18:28 Sag bol! | |
SAG BOL!
Goşgular
Dynç alman gözlän sözlerim, Kelama geldiñmi, sag bol! Ynjalman sözlän gözlegim, Deñäme geldiñmi, sag bol! "Kim dözse-de men dözmenem inkäre" - diýip gözlenen, Idäp geldiñmi dözmezim, Salama geldiñmi, sag bol! Duýgyñy gördüm gijeler, Pikriñi ýordum gijeler, Bar ekeniñ-ä bijede, Jemala geldiñmi, sag bol! Gam bardyr gülýänlerde-de, Nem bardyr solýanlarda-da, Ýazma, ýazman bilýän bolsañ, Hamala, geldiñmi, sag bol! Zehin öz-özüni iýýär, Millet kämilleri düýnär. Aşyk Aýdyñ pirim diýýär: "Penama geldiñmi, sag bol!" Oglanlykda oýnap gördüñ, Ýaz doñup, gyş gaýnap gördüñ, Indi näme aýnap ýörsüñ, Kemala geldiñmi, sag bol! Aşyrmät GARLYÝEW. | |
|
√ Aňmamysyň sen şol güni, jümle älem haýran ola... / Goşgular - 08.09.2024 |
√ Ged enarel-yşka-lil-uşşagy min hejel huda... / Goşgular - 02.08.2024 |
√ Suwdan ot çykaran goşgy / Goşgular - 31.01.2024 |
√ Sokrat / Goşgular - 16.05.2024 |
√ Göreniň galar / Goşgular - 29.05.2024 |
√ Düýş hem ýagyş / Goşgular - 09.01.2024 |
√ Gadym ata ertekisi / Goşgular - 05.11.2024 |
√ Iman ogrusy / Goşgular - 03.06.2024 |
√ "Zülpükar gylyjy Hezret Alynyň..." / Goşgular - 27.08.2024 |
√ Yşk goşgusy / Goşgular - 28.09.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |