ŞAHYR DOSTUMA
Kim bizi öwrener, kim bizi okar,
Kim ýigrener, kim ýatlar, kim unudar.
Gömlüp galan bugdaý ýaly şygrymyz
Ahyr bir gün dünýä çykar urudan.
Ol kime gowurga, kime çörek bor,
Kime ruhy iýmit, kime semene.
Hat ýazanda aşyk ýigde gerek bor,
Derman bolar çäresiz bir kesele.
Manynyň maňzyndan many agtaryp,
Çukur dünýäň çuňlugyna çümdük biz
Hem durmuşy okap, kitap agdaryp,
Bu düşnüksiz dünýä ir düşündik biz.
Bizi durmuş aýamady, dünýäde
Artykmaç eý görlüp, aýalmadyk biz.
Biz mydama garymyza daýandyk,
Çüýrük çynarlara daýanmadyk biz.
Ýagşy söze mätäç bolan çagymyz
Dost sözüni gaýgyrmadyk, ulandyk.
Ýok bolsa-da goly tüýlek agamyz,
Bil oňurga agram salyp, ulaldyk.
Bagta garaşmadyk, gazandyk bagty,
Bagty gözlemedik, bagt bizi tapdy.
Dostlara daýandyk kyn bolan wagty,
Kyrk ýaşda dost-ýary bar adam bagtly.
Bagty barlar mazamlamaz bagtyny,
Dosty barlar dostun aýar, dert çeker.
Bir ýerde derege geçmeli bolsa,
Namart geçmez, ejiz geçmez, mert geçer.
Galam bilen göwün alan ýagşydyr,
Göwne ýeten sözüň tagamy gaçmaz.
Şahyryň egninden kellesi gaçar,
Şahyryň elinden galamy gaçmaz.
Ýüregmizden bölüp aýran şygrymyz
Ýene baryp ýüreklere biriger.
Söze janymyzdan jan bersek, ony
Meger, ýene diri saklar diriler.
Atamyrat ATABAÝEW.
Goşgular