08:18 Säher goşgusy | |
SÄHER GOŞGUSY
Goşgular
Gözlem bilen çümmükleýän asmany, Kirpigime degýär guşlaň ganaty. Öwrendim dünýäni bagra basmany, Joşgundan gursagym gijän halaty. Guş deýin güsürdäp galýar ylhamym, Ýüregim pyntyklap başlaýar ýazsam. Razy men, elewrän her gijäm, daňym, Setir bolup, dünýäň ýadynda galsa... Günler küşt deý, ýeňşi göçümde eken, Ýeňýär paýhaslylar, barybir, onda. Durmuş daşymda däl, içimde eken, Maňa gerek zatlaň bary bar onda. Bagtdyr, ýagşylykda gözlere ilseň, Şygyr ýazsaň ýüregiňe deň gelen. Bagt monjugatdy oýny däl, bilseň, Bijesine düşmeýär ol hemmeleň. Öwrendim dünýäni bagra basmany, Bagtly bolýan köňül joşan halaty. Gözlem bilen çümmükleýän asmany, Kirpigime degýär guşlaň ganaty... Goçmyrat Orazberdiýew | |
|
√ Ýolbars we Möjek / basnýa / Goşgular - 05.01.2024 |
√ Aşyk we yşk / Goşgular - 12.09.2024 |
√ Tomusda gar küýsemen / Goşgular - 17.08.2024 |
√ Owadan pyçak hakynda erteki / Goşgular - 09.04.2024 |
√ Bagyşla! / Goşgular - 01.01.2024 |
√ Saňa bolan yşkymdan / Goşgular - 10.10.2024 |
√ Bir ýaşuly hakda / Goşgular - 21.05.2024 |
√ Şäher merine / Goşgular - 12.05.2024 |
√ Baýrak / Goşgular - 16.08.2024 |
√ Belaýy yşk ki, her dem maňa jepaýydyr... / Goşgular - 26.08.2024 |
Teswirleriň ählisi: 3 | ||||
| ||||