädýäs?
— Waý-eý, olar-a eýýäm gülşübem ugradyla, gyz. Bolýa, men gitdim. Agşamyň pikirini özüň edersiň-dä...
Rejep ýaz şemalyna çit köýnegini pasyrdadyp, baýdak ýaly bolup barýan Bibiniň yzyndan garap galdy.
Topar tutuşyp günortan çaýyna gelýän gyzlaram golaýlaşdylar. Rejep Annagül anteni görende, onuň dilinden çekinip, tuda tarap öwrüldi. Şol wagt dördünji synpda okaýan döwri Annagül bilen baglanyşykly bir waka onuň ýadyna düşdi.
...Obanyň uludan-kiçä hemmesi iş üstündedi. Fartuklaryny biline gat-gat edip daňynýan gelin-gyzlar Günüň ýakyp-ýandyryjy howruna-da üns bermän, ýüzlerini ak ýaglyk bilen daňyp, haýdaşyp pagta ýygýardylar. Ir bilen sumkasyny süýräp mekdebe gidýän Rejebe-de rahatlyk ýok. Okuwdan geldigi el ýaly nan bilen bir dilim garpyz alyp, obanyň gaýrasyna — gelnejesi dagynyň pagta ýygýan meýdanyna jönäbermelidi.
Şeýle günleriň birinde täzelikde saçyny syrdyran kellesinden Gün geçdimi, nämemi, Rejebiň halys ysgyny gaçyp başlady. Hernäçe çydajagam bolsa, bolmady. Gözüniň öňi garaňkyrap, entirekläp ugrady. Ahyr gapdaldaky keşiň pagtasyny ýygyp barýan gelnejesiniň ýüzüne naýynjar garap, ýagdaýyny aýtdy.
Gymmat eli bilen bykynyny tutup dikeldi-de:
— Ah-heý, işläsiň gelmese bahanaň kändir-le seniň. Hany, biliňdäki partygyňy bir gabart bakaly, soň görübiýris galanyny — diýdi.
Rejep näçe jan etse-de, fartugyny dolduryp bilmedi. Ik ýaly bolup burnundan zogdurylan gany görende bolsa, zähresi ýarylara geldi. Hasyr-husur fartugyndan penjesini dolduryp pagta aldy-da, burnuna tutdy:
— Burnum ganaýa, gelneje.
— Her zat etjek welin, işlemejegim çynym diýsene. — Gymmat jabjynyp ýeňsesine gaňrylanda, elindäki pagtasyny gara gana boýap, çugutdyryp oturan Rejebi görüp, hasam jany ýandy. — Wah, wah-heý, bi yhanadynyň bolup oturşyna serediň-ä, barja ýyganjasynam zer-zaýa edip. Azajyk pagta alyp dykaýsaň bolmadymy, artybyňa. Ýa özüňi Arapreýhandyryn öýdýämiň, ýerçeken?
— Gany duranog-a, gelneje!
— Merez edenog-a. Gorkma, gutaraýasy ýok. — Ol gahar bilen Rejebiň bilindäki fartugy çözdi-de, gapdalyndaky gowaça düýbünden bir hananyň pagtasyny sogrup, ýüwürjisiniň eline tutdurdy: — Bar, öňi-soňy işlemejek bolsaň, ýat ganarlaryň biriniň kölegesine geçip. — Soňam pagtaly eli bilen burnuny tutup, eglibräk ýöräp barýan ýüwürjisiniň yzyndan gygyrdy: — Gyýw, ýerçeken, pagtany burnuňa dykyp, asmana seredip ýatgyn.
Rejep dolurak ganarlaryň biriniň kölegesinde, gelnejesiniň aýdyşy ýaly edip ýatdy. Ýöne, salym geçmän gan akmasy kesilse-de, ysgynsyzlyk welin, aýrylyp ötägitmedi...
— Janyň gadyryn-a sen bilýän ekeniň...
Rejep duýdansyz çykan sese ziňkildäp gitdi. Görse, her egninden bir fartugyny düşürip, Annagül ýygan pagtasyny ganaryna gapgarjak bolup ýör.
— Äý, ýaramok-laý.
— Näm bolýa, ýaraman?
— Burnum ganady-laý.
— Sümügiň akýan bolaýmasyn? — Içi byjyklap duran bolarly, Annagülüň ýeke özi gülüp hezil etdi.
Onuň bu sözleri Rejebiň çetini gyzdyrdy:
— Näm-ow, sümük bilen gany tapawutlandyryp bilmez ýaly, özüňdir öýdýämiň her kimi?
— Baý-buww, jyzyrrygyňa basylaýdy-la. Men-ä ýöne bir degişäýdim.
— Beýle degişmäň gerek däl maňa.
— Bäý, hezile-çyna düşünmän munuň bolaýşyny, gyz. — Annagül şondan soň çynlakaý keşbe giren boldy: — Öwf-ff, yssydygyny. Burnuň ganamasam şundandyr. — Ol soňky fartugynam ganara gapgardy-da, ýaltalyk bilen Rejebiň gapdalyndaky ganaryň kölegesine gelip çökdi. Köýneginiň etegi bilen ýüzüni ýelpedi: — Şü yssyda işlemeg-ä däl, jan saklamagam hyllalla.
Ýüzüni sortduryp ýatan Rejep çalaja başyny atdy.
Annagül oňa ünsem bermän, gowaçaly kartanyň gaýrasyndan geçýän zeýkeşe tarap seretdi:
— Rejep, yssylaýansyň, hä?
— Yssylamaz ýalym-aý.
— Ýör onda, suwa düşünip geleli?!
— Äý, men ýaramog-a.
— Yssydan diýdim-ä häli, zeýkeşiň buz ýalyjak suwuna bir çümüp çyksaň, tut ýaly borsuň.
— Äý, tut ýaly bolsaň, ýene pagta ýygmalydyr-laý. Ondan-a biraz dynjymy alyp ýatanym gowy.
— Gitjek dälmi onda?
— Juk.
— Gelnejesinden gorkýan oglanjyk diýrler saňa.
— Onyň-a ýalan.
— Ýör onda, gorkmaýanyň çynyň bolsa.
Rejep birbada ikirjeňlenip durdy-da:
— Onda men suwa düşmen — diýdi.
— Garawul dursaňam bolýa...
Rejep öňem gyzlar topar tutuşyp suwa düşenlerinde kän sapar garawulçylyk çekipdi. Ýöne henize çenli olaryň eşiklerini çykaryp suwa düşenini görmändi. Şonuň üçinem ol raýyşda oturşyna, hol aşakda Annagülüň köýnegini çykarynyp durşuny birhili gördi. «Beýleki gyzlar-a köýnegi-zady bilen düşýädiler. Bi bolsa... Utananogam-laý». Kellesine gelen bu pikirler Rejebiň öz ýüzüni gyzartdy. Ol Annagülüň Gün şöhlesine balygyňky ýaly ýalpyldaýan ap-akja endamyna seredip durup bilmedi. Eline bir çöpjagaz alyp, ýer çyzyp başlady. Annagül bolsa, göwnübir halda:
— Gyýw, oglan — diýip gygyrdy. Soňam derden ýaňa öl-myžžyk bolup, turşumtyk ys kükäp duran göwüsbendini aýryp, özüni suwa oklady. Az salymdanam «öwhüldäp» suwuň ýüzüne çykdy: — Gyýw, Rejep, gel senem düşäý, gowy eken öz-ä.
Rejep ýerden kellesini galdyranda, guşaklygyndan gelýän suwda dikelip, her biri alma ýalyjak bolup tözlenişip galan ap-akja mämelerini ýuwup duran Annagüli görüp, tisginip gitdi. Ol derrew ýüzüni kese sowdy: «Bilinden aşagynda berin zat barmyka?».
— Näme üçin sesiňi çykaraňok, oglan? Gel diýýän, suwa düşseň. Ýüzüp bileňokmy ýa?
— Ýüzüb-ä bilýän, ýöne düşünesim gelenok-laý.
— Otur onda gara der bolup... — Annagül sözüni soňlap-soňlaman, uly pagşyldy bolup suwa çümdi.
Rejep şunça seretmejek bolsa-da, oglanlyk bilesigelijiligi erkine goýmady. Ahyram ol pagşyldynyň eşidilen ýerine çalaja göz gytagyny aýlap goýberdi. Edil şol wagtam Annagülüň Gün görmedik çuw ak syrtyna nazary kaklyşyp, ini jümşüldäp gitdi. Ol laňňa ýerinden galanyny-da duýmady. Rejebiň çalasynlyk bilen ýerinden galmagyna Annagülem özüçe düşündi:
— Näme, biri gelýämi?
Rejep mundan artyk garawul bolup oturyp bilmejegini aňansoň, ýalan sözlemeli boldy:
— Kadyr aga gelýä.
— Kim diýdiň?
— Kadyr aga.
Rejep şeý diýdi-de, balagynyň gumuny kakyp, ganarlara tarap ýazzyny berdi...
Rejep Annagül anteniň şaňňy sesine özüne geldi.
— Gyýw, kiçi birgat, ýüzüň gaty salyk görünýä-le? Ýa Bibi göwnüňe degäýdimi? Şeýle bolsa-ha aýt çekinmän, özüm emini bereýin.
Ol sözüni soňlap-soňlamanka, öňdenem böwregi böküp duran gyzlar uly pakyrda berdiler. Rejep birhili, çykgynsyz güne galdy. Ýüzi gyzaryp-bozardy. Erkek halyna gyz bir zat diýende sesini çykarman oturmagyňam ebeteýini tapman:
— Sen barkaň maňa hiç kim batyrynyp bilesi ýok-la. Ýöne şu gün halys kelläm agyryp alyp barýar — diýen boldy.
— Owkaladaýmaly ekeniň. Ýörite şonuň üçin irräk goýberdig-ä ony. — Annagül gülüp durşuna: — Degişýän oglan, ýene göwnüňe alaýma. Ýogsam öýlänem paýyň ýamany maňa düşer — diýdi.
Rejebiň kalbynda gopýan gozgalaňdan bihabar gyzlar uly şowhun bilen geçip gitdiler.
Häliden zynjyrly traktora garaşyp oturan rejep, gumaksy ýolda çal tozany yzyna tirkäp gelýän Muhy brigadiriň ulagyny görende begenjeginem, gynanjagynam bilmän, janserek boldy: «Muhy girrik oýun edäýdimikä, traktor ibärin diýip». Onuň gyssagarada aňyna gelen bu pikiri basym üýtgedi: «Äý, traktor tapan däldir-le». Şeýle alasarmyk içgepletmeler bilen ol kartanyň gyrasyna gelip saklanan ulaga tarap ýöräp ugrady. Barşyna-da, hil bir iş bitiren ýaly, inçeden uzyn göwresine gelişmeýän gopbamlyk bilen ulagdan düşen brigadire ýüzlendi:
— Iş bitmedimi, Muhy?
Muhynyň sesinde nägilelik alamaty mese-mälim duýuldy:
— Sluşiý, sen henizem meni tanaňok öýdýän. Heý-de, meniň iş bitirmän gelenimi görüpmidiň? — Ol Rejebiň özüne garşylyklaýyn sowal berdi-de, jogabyna-da garaşman magtanyp ugrady: — Beýle eglenmelem däldim-le, arman, garažda ýekeje-de zynjyrly traktor ýok eken. Soň menem göni bardym zawgaryň ýanyna, şeýle-şeýle haýyş diýip. Şolam maladis adam-how: «Muhy han, saňa gerek bolsa daş ederis ony. Ol-a «Altaý» eken, tank tapmaýasmy seniň üçin. Häziriň özünde göni ikinji brigada bar-da, Meläni alyp ötägit traktory bilen» diýdi. Mele-de ýer tekizläp ýören eken. Olam: «Muhy birgat aýtdy — iş gaýtdy, gitmesem bolmaz. Güýzde bir maşyn gowaça çöpüni berseň bolany bize» diýýä zaluwat. Bolsa-da nebsini-hä bilýär-ow şo. Aý, bolýa-laý, möhümiň bitenini bil diýsene. Sözümi ýykyp, ýüzümi ýere salmady, şol bes maňa. Häzir ýetip geler görseň, ýer sarsdyryp. Ýaňy ýolda ozup gaýtdym wazlap, hah-hah-ha...
Ol ýylgyrara zat ýok ýerden gülüp ugrady. Ýöne onuň gülküsi Rejebiň gulagynyň ýele ýanyndanam geçenokdy. Ol bar zat aýyl-saýyl bolup, inçejik tamasynyňam ýolnanyna diýseň gynanyp otyrdy.
— Sluşiý, Rejep, wagtam-a günorta bolupdyr welin, obede tudy gopardanymyzdan soň çykaýaly?
Rejep Muhynyň ýüzüne çala bir seredenem bolsa, ýagşydan-ýamandan sesini çykarmady.
Ertirki gün tutuş obanyň adamlarynyň başyny ýaýkatjak işi bitirmäge gelýän traktoryň özünden ozal sesi geldi. Muhy brigadir goşaryndaky elektron sagada gözüniň gyýtagyny aýlady-da:
— Häk, şularyň skorosty pes-ow — diýdi. — Bilýämiň, Rejep, men gullukda bolamda BMP sürüpdim. Ana, onuň ýöreýşi ýaman däl. Äý, şü höküwmedem iş etse, hökman bir tarapyny gözden salýa-da...
Traktor gelip saklandy. Mele «Altaýynyň» güýjüni mazamlajak bolýan ýaly, duran ýerinde ony bir öwre pyrlady-da, kabinadan çykdy. Onuň bu hereketi brigadiriň keýpini göterdi. Ol Rejebiň arkasyna çalaja kakyp goýberdi:
— Görýämiň, eden bolaýşyny.
Mele Muhynyň bu sözlerini aňşyrmady öýdýän, traktorynyň arkasyna berkidilen bilegiň ýogynlygyndaky trosy aýyrmaga durdy. Basym ähli zat taýyn boldy. Indi diňe Mele çiliminiň tüssesini işdämenlik bilen sorup durşuna, onuň gutararyna garaşýardy.
Rejep kyn günde galdy. Göýä, tros goja tuduň bilinden däl-de, özüniň boýnundan salnan ýaly, elini bokurdagyna ýetirdi.
Şol wagt «Woshod» motoryny aldygyna sürüp gelýän ýigit bularyň ünsüni çekdi. Ol motorynyň üstünde kä dikelip, kä oturyp, bir zatlar diýip gykylyklap, bir elinem aldygyna bulaýlap ýetip gelýärdi.
— Sluşiý, Kemal komsomol ýaly-la bi aldyrany bar ýaly bolup gelýän. — Muhy brigadir göwnüýetmezçilik bilen dillendi: — Ýygnak bardyr-ow ýene.
Onýança kolhoz başlygynyň ýumuş oglany — komsomol komitetiniň sekretary bolup işleýän Kemal ýetip geldi motoryny tarladyp. Ol saklanyp-saklanman:
— Tuda degmäň! — diýip gygyrdy.
Muhy onuň buýruk beriji äheňini halamady. Şonuň üçinem gürlände sesinde mese-mälim gahar gatyşykly ýaňsy duýuldy:
— Sluşiý, komsomol, hemme ýere burnuňy sokup ýörseň, gan görersiň. Gel-gel, tut bilen nä çatak-çutaklygyň bardy seniň? Ýa-da bi-de seň guramaňda hasapda durýamy?
— Bu tut uly iliň hasabynda durýar, Muhy.
— Bar onda, iliň zadyna goşulman, öz komsomollaryň bilen bol. — Muhy şeý diýdi-de, häliden näme etjegini bilmän, elewräp duran Melä ümläp goýberdi.
Kemal gönülemese, öz sözüniň ýer almajagyny bildi:
— Muhy, seret-dä ýagdaýyňa, meňkä bir başlygyň aýt diýen zadyny aýtmak.
«Başlyk» sözüni eşidende Muhynyň on iki synasy sandyrap gitdi. Ol gyssanjyna ýüwrüp baryp, eýýäm traktoryna dyrmaşyp ugran Meläniň syýyndan aslyşdy:
— Eý, dur-eý, Mele, saklanaweri! — Soňam Kemalyň alkymyna dykylyp geldi: — Sluşiý, näme diýdiň?
— Başlyk ýörite iberdi diýdim. Häli ýaşulular bardylar...
— Ä-äý... — Muhy şlýapasyny gahar bilen ýere pylçap urdy-da, çile özüni goýberdi.
* * *
Gün eňegini mazaly ýere berensoň köneje welosipedini tigirläp işden gaýdan Rejebiň hyýaly, öýüne gelen dessine üst-başyna serenjam berip, derrew Bibi bilen belleşen ýerine — goja tuduň ýanyna gaýtmakdy. Ýöne onuň bu pikiri başa barmady. Rejebiň garasyny görenden, Gymmat endigine görä, ýene igesini sürtüp ugrady:
— Rozygär ýykylsa-da piňine däl, bi artyplaryň. Bir öýden çykyp bilseler, asyl soň yzlaryna köwlenmelidir öýdenoklar.
Aňyrdan keýplije gelen Rejep öňem telim sapar eşide-eşide ýat beklän sözlerine gulak gabardybam durmady. Gaýtam, Gymmatyň uguny ýekelemäge çalyşdy:
— Bäý, gelneje, halys zeýrenjeň bolupsyň-ow. Näme ýetişip bilmeýän zadyň bolsa aýdaýmal-a. Heý, ýüwürjiň ýüzüni çytýamy sen bir ýumuş buýursaň?
— Tapdyrsaňyz buýrular-da ýumuş. Asyl, agaň senden beter, sen agaňdan. Edip bilseňiz şu öýüň ýeke çöpünem gymyldatmajak boly-yp dursuňyz.
— Aýt häzir arkam bilen haýsy dagy getirmelem bolsa, salymyny bermän äkeleýin!
— Dagy başyma ýapaýynmy? Ondan-a bir halta ot getir. Halys molaşyp öld-ä, molaman geçenler.
— Ýak-eý, gelneje, ot getirmegiň müşgili ýok-la. Ýöne entek oruma gelenok-da otlar.
— Onda baryndan ataý bir gysym, şolaň öňüne. Bir salym dynjyny alsyn-a meniňem gulagym.
— Haliden şeýdip düşnükliräk aýdaýmal-a, gelneje. — Rejep agyla tarap ýöräp barşyna sözüniň üstüni ýetirdi: — Anginasy galan ýaly, gygyryp bilmänjik geçerler, asyl.
Ýüwürjisiniň oýnuna düşünmedik Gymmat:
— Gyýw, oglan, näm etjek sen beýle? Ýekeje göleli sygrymdanam dyndaryp oturyberme, bokurdagyna bir zat dykyp — diýdi.
Rejep yzyna bir gaňryldy-da, hezil edip güldi:
— Arkaýyn bolaý gelneje, otdan başga zat dykasym ýok.
Rejep basym ähli işini birýüzli edip, mellegiň töründen geçýän ýapjagazyň ýakasyna bardy. Deriň ysy gelip duran egnindäki köýnegini çykaryp, gapdalyndaky agajyň şahasyndan ildirdi-de, ýabyň üstünde germesatan bolup durup, guşaklygyndan ýokarsyny ýuwundy. Süpürindi, saçyna timar berişdirdi. Soňra otagyna girip, nähili eşik geýjegini bilmeýän ýaly, diwara kakylan çüýden asylgy duran üç sany köýnegidir iki sany balagyny gezekli-gezegine gözden geçirdi. Ahyr sary gaçyşyp ugran köýnekleriniň birini aýryp krowatyň üstüne oklady-da, ibalyrak hasaplaýan balagyny eline aldy.
Eýwanda köwşüni geýip duran Rejebiň bir ýere şaýlanýanyny aňan Gymmat aşhanadan kellesini görkezdi:
— A-ýu oglan, geleniň ýaňy, indi nirä ykmaga barýaň?
— Kluba hindi kino gelipdir. Şony görmäge gitjek.
— Bir topar puly ýele berip gaýtjak diýsene.
— Ýo-ok, gelneje, mugt kino ol. — Rejep gelnejesiniň ugrundan gopmak isledi: — Pully bolanlygynda özümiňem aýagym çekjek däl o taýyk.
— Ah-heý, beýle bolýan bolsa, özüňe bir heleýem tapaweri mugturak.
— Heleý däl, gyz taparys, gelneje. Özem seň diýeniňi edip, gara şaýsyz alarys.
— Goýsana, sen agaň bolup bilesiň ýok-la. Tüweleme, Rahman-a okuwa giren bolup, gül ýaly gyzy geçiräýdi beýlesine.
— Hatyrjem bol, gelneje. Menem şu meselede göbegimi özüm kesjek borun.
— Haý, näbileýin-dä... — Gymmat Rejebiň yzyndan seredip durşuna oýa çümdi: «Netiň-ä düzüw ýaly, sen ýetimçäniň. Şu sözüň yzynda durup biläýseň-ä, bagtymyň daş ýardygy».
Rejep öýden çykyşyna garaňky gatlyşaýan uçurlary goja tuduň ýanyna gelip, Bibä garaşmaga başlady.
Ýarym sagada golaý wagt geçdi. Sesýetim uzaklykda ýerleşýän oba täsin bir keşbe girdi. Howlulardaky çyralar, göýä asmandan bir topbak ýyldyz ýere göçüp geläýen ýaly, birgeňsi ýylpyldaşýardylar. Rejep bu gözelligi synlap oturşyna, bir minudam Bibini ýadyndan çykaryp bilenokdy. «Gelmeli wagty-ha bolup geçdi. Nämüçin gara berenokka? Ýa-da ejesi dagy bir ýumuş tabşyraýdymyka?». Onuň kalbyny dürli sowallar gurşap aldy. Garaşdygyça, içiňi ýakaýyn diýen ýaly, wagtam geçmeýän dek duýuldy. «Häk, şuň ýalakda çilim çekýänleriňki ýeňil...». Rejep garaşmaga ýaltanyp beýle pikir etmändi. Ýöne, gullukda bolanda çilimkeş oglanlaryň aýdýan sözleri ýadyna düşäýdi şu wagt. Ýogsam, gyza garaşmagyň awtobusa garaşan ýaly däldigini bilýär-ä ol. Bu garaşmanyň soňunyň lezzeti bar, lezzeti! Göwün ýüwürdip, ýola göz dikip oturmagyň özem ýakymly.
(dowamy bar)....
Powestler