SALAM ALÝAN GÜNÜM DÄL
Hojadurdy aga jowur ak sakgally, ýüzi nurana, nazarkerde kişi. Altmyş ýaşy bireýýäm arka atan pensioner adam. Özem wäşi, degişgen, artist ýaly, uçup-gonup duran çakgan goja. Bu ýaşulyny hemmeler sylaýarlar. Hatda ony tanamaýaram hormat goýup, tañry salamyny berýärler. Ýöne weli, býurokratlaram bu goja salam berýärler. Ýöne weli, býurokratlaram bu goja salam berýärler diýsem, onda hakykatdan daş düşüp, juda küpür gepledigim bolardy. Sebäbi býurokratlaryñ öz däp-dessury, edim-gylymy, uzynlyk arşyn ölçegi we agramlyk çeküw kirwenke daşy bolýar. Olar ýagdaýa görä hereket edýärler. Kelpeze ýaly üýtgäp durýan, şemal haýsy tarapa bolsa, şol ugra gyşarýan gamşyñ başy pisint bir zat.
Hojadurdy aga duşenbe güni säher çaglary turup, ýuwnup, gök çaýdan keýpini kökläp, döwüm-dişlem oduk-buduk iýip keramara ýola düşdi. Onuñ ugry edaralaryñ birine tarap. Onça möhüm bolmadyk bir işjagazy bar. Ýöne weli, barjak ýerinde gaty elhenç bir býurokrat otyr-da.
- Başa gelenini göz görer, başa düşen işi başarmakdan añsat näme bar? - diýip, goja barýandyr öz-ä göreris-dä.
Stol, kürsi, kreslo, goşa-goşa telefon, diwan, gülli küýzejikler, kondisioner ýaly senetlere bukulyp, ýüzüne dermantin tutulan goşa gapa gabat bolup, alkymyndan emele gelen, ini-boýy des-deñ, inedördül, depe saçy düşüp gutaran, örän mekir, azy ýaran, ýaşy altmyşdan geçip, ol azylaram düşüp gutaran, ýerine gyzyl diş biten býurokrat otyr.
Hojadurdy aga ýüzüne emeli gaýyş tutulan goşa gabsanyñ içkisinem açyp, şähdaçyklyk bilen býurokratyñ ýagmazak bulut ýaly ýüzüne seredip, eda bilen:
- Essalawmaleýkim! - diýdi. Jogap berdi. Býurokrat lal-jim.
- Salawmaleýkim! - diýip, ýaşuly ýene gaýtalady. Ýok, eger-eger, býurokrat sarsanogam.
- Salam, ýoldaş başlyk, gurgunmyñ, Meret Durdyýewiç! - diýip, goja üçünji gezek býurokrata ýüz tutdy.
- Ýaşuly, bu gün meniñ salam alýan günüm däl, gaýdyberiñ, barybir, işiñiz menden bitmez - diýip, býurokrat herniçigem bolsa zybana geldi.
- Otüki, näme üçin beýle bolýa, salam almak üçinem ýörite gün bellenýämi? - diýip, goja sarsman durdy.
- Hepdäniñ sişenbe we anna günleri näçe salamyń bolsa beriber, ýüzümi ýygyrman alýan - diýip, Meret Durdyýewiç öz iş kagyzlary bilen gümra boluberdi.
- Sözüme pitiwa etmeseñ, daşarda raýatlary kabul edýän günlerim, sagatlarym ýazylgydyr, okaý - diýip, býurokrat bir zatlara gyzyl galam bilen bellik edip otyrka aýtdy.
Ýaşuly azajyk säginde-de, ökdelik bilen "küşt" göçümine başlady.
- Bagyşlañ, günämi geçiñ, men ýalñyşyp gelipdirin. Ýekeje zat soramak bolarmy? Ýol salgy alaýjakdym. Bir edarany gözleýädim.
- Bolmaz, ýaşuly. Sişenbe, anna günleri ýekeje zat däl-de, bäş zat sorañ. Şol günler ýolam salgy bereýin, şol diýýän ýeriñize özüm eltibem gaýdaýyn.
- Tiz sorardym. Uzag-a eglemezdim. Ýekeje minut.
- Ýekeje sekundyñ gürrûñi et. Kabul edýän günüm däl diýdim-ä.
Ýaşuly haýran bolup, jowur ak sakgalyny sypalap, böwrüni diñläp birsalym durdy:
- E-he, şeýle diýsene. Beh, Çary Esenowiç meni oýnap, üstümden güljek bolup, bu edarany maña salgy beräýdimikä?! Meret Durdyýewiç salamly adamdyr, ýarygije barsañam, gowy garşy alar, telefonda gürleşip oturanam bolsa salamyñy alar diýipdi. Kabul edýän günüm däl diýib-ä işiñi bitirmän goýbermez diýip aýdypdy - diýip, Hojadurdy aga kiçi sakgalyny dişläp başyny ýaýkady. Yzyna öwrülip, kabinetden çykmaga hyýallandy.
- Ýaşuly nirä, duruñ, aýak çekiñ - diýip, býurokrat başyny galdyrdy.
- Daşaryk çykyp, şu edaranyñ wyweskasyny okajak. Çary Esenowiçiñ salgy bereni bu edara däl bolaýmasyn. Gözlerimem kütelişipdir. Çapraz düşäýdim öýdýän.
- Çapraz düşmesi ýokdur, ýaşuly. Geliñ-de geçiñ. Çary Esenowiçiñ ady bilen geleniñiz üçin salawmaleýkim. Ony nireden tanaýañyz?! Ilki geläýeniñizde aýtmaly ekeniñiz-dä, ýaşuly!
- Ol ikimiz, Çary Esenowiç bilen ikimiz, baryp-ha, 1941-nji ýyldan tä 1945-nji ýyla çenli ýaragdaş dost. Ikimizi dogan diýseñem bolýar. Onuñ aýagyndan ok degeninde men oña gan beripdim. Şondan bäri gatnaşyp, garyndaş bolup ýörüs.
- Örän gowy, juda oñat. Ýaşuly, geçip otursañyzla.
Býurokrat birneme çuslandy. Ýerinden turup gödensiz göwresi bilen oñaýsyz hereket etdi. Hojadurdy aga kürsüde oturdy.
- Meniñ bir kiçijik ýumşum bardy. Şony bitirersiñiz diýip geldim. Sizi uzak güýmäp oturman aýdaýjak? - diýip, Hojaduddy aga sözüne dyngy berdi. Emma Meret Durdyýewiçiñ jogabyna ýaşuly añk-tañk boldy. Hawa-da býurokrat şeýle pisint adam-da. Nätjek, diñläbermeli bolýar-da.
- Ýaşuly, bagyşlañ. Men siziñ ýumşuñyzy bitirip bilmen. Aýdybam oturmañ - diýip, býurokrat pert jogap berdi.
- Weý, näme üçin? Bitmese-de aýdyp bir galaýyn ahweti.
- Aýdybam oturma. Sözüñi zaýalama.
- Näme sebäpden, inim? Düşündir ahyry!
- Sebäbi meniñ Çary Esenowiç bilen tanyşlygym, oña bolan gatnaşygym onuñ iberen adamsynyñ diñe salamyny almagyma güýji ýetýär. Ine, ýaşuly, däliden dogry habar diýlişi ýaly, meniñ-ä aýtjak zadym şu.
Hojadurdy aga az salym oýlandy-da, sakgalynyñ ujundan dişläp, ýeserlik bilen söze başlady.
- Otüki, Hudaýberdi Akgaýewiçiñ size häsiýetnama berşi-hä düýbünden başgaçady. Meret Durdyýewiç örän mylakatly, diýseñ hödür-keremli kişidir diýip, gaty çyny bilen sizi öwdi. Ýa, siz Meret Durdyýewiçiñ özi däl-de, işgärimi?! Men kabineti ýalñyşýan-a däldirin-dä hernä?! Adam garraberse, mahaw, sähne-de bolýar - diýip, Hojadurdy aga ýerinden turdy. Býurokrat onuñ synyndan çekdi.
- Otur, ýaşuly, otur. Hudaýberdi Akgaýewiçi tanaýandygyñyzy başda aýtmalu ekeniñiz-dä. Ony siz nireden bilýäñiz, ýaşuly?
- Men Hudaýberdi Akgaýewiç bilen Kislowodskide ýylda bile dynç alýan. Ikimiziñ içýän suwumyz hem aýry däl. Bir gezek ol wannada çaşdy. Göteril, wraçlaryñ bolýan ýerine alyp gitdim. Onuñ wezipesi ulam bolsa, özi çepiksije, ejiz adam. Bäbek göteren ýaly elimde oýnap ýörün.
- Be, ýaşuly, Hudaýberdi Akgaýewiçi tanaýan diýsene.
- Ýok, meniñ ony tananymyñ haýry näme, ol meni tanaýa. Gepem şonda.
- Ýaşuly, men saña häzir wýetnam çaýyndan bir käsejik ajy gök çaý bereýin, ýanynyñ şokolady bilen.
- Çaý içip oturmaýyn. Ýumşumy aýdyp ötägideýin. Senem işden goýdum.
- Bar bilýäniñ Hudaýberdi Akgaýewiç boljak bolsa, zeruryýetiñi aýtjagam bolup, bagyşla, arrygyñy gynap oturma.
- Näme üçin?
- Çünki, Hudaýberdi Akgaýewiç gowy ýolbaşçy. Oña söz ýok. Ýöne, men onuñ ady bilen gelýänlere diñe wýetnam çaýyndan bir käsejik, ýanynyñ şokolady bilen, hödür edip bilýän. Ine, añyrky pelläm. Isle, gaty gör, hala, gaty görme, bar bolubilşim şol.
Hojadurdy aga ýene beýnä zor salmaly boljak öýdýän. Goja pikir etdi, ahyry yş tapdy.
- Eger men size Agamämmet Ödäýewiçiñ gyzgyn salamyny gyzgynjagy bilen elinje gowşursam, hem-de onuñ "Meret Durdyýewiçiñ ýanynda size bolarlyk işiñ gürrüñi bolmaz" diýen dana sözüni, geniallyk bilen aýdan pikirini ýetirdem neneñsi bolar?!
- Ajaýyp bolar. Agamämmet Ödäýewiçi tanaýandygyñy öñräkden aýdan bolsañ, seni depäme bireýýäm täç ederdim. Salamyny bada maña ýetiren bolsañ derim giñärdi. Hawa, onsoñ, sen Agamämmet Ödäýewiçi nädip tanaýañ?!
- Ol meni tanaýa. Onuñ gyzy meniñ oglumy söýüpdir, oglumam onuñ ýeke gyzyna aşyk bolupdyr. Toý edip aldyk. Bermelije zadyny şonda-da berip, razy etdim-le. Toýda Agamämnet Ödäýewiç seni ýatlap durdy.
- Sag boluñ. Minnetdardyryn. Ynanýan. Mende size bolarluk storžlyk iş-ä bar. Kakama-da bermän ýördüm.
- Aýlygy näçe?
- Segsen manat.
- Haý, azyrak eken-ow. Aşyr Saryýewiç saña eli açykdyr diýipdi. Tüýs häzirki zamanyñ Hatamtaýydyr diýip magtapdy. Zadynyñ eýesi däldir, üstüñi pul bilen gömer diýip aýdypdy. Ministr dagy ýalan sözlänsoñ, bärki garamaýakdan nämä garaşjak.
- Weý, weý, Aşyr Saryýewiçi nädip tanaýañ?!
- A-haw, tanamazlyga alajyñ näme? Aýalyñ dogan bolansoñ, tanaman bökersiñem. Baja bajany görende bagry gijär diýilmänmidir. Şenbede ol çagalary bilen biziñkide bolýar, ýekşenbede biz olaryñka gidýäs. Asyl iýenimiz aýry däl. Otüki, storožlyg-a erbet kär däl weli, segden manady birneme bärräk dälmi?
- Az. Gaty gyltyz. Storožlygyñ ýany bilen, gyşda peç ýakýa diýibem hak töläýin. Bagban bolup, baglara seredýä, gülban bolup, gül ekýä diýsegem bolar durar.
- Aýalymam tam süpüriji edip geçiräýseñ...
- Hökman. Gürrüñi bolmaz. Buýruk beräýerin.
- Itimi hem garawulçylyk çekýä, wahtada durýa diýip, buýruk beräge-de oña-da birneme ýaly puly töläýseñ gowy bolardy.
- Bolýa, onuñ üçinem buýrukda bir paragraf artdyrarys, özi bolar-da durar.
- Skladyñyzda, kabinetlerde syçan düşnügi ýokmy?
- Ýaşuly, pişigiñ bar öýdýän?
- Bar. Gowy, çus, çakgan pişigim bar.
- Oña-da ýekeje paragraf artdyrarys weli, bolar-da durar.
- Alty sany çagajygym bardy-da.
- Gözi açyldymy?!
- Wah, hawa-la. Ylgaşyp ýörler.
- Olaram 0,5 stawka aýlyga alaýarys.
Ine, býurokratyñ işdäki keşbi. A bu tip öýünde neneñsikä? Onam görüp geçäýeliñ.
- Dr-r-r, dr-r-r - diýip, telefon jyññyrdaýar.
- Hawa, men, ýeri, hawa, özüm. Senmiñ? - diýip, býurokrat öz aýaly bilen gepleşýär.
- Obadan agañ geldi diýýäñmi? Meniñ bilen salamlaşmak isleýämi? Şoña aýt, bu gün meniñ salam alýan günüm däl. Sişenbe we anna günleri men kabul edýädim ahyry. Agam howlugyp, irräk gelipdir. Obadan bir semiz goýnuñ läşini getirdi diýýäñmi? O-how, tüwi-de getiripmi? Künjiniñ ýagynammy? Dört sany gawun diýdiñmi? Beh, aprelde-de gawun boljak eken-ow. Ýeri, bolýa-da. Zat kabul edýän günüm däl diýib-ä pisiñi aşyryp oturyp bolmaz. Alaç näme, alybermeli bolar-da.
Ine, imisala, parahat kabinetde dürli iş kagyzlarynyñ arasynda söwüt kömelegi ýaly bitip, düýp tutan býurokratyñ salam almaýan günleri şeýle tertipde geçip dur.
Gurbangylyç HYDYROW.
Satiriki hekaýalar