20:45 Şahy meñki däl / satiriki hekaýat | |
ŞAHY MEÑKI DÄL
Satiriki hekaýalar
Bazar aganyñ gär geçisi indi näçe ýylyñ içidir töwerek-daşyny bizar edýär. "Haý, sakgalyñ başyñy iýsin!" diýip her kim ony daşlap kowýar. Daşarda seren kişmişiñem bolsa, pomidor kişdäñem bolsa, edil özi seren ýaly iýip, döküp-saçyp weýran edip gidýär. Bir görseñem uzyn, dik şahyny leññer edinip haýatyñ üstünde-de, üçekde-de gäwişän bolup gezip ýörendir. "Bi, haram ölmüş ýykylyp, boýny oñurlyp, ýülügi ýazyp öläýenogam" diýip, zeýrenýänem az däl. "Gassaba düşmüş" diýýänem bardy. Bir gezek "Möjek bolan bolsam ilkinji awum sen borduñ, häýk, sakgaly kesilmiş" diýip, serip goýan süzmesini iýdiren Toty eje gargamak gargady. Emma gär geçiniñ eýesi Jytdy aga barada hiç kim hiç zat aýtmaýardy. Aýdaýanyñda-da oña gep täsir etjek däldi. Barybir, şifere ýagyş ýagan ýalydy. Ýöne Aman aga uzak çydap bilmedi. Ol gär geçiniñ eýesine telim sapar duýduryp, "ultimatum" beren gezegem boldy. Aman aga gär geçini bir sapar hakyt jenaýatynyñ üstünde elin tutdy-da, ýatakda gabady goýaýdy: "Sen meniñ limonariýamyñ üstüne cykarça kim bolupsyñ?!". Iliñ üstünden garnyny otaryp ýören süwümsiz gär geçiden eýesi kän bir habar alybam duranok. Aman aga aýalyna: - Keýwany, duzluraga hamyr et -diýdi. "Goraba bolsun. Özünem gyzdyr. El dözer-dözmez ýaly et" diýdi. Ýañky gyzgyn hamyry Aman aga geçiniñ şahyna ýelmäp, ýaglyk bilen pugta dañdy. Hamyryñ gyzgynyna şah ýumşaýan bolsa nätjek. Indi islän formañy berip boljak. Aman aga dik şahlary burum-burum etdi-de, geçini öz sürüsine goşaýdy. Ertesi Jytdy aga: - Geçimi görmediñizmi? - diýdi-de geläýdi. - Seret, sürüde bolsa, tanasañ alaý, diýip, Aman aga arkaýyn jogap berdi. Jytdy aga geçisiniñ eýlesine-beýlesine geçip gördi. Emma tanamady. Ahyrsoñunda Jytdy aga: - Geçiñ öz-ä meñki, ýöne şahy meñki däl - diýdi. Bu söze Aman aga loh-loh edip güldi. - O nähili beýle bolýar? Geçi señki, şahy señki däl? Gepiñ beñ çekeniñki ýaly-la, goñşy, tanasañ al, ýogsam meni öz günüme goý. Jytdy aga geçisini tanaman öýüne gaýdyp barýarka, Aman aga: - Jytdy goñşy, geçi señki, ýöne mundan beýläk malyña eýelik et. Bu gezeg-ä şahyny üýtgetdim, indiki sapar ýüzüni plastiki operasiýa ederin - diýdi. Şodur-da şodur, goñşy-golam gär geçiden halas boldy. Gurbangylyç HYDYROW. | |
|
Teswirleriň ählisi: 1 | ||
| ||