02:06 Şahyr | |
ŞAHYR
Hekaýalar
Belli rus şahyry Blok az wagt içinde zenanlar hakynda 687 goşgy-gimn döredipdir. Şahyryň ol günler zenan gözelligine tebsirän, onuň manysyna diýseň düşünesi gelýän, näçe-de bolsa ondan ganyp bilmeýän hem hiç wagt ganyp bilmejegine ynanýan döwri eken. Ýöne ol 1918-nji ýyldan soň şahyr birden dymypdyr... Näme şondan soň, zenanlar gözelliklerini ýitiräý dilermikän? Şol döwür şahyr Aleksandr Blok gün-güzeran üçin rewolýusiýanyň okuw mekdepleziniň birinde sapak berýän, hem özlerini rewolýusiýanyň hakyky esgerleri hasaplaýan, onuň badyhowa okuwçylarynyň nahar edinýän ýerlerine ogryn aýlanyp, olaryň agzyndan galan çörek böleklerini toplap, çeträge çekilibem, ony bukulybrak iýýän ekeni.Rewolýusiýanyň süňňünden dörän müňlerçe gapmagarşylyklar şahyryň mertebesini diýseň peseldipdir. Şol döwürde Blok, Ýesenin, Anna Ahmatowa, Marina Swetaýewa ýaly hakyky şahyrlar yzarlanyp, gara sanawa goşulyp ýanalynypdyr. Hakyky şahyrlaryň sesiniň, il kalbynyň sesidigine rewolýusiýanyň düşünen bolmagy hem ahmal, ýöne şol döwür olaryň öz ädikleriniň sazlaşykly gürpüldisinden, ýaraglarynyň şakyrdysyndan başga hiç bir zady eşidesi gelmeýän we pitiwa almaýan günleri bolupdyr. Elbetde, öz-özünden göwnühoş, badyhowa rewolýusiýanyň men diýen şahyrlara öz waspyny-da etdirmegi isländigi belli zat... Şeýdibem, Blokdur Ýeseninleriň deregine Bezminskidir Jarow ýaly çemeçi, diňe rewolýusiýanyň rowaçlygyndan başga hiç zady görmejek, haýsy gaba guýsaň, şol ýasawy almagy oňarýan çemeçil şahyrsumaklar döräpdir. Bloguň söýgi gimnleri rewolýusiýadan öňki pursadyň — iň soňki zenan gözellikleriniň waspy bolupdyr. Rewolýusiýanyň getiren egni gaýyş plaşly, ýanbaşy mauzerli gelinleri şahyry näme üçindir asla imrindirmändir. 1918-nji ýylda dymyp, dişini gysan Blok 1921-nji ýylda hemişelik dymypdyr. Şeýdibem, ol dymmagy bilenem ýene-de bir gezek özüniň hakyky il ýüreginiň sesi bolan şahyrdygyny subut edipdir. ...Gözellik hemişe däl, ol hem ak başly dagyň Gün çykanda derejelenip, seleňläp görnüşi ýaly, döwür asuda, halka mähriban bolanda, ana, şonda lowurdap-ýalpyldap, owadan bolup görünýän eken. 1996. Awtor: Agageldi Allanazarow | |
|
√ Sazandanyň säheri / hekaýa - 16.07.2024 |
√ Aýakýalaňaç oglanjygyň janyndan syzdyryp aýdan sözleri / hekaýa - 15.10.2024 |
√ Şem / hekaýa - 24.08.2024 |
√ Haýsy gowy? / Gündogar hekaýaty - 05.03.2024 |
√ Utulyşyň sogaby / hekaýa - 01.12.2024 |
√ «Dag imesdir, köñlüm içre boldy myhman gözleriñ...» - 26.07.2024 |
√ Ägä bolmaly / hekaýa - 15.09.2024 |
√ Durmuşyň kanuny / hekaýa - 09.10.2024 |
√ Berdi jedeliň aty / hekaýa - 06.08.2024 |
√ Bugdaý sümmül bolanda / hekaýa - 14.10.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |