00:37 Şahyr ýüregiñ aýdymy | |
ŞAHYR ÝÜREGIÑ AÝDYMY Şahyryň kalby ähli zady duýýar, çünki ol il aladasy bilen ýaşaýar. Şahyr halk adamsy. Ol halka ýarajak, il-halkyň göwnünden turjak şygryň gözleginde gijelerini ukusyz geçirýär. Durmuşda özüne orun tapyp bilmedik nalajedeýinleri dogry ýola çagyrýar, öwüt-ündew edýär. Italmaz Nuryýewiň liriki gahrymanyna kimdir biri “Şahyryň nämesi üýtgeşik menden?” diýip, sorag beren bolmaga çemeli. Bu sorag şahyra ýaraman, şol soraga jogap gözläp başlaýar. Şahyr “Eger şu gudraty duýmaýan bolsaň” atly goşgusynda biriniň özüne beren nakys soragyna jogap gözleýär. Ýene şol bir sowal, Barýansyň köçeden arkaýyn ýöräp, Olaň hembegenjin hem-de gynanjyn Sen-ä gijelerne gidersiň uka, Zeýrenmez şonda-da, güýç alar gaýtam, Şahyryň döredijiliginde tebigat temasy aýratyn orun tutýar. Bu temadan ýazylan şygyrlaryň içinden şahyryň ene topraga, onuň eçilýän baýlyklaryna bolan söýgüsi eriş-argaç bolup geçýär. “Tenekär” atly şygrynda şahyr tebigatyň, sähranyň ynsan saglygyny bejeriş ukybyna uly baha berýär: Käte nähoşlasam, Ol meni gadyrly garşy alýar-da, Garylypdyr, ornapdyr oň süňňüne Şu kitapda şahyryň agzaýan ösümlikleriniň ählisine ylmy taýdan düýpli düşündiriliş berlipdir. Ine, türkmen sährasy şeýle täsin, asty hem baýlyk üsti hem. Şahyryň sähra, gözel tebigatymyz, asty-üsti baýlykdan doly, ýaz aýlary ýaşyl haly ýaly ýaşyl öwüsýän baýyrlarymyzy wasp edfýän goşgulary özbaşyna bir toplumy düzýär. “Sähram”, “Sähram meniň”, “Bagyşla sähram”, “Gün, sähra we men”, “Meniň mekanym”, “Biz türkmenler” ýaly goşgulary. Bular kän, şahyr beýleki goşgularynda hem sähra barada ýygy-ýygydan ýatlaýar. Biz – türkmenler, diýlen setirler bilen başlanýan şygry has hem täsirli. Türkmen toýy, toýda ýigitleriň oýnaýan dürli oýunlary, gyzlaň lälesi, türkmen gojalary hakda bugoşguda has hem mähir bilen söhbet açylýar. “Sähram meniň” atly goşgusynda şahyryň Watana bolan söýgüsi has hem belent derejä galýar: Doýman güldür, ýapragyňdan, Watana söýgüni şeýle belende galdyran Italmaz Nuryýewiň goşgularynyň ýaşlara watançylyk terbiýesini bermekde ähmiýeti iňňän uludyr. Muny şahyryň Watan waspyna bagyşlanan her bir şygryny okanyňda duýmak bolýar. “Ene toprak” atly goşgy filosofiki oýlanmalara baý, şahyr ene toprak bilen gürleşýer, ony janly hasaplap janlandyrma çeperçilik serişdesini ussatlyk bilen ulanyp, oňa bolan söýgüsini gyzgyn mähir bilen ýüze çykarýar. Şahyr topraga ýüzlenip: Seni deňär ýaly zat ýok dünýäde, diýýär-de, ene topragyň üstünde ýaşaýan, Allatagalanyň gözel ýaşaýyş bagyşlan perzentleriniň käbirleriniň käte ene topraga yza berýändiklerini, käbirleriniň bolsa mähir berýändigin çeper beýan edýär: Şahyryň şu setirlerini okanyňda, yhlas bilen seredilmedik, şorlap duran, käýerleri darka-darka ýarylyp, takyra öwrülen ene toprak göz öňüne gelýär. Bu setirler ynsanlaryň ene topragyň öňündäki borjuny ýatladýar. Şahyr balalaryna Hatamtaý ýaly nygmat eçilýän ene topraga hyzmat etmegi ündeýär. Şahyr liriki “meniň” üsti bilen özüniň ene topraga bergisini ödändigi ýa-da ödemändigi hakdaky sowaly keserdip goýýar: Şahyryň “Aýdym” atly ajaýyp şygry hem ene topraga, ata Watana bagyşlanyp, her bir aňly-düşünjeli ynsanyň topraga bergidardygyny ýatladyp dur. Terbiýeçilik ähmiýeti uly bolan bu goşgyny hem şahyr hiňlenip, öz adyndan aýtsa-da, hemmeleriň hem topraga bergidardygyny ýatlatmak niýeti bilen döredipdir. Watany, Ene topragy söýüp, şoňa yhlas etmelidigini, bergidar bolup dünýäden gitmekligiň halal ynsan ogluna gelişmejekdigini adamlaryň kalbyna guýýar. Elbetde, goşgyny okanlar şol borçlaryny ýatlasalar gerek. Goşgudan käbir mysallara ýüzleneliň: Hiňlenýän ýene-de özüm-özümden Şygryň soňky setirlerinde şahyr özleriniň ýaramaz işleri bilen topragy harlaýanlara derek özi gyzarýar: Bu setirleriň şygry okanlara borçlaryny ýatlatjakdygy ikuçly däl. Diýmek, goşgy terbiýeçilik babatda iňňän ähmiýetli. Haýsy döwürde dörese-de, hemme döwürler üçin uly ähmiýete eýe. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň ýaşlaryny watançylyk ruhunda terbiýelemekde uly işleri bitirip biljek pikirler goşgynyň süňňüne siňipdir. Ýaşlary watansöýüjilik ruhunda terbiýelemek bolsa hormatly Prezidentimiziň ylym-bilim işgärleriniň öňünde goýan beýik borjy. Umuman, öňde goýlan maksat tutuş jemgyýetçiligiň aňyny ösdürmek. Şular ýaly ajaýyp şygyrlaryň her birisiniň aňyrsynda umman ýaly terbiýe mekdebi dur. Bularyň ählisi biziň mirasymyz. Şu ýyl “Türkmenistan – Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi” ýylynda hem ýurdumyzda şu Beýik ýoluň ugrunda gözbaşlary dörän geçmiş mirasymyzyň üsti bilen uly terbiýeçilik işleri alnyp barylýar. Maksat söz we saz ýaragynyň üsti bilen terbiýeçilik işlerini alyp barmakdyr. Köp zat görjek boldum, durman galgadym, ... Hawa, menem il ýaly arzuwma ýetmek üçin, Bu barada gürrüň edilende, şahyryň “Hoşlaşyk” atly ýaşlyk bilen hoşlaşýan goşgusyndan hem bir bendini ýatlalyň! Öňde bolsa garaşyp dur menziller, Italmaz Nury il adamsydy. Obadan gelýän myhmanlar göni Italmazyňka düşlärdiler, jaýy ýoklarjaý alýançalar Italmazyňkyda ýaşardylar, ol okuwa gelenleriň hem aladasyny ederdi. Hatda biz talypkak ýygy-ýygydan baryp halymyzdan habar alardy.Ol şol wagtlar “Edebiýat we sungat” gazetinde işleýärdi. Hemme zada ünslidi, bir günem gazetiň sahypasynda ýerleşdirilen suratymyň asyl nusgasyny alyp geldi-de: “Ine, jigim, suratyň, onda-munda bulaşyp ýatmasyn, özüň alaý!” diýip, suratymy getirdi. Şol 60-njy ýyllarda habarçylar gelip, talyplary synaglara taýýarlanyp otyrkalar surata alardylar. Menem, şol wagtlar suratymyň çykanyna birneme ýygrylyp “Näme surata düşüp ýörsüň?” diýermikä diýip, “Men däl bolaýmaýyn” diýsem, “Ýok-la, sered-ä, özüň-ä!” diýdi. Şol surat mende häzir hem saklanýar. Her göremde agamyzy ýatlaýaryn. Halk içinde “Zehinlä kömek etmeli, zehinsiziň özi ýol tapar” diýen gürrüň bar. Italmaz Nury hem şol guýmagursak zehini bilen şol wagtlar Türkmenistanyň ýazyjylar birleşiginiň başlygy bolan Berdi Kerbabaýewiň nazaryna ilipdir. Şol döwürde ençeme zehinliler M. Gorkiý adyndake edebiýat institutyna okuwa iberilýär. Italmaz hem Mary welaýat gazetinde işläp ýörkä şol ýerden göni şol instituta baryp okap başlaýar. Berdi aga her gezek Moskwa baranda olaryň halyndan habar alar ekeni. Okuwy gutaryp gelensoňlar hem işe ýerleşmäge kömek edipdir.Ahyrda Italmaza jaý almaga kömek beren hem Berdi Kerbaba ekeni. Emma oňa berlen jaýabir çagaly aýal ondan öň giripdir weli, Italmaz ýene garaşmaly bolupdyr. “Aý, çagaly aýaly nähili wyždanym bilen çykaraýyn” diýip gürrüň beripdi. Ondan soň Berdi Kerbabaýew ýene-de ýokary edaralara ýüz tutup, oňa jaý alyp berýär hem-de oňa hiç kim girmez ýaly gulp urdurýar, Italmaza-da şu gezek jaýyňa çalt çagalaryňy göçürip getirmeseň, gaýdyp jaý alyp bilmersiň!” diýip käýinýär. Gurbanjemal YLÝASOWA, | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |