ŞANLY TARYHDAN NYŞAN
Ýurdumyz medeni we taryhy ýadygärliklere diýseň baýdyr. Şeýle taryhy-medeni ýadygärlikleriň biri hem gadymy we bereketli Lebap topragynda ýerleşen Astanababa kümmetidir. Garagum çölüni etekläp oturan bu gadymy arhitektura ýadygärligi alymlaryň çaklamalaryna görä, XII asyra degişli hasaplanylýar, emma bu ýadygärlik tutuşlygyna bir wagtda bina edilmän, onuň birnäçe bölekleri dürli döwürlerde gurlupdyr diýen pikiri hem öňe sürýärler.
Uzaklardan seleňläp görnüp, bada-bat ünsüňi özüne çekýän Astanababa kümmeti dört sany gümmezli jaýdan ybarat bolup, onuň ep-esli öňe çykyp duran giň dälizi bar. Şol däliz owadan nagyşlar, dürli şekiller we arap hatlary bilen ussatlarça bezelipdir. Bu kümmetde dört gümmezli jaýdan we dälizden başga hem, metjit, diwanahana, Gyzlarbibiniň kümmeti, Zeýdalynyň we Zubeýdalynyň guburhanalary ýerleşýär. Alymlaryň aýtmaklaryna görä, bularyň hersi dürli döwürlerde bina edilip, diwanahana bilen metjit bir döwürde gurlan bolmagy mümkin. Gyzlarbibiniň kümmeti bolsa bu gadymy arhitektura ýadygärliginiň giçki gurlan bölegidir.
Owadanlygy we gurluşynyň täsinligi bilen göreni haýrana goýýan Astanababa kümmeti türkmen halkymyzyň şanly taryhyndan nyşandyr. Bu täsin ymaratyň kim tarapyndan bina edilendigi, onuň kime degişlidigi barada häzirki wagta çenli anyk taryhy maglumatlar ýok. Bu ajaýyp taryhy ýadygärligiň adyny göterýän Astanababa obasynyň halkynyň arasynda ýadygärligiň döreýiş taryhy barada dürli rowaýatlar saklanyp galypdyr. Bu ymaratyň bina edilişi barada rowaýatlaryň birinde şeýle beýan edilýär: «Balh welaýatynyň hökümdary Ibn Aly Nur ogly özüniň ýalňyz perzendi Zuweýdany bir hökümdara durmuşa çykarýar. Emma köp wagt geçmänkä ol aradan çykýar. Öz ýalňyz perzendinden wagtyndan ir jyda düşen hökümdar Ibn Aly Nur ogly gyzynyň aradan çykanyna biçak gynanypdyr we gyzynyň jaýlanan ýerinde owadanlykda deňi-taýy bolmadyk kümmeti bina etmeklige buýruk beripdir. Munuň üçin Marydan, Samarkantdan işine ezber ussalar çagyrylypdyr. Emma ussalar her näçe ussatlyk, azap siňdirip bilen binany gursalar hem, ol uzak saklanman, bada-bat ýykylypdyr. Ussalaryň binany gurmaga ikinji we üçünji synanşyklary hem şowsyz tamamlanypdyr. Bu ýagdaý hökümdary has hem gam-gussa batyrypdyr. Agyr ýagdaýa düşen hökümdar bir gün düýş görüpdir, düýşünde bir keramatly goja gelip oňa bu ymaratyň topragyny we suwuny Mekge-Medineden getirmegi maslahat beripdir. Soňra hökümdaryň permany bilen şol mukaddes toprakdan we suwdan getirilip, gurluşyk üçin ulanylanda ymarat gurlupdyr». Şondan soňra bu ymarat ajaýyp görnüşe eýe bolup, asyrlardan asyrlara aşyp gidipdir. Bu täsin binany gurduran Ibn Aly Nur ogly hem aradan çykandan soň şol kümmetde jaýlanypdyr.
Şöhratly, şanly taryhymyzy öwrenmekde taryhy-medeni ýadygärliklerimiz möhüm ähmiýete eýedir. Çünki taryhy ýadygärlikler pederlerimiziň geçmişdäki ýaşaýyş durmuşyndan, baý medeniýetinden habar berýär. Esasan hem, ýaş nesillerimize halkymyzyň taryhyny öwretmekde, olary watansöýüjilik ruhunda terbiýelemekde taryhy-medeni ýadygärliklerimize aýratyn orun degişlidir. Häzirki döwürde ýurdumyzyň ýaşlary ata-babalarymyzdan miras galan ajaýyp taryhy ýadygärliklerimize yzygiderli baryp görüp, olaryň döreýiş taryhyny içgin öwrenýärler. Bu bolsa nesilleriň watançylyk söýgüsini arşa göterýär.
Mähri ŞAMURADOWA,
Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň hukuk fakultetiniň talyby.
Taryhy makalalar