07:09 Şahyrlar | |
Osman ÖDE
Edebi tankyt
▶ ŞAHYRLAR Şygyr ~ türkmeniñ ömürbaky hemrasy. Şygyr ~ türkmeniñ emeli däl, tebigy hemrasydyr. Şahyrlar durmuşyñ bilbilidir. Iñ gadymy zamanlarda türkmende şahyrlara sawçylar diýlipdir. Saw ~ söz. Şahyrlar Gözelligiñ we Hakykatyñ sawçylary. Häzirki we geljekki türkmen şahyrlary Türkmeniñ Garaşsyzlygynyñ hem Bitaraplygynyñ jarçylary bolmalydyr. Bu günki türkmen şygyrýeti, birinjiden, wasp ediji, ikinjidenem, düşündiriji häsiýetde bolmaly. Şoña laýyklykda-da, onuñ esasy iki tarapy kemala gelýär. Birinjisi ~ gözellik, ikinjisi ~ manylylyk. Gözellik we manylylyk ~ şygyr üçin ikisi des-deñ zerurlykdyr. Gözellik Şygyry bolup biläýjek kemçiliklerden ~ göwnüçökgünlikden hem pikir nädogrulygyndan halas eder. Manylylyk ~ boş sözlülikden we pöwhelikden aman saklar. Şeýdip biziñ şahyrlarymyzyñ şygyrlary tebigylyga eýe bolar. Biz bu günki gün durmuş bilen aýakdaş gidip, döwrebap goşgulary ýazyp bilýän şahyrlarymyza guwanýarys. Öz hünär hem adamçylyk borçlaryny abraýly bitirýän şahyrlaryñ gadry bilinýär. Watana, halka hyzmat etmeklik bibähbit we bimatlap bolmalydyr. Garaşsyz döwletiñ mynasyp graždany bolan ruhubelent adamyñ çeper obrazy ~ ine, biziñ ýazyjy-şahyrlarymyzyñ baş wezipesi şundan ybaratdyr. Hiç hili kynçylykda peselmeýän, ejizlemeýän, dok gününde eselmeýän şol Ruhubelent şahsyýetiñ töwerekeýin obrazy ähli adamlar üçin täsir ederlikli bolmalydyr. Sungatda oñyn ideal diýen düşünje bar. Oñyn ideal ~ adamyñ iñ oñat gylyk-häsiýetlerini özünde jemleýän adamdyr. Biziñ Garaşsyz döwletimiziñ edebiýatynyñ oñyn idealy ~ ilki bilen, Ruhubelent adamdyr. Sähel kynçylykda müzzerilip duran ýa bir öz bähbidini bilýän gahrymandan okyjy hiç zat öwrenip bilmez. Milli ruhly, watana wepaly, belent ahlakly, kalby arassa Ruhubelent gahrymanyñ obrazyny döretmek üçin ýazyjy-şahyrlarymyz ýerden üzñe howaýy adam bolmaly däl, ýogsa onuñ okyja täsiri gowşak bolar. Eýsem ol janly, ýagşy-ýamany gören, hakyky durmuşyñ içinde ýaşaýan, watana wepalylygyny görkezýän adam bolmaly. Biziñ günlerimizde şeýle adamlar örän kändir. Ýazyjy-şahyrlar durmuşdan şeýle adamlary tapmaly we olaryñ şahsyýetlerini umumylaşdyryp, Garaşsyzlygyñ estetiki idealyny ~ nusgasyny döretmeli. Eýsem çeper sözüñ durmuşa täsirini nädip ýönekeýje düşündirip bolar?! Edebiýatyñ durmuşa täsirini şeýleräk göz öñüne getirýärin: Durmuşy maglumatlar ~ çeper obrazlylyk ~ ideýa gymmatlygy. Diýmek, edebiýaty durmuş bilen baglanyşdyrýan esasy halka çeper obrazlylykdyr. Sebäbi çeper eserde ýygnalan ýalañaç maglumatlaram, gönümel aýdylýan pikirlerem öz-özlüginde çeper eser bolmaga ukyply däldir. Biziñ şygryýetimiziñ ýüzüniñ tuwagy ~ meñzetmeler, dürli çeperçilik lybaslardyr. Ýazyjynyñ eseriniñ ideýasy çeper terlige hem özboluşlylyga baglylykda täsirli bolýar. Şonuñ üçinem Garaşsyz hem Bitarap Türkmenistanyñ ruhy derejesiniñ belentligini üpjün etmek üçin özboluşly eserleri döretmeli. Şygyrýete garanda durmuşy has giñ, has dürli röwüşlerde, hemmetaraplaýyn suratlandyrmaga ukyply kyssa žanryna üns bermeli. Biziñ öñki 70 ýyllyk edebiýatymyzda sosialistik realizm diýilýän ýasama usul edebiýata uly zyýan ýetirdi. Sosialistik realizm ~ munuñ özi edebi butparazlykdyr. Indi biziñ edebiýatymyzyñ dünýägaraýyş esasy Garaşsyz hem Bitarap döwletimiziñ milli ideologiýasydyr. Edebiýat ~ edep öwredýän sungat. Şu günki türkmen edebiýatynyñ esasy ideýa ölçegleri diýip şulara düşünýärin: 1. DÜNÝEWI DÜNÝÄGARAÝYŞ. Dünýewi ~ dünýä sözünden bolup, dünýägaraýşyñ giñ bolmalydygyny, dünýäniñ iñ oñat pelsepeçilik ölçeglerini öz içine almalydygyny añladýar. Bu bir. Ikinjiden, bu ölçeg türkmen edebiýatynyñ göz öñünde tutýan maksatlary boýunça dini bolmaly däldigini añladýar. Dini syýasata öwürmek, ony ahyrky maksada öwürmek biziñ üçin maksadalaýyk däldir. 2. UMUMYADAMZAT GYMMATLYKLARY Biziñ döwletimiziñ Bitaraplyk statusyndan gös-göni gelip çykýan ölçegdir. Adamzat öz taryhynyñ bütin dowamynda birnäçe ideýa hem ahlak ölçeglerini işläp düzüpdir. Parahatçylyk, doganlyk-dostluk, hoşniýetlilik ýaly ölçegler munuñ içine girýär. 3. MILLI GYMMATLYKLAR ÖLÇEGI. Millilik ~ öz milletine söýgi hem buýsanç, onuñ umumyadamzat gymmatlyklaryna goşan goşandyna guwanç. Häzirki türkmen bilbili ~ öz milletiniñ yşgyna düşen bilbillerdir. 4. ŞAHSYÝET GYMMATLYGY ÖLÇEGI. Bu ölçeg ýokarky ölçegleriñ bitewileşýändigini añladýar. Edebiýatda esasy zat ~ Adam. Ähli pikirler şonuñ üsti bilen añladylýar. Milli garaşsyzlyk özüniñ ahlak hem adamkärçilik sypatlary boýunç bütinleý täze şahsyýetiñ kemala gelmegine ýardam etdi. Ata-babalarymyz bilen öz aramyzdaky ruhy üznüksizligi dikeltmek hem berkitmek wajyp wezipe. Bu diñe zehinli adamlaryñ elinden geljek iş. Gep dörediji adamyñ şahsyýet kämilligi, onuñ şahsyýetiniñ ahlak kämilligi hem arassalygy barada barýar. Şu ýerde biziñ milli gahrymanymyz Göroglynyñ sözlerini ýatlamak ýeterlikdir. Külli türkmen balasyny Men söýer men ili bilen. Milletiñe nähili söýgi, nähili buýsanç! Şu sözleri aýdýan adamyñ ýüregindäki mähir diñleýjiniñ ýüregine baryp, onda buýsanç gözýaşyny döredýär. Türkmeniñ çeper sözi ~ mähir gundagydyr. Şahyryñ şahsyýeti il-güne, Watan, şonuñ ýaly arassa, bibähbit söýgüden başlanýar ýa-da beýik şahyrymyz Magtymguly Pyragynyñ: Türkmen ilim, eý adamzat! Azat il, güzer gözlär men. Möwlam ýetir mesgenime, ýurduma, Gözüm düşsün arslanyma, gurduma ~ - diýen setirlerini ýatlalyñ. "Türkmeniñ" goşgusynda bolsa ol öz ýurdunyñ gülüni-gunçasyny gözüniñ garasyna deñeýär. Adam üçin gözüniñ garasyndan eziz näme bolsun?! XXI asyryñ türkmen şahyrlary güýçli Ruhy energiýany göterijiler hem geçirijiler bolmalydyrlar. Çeperçiligi güýçli eserler ruhy energiýaly bolup biler. Şol güýçlüligiñ añyrsynda-da, ilki bilen, Watana söýgüsi bar şahsyýet onuñ ruhy geçmişine yhlasly bolýar. Ol halkyñ ruhy hakydasyny emer-damaryna, ganyna siñdirmäge ukyply bolýar. Ol hakyda ýürekde gaýnabam, ajaýyp sungat eserleri bolup dünýä inýär. Şeýle eser özünde ägirt uly energiýany saklaýar, ol energiýa okyja geçip, onuñ ruhunyñ köklerine iýmit berýär. Şahyryñ ýüregi ~ milletiñ ruhunyñ topragy üçin tenekardyr. Türkmende gadymdan bäri hak şahyrlar weli hasaplanyp gelýär. Weli şahyr ~ halkyñ ýürek urgusyny kesgitläp bilýän şahyrdyr. © Osman ÖDE. | |
|
√ Döredijilikde ideýa meňzeşligi bolup bilermi?! - 07.06.2024 |
√ Palestin ýazyjysy Gassan Kanafaniniñ "Haýfa gaýdyp gelmek" hekaýasy hakda - 16.06.2024 |
√ A.M.Gorkä hat - 19.10.2024 |
√ Ýaş şahyrlar we şahyr ýaşlar - 10.01.2024 |
√ Söýginiň tarypy - 14.10.2024 |
√ Aýdyp bolmaýan pikir ýok, aýdyp bilmeýän adamlar bar - 05.12.2024 |
√ Amin Maluf we "Empedoklyñ dostlary" - 03.03.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |