01:24 Salawat çekişmesi | |
SALAWAT ÇEKIŞMESI
Publisistika
Öññin Ankaranyñ "Kojatepe" metjidinde bolan waka Gýotäniñ sözüniñ nähili dogrudygyny görkezdi: "Jahyllygyñ herekete geçmesinden gorkunç zat ýok!" Gýote yslam ýurtlarynda kän tanalanok, tanajak bolup ýatanam ýok. Metin Uja: "Ýakylmak isleýärin, küllerimi-de Bosfor bogazyna sepeläp goýbersinler". Köpbilmişler ýene heñkirip başlady: "Waý, ateist, Hudaýyny tanamaýan bihepbe!" Bar, şeýlemişinem-dä, size näme tapawudy bar? Şuny bilenoklar: ýakylmak ateistlik däl. Käbir dinlerde ruhuñ ýaşamagy üçin bedeniñ ýakylmalydygyna ynanylýar. Meselem, induizmde şeýle... Türkiýede ýakylyp depin edilmek üçin kanuny päsgelçilik bolmasa-da, ýakmaga ýörite ýer - krematoriýa ýok, gynansak-da... Köpbilmişlik satýan jahyllar topbagynyñ esasy bilmeýän zady şu: "Ölüler özlerini jaýlamaýarlar" sözi bar, munuñ özi merhumyñ hossarlaryna depin işleri boýunça jogapkärçilik ýükleýän söz. Muña karar berjegem hukuk taýdan ygtyýarly hossarlarydyr... * * * Şuny-da goşsam gowy bolar: Jahylyýet döwründe täzeden direlmäge, hasap bermäge, ahyrete ynanylýandygy sebäpli käbir rituallar ýerine ýetirilipdir: - Jynazanyñ sabynlanyp ýuwulmagy; - Öliniñ kepenlenmegi; - Mazara tabyt bilen göterilip äkidilmegi; - Gölegçileriñ geçýän ugrunda adamlaryñ ör turmagy we merhum öñlerinden geçýänçä oturmazlygy; - Öli gabyra salynanda dogadyr rahmet okalmagy, salawat getirilmegi; - Mazaryñ üstüne suw sepelenmegi; - Ruhuñ göwreden çykmagy bilen bedeniñ durgunlaşýandygyna ynanylmagy… - Pata ýerde aýat-töwir okalmagy; - Ýasda söwda edilmezligi; - Ölen şahsyñ nirededigini soranlara "göçdi" diýilmegi... Hawa, bularyñ barsy yslamdan öñki araplaryñ depin ýas däpleridi... Bulary ýazmagymyñ sebäbi şu: * * * Arheologiki barlaglaryñ dowamynda adamzadyñ mazar medeniýetiniñ 130 müñ ýyllyk taryhynyñ bardygy çak edilýärdi. Ölülerini birinji gömenleriñ agalarymyz neandertallardygy öñe sürülýärdi. Tapylan iñ gadymy mazaryñ 100 müñ ýyllyk taryhynyñ bardygy Ysraýyldaky tapyndylarda ýüze çykypdy. Mundan bäş ýyl öñ... 2018-nji ýylda Günrota Afrikanyñ Ýohannesburg şäheriniñ golaýyndaky"Rising Star" atly gowakda tapylan süñk galyndylary taryhy täzeden ýazdyrdy... Tapylan 15 adamyñ süñki ownuk bedenli adam populýasiýalary bilen meñzeşdi. Onuñ beýni şetdalynyñ ululygynda, kelläniñ göwrümi beter kiçi - ýakyn garyndaşymyz “homo naledi. Professor Li Bergeriñ we onuñ toparynyñ gazuw-agtaryş işi aslynda on ýyl öñ başlapdy, emma 15 adamyñ seteran jaýlanmagy başga hakykaty ýüze çykardy: Nalediler 250-300 müñ ýyl öñ ölülerini mazara depin edýän ekenler! Nijeme müñýyllyklara uzaýan depin medeniýeti bar. Öleniñ yzynda terbiýesizlik etmek nämä gerek? Siziñ heý taryhdan habaryñyz bolmaly dälmi, Hezreti Muhammet pygamberimiz (s.a.w) özi we yslam hakda zol ýaramaz sözleri aýtmakdan gaýtmaýan mynapyk Abdylla ibn Ubeýe "kepen" hökmünde köýnegini bermedimi? Gölegçiler deñesinden geçende hormat bildirip ýerinde turanda, ýanyndakylar "merhumyñ jöhitdigini" duýduranlarynda "onuñam adamdygyny we hormat goýmak gerekdigini" aýtmadymy? Birem şu günüñ jahyllarynyñ äsgermezçiligini görýäñizmi... * * * Metin Uja birinji däl… 1969-njy ýyl. Ankaranyñ "Maltepe" metjidinde okalan "Kommunizme garşy göreş" jemgyýetiniñ agzalary tarapyndan "Hudaýsyzyñ jynazasy okalmaly däl" diýip, Ýokary Suduñ Birinji bölüminiñ başlygy bolup işlän Imran Öktemiñ jynaza namazynyñ üstüni basdy! Metjitleriñ syýasata perde edilmegi dowam edip gidip dur. Özem bir jynaza namazy okalýan pursaty metjidiñ howlusynda "salawat getirmelimi getirmeli däl" çekişmesine şaýat bolduk... Ümsümlik bilen ýerine ýetirilmeli depin işleri indi özüñi görkezjek bolmalara, daşky görnüşe kowalaşýan sahnalara öwrüldi. Her öñýeten özüçe "dini dabara" oýlap tapýar! Käbir metjitlerde wahhabylar ýaly zyýanly akymlaryñ rituallary zor bilen ýetine ýetirdilýär... Käbirleri-de kimiñ jynaza namazynyñ okalyp okalmajagyna karar berýär! Sowatsyzlyk wirus ýaly ýurdumyzy ýesir alýar. Merhuma, jynaza namazyna, depin işlerine sylamazçylyk etmek kanuny taýdan jenaýatdyr. Soner ÝALÇYN. "SÖZCÜ" gazeti, 21.11.2023 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 1 | ||
| ||