06:40 Şahyr | |
ŞAHYR
Edebi makalalar
Hiç kime gyýa göz bilen garamaly däl. Göwnüme bolmasa, durmuş maňa şony öwretmäge çalyşýan ýaly. Öňem ägirtleriň biri tutuş adamzadyň garamaty boýnumda durka men nädip özgäni ýazgaraýyn diýenmiş. Özgäni däl-de, özüňi köteklemegi başarmaly. Mukaddes kitabymyzda hem aýdylyşy ýaly, ynsan öz nebsini agyzzyryklamaly. Elbetde, nebsiňi başyna goýberseň, onuň seni gorpuň gyrasyndan eltjegi şeksizdir. Magtymguly şahyryň nakyllyk setirleri bar. Ol: «Waý halyn nebsin söýen, jan leşgerin ejiz goýan» diýýär. Onuň şygyrlarynyň deňsiz-taýsyzlygy barada aýdylmadyk ýa-da ýazylmadyk zat ýok diýen ýaly. Emma haýsydyr bir şahyryň ölmez-ýitmez hazyna galdyrandygyny buýsanç bilen aýtmaklyk, aslynda, näme üçin gerek? Biz şahyrymyzy näme üçin öwýäris? Köp okalmagyny gazanmak üçinmi? Ýa-da ýöne bir endik boýunça nobatçy sözleri aýdyp goýbermek üçinmi? Biz heniz şony doly seljerip bilemizok. Parslaryň Sadyny diňe bir dillerinde däl-de, ýüreklerinde hem ýaşadýandyklaryny arkaýyn aýdyp bolar. Men muny bir kinofilmde gören ýekeje sahnamyň mysalynda aýdyp geçeýin. Adaty bir sürüji özüniň ulagyna münen müşderisi bilen derrew dil tapyşýar. Ulaga münen müşderi sowatly adam. Garaz, olar biri-birine Sadynyň goşgularyny okaşýarlar. Sowatsyz bilen sowatlyny birleşdirýän Sady. Şol kinony düşüren režisýor pars hem bolsa, ol özüni ussatlygy bilen dünýä ykrar etdiren režisýor. Hut şonuň üçin hem onuň Sadyny dünýä tanatmak üçin däl-de, hakykaty ekranda şöhlelendirmek üçin şeýle epizody kinosynda ýerleşdirendigini aýtmaga bizde doly esas bar. Parslaryň nijeme asyrdan bäri bökdensiz işläp duran medeni we ruhy çarhynyň özi Sadynyň şygyrlaryny her bir parsyň gursagyna çagalykdan guýup dur. Onsoň, seniň olara nädip gözüň gitmesin?! Bizem eger Magtymguly atamyzy türkmen ruhunyň esasy sütüni hasap edýän bolsak, onuň pikirlerini, pelsepesini ýaşatmaly. Onuň setirleri diňe gazet-žurnallarymyzy bezäp, ruhumyzy bezemeýän bolsa, peýdasynyň bir püçekdigini asla ýatdan çykarmaly däl. Ahmet SÄHETMYRADOW. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |